Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow möhüm desgalaryň düýbüni tutmak we açylyş dabaralaryna gatnaşdy
Syýasy habarlar
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow möhüm desgalaryň düýbüni tutmak we açylyş dabaralaryna gatnaşdy
Çap edildi 04.11.2026
1

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Daşoguz welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň, Garaşsyzlyk etrabynda ýylda 60 müň tonna senagat pagta çigidini gaýtadan işleýän ösümlik ýag kärhanasynyň hem-de azotly dökünleri öndürýän täze toplumyň düýbüni tutmak dabaralaryna gatnaşdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly göni ýaýlymda Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan awtomobil ýolunyň Garabogaz — Gazagystan böleginiň açylyşyna ak pata berdi. Munuň özi ýurdumyzda giňden bellenilýän Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününe ajaýyp toý sowgady bolmak bilen, Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlaryny üstünlikli durmuşa geçirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda köpri gurmak, ýol çekmek ýaly sogap işleriň dowamata atarylýandygynyň aýdyň beýanyna öwrüldi.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň welaýatlaryny toplumlaýyn ösdürmek hem-de olaryň senagat we ulag infrastrukturasyny kämilleşdirmek boýunça zerur işler alnyp barylýar. Bu bolsa “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda” bellenilen wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylýandygyna şaýatlyk edýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Diýarymyzyň çar künjeginde medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalaryň gurlup ulanmaga berilmegi milli ykdysadyýetimiziň kuwwatynyň aýdyň görkezijisidir. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlandyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär.

Häzirki wagtda ýerli çig malyň binýadynda öndürilýän önümleriň möçberini artdyrmak maksady bilen, gurluşyk we senagat toplumynyň düzümindäki önümçilik desgalaryny döwrebaplaşdyrmak, importyň ornuny tutýan, eksport ugurly önümleri öndürýän täze önümçilikleri döretmek boýunça yzygiderli işler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen bir hatarda, ýurdumyzyň ýol-ulag düzümini kämilleşdirmek, täze halkara ulag geçelgelerini döretmek babatda iri taslamalar amala aşyrylýar. Şonuň netijesinde, häzirki döwrüň ýokary talaplaryna laýyk gelýän awtomobil ýollarynyň ösen ulgamy kemala getirildi.

...Irden paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar. Birnäçe wagtdan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň uçary Daşoguz şäheriniň Halkara howa menziline gelip gondy.

Bu ýerde döwlet Baştutanymyz mähirli garşylanyldy.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlaryna tomaşa etdi.

Aýdym-sazly çykyşlar tamamlanandan soňra, döwlet Baştutanymyz dabaranyň geçirilýän ýerine ugrady.

Şanly waka mynasybetli bu ýere Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Daşoguz welaýatynyň häkimi, köp sanly myhmanlar ýygnandylar.

Dabara gatnaşyjylar uly ruhubelentlik bilen hormatly Prezidentimizi mübäreklediler. Medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary dabaranyň şowhunyny has-da artdyrdy.

Döwlet Baştutanymyz ýörite gurnalan mejlisler zalyna baryp, täze desgalaryň açylyş we düýbüniň tutulyş dabaralary mynasybetli çykyş etdi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz dabara gatnaşyjylara ýüzlenip, şu gün ýurdumyzyň Daşoguz welaýatynda möhüm ähmiýetli desgalaryň — Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň, senagat pagta çigidini gaýtadan işleýän ösümlik ýag kärhanasynyň hem-de azotly dökünleri öndürýän täze toplumyň düýbüni tutmak dabarasynyň geçirilýändigini, şeýle hem şu gün Balkan welaýatynda Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan awtomobil ýolunyň Garabogaz — Gazagystan böleginiň açylyp ulanmaga beriljekdigini belledi hem-de hemmeleri täze desgalaryň düýbüni tutmak we ulanmaga bermek dabarasy bilen gutlady.

Bellenilişi ýaly, parasatly pederlerimiz ýol çekmegi, köpri gurmagy döwletlilik hasaplap, ony asylly ýörelgä öwrüpdirler. Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolan Türkmenistanda häzirki wagtda bu asylly işler mynasyp dowam etdirilýär. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Netijede, täze awtomobil ýollary, köprüleri yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär, awtomobil ýollary ulgamynyň işi kämilleşdirilýär.

Döwlet Baştutanymyz şu gün Demirgazyk — Günorta ugry boýunça amatly ulag geçelgesi hasaplanýan Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň gurluşygyna badalga berilýändigini aýdyp, ýurdumyzyň demirgazyk künjegini paýtagtymyz bilen birleşdirýän Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň gurulmagynyň üstaşyr ulag geçelgelerini ösdürmäge, gatnawlaryň howpsuzlygyny üpjün etmäge ýardam berjekdigini, şeýle hem goňşy döwletleriň arasynda haryt dolanyşygynyň, ulag we ýolagçy gatnawlarynyň möçberini has-da artdyrjakdygyny nygtady.

Umumy uzynlygy 550 kilometre golaý bolan bu ýolda ýolagçylar we sürüjiler üçin ähli şertler dörediler. Täze awtomobil ýoly sanly ulgam arkaly dolandyrylýan döwrebap ýol gözegçilik enjamlary bilen üpjün ediler. Täze ýoluň ugrunda uzynlygy 812 metr bolan täze häzirki zaman awtomobil köprüsi hem gurlar. Şeýle hem bar bolan 9 sany awtomobil köprüsi doly döwrebaplaşdyrylar.

Nygtalyşy ýaly, geçen ýyl Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystanyň serhedine barýan awtomobil ýolunyň düýbi tutuldy. Bu gün bolsa bu möhüm ähmiýetli ýoluň uzynlygy 44 kilometr bolan Garabogaz — serhetýaka bölegi açylyp ulanmaga berilýär. Demirgazyk — Günorta halkara ulag geçelgesiniň aýrylmaz bölegi bolan bu ýol-ulag düzümi halkara ähmiýetli ulag ugurlarynyň möhüm bölegine öwrüler.

Şu gün Daşoguz welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabynda kuwwatlylygy ýylda 60 müň tonna senagat pagta çigidini gaýtadan işlemäge we ösümlik ýagyny öndürmäge niýetlenen döwrebap kärhananyň hem düýbi tutulýar. Kärhanada ösümlik ýagyny öndürmek pudagynda uly tejribä eýe bolan halkara kompaniýalaryň döwrebap enjamlary ornaşdyrylar. Bu bolsa kärhananyň halkara hil talaplary esasynda işlemegini üpjün edip, ýokary hilli pagta ýagyny öndürmäge mümkinçilik berer. Döwrebap kärhananyň işe girizilmegi bilen, bu ýerde 250-ä golaý adamyň zähmet çekmegi üçin ähli şertler dörediler.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda senagat ulgamyny innowasion esasda ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýändigini, ýakynda bolsa «Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin milli Strategiýasynyň» kabul edilendigini belläp, häzirki wagtda ýurdumyzda eksporta niýetlenen önümçilikleriň döredilýändigini, dürli görnüşli we ýokary hilli önümleriň möçberiniň yzygiderli artdyrylýandygyny aýtdy.

Bellenilişi ýaly, himiýa senagaty hem ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biri bolup durýar. Pudagy ösdürmek üçin ýurdumyzda giň gerimli işler alnyp barylýar. Uly möçberli maýa goýumlar özleşdirilip, iri taslamalar amala aşyrylýar. Önümçilige döwrebap tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar. Häzirki döwürde ýurdumyzyň himiýa senagatynda birnäçe iri kärhanalar netijeli işleýär. Şol kuwwatly kärhanalarda ýerli çig mallary ulanmaga möhüm ähmiýet berilýär. Şu gün Daşoguz welaýatynda düýbi tutulýan täze himiýa desgasy hem uly möçberli maýa goýum taslamalarynyň biri bolup durýar. Täze toplumyň önümçiliginde Ýewropanyň we Aziýanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň kämil tehnologiýalary ornaşdyrylar. Bu bolsa ekologiýa taýdan arassa önümçilik işini ýola goýmaga ýardam eder.

Döwrebap toplum ýylda 350 müň tonna karbamid we 350 müň tonna ammiak selitra dökünlerini öndürmäge niýetlenendir. Bu toplumda öndüriljek dökünler ýurdumyzyň oba hojalyk sarp edijileriniň isleglerini doly kanagatlandyrar. Şeýle hem daşary ýurtlara eksport ediler. Bu ýerde bir müňden gowrak täze iş orunlary dörediler. Zähmet çekjek hünärmenleriň köp sanlysy daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde okadylyp, olaryň işlemegi üçin ähli zerur şertler dörediler. Umuman, döwrebap azotly dökünleri öndürýän toplumyň gurulmagy ýurdumyzyň himiýa senagatyny mundan beýläk-de ösdürmäge uly goşant goşar.

“Ýurdumyzyň beýleki welaýatlary bilen bir hatarda Daşoguz welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalaýyn işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu ýerde kuwwatly senagat kärhanalary, medeni-durmuş maksatly binalar we desgalar yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär” diýip, döwlet Baştutanymyz belledi hem-de geljekde hem Garaşsyz Diýarymyzyň sebitlerini ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň dowam etdiriljekdigini aýtdy. Hormatly Prezidentimiz çykyşynyň ahyrynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň, senagat pagta çigidini gaýtadan işleýän ösümlik ýag kärhanasynyň hem-de azotly dökünleri öndürýän täze toplumyň düýbüniň tutulmagy, şeýle hem Garabogaz — serhetýaka awtomobil ýolunyň açylyp ulanmaga berilmegi bilen hemmeleri tüýs ýürekden gutlady hem-de berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiziň çykyşy şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylanyldy.

Soňra sanly ulgam arkaly göni aragatnaşykda Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan awtomobil ýolunyň Garabogaz — Gazagystan böleginiň açylyş dabarasy boldy.

Balkan welaýatyndan Hormatly il ýaşulusy A.Begjanow sanly ulgam arkaly çykyş edip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ulag we aragatnaşyk ulgamynyň uly ösüşleri başdan geçirýändigini, ata-babalarymyzyň «Ýol salan sogap gazanar», «Ýoly bar ýurduň ýagty geljegi bar» ýaly asylly ýörelgeleriniň hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen barha rowaçlanýandygyny belledi. Nygtalyşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda we hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz dost-doganlygyň mekanyna, parahatçylyk köprüsine öwrüldi. Geçen ýyl döwlet Baştutanymyzyň ak pata bermegi bilen düýbi tutulan Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan awtomobil ýolunyň Garabogaz — serhetýaka böleginiň şu gün dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berilmegi bedew batly Watanymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak şanly wakadyr. Bu ýol diňe bir iki goňşy döwleti däl, eýsem, sebitleri birleşdirjek, söwda-haryt dolanyşygyny, ulag we ýolagçy gatnawlaryny ösdürjek dostluk ýoly bolar.

Şunuň bilen baglylykda, A.Begjanow döwlet Baştutanymyzdan Garabogaz — serhetýaka awtomobil ýolunyň açylyşyna ak pata bermegini haýyş etdi.

Döwlet Baştutanymyz täze ýoluň açylyş dabarasyna ak pata berdi.

Şol pursat şowhunly aýdym-sazlar ýerine ýetirilip, dabara gatnaşýan hormatly ýaşulular toý bagyny kesdiler.

Soňra täze awtomobil ýolunyň ulanmaga berilmegini beýan edýän wideoşekil görkezildi.

Demirgazyk — Günorta halkara ulag geçelgesiniň möhüm bölegi bolan Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan awtomobil ýolunyň Garabogaz — serhetýaka böleginiň umumy uzynlygy 44 kilometre deňdir. Ýer düşeginiň ini 27,5 metre deň bolan bu döwrebap awtomobil ýolunyň gatnaw bölegi her biriniň ini 9 metr bolan iki ugurdan ybaratdyr. Ýoluň howpsuzlygyny we amatlylygyny üpjün etmek maksady bilen, 3,5 metrlik bölüji zolak hem-de her tarapynda ini 3 metr bolan ýol gyralary göz öňünde tutulypdyr. Ýoluň gurluşygy halkara standartlara laýyklykda ýerine ýetirilip, onuň esasy gatnaw bölegi toprak gatlagynyň we geotekstiliň üstünden 20 santimetrlik iki sany iri däneli çagyl-çäge, 10 santimetrlik ownuk däneli çagyl garyndylary, şeýle hem 8 santimetrlik öýjükli, 7 santimetrlik iri däneli hem-de 5 santimetrlik dykyz ownuk däneli gyzgyn asfaltbeton gatlaklaryndan ybaratdyr. Bölüji zolakda bolsa toprak gatlagynyň üstünden 15 santimetrlik owradylan çagyl garyndysy we 10 santimetrlik ownuk däneli gyzgyn asfaltbeton gatlagy düşelip, ýol infrastrukturasynyň durnuklylygy üpjün edilýär.

Soňra täze düýbi tutuljak Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýoly barada taýýarlanan animasion wideofilm görkezildi.

Aşgabat şäheriniň görküne görk goşýan Oguz han suw çüwdürimler toplumyndan başlanýan Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň umumy uzynlygy 546 kilometre deňdir. Ulag durnuklylygyny we ýokary tizligi üpjün etmek maksady bilen, ýol dört tapgyra bölünip, iň kämil ykdysady-tehniki görkezijileriň esasynda gurlar. Onuň 1-nji böleginiň, ýagny 0 — 9-njy kilometr aralygynyň ýer düşeginiň ini 65 metr bolup, jemi 8 zolakdan ybaratdyr. Bu ýerde iki taraplaýyn pyýada ýollary, gök zolaklar we ýanýollar göz öňünde tutulandyr. Ýoluň 9 — 48-nji hem-de 527 — 546-njy kilometr aralyklarynyň ýer düşeginiň ini 34 metr bolup, 6 hereket zolagyndan ybaratdyr. 48 — 527-nji kilometr aralygynda bolsa ýoluň ini 26,5 metr bolup, 4 hereket zolagyna bölünendir. Ýoluň ugrunda ýolagçylaryň we sürüjileriň rahatlygy üçin ähli şertler göz öňünde tutulypdyr.

Taslamanyň dowamynda öň bar bolan jemi 9 sany köpriniň durky täzelener. Şeýle hem “Naýzalydepiz” oýtumynda uzynlygy 812 metr, ini 25 metr bolan 2 gatnawly awtomobil köprüsi we onuň 2 kilometrlik eltiji ýollary, ýoluň ugrunda döwrebap we oňaýly 136 sany awtobus duralgasy hem-de 13 sany awtoduralga meýdançasy gurlar. Mundan başga-da, ýol hereketiniň kadaly we howpsuz bolmagyny üpjün etmek maksady bilen, polisiýanyň ýol gözegçilik nokatlarynyň 7-si gurlar hem-de döwrebap wideogözegçilik we tizlik ölçeýji ulgamlary ornaşdyrylar.

Soňra döwlet Baştutanymyz ýaş nesliň wekilleriniň haýyşy boýunça täze awtomobil ýolunyň düýbüniň tutulmagy mynasybetli ýadygärlik ýazgy galdyrdy.

Soňra Daşoguz welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabynda ýylda 60 müň tonna senagat pagta çigidini gaýtadan işlejek ösümlik ýag kärhanasy barada taýýarlanan animasion wideofilm görkezildi.

Umumy meýdany 122 müň 500 inedördül metr bolan önümçilik desgasy bir gije-gündizde 600 tonna çig mal kabul etmäge ukyply bolup, kabul edilen çig mal ilkinji tapgyrda kärhananyň barlaghanasynda barlagdan geçirilýär we çig mal ammarlarynda toplanýar. Kärhanadaky sykma bölümi günde 200 tonna çig maly gaýtadan işlemäge niýetlenendir. Sykma bölüminden çykan çig ýag arassalamak we hilini gowulandyrmak üçin rafinasiýa bölümine iberilýär. Rafinasiýa bölüminiň kuwwatlylygy bir gije-gündizde 50 tonna çig ýagy arassalamaga mümkinçilik berýär.

Kärhanada öndürilen ekologiýa taýdan arassa, ýokary hilli ýag guýma we gaplama binasyna ugradylýar. Bu binada dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrylyp, bir ýylda jemi 9 milliona golaý 1 litr göwrümdäki plastik gaplara guýlan ýag öndürmäge mümkinçilik berýär. Täze kärhana içerki bazarda haryt bolçulygyny üpjün etmäge, ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny berkitmäge hem-de ýerli önümçiligi ösdürmäge uly goşant goşar.

Soňra hormatly Prezidentimiz senagat pagta çigidini gaýtadan işleýän ösümlik ýag kärhanasy barada ýadygärlik ýazgy galdyrdy.

Soňra Garaşsyzlyk etrabynyň çäginde ýylda 350 müň tonna karbamid we 350 müň tonna ammiak selitra dökünlerini öndürjek täze toplumyň düýbüni tutmak dabarasynda çykyş etmek üçin «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyga söz berildi.

Işewür hemmeleri mübärekläp, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan toplumlaýyn işleriň netijesinde hem-de hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ata Watanymyz Türkmenistanyň ähli ugurlarda uly üstünliklere ýetip, durnukly ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýandygyny belledi. Nygtalyşy ýaly, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň uzak möhletli ösüş maksatlaryna laýyklykda, himiýa senagatyny ösdürmäge, onuň önümçilik kuwwatyny artdyrmaga we milli ykdysadyýetde eýeleýän ornuny has-da pugtalandyrmaga gönükdirilen giň gerimli maýa goýumlary özleşdirmek işleri yzygiderli durmuşa geçirilýär.

Türkmenistanyň himiýa senagatyny mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, öňdebaryjy halkara tejribäni, innowasion tehnologiýalary hem-de ylmy-tehniki gazanylanlary giňden ornaşdyrmak möhüm ähmiýete eýe bolýar. Şunuň bilen baglylykda, ýokary goşmaça gymmaty bolan bäsdeşlige ukyply himiki önümleriň önümçiligini giňeltmek, tebigy baýlyklary we ýerli çig mal serişdelerini netijeli peýdalanmak arkaly himiýa senagatynyň kuwwatyny pugtalandyrmak ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde kesgitlenýär. Bu maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmegiň çäklerinde Türkmenistan himiýa senagatynyň durnukly ösüşini üpjün etmäge, pudaga öňdebaryjy tehnologiýalary we innowasion çözgütleri giňden ornaşdyrmaga, şeýle hem özara tejribe we bilim alyşmalaryny işjeňleşdirmäge aýratyn ähmiýet berýär.

Ahmet Çalyk şu günki dabara hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynyň ähmiýetini belläp, ýurdumyzyň ykdysady taýdan has-da ösmegine, senagat kuwwatynyň artmagyna oňyn täsirini ýetirjek bu täze desganyň gurluşygynyň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasyna ynanylandygy üçin döwlet Baştutanymyza we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi hem-de «GAP Inşaat» gurluşyk kompaniýasynyň Germaniýanyň «ThyssenKrupp Uhde GmbH» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda bu desganyň gurluşygyny halkara standartlara laýyklykda amala aşyrjakdygyna hem-de taslamany ösen tehnologiýalaryň, innowasion çözgütleriň we ekologiýa taýdan arassa çemeleşmeleriň esasynda durmuşa geçirjekdigine ynandyrdy.

Soňra German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň ýerine ýetiriji direktory Mihael Harms çykyş edip, Daşoguz welaýatynda geçirilýän şeýle möhüm waka gatnaşmagyň özi üçin uly mertebedigini belledi hem-de ýolbaşçylyk edýän komitetiniň adyndan Türkmenistanyň ykdysady kuwwatynyň hem-de häzirki zaman senagat ösüşiniň berk binýadyny goýan Gahryman Arkadagymyza, bu özgertmeleri üstünlikli dowam edýän hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan Garaşsyzlyk ýyllarynyň dowamynda Germaniýa bilen ýakyn hyzmatdaşlyk alyp barýar. Şol ýyllaryň dowamynda nemes kompaniýalary Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynda iş alyp barmak bilen, öňdebaryjy tehnologiýalary, senagat enjamlaryny ornaşdyrmak we durnukly infrastrukturany ösdürmek işine uly goşant goşup gelýärler. Häzirki wagtda german-türkmen ykdysady gatnaşyklary ýokary derejelere çykarylyp, şu günki täze desganyň düýbüni tutmak dabarasy hem ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmakda hem-de umumy ykdysady üstünlikleri berkitmekde ýene-de bir möhüm tapgyr bolar. Daşoguzdaky toplumda «ThyssenKrupp Uhde GmbH» kompaniýasynyň ammiak, karbamid we ammiak selitrasyny öndürmek boýunça dünýäde meşhur bolan tehnologiýalary ornaşdyrylar. Bu öňdebaryjy çözgütler serişdelerden iň ýokary derejede netijeli peýdalanmagy hem-de içki bazaryň talaplaryny kanagatlandyrmak üçin ýokary hilli dökünleriň öndürilmegini üpjün edýär.

Mihael Harms bu möhüm senagat taslamasynyň ähmiýetini belläp, onuň gurluşygyna badalga berilýändigi üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza ýene-de bir gezek hoşallyk bildirdi.

Soňra Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «ThyssenKrupp Uhde GmbH» kompaniýasynyň baş ýerine ýetiriji direktory hanym Nadýa Hokanssona söz berildi. Ol Türkmenistanda ammiak selitrasyny we karbamid öndürýän toplumyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşmagyň we bu ýerde çykyş etmegiň özi üçin uly hormatdygyny belläp, «ThyssenKrupp Uhde GmbH» kompaniýasynyň adyndan şeýle möhüm dabara gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi.

Işewür zenan döwlet Baştutanymyzyň goldawy bilen durmuşa geçirilýän bu döwrebap önümçilik toplumynda wekilçilik edýän kompaniýasynyň iň kämil inženerçilik we tehnologik çözgütleriniň ulanyljakdygyny belläp, bu innowasiýalaryň energiýa we serişde tygşytlamaga, munuň netijesinde bolsa önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmaga hem-de daşky gurşawa ýetirilýän täsiri peseltmäge ýardam edýändigini aýtdy.

Nadýa Hokansson şu gün Türkmenistanyň senagat ulgamyny ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe boljak iri önümçilik toplumynyň gurluşygyna badalga berilýändigini belläp, «ThyssenKrupp Uhde GmbH» kompaniýasynyň bu taslamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegini üpjün etmek üçin öz öňdebaryjy tehnologiýalaryny we inženerçilik tejribesini hödürlemäge taýýardygyny tassyklady.

Daşoguz welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabynyň çäginde ýylda 350 müň tonna karbamid we 350 müň tonna ammiak selitra dökünlerini öndürjek täze toplum barada taýýarlanan animasion wideofilm görkezildi.

Toplumyň önümçiliginiň esasy çig maly tebigy gaz bolup, onuň deslapdan bir ýylda 630 million kub metr möçberini sarp etmek göz öňünde tutulýar. Täze taslamada dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň tehnologiýalary ulanylar hem-de energetika üpjünçiligi ornaşdyrylan turbina generatorlary bilen üpjün ediler. Toplumda öndüriljek karbamid hem-de ammiak selitra dökünleri ýurdumyzyň içerki sarp edijileriniň isleglerini doly kanagatlandyrmaga gönükdirilendir. Şeýle hem täze toplumda öndüriljek karbamidiň agramly bölegi daşary ýurtlara eksport ediler. Mundan başga-da, toplumda 1 müňden gowrak täze iş orunlarynyň döredilmegine garaşylýar. Bu bolsa Daşoguz welaýatynyň ilatynyň iş bilen üpjünçiligini ýokarlandyrmaga itergi berer.

Wideofilm tamamlanandan soňra hormatly Prezidentimiz körpeleriň haýyşy boýunça täze toplum barada ýadygärlik ýazgy galdyrdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz azotly dökünleri öndürjek täze toplumyň düýbüniň tutuljak ýerine geldi.

Ýaş nesliň wekili hormatly Prezidentimizden täze toplumyň düýbüni tutup bermegini haýyş etdi hem-de gol çekilen sene ýazgyly gutyny gowşurdy.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz täze toplumyň binýadyna ýadygärlik ýazgyly gutujygy oklady hem-de pil bilen ilkinji beton garyndysyny guýup, onuň gurluşygyna badalga berdi. Döwlet Baştutanymyzyň göreldesine eýerip, dabara gatnaşyjylar hem toplumyň düýbüne beton garyndysyny atdylar.

Soňra döwlet Baştutanymyz senagat pagta çigidini gaýtadan işleýän ösümlik ýag kärhanasynyň düýbüni tutmak dabarasynyň geçirilýän ýerine geldi. Bu ýerde ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.

Ýaş nesliň wekili hormatly Prezidentimizden senagat pagta çigidini gaýtadan işleýän ösümlik ýag kärhanasynyň düýbüni tutup bermegini haýyş etdi hem-de gol çekilen sene ýazgyly gutyny gowşurdy.

Ýadygärlik ýazgy galdyrylan gutujyk ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda täze toplumyň binýadyna atyldy. Hormatly Prezidentimiz düýbi tutulýan desganyň binýadyna ilkinji beton garyndysyny atdy. Dabara gatnaşýan hormatly ýaşulular hem döwlet Baştutanymyzyň göreldesine eýerip, desganyň binýadyna beton garyndysyny atdylar.

Soňra hormatly Prezidentimiz bu ýerden Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň düýbüniň tutuljak ýerine geldi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýaş nesliň wekiliniň haýyşy boýunça täze awtomobil ýolunyň düýbüniň tutulmagy mynasybetli ýadygärlik ýazgy galdyrylan gutujygy hem-de ilkinji beton garyndysyny ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda gurluşyk meýdançasynyň binýadyna atdy we bu başlangyja ak pata berdi.

Bu ýerde Watanymyzy we täze taryhy döwrümiziň ägirt uly özgertmelerini wasp edýän aýdym-sazlar ýaňlandy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary ähli dabara gatnaşyjylaryň adyndan şu günki möhüm wakalar bilen hormatly Prezidentimizi, Gahryman Arkadagymyzy tüýs ýürekden gutladylar hem-de bu möhüm taslamalaryň halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine gönükdirilen durmuş ugurly döwlet syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň beýanydygyny bellediler.

Döwlet Baştutanymyz gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, dabara gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşdy we bu ýerden Daşoguz şäheriniň Halkara howa menziline ugrady.

Hormatly Prezidentimiziň uçary Halkara howa menzilinden paýtagtymyza tarap ugur aldy. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary mähirli garşyladylar.

Şeýlelikde, Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň, Garaşsyzlyk etrabynda ýylda 60 müň tonna senagat pagta çigidini gaýtadan işlejek ösümlik ýag kärhanasynyň hem-de ýylda 350 müň tonna karbamid we 350 müň tonna ammiak selitra dökünlerini öndürjek täze toplumyň düýbüni tutmak, şeýle hem Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan awtomobil ýolunyň Garabogaz — serhetýaka böleginiň açylyş dabaralary ýurdumyzyň durnukly durmuş-ykdysady ösüşinde täze tapgyry alamatlandyrmak bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen giň möçberli özgertmeleriň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň subutnamasy boldy.

***

Daşoguz şäheriniň «Türkmeniň ak öýi» binasynyň köpçülikleýin dabaraly çäreleriň geçirilýän binasynda welaýatyň Garaşsyzlyk etrabynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda bolan dabaralar mynasybetli toý sadakasy berildi.

Soňky habarlar
04.11
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow möhüm desgalaryň düýbüni tutmak we açylyş dabaralaryna gatnaşdy
04.11
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň täze sany okyjylara gowuşdy
03.11
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
03.11
Türkmenistanyň Prezidenti Awstriýa Respublikasynyň Federal Geňeşiniň başlygyny kabul etdi
03.11
Türkmenistanyň Prezidenti «Toyo Engineering Corporation» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
03.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kömekçisi bilen duşuşdy
03.11
Gurluşyk we senagat toplumynyň ösüşine bagyşlanan halkara forum
03.11
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň gurluşyk we senagat toplumynyň işgärlerine
03.11
«Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly halkara sergä we maslahata gatnaşyjylara
02.11
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
top-arrow