Baş sahypa
\
Hepdäniň wakalary
\
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow: — Ata Watanymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmek biziň baş maksadymyzdyr
Hepdäniň wakalary
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow: — Ata Watanymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmek biziň baş maksadymyzdyr
Çap edildi 11.02.2024
1580

Geçen hepdede geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça beýan eden başlangyçlary ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny okgunly ösdürmäge, ilatyň durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga, ählumumy parahatçylygyň hem-de abadançylygyň bähbidine hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga gönükdirilendir.

5-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynda ýurdumyzyň sebitlerinde oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy bilen bagly meselelere garaldy. Döwlet Baştutanymyz gowaçanyň, ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny ekiş möwsümine taýýar etmegiň, bugdaýa ideg işleriniň agrotehniki möhletlere hem-de kadalara laýyklykda ýerine ýetirilmeginiň, daýhanlary zerur bolan ýokary hilli tohumlar bilen üpjün etmegiň möhümdigine ünsi çekdi. “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna” hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatlarda meýilleşdirilýän işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegi bilen baglanyşykly birnäçe anyk tabşyryklar berildi.

6-njy fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Döwlet Baştutanymyz türkmen halkynyň adyndan hem-de hut öz adyndan Bişkek şäherindäki ýylylyk elektrosentralynda bolup geçen hadysa zerarly duýgudaşlyk sözlerini aýdyp, Türkmenistanyň iberen ynsanperwerlik ýükünden başga-da, zerur bolan ýagdaýynda, ähli kömegi bermäge taýýardygyny belledi. Prezident Sadyr Žaparow ilkinjileriň hatarynda kömek eden Türkmenistan bilen dostlukly gatnaşyklara öz ýurdunda ýokary baha berýändiklerini aýtdy.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda döwlet Baştutanlary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, şol sanda söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky gatnaşyklaryň möhüm meseleleri boýunça özara pikir alyşdylar.

9-njy fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda 2023-nji ýylda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, wise-premýerleriň, käbir ministrlikleriň ýolbaşçylarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi. Şeýle hem mejlisiň gün tertibine ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça şu ýyl öňde durýan wezipeler, ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly meseleler girizildi.

Döwlet Baştutanymyz Hökümet agzalarynyň we beýleki ýolbaşçylaryň 2023-nji ýylda ykdysadyýetiň pudaklarynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri baradaky hasabatlaryny diňläp, geçen ýylyň netijelerini häsiýetlendirdi we 2024-nji ýylda öňde durýan möhüm wezipeleri kesgitledi.

Bellenilişi ýaly, geçen ýylda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim, şol sanda senagatda 4,3 göterim, söwdada 12,8 göterim, oba hojalygynda bolsa 4,4 göterim boldy. Maýa goýumlaryň möçberi 7,5 göterim artdy. Hasabat döwründe jemi 12 müň 274 sany täze iş orny döredildi. Ýurdumyzda öndürilen önümleriň eksport edilen möçberi 11,4 milliard amerikan dollaryna barabar boldy. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna 78 sany önümçilik we medeni-durmuş maksatly desga, umumy meýdany 1 million 897 müň inedördül metre deň bolan ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň taryhynda ilkinji gurlan “akylly” şäheriň — Arkadag şäheriniň açylmagyny, Mary — Ahal ugry boýunça ýokary woltly asma elektrik geçirijisiniň, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda iki sany gaz turbina desgasynyň, dürli maksatly köp sanly kärhanalaryň ulanmaga berilmegini geçen ýylyň möhüm wakalarynyň hatarynda görkezdi.

Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň ileri tutulýan wezipeleri barada aýdyp, «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna» laýyklykda, umumy meýdany 430 müň inedördül metr bolan ýaşaýyş jaýlaryny, 5360 orunlyk umumybilim edaralaryny, 1200 orunlyk mekdebe çenli çagalar edaralaryny gurup ulanmaga bermegiň meýilleşdirilýändigini belledi.

Şu ýyl Aşgabat şäherinde bir gije-gündizde 150 müň kub metr agyz suwuny arassalaýjy desga, «Dokmaçylar» medeni merkezi, Magtymguly Pyragynyň täze ýadygärligi we medeni-seýilgäh toplumy, “Parahat — 7” ýaşaýyş toplumynda 13 sany döwrebap ýaşaýyş jaýy, Halkara sagaldyş-dikeldiş hem-de Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezleri, Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda sement zawodynyň ikinji tapgyry, Ak bugdaý etrabynyň Öňaldy, Kaka etrabynyň Gowşut geňeşliklerinde täze, döwrebap obalar, Balkan welaýatynda Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsi, Jebel şäherçesinde Halkara howa menzili toplumy, Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda sement zawodynyň ikinji tapgyry, Mary şäherinde Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň täze edara binasy gurlup ulanmaga berler. Şeýle hem Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary bölegi işe giriziler.

Şu ýylyň dowamynda Garaşsyz ýurdumyzda Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy hem-de Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli birnäçe halkara çäreler geçiriler. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň raýatlaryny täze döredilen ýubileý medaly hem-de Magtymguly adyndaky halkara baýrak bilen sylaglamak boýunça degişli teklipleri taýýarlamagyň möhümdigini belledi. Şunuň bilen bir hatarda, ýylyň aýratyn möhüm wakalary bolan bu şanly seneleri ýokary derejede geçirmäge taýýarlyk görmek barada tabşyryk berildi.

Döwlet Baştutanymyz ýylyň jemlerini jemläp, şu ýyl üçin kabul edilen maksatnamanyň örän köp işleri öz içine alýandygyny aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow: “Ata Watanymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmek biziň baş maksadymyzdyr” diýip belledi hem-de halkymyz bilen bilelikde tutanýerli zähmet çekip, 2024-nji ýylda bellenen sepgitlere, maksatlara ýetiljekdigine berk ynam bildirdi.

Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň barşynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna gol çekdi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligini üýtgedip guramak hakynda Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, Oba hojalyk ministrliginden bölünip aýrylmagy arkaly, «Türkmengallaönümleri» döwlet birleşigi, Azyk senagaty döwlet birleşigi, Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşigi, «Türkmenpagta» döwlet konserni hem-de «Türkmenobahyzmat» döwlet birleşigi döredildi.

Hormatly Prezidentimiziň gol çeken Karary bilen, «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasy» tassyklanyldy. Resminama laýyklykda, şu ýylda jemi içerki önümiň ösüş depginini 6,3 göterimde saklamak, milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny, ýurdumyzyň sebitlerini durnukly ösdürmek, önümçilik kärhanalarynyň doly güýjünde işledilmegini gazanmak, täze kärhanalary gurmagyň hasabyna 3 müňe golaý täze iş orunlaryny döretmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen bir hatarda, daşary söwda dolanyşygynyň möçberini 20,7 milliard amerikan dollaryna ýetirmek, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek, jemi içerki önümiň düzüminde (ýangyç-energetika toplumyny hasaba almanyňda) hususy pudagyň paýyny 71,4 göterime ýetirmek, zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp haklarynyň möçberini 10 göterim ýokarlandyrmak arkaly ilatyň girdejilerini artdyrmak, ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmak göz öňünde tutulýar. Mundan başga-da, 2024-nji ýylda ýurdumyzyň ykdysadyýetine maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna jemi 38,5 milliard manat möçberinde maýa goýumlary gönükdirmek meýilleşdirilýär.

Mejlisde döwlet Baştutanymyz başga-da birnäçe resminama, şol sanda welaýatlaryň we etraplaryň toprak-howa şertlerine laýyklykda, oba hojalyk ekinlerini görnüşleri boýunça ýerleşdirmek, ýurdumyzda pagtanyň bol hasylyny ýetişdirmek, Türkmenistanda 2024-nji ýylda saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň nahallaryny ekmek, şeýle hem oba hojalyk önümlerini öndürijileri ykdysady taýdan höweslendirmek maksady bilen, pagtanyň we bugdaýyň döwlet satyn alyş bahalaryny ýokarlandyrmak hakyndaky Kararlara gol çekdi.

Hormatly Prezidentimiz 2023-nji ýylyň jemleri boýunça durmuş, ykdysady we medeni taýdan ähli görkezijiler babatda iň ýokary netijeleri gazanan Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň häkimligini 1 million amerikan dollary möçberinde pul baýragy bilen sylaglamak hem-de şu ýylyň degişli bäsleşigini yglan etmek hakynda Buýruklara gol çekdi.

Geçen hepdede türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Kosmos işi boýunça «Roskosmos» döwlet korporasiýasynyň kosmonawtlar toparynyň serkerdesi, uçarman-kosmonawt, Türkmenistanyň Gahrymany O.D.Kononenkony älem giňişliginde bolmagyň umumy wagty boýunça dünýä rekordyny gazanmagy bilen gutlady.

Watandaşymyzyň kosmos rekordyny türkmen halkynyň beýik ogly, filosof, akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda gazanmagynyň aýratyn manysynyň bardygyny bellän Gahryman Arkadagymyz ildeşimizi älem giňişliginden dolanyp gelenden soňra, öňde boljak dabaraly çärelere gatnaşmaga çagyrdy.

Geçen hepdäniň beýleki wakalaryna geçmek bilen, 2023-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Aşgabatda geçirilen «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly halkara forumyň Jemleýji resminamasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde BMG-niň alty resmi dilinde çap edilendigini we ýaýradylandygyny bellemek gerek. Resminama Baş Assambleýanyň mejlisiniň gün tertibiniň «Parahatçylyk medeniýeti», «Dünýä gurluşy we parahatçylygy goldamak», «Merkezi Aziýada parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly bölümleri boýunça çap edildi. Munuň özi Bitarap Türkmenistanyň durmuşa geçirýän çuňňur oýlanyşykly, netijeli daşary syýasatynyň ählumumy ykrarnamasynyň, ýurdumyzyň dünýäde durnukly ösüşi üpjün etmäge goşýan uly goşandynyň nobatdaky güwäsidir.

Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet ýylynyň ýapylyş dabarasy geçirildi. Bu waka mynasybetli ýurdumyza gelen HHR-iň wekiliýetiniň düzüminde ugurdaş edaralaryň ýolbaşçylary we işgärleri, aýdym-saz, tans sungatynyň ussatlary, akrobatlar, “Ženmin Žibao” gazetiniň, “Sinhua” habarlar agentliginiň žurnalistleri bar. Iki döwletiň Baştutanlary — Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň başlangyjy bilen geçirilen döredijilik çäresi dostlukly halklaryň medeni gatnaşyklaryny ösdürmekde ýene-de bir möhüm waka boldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň wekiliýeti Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Zenanlara garşy kemsitmeleriň ähli görnüşlerini ýok etmek baradaky we olaryň hukuklaryny goramaga gönükdirilen Konwensiýasyny ýerine ýetirmek boýunça komitetiň (CEDAW) nobatdaky mejlisiniň işine gatnaşdy. Mejlisiň barşynda Türkmenistanyň BMG-niň degişli Konwensiýasyny ýerine ýetirmek bilen bagly altynjy döwürleýin hasabatyna garaldy. Türkmen wekiliýetiniň agzalary 2018-nji ýylda geçirilen 5-nji döwürleýin synyň çäklerinde bellenilen birnäçe meseleleri çözmekde öňegidişlikleri gazanmaga mümkinçilik beren, 2018 — 2023-nji ýyllar aralygynda syýasy, ykdysady, hukuk, medeni-durmuş ugurlarynda amala aşyrylan özgertmeler barada maglumat berdiler.

Adalat köşgünde Türkmenistanyň kazylarynyň VI maslahaty geçirildi. Oňa Ýokary kazyýetiň, Arbitraž kazyýetiniň wekilleri, welaýat, etrap we şäher kazyýetleriniň kazylary gatnaşdylar. Maslahata gatnaşyjylar ýurdumyzyň kazyýet edaralarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça ileri tutulýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşdylar. 2022-nji ýylyň 5-nji iýulynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowyň Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanyň kazyýet ulgamyny ösdürmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda” kesgitlenen wezipeleri durmuşa geçirmek ugrunda amala aşyrylýan çärelere aýratyn üns çekildi.

Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň oýlanyşykly ykdysady strategiýasynyň hem-de milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmaga, onuň bäsdeşlige ukyplylygyny we innowasion ösüşini artdyrmaga, halkymyzyň döredijilik mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga, onuň Watanymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmäge gönükdirilen özgertmeleriň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem üstünlikli durmuşa geçirilýändigini aýdyňlygy bilen görkezdi.

Soňky habarlar
22.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
22.11
Döwlet Baştutanymyz 2025-nji ýylda Türkmenistan boýunça degişli möçberde pagta öndürilmegini üpjün etmegi tabşyrdy
21.11
Baş maksat — Watanymyzyň gülläp ösmegini, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmek
21.11
Türkmenistanyň we Özbegistanyň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
20.11
Garaşsyz Türkmenistan — jebisligiň we abadançylygyň ýurdy
20.11
Türkmenistan — Özbegistan: milli bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlyk
19.11
Watanymyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň rowaçlygynyň bähbidine durnukly ösüş ýoly bilen
18.11
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
18.11
Türkmenistanda Bosniýa we Gersegowinanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
18.11
Ýurdumyzda Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet günleri geçirilýär
top-arrow