Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Syýasat habarlary
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Çap edildi 16.02.2024
853

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklary tarapyndan şu ýylyň ýanwarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, şeýle hem döwlet durmuşynyň käbir möhüm meselelerine garaldy.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, şu ýylyň ilkinji aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada maglumat berdi.

Bellenilişi ýaly, ýylyň başyndan bäri raýat-hukuk gatnaşyklaryny dünýä tejribesine laýyklykda kämilleşdirmäge gönükdirilen, şeýle hem energiýany tygşytlamak we ondan netijeli peýdalanmak, gidrometeorologiýa işi bilen baglanyşykly kanunlaryň taslamalaryny taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, maşgala gatnaşyklaryny we gymmatlyklaryny berkitmek, gorap saklamak hem-de şu meseleler boýunça kazyýetlerde işe seredilişini mundan beýläk-de kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Maşgala we Raýat iş ýörediş kodekslerine täze kadalary girizmek boýunça işler dowam etdirilýär. Hereket edýän kanunlaryň birnäçesiniň kadalary döwrüň talabyna laýyk getirilýär.

Mundan başga-da, daşary ýurtlaryň parlamentleri we halkara guramalar bilen gatnaşyklary ösdürmegiň çäklerinde anyk çäreler görülýär. Geçen döwürde duşuşyklaryň 4-si geçirildi, şol sanda hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisinden ynanç haty kabul edildi. Şunuň bilen bir hatarda, Mejlisiň deputatlary we hünärmenleri kanun çykaryjylyk işini kämilleşdirmek, döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň BMG-niň düzüm birlikleri we beýleki abraýly halkara guramalar bilen bilelikde guran okuw maslahatlarynyň 7-sine gatnaşdylar. Şeýle hem deputatlaryň döwletimiziň içeri we daşary syýasatyny, milli kanunçylygyň many-mazmunyny, 2024-nji ýylyň jemgyýetçilik-syýasy ähmiýetini halk köpçüligine düşündirmek, Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny öwrenmek we wagyz etmek boýunça geçirilýän çärelere gatnaşýandyklary barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň kanunçylygyny döwrüň talaplaryna görä kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň möhümdigini belledi. Täze kanunlar Watanymyzy depginli ösdürmäge, kabul edilen maksatnamalary üstünlikli amala aşyrmaga, halkymyzyň hal-ýagdaýyny yzygiderli gowulandyrmaga ýardam bermelidir.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow şu ýylyň ilkinji aýynyň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, toplumlaýyn çäreleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, jemi içerki önümiň durnukly ösüşi üpjün edilip, ol 6,3 göterim artdy. 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende jemi öndürilen önüm 8,2 göterim köpeldi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň ilkinji aýynda bölek satuw haryt dolanyşygynyň möçberi 10,6 göterim ýokarlandy. Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasy 104,8 göterim, çykdajy böleginiň meýilnamasy 97,1 göterim ýerine ýetirildi. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10 göterim ýokarlandy. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi.

Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň ýanwar aýynda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlar 24,6 göterim ýokarlandy. Şeýle hem Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda 2024-nji ýyl üçin bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek üçin degişli işleri alyp barmagyň möhümdigine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz jemi içerki önümiň ösüş depginini durnukly saklamak, pudaklary sazlaşykly ösdürmek boýunça zerur çäreleri görmegi dowam etdirmegiň wajypdygyny belläp, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň ýanwarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, tebigy we ugurdaş gazy çykarmakda, mawy ýangyjy eksport etmekde gazanylan tehniki-ykdysady görkezijiler barada aýdyldy.

Hasabat döwründe nebitiň gaz kondensaty bilen çykarylyşynyň meýilnamasy 100,3 göterim ýerine ýetirildi. Hususan-da, “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan nebit çykarmagyň meýilnamasy 100,1 göterime deň boldy. Konserniň nebiti gaýtadan işleýän zawodlary tarapyndan nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 101,9 göterim berjaý edildi. Wise-premýer geçen aýda benzinleri öndürmegiň meýilnamasynyň 101,1 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasynyň 104 göterim, polipropilen öndürmegiň meýilnamasynyň 103,5 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasynyň 114,5 göterim ýerine ýetirilendigini habar berdi. Suwuklandyrylan gazy öndürmegiň ösüş depgini 109,6 göterime deň boldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda tebigy gazyň we nebitiň çykarylýan möçberini artdyrmak, önümçilik desgalaryny işjeň ýagdaýda saklamak üçin toplumlaýyn çäreleri geçirmegiň wajypdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz geologiýa-gözleg we buraw işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmagyň zerurdygyny belläp, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň ýanwarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, oba hojalyk toplumynda önümçiligiň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 101 göterime barabar boldy. Bu görkeziji Oba hojalyk ministrligi boýunça 100,2 göterime, Daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça 123,3 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 111,6 göterime, “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 102,1 göterime barabar boldy. Maýa goýum serişdelerini özleşdirmegiň meýilnamasy 193 göterim ýerine ýetirildi. Nygtalyşy ýaly, Oba hojalyk ministrliginiň hem-de ondan bölünip aýrylmagy arkaly täze döredilen “Türkmenpagta” döwlet konserniniň, “Türkmengallaönümleri”, “Türkmenobahyzmat”, Azyk senagaty hem-de Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşikleriniň işini talabalaýyk ýola goýmak boýunça degişli guramaçylyk işleri alnyp barylýar.

Şeýle hem bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleri, gowaça ekiljek meýdanlarda ýerleri ýazky möwsüme taýýarlamak, ulanyljak ähli oba hojalyk tehnikalaryny we gurallary abatlap, möwsüme taýýar etmek boýunça işler geçirilýär. Şunuň bilen birlikde, maldarçylygy ösdürmek, mallaryň baş sanyny artdyrmak, olary dok we ýyly gyşlatmak üçin ähli tagallalar edilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynda suwy tygşytly ulanmak, suw üpjünçilik ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça işleri dowam etdirmegiň wajypdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz oba hojalyk önümleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, wise-premýere welaýatlarda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, öz wagtynda geçirilişine berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gurluşyk, senagat we energetika toplumlarynyň, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň, Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimliginiň 2024-nji ýylyň ýanwarynda alyp baran işleriniň jemleri barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 110,2 göterim, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi boýunça önümleri öndürmegiň hem-de işleri ýerine ýetirmegiň meýilnamasy 104,3 göterim, Energetika ministrligi boýunça 115,8 göterim boldy. «Türkmenhimiýa» döwlet konserni tarapyndan öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň möçberi 176 million manada barabar bolup, meýilnama 137,7 göterim ýerine ýetirildi. 2024-nji ýylyň ýanwarynda Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 109,1 göterime, Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça 111,4 göterime deň boldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, gurluşyk we senagat toplumynyň kärhanalarynyň doly kuwwatynda işledilmegini gazanmagyň zerurdygyna aýratyn ünsi çekdi. Ilaty we kärhanalary elektrik energiýasy bilen durnukly üpjün etmek üçin zerur çäreleri görmek, eksport edilýän harytlaryň möçberini artdyrmak, täze ýollary gurmak we ulanylýanlarynyň durkuny täzelemek boýunça işleri dowam etdirmek möhümdir diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Hormatly Prezidentimiz şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan iri önümçilik, durmuş maksatly binalaryň hem-de desgalaryň gurluşygynyň bellenen möhletlerde ýokary hilli tamamlanmagyna berk gözegçilik etmegi wise-premýere tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew gözegçilik edýän söwda we dokma toplumlarynyň ministrliklerinde, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda 2024-nji ýylyň ilkinji aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüş depgini, 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 106,1 göterime, öndürilen önümleriň ösüş depgini bolsa 101,2 göterime barabar boldy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalary tarapyndan öndürilen önümleriň möçberi, şol sanda nah matalaryň önümçiligi 100,6 göterime, tikin we trikotaž önümleriniň önümçiligi 103,4 göterime, gön önümleriniň önümçiligi 112,2 göterime deň boldy. “Türkmenhaly” döwlet birleşigi boýunça ýylyň başyndan bäri haly önümlerini öndürmegiň meýilnamasy 104,5 göterim ýerine ýetirildi. Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan ýanwar aýynda birža söwdalarynyň 26-sy geçirilip, olarda 1 müň 996 şertnama hasaba alyndy. Hasabat döwründe Söwda-senagat edarasy tarapyndan amala aşyrylan işleriň ösüş depgini 105,7 göterime, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça oba hojalyk we azyk önümleriniň öndürilişiniň ösüş depgini 103,4 göterime, senagat önümçiliginiň ösüş depgini bolsa 104,6 göterime barabar boldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň bazarlarynda we söwda nokatlarynda halkyň sarp edýän harytlarynyň üpjünçiligini hem-de bahalary hemişe gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny nygtap, ilaty ýokary hilli azyk önümleri bilen kadaly üpjün etmek üçin degişli çäreleri durmuşa geçirmegi dowam etdirmegiň wajypdygyny belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz dokma kärhanalarynyň işini döwrüň talabyna görä ýola goýmagyň möhümdigine ünsi çekip, bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe ýurdumyzda dürli forumlar, döredijilik duşuşyklary, sergiler, maslahatlar, wagyz-nesihat we aýdym-sazly medeni çäreler geçirildi. Şeýle hem medeniýet ulgamyna degişli ministrligiň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň şu ýyl üçin iş meýilnamalary tassyklanyldy.

Geçen aýyň esasy çäreleriniň hatarynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň “Ýaşlar — Watanyň daýanjy” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy, 2024-nji ýylyň şygarynyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli dabaraly maslahat bar. Hasabat döwründe Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli dabaralary geçirmek boýunça guramaçylyk toparynyň mejlisi boldy. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiziň Karary bilen, Döwlet sirklerine, aýry-aýry professional sirk döredijilik toparlaryna “Milli” hukuk derejesini bermegiň tertibi we şertleri tassyklanyldy.

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary ösdürmegiň çäklerinde türkmen hünärmenleri Fransiýada, Katar Döwletinde iş saparlarynda bolup, halkara medeni forumlara, beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilen çärelere gatnaşdylar. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzda Eýranyň, Hindistanyň wekilleriniň gatnaşmagynda sergiler, ylmy maslahatlar, konsertler guraldy. Ýurdumyzyň Daşary işler ministrligi bilen bilelikde milli we köpugurly hödürnamalary ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek boýunça işler alnyp baryldy.

Şeýle hem wise-premýer ýanwar aýynda teatrlar, kinoteatrlar, kitaphanalar, muzeýler, Türkmen döwlet neşirýat gullugy, Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşigi, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi tarapyndan ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Hasabatyň dowamynda döwlet maksatnamalaryndan we konsepsiýalardan gelip çykýan wezipeleri çözmek boýunça görülýän çäreler barada-da aýdyldy. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda gazanylan üstünlikler, ýetilen belent sepgitler baradaky maglumatlar köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden beýan edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, medeniýet ulgamynyň işini döwrüň talaplaryna laýyk guramagyň wajypdygyny nygtady. Şunuň bilen birlikde, kitaphanalaryň, medeniýet öýleriniň kadaly işlemegini hemişe gözegçilikde saklamak babatda görkezmeleri berdi. Döwlet Baştutanymyz milli taryhy-medeni mirasyň desgalaryny aýawly saklamak boýunça zerur işleri yzygiderli geçirmegiň wajypdygyny belläp, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow gözegçilik edýän bilim, ylym, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe ylymly-bilimli nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge, okuw kitaplaryny neşir etmäge gönükdirilen özgertmeler dowam etdirildi. Mekdep okuwçylary halkara ders we internet bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edip, 17 sany medal gazandylar. 2023-2024-nji okuw ýylynyň ikinji ýarymynyň ilkinji okuw sapagy ýylyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly şygary bilen geçirildi.

Gyşky dynç alyş möwsümi ýörite meýilnamalar esasynda guramaçylykly geçirilip, bagtyýar ýaşlara döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň adyndan Täze ýyl sowgatlary gowşuryldy.

Hasabat döwründe ylym ulgamyny döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen özgertmeler dowam etdirildi. Hormatly Prezidentimiziň Buýrugyna laýyklykda, 2024-nji ýylda ylmyň ugurlary boýunça aspirantlaryň, doktorantlaryň, dalaşgärleriň hem-de kliniki ordinatorlaryň sany tassyklanyldy. Döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryna laýyklykda, Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek boýunça guramaçylyk toparynyň mejlisleri geçirildi.

Wise-premýer saglygy goraýyş ulgamynda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berip, şu ýylyň ýanwar aýynda bejeriş-öňüni alyş edaralarynda lukmançylygyň ugurlary boýunça meýilnamalaýyn işleriň geçirilendigini belledi. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna näsag çagalara dürli görnüşli operasiýalar we bejergiler amala aşyryldy. Ylmy-kliniki merkezleriň gurluşyk hem-de döwrebaplaşdyrmak işleri dowam etdirildi. Şeýle hem ýurdumyzda bedenterbiýäni, sporty, Olimpiýa hereketini ösdürmek, türgenleri Olimpiýa oýunlaryna, çempionatlara, iri halkara ýaryşlara taýýarlamak, sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça işler alnyp baryldy. Halkara sport ýaryşlarynda 4 altyn, 4 kümüş medal gazanyldy. Hünär kämilleşdirmek we tejribe alyşmak üçin daşary ýurtlara gulluk iş saparlary amala aşyryldy. Şu döwürde 2 sany halkara resminama gol çekildi.

Döwlet Baştutanymyzyň “Ýaşlar — Watanyň daýanjy” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabaralary ýurdumyzyň medeni-jemgyýetçilik durmuşynda şanly wakalar boldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ylym, bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynyň işini talabalaýyk ýola goýmagyň zerurdygyny belledi. Bilim edaralarynda ýaşlara döwrebap ylym-bilim bermek işine aýratyn üns bermek zerurdyr. Ösüp gelýän nesilleri watançylyk, zähmetsöýerlik, ýokary ahlaklylyk ruhunda terbiýelemek babatda çäreleri yzygiderli geçirmek wajypdyr. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere ulgama degişli täze desgalaryň gurluşygyny, olaryň ýokary hünärli işgärler bilen üpjünçiligini hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirmek, döwlet Baştutanymyzyň öňde goýan wezipelerini hem-de ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek bilen baglylykda, Daşary işler ministrliginiň ýanwar aýynda alyp baran işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.

Türkmenistan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän daşary syýasatyna berk eýermek bilen, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny üstünlikli ösdürýär. Şunuň bilen baglylykda, ýanwar aýynyň başynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirliklerine iş saparyny amala aşyrandygy bellenildi.

Hasabat döwründe hormatly Prezidentimiz Eýran Yslam Respublikasynyň we Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentleri bilen telefon arkaly söhbetdeşlikleri geçirdi.

Daşary ýurt döwletleri bilen gatnaşyklar yzygiderli ösdürilýär. Ýanwar aýynda daşary ýurt wekiliýetleriniň Türkmenistana, ýurdumyzyň wekiliýetleriniň daşary döwletlere amala aşyran saparlary munuň aýdyň güwäsidir. Şu ýylyň ilkinji aýynda sanly ulgam arkaly dürli derejedäki duşuşyklar geçirildi. Hasabat döwründe Türkmenistanda daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň wekilleri bilen resmi gepleşikler we duşuşyklar guraldy. Häzirki döwre çenli halkara resminamalaryň 20-sine gol çekildi.

Daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça geçirilýän yzygiderli duşuşyklar Türkmenistanyň we dünýäniň beýleki ýurtlarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary, özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Ilçihanalar arkaly diplomatik gatnaşyklary pugtalandyrmak we giňeltmek ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ugurda hem degişli işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň daşary ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmek, bilelikdäki hökümetara toparlaryň mejlislerini guramak boýunça yzygiderli çäreler geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, öňümizde birnäçe halkara çäreleriň bardygyny, olara ýokary derejede taýýarlyk görmegiň wajypdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk ýubileýi hem-de Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli halkara derejedäki çäreleri ýokary derejede guramaga aýratyn üns bermegiň wajypdygyny belläp, wise-premýer, daşary işler ministrine birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň wekiliýetiniň Birleşen Arap Emirliklerine amala aşyran iş saparynyň netijeleri barada hasabat berdi.

Birleşen Milletler Guramasy we beýleki abraýly guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şundan ugur alyp, hormatly Prezidentimiziň öňe süren başlangyçlaryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde döwletimiz dürli köptaraplaýyn formatlaryň işine işjeň gatnaşýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň wekiliýeti şu ýylyň 11 — 14-nji fewraly aralygynda Dubaý şäherinde geçirilen Bütindünýä hökümet sammitine gatnaşdy. Gün tertibine laýyklykda, döwlet dolandyryşyny özgertmek we tizleşdirmek, emeli aň, geljegiň ykdysadyýeti, geljegiň jemgyýeti we bilimi, durnuklylyk, täze ählumumy hereketler, şäherleşmäniň, saglygy goraýşyň ileri tutulýan ugurlary ýaly esasy alty mesele boýunça halkara ähmiýetli çäreler geçirildi.

Sammitiň işine dünýäniň 120-den gowrak döwletinden, 80-den gowrak halkara guramadan, iri kompaniýalardan wekiller gatnaşdylar. Bu forumyň çäklerinde hormatly Prezidentimiziň halkara derejede öňe süren başlangyçlaryndan ugur alnyp, ählumumy çemeleşmeler esasynda amala aşyrylmagy teklip edilýän üç mesele barada çykyş edildi.

Şeýlelikde, Durnukly ulag arabaglanyşygynyň ählumumy atlasyny döretmek teklip edildi. Munuň özi 2016-njy ýylyň noýabrynda paýtagtymyzda geçirilen Durnukly ulag boýunça birinji ählumumy maslahatda badalga berlen “Aşgabat prosesiniň” amaly taýdan dowamy bolar. Bu teklip ulag ulgamyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, açyk maglumat binýadynyň we seljermeleriň esasynda özara ylalaşykly hereketleri işläp düzmäge gönükdirilendir. Şeýle hem Ählumumy energetika howpsuzlygy we durnukly ösüş boýunça hyzmatdaşlygyň bileleşigini döretmek teklip edildi. Onuň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň esasy wezipesi hemmeler üçin ygtybarly, durnukly we häzirki zaman energiýasynyň elýeterliligini üpjün etmäge gönükdirilen maksatlaryň bölünmezligini we özara baglanyşygyny goldaýan taraplaryň meýdançasyny emele getirmekden ybaratdyr.

Üçünji teklip durnukly ösüş boýunça 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlaryna esaslanyp, ýapyk aýlanyşykly, ýagny sirkulýar ykdysadyýete geçmek boýunça ählumumy Çarçuwaly maksatnamany işläp taýýarlamak bilen baglanyşyklydyr. Bu maksatnama döredilende, 4 sany esasy ugra daýanmak meýilleşdirilýär. Olar bitewi standart görkezijilerini we hasabatlylygy ýöretmekden, aýratyn wajyp tebigy serişdeler babatda halkara derejede hyzmatdaşlyk etmekden, Ýapyk aýlanyşykly ykdysadyýetiň tilsimatlarynyň ählumumy innowasion gaznasyny döretmekden, mümkinçilikleri artdyrmakdan we tejribe alyşmakdan ybaratdyr.

Ýokarda agzalan teklipleri halkara derejede durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna esaslanyp, degişli işleri geçirmek göz öňünde tutulýar.

Şeýle hem sammitiň çäklerinde ýurdumyzyň wekiliýeti Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentligiň (IRENA) Baş direktorynyň orunbasary, Birleşen Milletler Guramasynyň Senagat ösüşi boýunça guramasynyň (ÝUNIDO) Baş direktorynyň orunbasary bilen duşuşyklary geçirdi. Duşuşyklaryň barşynda senagat, gurluşyk we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegi gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy.

Iş saparynyň dowamynda BAE-niň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan, energetika we infrastruktura ministri Suheýl Al Mazrui, senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar ministri, Abu-Dabiniň Milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) Baş direktory Soltan Ahmed Al Jaber, Abu-Dabiniň Geljegiň energiýasy boýunça kompaniýasynyň (MASDAR) baş ýerine ýetiriji direktory Muhammet Jamil Al Ramahi, Dubaýyň Elektrik we suw üpjünçilik departamentiniň (DEWA) dolandyryjysy we ýerine ýetiriji direktory Saýed Al Taýer bilen duşuşyklar geçirildi. Olaryň dowamynda soňky ýyllarda Türkmenistan bilen BAE-niň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bagly meseleleriň giň toplumyna seredildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Birleşen Arap Emirlikleri bilen dürli ugurlar boýunça alnyp barylýan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ilerletmegiň wajypdygyny belledi hem-de wise-premýer, daşary işler ministrine bu ugurdaky zerur işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Hasabat döwründe toplum tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 116,1 göterime deň boldy. Şu ýylyň ilkinji aýynda awtomobil, demir ýol, howa, deňiz we derýa ulaglary arkaly ýükleri daşamagyň ösüş depgini 102,5 göterime, ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini 103,7 göterime barabar boldy.

Ýanwar aýynda «Türkmendemirýollary» agentligi boýunça hyzmatlary ýerine ýetirmegiň ösüş depgini 103,8 göterime, «Türkmenawtoulaglary» agentligi boýunça 106,8 göterime, «Türkmenhowaýollary» agentligi boýunça 162,8 göterime, «Türkmendeňizderýaýollary» agentligi boýunça 106,2 göterime, «Türkmenaragatnaşyk» agentligi boýunça hem 110,5 göterime deň boldy.

Hasabatyň dowamynda “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny” durmuşa geçirmegiň çäklerinde sanly hyzmatlary ýerine ýetirmek, ulag-aragatnaşyk toplumyna degişli önümçilik we durmuş maksatly desgalary gurmak boýunça amala aşyrylan işler barada-da habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýolagçy we ýük dolanyşygynyň möçberini artdyrmak, üstaşyr hem-de halkara ýük gatnawlaryny has-da giňeltmek üçin degişli işleri alyp barmagyň möhümdigine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz bu ugurdaky işleri talabalaýyk gurap, ýolagçylara edilýän hyzmatlaryň medeniýetini ýokarlandyrmagyň zerurdygyny nygtady. Pudaklara sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak işlerini hem giň gerimde dowam etmek wajypdyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we agentligiň ýolbaşçysyna degişli tabşyryklary berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, ýanwar aýynyň netijeleri boýunça jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 6,3 göterime deň bolandygyny, şeýlelikde, milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda durnukly ösüşiň gazanylandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, häzirki döwürde senagat pudaklarynda önümçiligiň möçberini artdyrmak, kuwwatlyklary netijeli ulanmak, söwda we hyzmatlar ulgamynda işleriň gerimini giňeltmek boýunça zerur işleri geçirmek wajypdyr.

Döwlet býujetiniň girdejilerini we çykdajylaryny meýilleşdirilen möçberde ýerine ýetirmek babatda işleri mundan beýläk-de dowam etdirmek möhümdir. Geçen aýda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna ýurdumyz boýunça özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi 2 milliard 545 million manat boldy. Bu bolsa, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde, 24,6 göterim köpdür. Munuň özi önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmaga şert döredýär. Bu işler halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga hem-de sebitlerde goşmaça iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berer diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Pudaklar we sebitler boýunça ýerine ýetirilmeli işleriň, amala aşyrylmaly çäreleriň we öňümizde durýan wezipeleriň köpdügini aýdyp, döwlet Baştutanymyz bu ugurdaky işleri hemişe berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz sözüni dowam edip, 18-nji fewralda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň gününiň bellenilip geçiljekdigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz Garaşsyz, Bitarap ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň işgärleriniň öňde goýlan wezipeleri talabalaýyk ýerine ýetirmek ugrunda tutanýerli zähmet çekýändiklerini aýtdy hem-de diplomatik gullugyň ähli işgärlerini hünär baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisini tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňky habarlar
12.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
12.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
12.04
Türkmenistanyň Prezidenti O.Kononenkony Kosmonawtika güni bilen gutlady
12.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy O.Kononenkony Kosmonawtika güni bilen gutlady
11.04
Aşgabat şäheriniň häkimine we häkiminiň orunbasaryna berk käýinç yglan edildi
11.04
Türkmenistan parahatçylyk dörediji strategiýany işjeň durmuşa geçirýär
10.04
Türkmenistan özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýar
10.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
10.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
09.04
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Parlamentiniň Başlygyny kabul etdi
top-arrow