Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
Çap edildi 22.09.2025
37

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!

Sizi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk toýunyň baýram edilýän günlerinde bellenilýän doglan günüňiz mynasybetli türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, berkarar Watanymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmäge, onuň ykdysady kuwwatyny berkitmäge, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen düýpli özgertmeleriňiziň, parahatçylyk we dostluk ýörelgelerine esaslanýan içeri hem-de daşary syýasatyňyzyň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärin.

Hormatly Prezidentimiz!

Siziň baştutanlygyňyzda agzybir halkymyz beýik özgertmeler ýolunda aýdyň maksatlar bilen ynamly öňe barýan Watanymyzda Garaşsyzlyk baýramyny uly zähmet üstünlikleri bilen dabaralandyryp, nesilleriň bagtyýar geljegi üçin täze ösüşleriň binýadyny gurýar. Siziň belleýşiňiz ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe biziň gazanýan ähli üstünliklerimiz, ýeňişlerimiz, berkararlygymyz hem-de bagtyýarlygymyz öz gözbaşyny milli buýsanjymyz bolan Garaşsyzlygymyzdan alyp gaýdýar. Bu gün türkmen topragynda taryha altyn harplar bilen ýazylýan döwlet we jemgyýetçilik ähmiýetli wakalar giň gerim alýar. Muňa ýakynda paýtagtymyzda uly ruhubelentlikde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi we Siziň ýolbaşçylygyňyzda kabul edilen taryhy çözgütler hem aýdyň şaýatlyk edýär.

Hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyz!

Siziň üstünlikli durmuşa geçirýän ykdysady syýasatyňyzyň netijesinde ýurdumyz häzirki wagtda dünýäde çalt depginler bilen ösýän döwletleriň hatarynda tanalýar. Bagtyýar döwrümiz, adamlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen beýik işler, durmuş taýdan goraglylyk halkymyzy çäksiz buýsandyrýar.

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» we beýleki maksatnamalar esasynda milli ykdysadyýetimizde ýokary ösüşler gazanylýar. Täze şäherdir obalaryň gurluşyklary güýçli depginde dowam etdirilýär. Ýakynda Siziň gatnaşmagyňyzda çüýşe önümlerini öndürýän täze önümhananyň, Döwlet serhet gullugynyň Sarahs serhet birikmesiniň täze binalar toplumynyň açylyp ulanmaga berilmegi ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň artýandygynyň, ýurdumyzda halkymyzyň bagtyýarlygy ugrunda alnyp barylýan il-ýurt bähbitli tagallalaryň üstünliklere beslenýändiginiň nobatdaky aýdyň beýanyna öwrüldi. Siziň döwletli başlangyçlaryňyz bilen ýurdumyzyň welaýatlarynda täze, döwrebap obalaryň we şäherçäniň, paýtagtymyzda döwrebaplaşdyrylan «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň XV ýyllygy» seýilgähiniň dabaraly açylmagy Watanymyzyň Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda halkymyz üçin ajaýyp sowgat boldy.

Belent mertebeli Prezidentimiz!

Siziň baştutanlygyňyzda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly türkmen halky üçin bagtyýarlygyň, abadançylygyň, rysgal-berekediň, bolçulygyň, jemgyýetiň agzybirliginiň ýyly bolup, Siziň yzygiderli tagallalaryňyz netijesinde ýurdumyzyň sazlaşykly ösüş ýolunyň guwandyryjy tapgyryna öwrülýär. Häzirki günlerde tutuş jemgyýetimizde hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramyny mynasyp zähmet üstünlikleri bilen garşylamagyň ruhy galkynyşy duýulýar. Siziň sebitde we halkara giňişlikde dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmek, parahatçylygy, ynanyşmagy pugtalandyrmak, durnukly ösüşi üpjün etmek ugrunda öňe sürýän başlangyçlaryňyz barha rowaçlanýar. Türkmenistanyň Durnukly ösüş maksatlary, öňüni alyş diplomatiýasy, sebit meseleleri boýunça öňe sürýän başlangyçlary Birleşen Milletler Guramasy we beýleki abraýly halkara guramalar tarapyndan yzygiderli goldanylýar.

Türkmenistan dünýä döwletleri, iri halkara guramalar, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasy bilen strategik hyzmatdaşlygy ösdürmäge möhüm ähmiýet berýär. Siziň gözel Awazada geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynda eden çuňňur many-mazmunly çykyşyňyz, öňe süren teklipleriňiz umumadamzat ähmiýeti bilen halkara giňişlikde giň goldawa eýe boldy. Bu bolsa eziz Watanymyzyň ynsanperwerlik, parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetlilik ýörelgelerini has-da dabaralandyrdy.

Sarpasy belent Prezidentimiz!

Sizi doglan günüňiz mynasybetli türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyz sag, ömrüňiz uzak, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlaryňyz mundan beýläk-de rowaç bolsun!

Sizi hormatlamak bilen,

Türkmen halkynyň Milli Lideri, 
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, 
Gahryman Arkadag 
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

Soňky habarlar
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
22.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
21.09
Türkmenistanyň Prezidenti iş sapary bilen Nýu-Ýorka ugrady
21.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW: — Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde ýetilen sepgitler we gazanylan üstünlikler geljegiň röwşen ýollaryny gurmagyň mizemez binýadydyr
21.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
20.09
Watanymyzyň bähbidine döredijilikli zähmet üçin döwlet sylaglary gowşuryldy
19.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
19.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
19.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
19.09
Täze etraplaryň häkimlikleri döredildi
top-arrow