Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
2023-nji ýylyň jemleri boýunça durmuş, ykdysady we medeni taýdan ähli görkezijiler boýunça iň ýokary netijeleri gazanan Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň ähli ilatyna
Syýasy habarlar
2023-nji ýylyň jemleri boýunça durmuş, ykdysady we medeni taýdan ähli görkezijiler boýunça iň ýokary netijeleri gazanan Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň ähli ilatyna
Çap edildi 09.02.2024
1733

Hormatly adamlar!

Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylan 2023-nji ýylynyň jemleri boýunça durmuş, ykdysady we medeni taýdan ähli görkezijiler boýunça Ak bugdaý etrabynyň iň ýokary netijeleri gazanyp, bäsleşikde ýeňiji diýlip yglan edilmegi hem-de etrabyň häkimliginiň 1 million amerikan dollary möçberinde pul baýragy bilen sylaglanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu şatlykly wakanyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda sizi täze zähmet üstünliklerine ruhlandyryp, eziz Watanymyza bolan buýsanjyňyzy has-da pugtalandyrjakdygyna berk ynanýaryn.

Her bir güni ähmiýetli wakalar bilen şöhratlandyrylan 2023-nji ýylda milli maksatnamalarymyzy üstünlikli durmuşa geçirip, biz ykdysadyýetimiziň kuwwatyny has-da artdyrmak, şäherdir obalarymyzy, sebitlerimizi depginli ösdürmek, ilatymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek ugrunda ägirt uly işleri amala aşyrdyk. Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etraby durmuş, ykdysady we medeni taýdan ýurdumyzyň has depginli ösýän etraplarynyň biridir. Bu etrapda durnukly ykdysady ösüş gazanylýar. Sanly ulgam giňden ornaşdyrylyp, innowasion tehnologiýaly täze önümçilikler döredilýär. Telekeçilik işiniň netijeliligi ýokarlandyrylýar, ilkinji nobatda bolsa, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesi yzygiderli ösdürilýär. Ak bugdaý etrabynyň berkarar Watanymyzyň etraplarynyň arasynda durmuş, ykdysady we medeni taýdan ähli görkezijiler boýunça iň ýokary netijeleri gazanmagy hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär.

Eziz watandaşlar!

Ak bugdaý etraby dünýä taryhynda örän seýrek duş gelýän irki ekerançylyk medeniýetiniň dörän ýeridir. Bu sebitde zähmetkeş ata-babalarymyz tarapyndan ak bugdaý, arpa, köp sanly gök-bakja ekinleri, miweli baglar ýetişdirilipdir. Änewde geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde, irki döwürlerde ösdürilip ýetişdirilen ak bugdaýyň däneleriniň tapylmagy türkmen halkynyň gadymy döwürde daýhançylykda uly üstünliklere ýetendigini görkezýär. Bu gün Ak bugdaý etrabynyň agzybir, zähmetsöýer daýhanlary ata-babalarymyzyň gadymy ekerançylyk däplerini mynasyp dowam etdirip, obasenagat önümçiligini ösdürmäge uly goşant goşýarlar. Etrabyň zähmetkeşleriniň bugdaýyň, pagtanyň, miwe, gök we bakja önümleriniň bol hasylyny öndürmek, dowarlaryň baş sanyny artdyrmak ugrunda gazanýan üstünlikleri guwandyrýar. Etrabyň çäginde gurlup, dürli oba hojalyk önümleri ýetişdirilýän ýyladyşhanalar, maldarçylyk toplumy, azyk önümleri kärhanalary, senagat we energetika desgalary, «Türkmeniň ak öýi» binasy, «Bagabat» şypahanasy ilaty iş orunlary hem-de ýokary ýaşaýyş-durmuş şertleri bilen üpjün etmekde möhüm orny eýeleýär.

Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza döwletler tarapyndan gadymy Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek halkara çäreleriň öňüsyrasynda Ak bugdaý etrabynyň durmuş, ykdysady we medeni taýdan gazanan üstünlikleri ata Watanymyzyň at-abraýyny artdyrmakda ildeşlerimiziň çekýän yhlasly zähmetini aýdyň görkezýär.

Gadyrly watandaşlar!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy innowasiýalara, ylmyň we tehnikanyň gazananlaryna esaslanýan, öndüriji güýçleri çalt depginler bilen ösýän döwlete öwürmek, halkymyzyň durmuş goraglylygyny, iş üpjünçiligini, ýaşaýyş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça öňde täze, belent wezipeler durýar. Şu wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin biziň ählimiz Garaşsyz Watanymyza bolan beýik söýgimiz bilen yhlasly, tutanýerli zähmet çekmelidiris. Şu belent wezipeleri amala aşyrmaga Ak bugdaý etrabynyň zähmetkeşleriniň hem işjeň gatnaşyp, ähli ugurlarda uly üstünliklere eýe boljakdyklaryna, kabul edilýän maksatnamalary ýerine ýetirmäge mynasyp goşant goşjakdyklaryna berk ynanýaryn.

Hormatly adamlar!

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň ähli ilatyny şu günki şatlykly waka bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylan 2024-nji ýylda siziň ähliňize berk jan saglyk, bagtyýar durmuş, täze, has ýokary zähmet üstünliklerini gazanmagy arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti

Serdar BERDIMUHAMEDOW.

Soňky habarlar
02.09
Gazanylan üstünlikler we zähmet ýeňişleri — Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň we halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň binýady
02.09
Türkmenistanyň Prezidenti Norwegiýanyň Patyşasyny gutlady
02.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçen umumy okuw sapagyndaky ÇYKYŞY
02.09
Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna, ýaşlaryň döwletiň, jemgyýetiň, ata-enäniň we maşgalanyň öňündäki mukaddes borçlaryna bagyşlanan umumy okuw sapagyny geçdi
02.09
Türkmenistanda güýzlük bugdaý ekişine badalga berildi
02.09
Türkmenistanyň Prezidenti Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Prezidentini gutlady
01.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýokary okuw mekdepleriniň täze binalar toplumlarynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy
01.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlarynyň açylyş dabarasyndaky çykyşy
01.09
Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli dabaraly çäreler
01.09
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine
top-arrow