Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Birža täzelikleri 1-nji Ýanwar
Ykdysadyýet
Birža täzelikleri 1-nji Ýanwar
Çap edildi 01.01.2017
1738

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 15-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirliklerinden, Owganystandan we beýleki ýurtlardan telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, ýangyc mazudyny hem-de Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen M-100 kysymly mazudy satyn aldylar. Mundan başga-da, BAE-den, Türkiýeden, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelen işewürlere daşary ýurt puluna azyklyk bugdaý we nah ýüplük ýerlenildi. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 22 million 432 müň dollaryndan gowrak boldy. Içerki bazarda ýurdumyzyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen jemi 3 million 540 müň manatlyk gaty gurluşyk nebit bitumyny, tehniki kükürdi, azyklyk bugdaýy satyn aldylar.

Soňky habarlar
20.03
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
19.03
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
19.03
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
19.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Hytaý Halk Respublikasyna dostluk sapary tamamlandy
19.03
Onuň Alyhezreti, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti jenap K.K.Tokaýewe
19.03
Möhletinden öň ses bermek hukugy — saýlawlaryň demokratik ýörelgesi
19.03
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow: — Agzybirligimiz bilen ähli sepgitlere ýeteris!
18.03
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
18.03
Gahryman Arkadagymyzyň Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy bilen duşuşygy
18.03
Gahryman Arkadagymyz «CNPC-niň» ýolbaşçysy bilen duşuşdy
top-arrow