Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany okyjylara ýetirildi
Jemgyýet
«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany okyjylara ýetirildi
Çap edildi 06.03.2024
2243

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýanynda indi bir ýyldan gowrak bäri hereket edip gelýän «Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2024-nji ýyldaky ikinji sany okyjylara ýetirildi.

Neşiriň täze sany «Ady dünýä dolýan beýik akyldar» atly makala bilen açylýar. «Şygyr ýaly sazlaşykly başlangyçlar» atly makalada bolsa üstümizdäki ýylyň ilkinji aýynda türkmen türgenleriniň halkara sport ýaryşlarynda gazanan üstünlikleri beýan edilýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagyşlan eşretleri «Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Magtymguly Pyragy» we «Gahryman Arkadagymyz, Magtymguly Pyragy – zehinlerimize ylham çeşmesi» atly makalalarda öz beýanyny tapýar.

Neşiriň şu sanynda «Fijital sport: hyýal bilen hakykatyň sazlaşygy» atly gyzykly makala hem ýerleşdirilipdir. Makala sportuň bu täsin görnüşi barada giňişleýin maglumat berýär.

Žurnalda ýaşlaryň arasynda geçirilen ylmy bäsleşigiň ýeňijileriniň işi barada gürrüň berýän makalalar tapgyry dowam etdirilýär. Neşirdäki çykyşlar rus we iňlis dillerindäki «Его высочество Махтумкули Фраги…» we «Internationalization in education system» atly täsirli makalalar bilen dowam edýär.

Okyjylar tarapyndan uly seslenme döreden «Wawilonyň iň baý adamy» atly meşhur kitapdan terjime edilen täze bölüm hem neşiriň täsirliligini artdyrýar. Şeýle-de, neşirden Nury Halmämmedowyň sazyna we Geldi Bäşiýewiň sözlerine döredilen «Aşgabat» atly meşhur aýdymyň döreýiş taryhy baradaky makalany hem okap bilersiňiz.

«Tanadym ädiginden...» atly makala türkmen gyzlarynyň ýokary ahlak- häsiýetlerini wasp etse, «Garaşylmadyk toý» atly hekaýa garaşylmadyk toýuň tutulyşy barada gürrüň berýär. «Polat alawda taplanýar» atly oçerk demir ussalarynyň ýeňil bolmadyk işinden söz açýar.

Neşiriň täze sany halypa we ýaş şahyrlaryň ýene-de birnäçesiniň şygyrlaryny hödürleýär.

Okyjylar şu sahypalarda «Ýaş waspçy» bäsleşiginiň täze ýeňijisi bilen hem tanşyp bilerler. Gysga wagtda okyjylaryň gyzgyn söýgüsini gazanan neşir bahary täsirli sanlarynyň ýene biri bilen garşylaýar.

Soňky habarlar
23.10
«Bitarap Türkmenistanda döwletliligiň, hukuk ulgamynyň we demokratiýanyň ösüş gadamlary» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara
22.10
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
22.10
Daşoguz welaýatynda ösümlik ýag kärhanasy gurlar
22.10
Ahalteke bedewi — türkmen halkynyň milli buýsanjy we şan-şöhraty
21.10
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby bölüminiň täze binalar we desgalar toplumy ulanmaga berildi
21.10
Hormatly Prezidentimiziň türkmen Bitaraplygyna bagyşlanan kitaby azerbaýjan dilinde neşir edildi
21.10
Halkara nebitgaz forumy pudagyň öňdebaryjylaryny Aşgabatda jemledi
21.10
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
20.10
Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary — ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine
20.10
Halkara ekologiýa we ynsanperwerlik başlangyçlary rowaçlanýar
top-arrow