Baş sahypa
\
Teswirlemeler
\
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysy — 2023-nji ýyl: Nebitgaz toplumy
Teswirlemeler
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysy — 2023-nji ýyl: Nebitgaz toplumy
Çap edildi 18.01.2024
2401

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän energetika syýasaty milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri bolan nebitgaz senagatyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge we onuň halkara energetika ulgamyna okgunly goşulyşmagyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Ýurdumyzda bu pudakda durmuşa geçirilýän iri maýa goýum taslamalary diňe bir ykdysady ähmiýete eýe bolman, eýsem, sebit we ählumumy energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmakda-da möhüm wezipäni ýerine ýetirýär.

Türkmenistan uglewodorod serişdeleriniň baý gorlaryna eýe bolmak bilen, dünýäniň öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalary, iri maliýe düzümleri bilen işewürlik gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegi, energiýa serişdeleriniň iberilýän ugurlaryny ep-esli artdyrmagy maksat edinýär. Döwletimiz energetika howpsuzlygynyň häzirki döwrüň şertlerine we talaplaryna laýyk gelýän täze düzümini döretmek meselelerine aýratyn üns berýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda energetikanyň netijeli peýdalanylmagyna, energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň ulanylmagyna we ösdürilmegine, bu maksatlara ýetmek üçin gyzyklanma bildirýän taraplar bilen hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine ähmiýetli orun degişlidir.

Türkmen tebigy gazyny diwersifikasiýa ýoly bilen daşarky bazarlara ibermek Garaşsyz döwletimiziň energetika strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biridir. 2023-nji ýylyň 14-nji iýulynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyz ýangyç-energetika toplumynyň öňünde durýan möhüm wezipelere ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz maýa goýum Maksatnamasyna laýyklykda, täze önümçilikleri işe girizmegiň hasabyna pudagyň kuwwatlyklaryny artdyrmak boýunça işleriň geçirilmelidigini, energetika boýunça hyzmatdaşlygyň ugurlaryny has-da giňeltmek arkaly pudaga innowasion tehnologiýalary we nou-haulary işjeň ornaşdyrmagyň, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmagyň wajypdygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň geçen ýylyň 19-njy sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda eden çykyşynda nygtaýşy ýaly, Pariž ylalaşygyna goşulmagy bilen baglylykda, ýurdumyzda birnäçe degişli milli maksatnamalar kabul edildi. Metanyň howa ýaýramagynyň ýaramaz netijelerini azaltmak we ýok etmek maksady bilen, umumydöwlet çäreleri amala aşyrylýar. Gürrüň, ilkinji nobatda, ekologik taýdan arassa, serişde tygşytlaýjy häzirki zaman tehnologiýalaryny, aýratyn-da, energetika, senagat we ulag pudaklaryna ornaşdyrmaga tapgyrlaýyn geçmek hem-de peýdalanmak barada barýar. Dünýä bileleşigi döwletimiziň toplumlaýyn başlangyçlaryny, şol sanda BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň Glazgoda geçirilen 26-njy maslahatynda öňe süren tekliplerini goldaýar. Şol bir wagtda, ýurdumyzda “ýaşyl” ykdysadyýete geçmek babatda anyk çäreler durmuşa geçirilýär. Munuň şeýledigine metanyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça ýokary derejeli pudagara toparyň döredilmegi hem-de 2023-2024-nji ýyllar üçin Ählumumy metan borçnamasyna goşulmak meselesini öwrenmäge gönükdirilen halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça “Ýol kartasynyň” tassyklanylmagy hem şaýatlyk edýär.

Döwlet Baştutanymyz 2023-nji ýylyň dekabrynda BAE-niň Dubaý şäherinde geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatyndaky (СOP28) çykyşynda metanyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça halkara tagallalara uly goşant goşýan ýurdumyzyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulýandygyny we howa meselelerini çözmek boýunça halkara guramalar we hyzmatdaş döwletler bilen işjeň gatnaşyklary dowam etdirjekdigini beýan etdi.

Ýangyç-energetika toplumynyň esasy bolup durýan gaz pudagy ýurdumyzyň senagat önümçiliginiň ýarysyndan gowragyny düzýär. Häzirki wagtda gaz pudagynda täze ýataklary ýüze çykarmak, barlag geçirmek we ulanmaga bermek uglewodorod serişdelerini ibermekden we saklamakdan başlap, taýýar önümi sarp edijilere ýetirmäge çenli önümçilik işiniň ähli tapgyrlary ornaşdyrylan öňdebaryjy tehnologiýalaryň kömegi bilen amala aşyrylýar. Diýarymyzyň gazy gaýtadan işleýän pudagy täze zawodlaryň işe girizilmegi esasynda yzygiderli ösdürilýär. Şunda gaz çig malyny çuň gaýtadan işleýän ýokary tehnologiýaly önümçilikleriň döredilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.

Ýangyç-energetika toplumynda ýokary ösüşleriň gazanylmagy ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň senagat-innowasion ösüşini çaltlandyrmaga ýardam edýär, halkara energetika bileleşiginiň öňdebaryjylarynyň biri hökmünde eýeleýän ornuny pugtalandyrýar. Şunuň bilen baglylykda, uglewodorod serişdelerini gaýtadan işlemek boýunça innowasion önümçiligi kemala getirmek, ýangyç-energetika toplumynyň eksport kuwwatyny diwersifikasiýa ýoly bilen artdyrmak, täze ýataklary senagat taýdan özleşdirmek, energiýa serişdelerini ibermekde köpugurly turba geçiriji ulgamy döretmek, bu işlerde sanly tehnologiýalaryň, şol sanda 3D we 4D modelirlemek usullarynyň ulanylyş gerimini giňeltmek wajyp wezipeleriň biridir.

Gurluşygy alnyp barylýan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisi ýurdumyzyň energetika strategiýasyny durmuşa geçirmekde nobatdaky netijeli ädimdir. Milli ýangyç-energetika toplumyny döwrebaplaşdyrmak, geljegi nazara almak bilen, onuň kuwwatyny artdyrmak, energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň täze ulgamyny döretmek şol strategiýanyň esasy ugurlary bolup durýar. Dünýäniň ösen ýurtlary we abraýly halkara maliýe institutlary tarapyndan goldanylýan bu ägirt uly energetika taslamasy diňe bir Günorta Aziýa ýurtlaryny türkmen tebigy gazy bilen üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň möhüm şertine öwrüler, sebitde parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmaga ýardam berer. Durmuşa geçirilen iri energetika taslamasyny — Türkmenistan — Özbegistan — Gazagystan — Hytaý gaz geçirijisini anyk netijelere gönükdirilen uzak möhletli, toplumlaýyn, netijeli döwletara hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly hökmünde görkezmek bolar.

«Türkmennebit» we «Türkmengaz» döwlet konsernleri, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan nebitgaz känlerini gözlemek we özleşdirmek arkaly tebigy gazyň hem-de nebitiň goşmaça möçberini çykarmaga gönükdirilen degişli işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ýangyç-energetika toplumynyň öňünde möhüm wezipeler durýar. Şunda täze nebitgaz ýataklaryny ýüze çykarmak maksady bilen, gözleg işlerini geçirmäge, uglewodorod serişdeleriniň çykarylýan hem-de gaýtadan işlenilýän möçberini artdyrmaga, türkmen energiýa serişdelerini dünýäniň energetika bazarlaryna ibermegiň dürli ugurlaryny döretmäge, nebitgaz önümçiliginde innowasiýalary ulanmaga, guýulary burawlamak we düýpli abatlamak boýunça işleri, şol sanda ýöriteleşdirilen daşary ýurt kompaniýalaryny we maýalaryny çekmegiň hasabyna bu işleri işjeňleşdirmäge uly ähmiýet berilýär.

Dünýäde iri uglewodorod ýataklary hasaplanýan «Galkynyş», «Ýaşlar», «Garaköl», “Zäkli-Derweze”, «Garajaowlak» we tebigy gaza, gaz kondensatyna baý beýleki känler ýurdumyzyň tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň hataryndaky ornuny has-da berkidýär. Türkmenistanyň günorta-günbatarynda ýerleşýän, çuň burawlanmagyny talap edýän “Uzynada” gaz kondensaty ýatagynyň hem geljegi uludyr. «Galkynyş» gaz käninde we «Bagtyýarlyk» şertnamalaýyn çäkde täze ýataklar tapgyrlaýyn işe girizilýär. Amyderýanyň sag kenarynda geçirilen gözleg, özleşdiriş işleri, seýsmiki barlaglar, gözleg we ulanyş guýularynyň burawlanylmagy bu ýerde iri gaz ýataklaryny ýüze çykarmaga mümkinçilik berdi. Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasy (CNPC) bilen önümi paýlaşmak hakynda Ylalaşygyň şertlerinde amala aşyrylýan bu işler degişli çäkde iri gaz akymlaryny ýüze çykarmaga şert döretdi.

Häzirki wagtda türkmen tebigy gazyny dürli ugurlar boýunça eksport etmegiň çig mal binýady berkidilýär we düzümi ösdürilýär. Şol bir wagtda, uglewodorod çig malyny düýpli gaýtadan işlemäge ýöriteleşdirilen ägirt uly döwrebap senagat kärhanalarynyň kuwwatlyklary artdyrylýar. Muňa mysal hökmünde polietileniň we polipropileniň dürli görnüşlerini öndürýän, “Türkmengaz” döwlet konserniniň buýurmasy boýunça “LG International” we “Hyundai Engineering” (Koreýa Respublikasy) kompaniýalary tarapyndan “TOYO Engineering Corporation” (Ýaponiýa) kompaniýasynyň gatnaşmagynda gurlan Balkan welaýatynyň Gyýanly şäherçesindäki polimer zawodyny görkezmek bolar. Pes basyşda etileniň polimerleşdirilmegi netijesinde alynýan önümiň kislotalara, aşgarlara, ýaglara garanyňda, has berkligi, mäkämligi we gatylygy, himiki durnuklylygy, dielektrik häsiýetleri bilen tapawutlanýandygyny bellemelidiris. Içerki we dünýä bazarynda ýokary islegden peýdalanýan türkmen polietileni tehniki, şeýle hem durmuşda ulanylýan serişdeleri — örtüjileri, paketleri, kommunikasiýa turbalaryny, elektrik kabelleri örtüjileri öndürmek üçin çig mal hökmünde ulanylýar. Ondan durmuşda ulanylýan himiýa önümleri, çelekler, oýnawaçlar, gap-gaçlar, aşhana we hammam, tikinçilik, mebel önümleri, awtomobil we durmuş tehnikalary üçin şaýlar, şeýle hem oýun oýnalýan meýdançalar, guýular, estakadalar görnüşindäki uly möçberli gurluşlar üçin zerur serişdeler taýýarlanylýar.

Gazylyp alynýan nebitiň möçberini artdyrmak maksady bilen, nebit känlerini abatlamak, pudagyň önümçilik desgalaryny döwrebaplaşdyrmak işleri dowam etdirilýär. Nebitiň çykarylyşynyň möçberiniň artdyrylmagy senagatda iň häzirki zaman enjamlarynyň we beýleki tehnologik gazanylanlaryň ulanylmagynyň hasabyna üpjün edilýär. Önümçiligiň möçberini artdyrmak, öndürilýän önümiň görnüşlerini giňeltmek, hilini gowulandyrmak we dünýä ölçeglerine laýyk getirmek boýunça oňyn netijeler gazanyldy. Nebiti gaýtadan işlemegiň möhüm wezipesiniň içerki bazary diňe bir ýokary hilli nebit önümleri bilen üpjün etmekden däl, eýsem, nebithimiýa senagatyny ösdürmek arkaly uglewodorod çig malyny gaýtadan işlemek üçin çig mal binýadyny döretmekden hem ybaratdygyny bellemelidiris. Nebit diňe bir ýangyç serişdesi bolman, himiýa senagatynyň binýatlaýyn esasyny-da emele getirýär. Döwrebap tehnologiýalaryň kömegi bilen ondan dürli görnüşli eşikler, aýakgaplar, plastik önümler, boýaglar öndürilýär. Mundan başga-da, metallurgiýada giňden ulanylýan elektrodlary hem nebit serişdelerini ulanmazdan öndürmek mümkin däldir.

“Türkmengaz” döwlet konserniniň hem-de “Kawasaki Heavy Industries Ltd.” (Ýaponiýa) we “Rönesans Endüstri Tesisleri Inşaat Sanayi ve Ticaret A.Ş.” (Türkiýe) kompaniýalarynyň konsorsiumynyň bilelikdäki tagallalary esasynda Ahal welaýatynda tebigy gazdan sintetiki benzin öndürýän zawodyň gurlup ulanmaga berilmegi möhüm waka boldy. Bu kärhana dünýäde tebigy gazdan benzin öndürýän ilkinji zawod hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi we Şweýsariýanyň Federal tehnologiýa institutynyň “Innowasiýa tehnologiýalary” hem-de ABŞ-nyň Daşky gurşawy goramak gaznasynyň “Ekologiýa taýdan arassa” diýen güwänamalaryna mynasyp boldy. Daniýanyň “Haldor Topsoe” kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen “TIGAS” tehnologiýasyna esaslanýan “GTG” usuly (gas to gasoline) boýunça mawy ýangyç iň az energiýa çykdajylary hem-de daşky gurşawa zyýan ýetirmezden gaýtadan işlenilýär we iň ýokary ekologik talaplara laýyk gelýän ECO-93 kysymly benzin, şeýle-de suwuklandyrylan tebigy gaz öndürilýär. ECO-93 kysymly ýangyjyň ulanylmagy awtoulaglaryň zyňyndy gazlarynda kükürt oksidini 50 esse, azot oksidini 5 esse, kömürturşy gazyny 2 esse hem-de uglewodorodlary 20 göterim peseldýär. Munuň özi daşky gurşawa zyýanly gazlaryň zyňyndylarynyň derejesini ep-esli azaltmaga mümkinçilik berýär we awtoulaglaryň hereketlendirijilerinde emele gelýän gurumyň mukdaryny azaldýar. Bu bolsa olaryň tehniki hyzmat ediş möhletini iki esse uzaldýar.

Häzirki wagtda türkmen nebithimiýa pudagynyň öňdebaryjy kärhanasy bolan Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň önümçilik kuwwatlyklarynyň artdyrylmagyna aýratyn üns berilýär. Bu ýerde nebiti gaýtadan işlemek esasynda alynýan benzini öndürmek üçin niýetlenen enjamlar ornaşdyrylandyr. TNGIZT-niň durkunyň täzelenilmegi we maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagy netijesinde, ýurdumyzda öndürilýän senagat harytlarynyň dörtden biri bu toplumyň paýyna düşýär. Ýokary oktanly awtoulag benzinleri, uçar, yşyklandyryş we tehniki kerosin, suwuklandyrylan gaz, dizel ýangyjynyň dürli görnüşleri, tehniki çalgy ýaglary, polipropilen, elektrodly taplanan koks, ýol we gurluşyk bitumy, galyňlygy 20, 25 we 30 mikrometr bolan gaplama plýonkasy, konditer önümçiliginde ulanylýan polipropilen plýonkasy toplumda öndürilýän esasy önümlerdir.

Häzirki wagtda zawodlar toplumynda haýal kokslandyrma we gudrony asfaltdan saplamak boýunça enjamlaryň gurluşygy tamamlanyp barýar. TNGIZT-niň buýurmasy boýunça BAE-niň “WTL FZE” we ABŞ-nyň “Westport Trading Europe Limited” kompaniýalarynyň bilelikde amala aşyrýan taslamasynyň esasy wezipesi gudronyň we mazudyň agyr galyndylaryny gaýtadan işlemekden ybaratdyr. Enjamlaryň işe girizilmegi nebitiň gaýtadan işlenilmeginiň derejesini ýokarlandyrmak bilen bir hatarda, suwuklandyrylan gazyň, benziniň, dizel ýangyjynyň we nebit koksunyň öndürilýän mukdaryny artdyrmaga, şeýle hem goşmaça iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berer.

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň we Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň mümkinçilikleriniň içgin seljerilendigini, olary mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi uly ugurlarynyň, häzirki wagtda dünýä bazarlaryndaky islegleri nazara almak bilen, öndürilýän nebit önümleriniň görnüşleriniň kesgitlenendigini bellemek gerek. Şeýle-de bu zawodlarda nebiti gaýtadan işlemegiň görkezijisini 90 göterimden hem artdyrmaga mümkinçilik berýän täze tehnologik desgalary gurmak meýilleşdirilýär. Dizel fraksiýalaryny we benzinleri gidroarassalaýjy, wodorod öndürýän blokly katalitik kreking we kokslamak enjamlarynyň toplumy, nebiti gaýtadan işlemekden galan agyr galyndylary katalitik kreking usuly boýunça işleýän enjam, ýokary hilli binýatlaýyn tehniki ýaglary öndürýän enjam şol desgalaryň hataryndadyr.

“Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyna” laýyklykda, ýakyn wagtda ýurdumyzyň dürli sebitlerinde täze gazhimiýa toplumlaryny, şol sanda pes dykyzlykly polietilen, izobutan, metanol, poliwinilasetat, suwuk hlor, natriý sulfatyny öndürmek boýunça toplumlary gurmak meýilleşdirilýär. Dünýäniň ösen ýurtlarynda “geljegiň ýangyjy” strategiýasy hökmünde işlenip taýýarlanylýan wodorodyň önümçiliginiň ýola goýulmagyna aýratyn üns berler. Bularyň hemmesi ykdysadyýeti pugtalandyrmaga, eksportda goşulan ýokary bahaly önümleriň paýyny artdyrmaga mümkinçilik berer.

Türkmenistan tebigy gazy toplumlaýyn gaýtadan işlemegi ugur edinip, dünýäniň energetika bazarynda energiýa serişdelerini iri eksport ediji döwlet hökmünde ornuny pugtalandyrdy. Täze tehnologiýalary we usullary peýdalanmagyň hasabyna ýurdumyzda nebiti, gazy çykarmagyň ýokary depgini üpjün edilýär. Munuň özi ykdysadyýetiň innowasion düzümini pugtalandyrmaga, eksportda goşmaça gymmaty bolan önümleriň paýyny artdyrmaga mümkinçilik döreder. Şol bir wagtyň özünde, durnukly ösüşiň ählumumy meýilleri, ilkinji nobatda, barha öňe çykýan ekologik meseleler ýatdan çykarylmaly däldir. Energiýa serişdelerini gaýtadan işlemek pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek, täze daşky gurşaw ülňüleriniň çäklerinde iň täze tehnologiýalary alyşmak, öňdebaryjy ýöriteleşdirilen enjamlaryň üpjünçiligi üçin ýurdumyza maýadarlary çekmek we ekologik taýdan arassa önümçiligi ornaşdyrmak Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek bilen baglanyşykly alnyp barylýan işleriň esasy ugurlarynyň biridir.

Mälim bolşy ýaly, ekologik talaplar milli ýangyç-energetika toplumynyň energetiki özgertmelerini kesgitleýän iň möhüm görkeziji bolup durýar. Ol innowasion ösüşiň we geljek nesilleriň daşky gurşawyň hiline bolan hukugyny goramagyň binýady hökmünde ekoulgama aýawly çemeleşilmegine hem-de “ýaşyl” tehnologiýalara esaslanýar. Dünýä ykdysadyýetiniň ösüşi energiýanyň sarp edilişiniň artmagyna sebäp bolýar, şonuň üçin daşky gurşawyň hapalanmagyny azaltmak şertlerinde iň az çykdajyly energiýany almak wezipesi döwrüň derwaýys meselesine öwrüldi. Ýurdumyz dünýä bileleşiginiň ünsüni energetika howpsuzlygynyň meselelerine çekmek arkaly soňky ýyllarda maksada okgunly halkara çäreleri amala aşyrýar, daşary ýurtly kompaniýalar bilen hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýär. Şunuň bilen baglylykda, türkmen hünärmenleriniň daşary ýurtly hünärmenler, Ýewropanyň, Aziýanyň we Amerikanyň öňdebaryjy kompaniýalary bilen bilelikdäki netijeli işewürlik gatnaşyklaryny saklamaklary tejribe alyşmak, göni gatnaşyklary ýola goýmak, täze taslamalary amala aşyrmak, pudagy ösdürmegiň dünýä meýilleri we mümkinçilikleri bilen tanyşmak arkaly bellenen maksatlara ýetmäge mümkinçilik berýär.

Her ýyl geçirilýän pudaklaýyn sergiler, duşuşyklar we maslahatlar ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň gazananlaryny giňden wagyz etmäge hem-de bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygy ilerletmek üçin netijeli meýdança bolup hyzmat edýär. Geçen ýylyň 26-njy aprelinde BAE-niň Dubaý şäherinde geçirilen Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme forum, şeýle hem «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri we «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan “Türkmen Forum” hojalyk jemgyýeti bilen hyzmatdaşlykda «Gaffney Cline» britan kompaniýasynyň goldaw bermeginde oktýabr aýynda Aşgabatda guralan «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2023» atly halkara maslahat we sergi munuň aýdyň güwäsidir. Energetika pudagynda gatnaşyklary pugtalandyrmaga we giňeltmäge gönükdirilen ýöriteleşdirilen iri forumlar diňe bir adaty görnüşde geçirilmän, eýsem, sanly ulgam arkaly dünýäniň onlarça ýurdunda görkezildi. Çärelere Hökümet düzümleriniň, ugurdaş ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, daşary ýurtlaryň nebitgaz ulgamynyň meşhur işewür düzümleriniň, maliýe institutlarynyň, abraýly halkara guramalaryň, diplomatik gulluklaryň we ylmy bileleşikleriň ýolbaşçylarydyr wekilleri, bu ulgamda işleýän kompaniýalaryň esasy bilermenleri gatnaşdylar.

Forumlaryň gün tertibine energiýa serişdeleriniň önümçiligini, iberilmegini we ahyrky sarp edilmegini gurşap alýan ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, ähli gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlar bilen özara gatnaşyklary ýola goýmak, energetika diplomatiýasyny, gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmek, uglewodorodlary çykarmakda täze tehnologiýalar we nou-haular, metanyň, ugurdaş gazlaryň zyňyndylaryny azaltmak ýaly wajyp meseleler girizildi. Olarda daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek, şol sanda Hazar sebitiniň türkmen bölegini özleşdirmek üçin maýa goýumlary çekmek bilen, täze ýataklarda nebiti we gazy çykarmak, nebiti gaýtadan işleýän senagat üçin enjamlary öndürýän daşary ýurt kompaniýalarynyň, maýa goýum düzümleriniň wekilleri bilen ýurdumyzyň hünärmenleriniň gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Çykyşlarda soňky ýyllarda Türkmenistanyň döwletara gatnaşyklaryň ösüşinde hakyky öňegidişlik gazanandygy, durmuşa geçirilýän bilelikdäki taslamalaryň munuň aýdyň netijesi bolup durýandygy nygtaldy. Daşary ýurtly gatnaşyjylaryň çykyşlarynda häzirki ösen tehnologiýalar döwründe nebit çig malynyň we nebit önümleriniň sarp edilişiniň artýandygyna aýratyn üns çekildi. Şunuň bilen baglylykda, nebitgaz pudagyny diwersifikasiýalaşdyrmak, nebiti we tebigy gazy gaýtadan işleýän täze kuwwatlyklary döretmek boýunça netijeli işleriň amala aşyrylýandygy bellenildi. Ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň öňdebaryjy hünärmenleri we nebitgaz pudagynda bolşy ýaly, metallurgiýa, himiýa, maşyngurluşyk, energetika pudaklarynda, senagat ulgamynda ýokary tehnologik we tehniki kuwwata eýe bolan daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri döwletimizde durnukly ykdysady, syýasy ýagdaýyň hem-de degişli kanunçylyk binýadynyň bolmagyny Türkmenistanyň daşary ýurt maýadarlary üçin özüne çekijiliginiň esasy şertleriniň biridigini aýratyn nygtadylar.

Şeýle hem forumlara gatnaşyjylaryň çykyşlarynda uglewodorod ýataklaryny özleşdirmegiň ekologik ugurlaryna, gaz ýataklaryny özleşdirmek, ekologik taýdan arassa harytlar we hyzmatlar bilen üpjün etmek meselelerine üns berildi. Metanyň hem-de ugurdaş gazyň zyňyndylaryny hasaplamagyň usullary, pes uglerodly energetika geçmek bilen bagly wajyp meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mälim bolşy ýaly, kömürturşy gazynyň daşky gurşawa goýberilýän möçberini azaltmak we tebigy gaza bolan islegiň artmagy dünýä jemgyýetçiliginiň howanyň üýtgemegine garşy göreşmäge çuňňur gyzyklanma bildirýän döwründe dünýä energetikasynyň ösüşinde esasy uzak möhletleýin ugurdyr. Daşky gurşawa zyýan ýetirmezden, “ýaşyl” energetika tehnologiýalaryna geçmek üçin energiýanyň arzan, ygtybarly, döwrebap gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri, ilkinji nobatda, ýel we Gün energetikasy işjeň ösdürilýär. Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň kämilleşdirilmegi we onuň halkara energiýa ulgamyna işjeň goşulyşmagy häzirki zaman, ekologik taýdan arassa tehnologiýalara we öňdebaryjy dünýä tejribesine esaslanýan uglewodorod baýlyklarynyň eksport mümkinçilikleriniň artmagyny üpjün edýär. Bu strategik meseläni çözmekde ägirt uly “Galkynyş” gaz käniniň tapgyrlaýyn özleşdirilmegine uly ähmiýet berilýär. Bu gaz käniniň aýratynlyklarynyň biri, onda tebigy gazyň düzümindäki kislotaly himiki birleşmeleriň (kükürtli wodorod we kömürturşy gazy) köp bolmagydyr.

Häzirki wagtda uglewodorod çig malyny gaýtadan işlemek, gazy arassalamak we suwsuzlandyrmak, täjirçilik maksatly gazy öndürmek, wodorod sulfidini kükürde öwürmek, granulirlemek we gaplamak üçin iň täze enjamlary bilen enjamlaşdyrylan gazy gaýtadan işleýän toplumlar guruldy. Nebit inženerleri jemgyýetiniň (SPE) halkara bilermenleri türkmen kärdeşleri bilen tejribelerini paýlaşdylar, şeýle hem uglewodorod ýataklaryny özleşdirmek, köp mukdardaky kömürturşy gazyny we atmosfera zyýanly zyňyndylary azaltmak boýunça hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmagyň ugurlaryny kesgitlediler. Ýataklary özleşdirmegiň depgininiň ýokarlanmagy bilen, gazylyp alynýan tebigy gazyň möçberi ep-esli artar. Şunda kömürturşy gazyny himiki taýdan peýdalanmak we dökün öndürmekde ulanmak meselesi derwaýys häsiýete eýe bolýar. Şunuň bilen baglylykda, dünýäniň gaz senagatynyň parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça alyp barýan işini, zyňyndylary ölçemekde innowasiýalaryň ornuny, sanly serişdeleriň we hasaplamak hyzmatlarynyň netijeliligini gözden geçirmek gerek. Şeýle gurallaryň peýdalanylmagy esasynda nebitgaz senagaty parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaldyp, ýakyn geljekde ekologik taýdan arassa energiýany öndürip biler.

Howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleri çözmekde häzirki wagtda geljegiň ýangyjy hasaplanýan wodoroda uly ähmiýet berilýär. Wodorod senagat önümçiliginde ulanylanda parnik gazlaryny emele getirmeýär, çünki onuň ýylylyk döretmek ukyby ýangyjyň beýleki görnüşlerinden üç esse ýokarydyr. Gaz zyňyndylarynyň bolmazlygy, howpsuzlygy, tygşytlylygy, bäsdeşlige ukyplylygy bu energiýa serişdesiniň arassa ýangyç hökmünde tapawutly aýratynlyklarydyr. Şeýle-de ony energiýany toplaýjy hökmünde ulanmak bolar. Häzirki günde energetika tehnologiýalarynyň düzümlerine innowasiýalaryň girizilmegi netijesinde, wodorod täze bazarlary “özleşdirmäge” girişýär. Munuň üçin energetika pudagyndaky möhüm meseleleri çözmäge ukyply hünärmenler zerurdyr. Şunuň bilen baglylykda, forumlaryň mejlislerinde nebitgaz pudagy üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak, şol sanda pudagyň ylmy kuwwatyny artdyrmak, şunda ylmy-barlag we tejribe-konstruktorçylyk işleriniň orny baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 2023-nji ýylyň dowamynda geçiren iş maslahatlarynda we Ministrler Kabinetiniň mejlislerinde energetika strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlaryna, ýangyç-energetika toplumyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmagyň esasy wezipelerine garaldy. Döwlet Baştutanymyzyň pudagyň kärhanalary üçin degişli enjamlary satyn almak hakynda gol çeken Kararlary munuň aýdyň beýanydyr. Şunuň bilen baglylykda, bu pudagyň ähli düzümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, durnukly gaz üpjünçiligini, seýsmiki barlag we gözleg işleriniň netijeliligini, önümçilik kuwwatyny artdyrmak, täze ýataklary ýüze çykarmak, senagat taýdan özleşdirmek, dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalaryny we sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak, täze iş orunlaryny döretmek babatda giň gerimli işler alnyp barylýar.

Şeýlelikde, 2023-nji ýylyň netijeleri Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyny çalt depginlerde döwrebaplaşdyrmagy, täze önümçilikleri döretmegiň hasabyna onuň düzümlerini giňeltmegi ugur edinýändigini görkezýär. Şunda tebigy gazy gaýtadan işlemek we önümleriň täze görnüşlerini öndürmek ýurdumyzda ileri tutulýan ugurdyr. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan innowasion syýasatyna laýyklykda, pudagyň önümçilik kuwwatlyklarynyň mundan beýläk-de artdyrylmagy energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, dünýä we sebit derejesinde Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek bilen berk baglanyşyklydyr. Munuň özi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň, halkymyzyň abadançylyk derejesiniň mundan beýläk-de ýokarlanmagyna ýardam eder.

Soňky habarlar
18.06
2024-nji ýylyň maýy: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
18.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
17.06
Ösüşiň täze belentliklerine tarap
17.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
17.06
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 7 million 763 müň dollaryndan gowrak boldy
16.06
Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasyny gutlady
16.06
Türkmenistanyň Prezidenti Günorta Afrika Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady
16.06
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
16.06
E.M.Aýdogdyýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
16.06
T.B.Kömekow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
top-arrow