Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň ýörite sany okyjylara ýetirildi
Jemgyýet
«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň ýörite sany okyjylara ýetirildi
Çap edildi 06.01.2024
2531

«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnaly 2023-nji ýyldaky 12-nji sanyny «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» diýlip atlandyrylan ýylyň jemlerine bagyşlady.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ýanynda döredilen žurnalyň täze sany Arkadag şäheriniň owadan görnüşleriniň gurşawynda 2023-nji ýyly üstünlikli jemlän ýaşlaryň bilelikdäki suraty bilen açylýar. Elektron neşiriň ilkinji makalasy «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlaryň watansöýüjilik mekdebi» diýlip atlandyrylypdyr. 

«Arkadagly ýaşlar ― dünýä çempionlary». Ine, şeýle sözbaşy bilen berlen makalada türkmen türgenleriniň Aşgabatda geçirilen Kuraş boýunça dünýä çempionatyndaky üstünliklerine üns çekilýär. 

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýetilen sepgitlerdir gazanylan üstünlikler dürli ugurlara ýaýrady. Şol sepgitlerdir üstünlikler žurnalda paýlaşylýan «Berkarar döwletiň ykdysady gadamlary», «Oba hojalygy: ýokary bilimli hünärmenleriň taýýarlygynda täze üstünlikler», «Türkmenistanyň energetika ulgamy: ählumumy ösüşiň hatyrasyna» atly makalalarda hem öz beýanyny tapýar.

«Iň bereketli desterhan» atly makalada göz öňünde tutulýan gymmatlyk Gahryman Arkadagymyzyň dürdäne eserleridir. «Ynsanperwerligiň belent nusgasy» atly makalada Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň asylly işleri buýsançly sözler beýan edilýär.

2023-nji ýylyň iň şanly wakalarynyň biri hökmünde görkezip boljak Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilmegi «Ýaşlar döwrüň münberinde...» atly makalada öz beýanyny tapypdyr. 

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň esasy wakalarynyň birine öwrülen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlarynyň «Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy» atly forumy «Ýaşlar syýasatynda halkara hyzmatdaşlyk» atly makalada ýene-de seslenme döredýär.

«Bagtly nesliň üstünlige baý ýyly» atly makalada türkmen ýaşlarynyň döredijilikdäki üstünliklerine üns çekilýär. 

«Iň eýjejik gyzjagaz ― 2023» bäsleşiginiň döwlet tapgyrynyň netijeleri baradaky we geçen ýyl «Talyp gözeli» diýen ada mynasyp bolan talyp gyzyň buýsanjyndan doly makalalar hem täsirli bolupdyr. 

Elektron žurnalyň bir ýyllyk taryhynda ilkinji gezek daşary ýurtlaryň ýaşlar bilen işleşýän guramalarynyň wekilleri hem çykyş etdiler. Gyrgyzystanyň Respublikan ýaşlar kongresiniň wekili tarapyndan ýazylan makalada ýaşlaryň medeni we ykdysady köprüleri has berkitjekdigi nygtalýar.

«Kämil bilim ulgamy ― ösüşleriň binýady» atly makalada Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde alnyp barylýan ylmy gözlegler barada gürrüň berilýän bolsa, «Milli sportuň şöhratly döwri» atly makala Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyplarynyň halkara we milli derejeli ýaryşlarda gazanan üstünliklerinden söhbet açýar.

Elektron žurnaldan täze ylmy gözlegler, ÝUNESKO-nyň abraýly maslahatlaryna gatnaşýan ýaşlarymyz, «Ýylyň parlak ýyldyzy» bäsleşiginiň ýeňijisi baradaky täsirli makalalary okap bilersiňiz.

Şu gezek žurnalyň bir ýyllyk taryhynda çeper döredijilige has giň orun beren sanyny okamak size miýesser eder. «Döredijilik dünýäsi» diýlip atlandyrylýan sahypalarda ýaş şahyrlaryň goşgularyny okap bilersiňiz.

Elektron neşiriň ýörite sany «Täze ýyl ― maşgala baýramçylygy» atly makala we «Ýaş waspçy» döredijilik bäsleşiginiň täze ýeňijisi baradaky maglumat bilen jemlenilýär. 118 sahypalyk žurnalyň ahyrky sahypalarynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň senenamasy bilen tanşyp bilersiňiz.

Soňky habarlar
22.01
Howanyň üýtgemegine uýgunlaşmagyň täze strategiýalary
21.01
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisi
21.01
Ý.B.Nuryýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
21.01
I.M.Ilamanow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
21.01
Watan goragçylarynyň güni mynasybetli harby we ýörite atlar dakyldy hem-de hünär derejeleri berildi
21.01
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
21.01
Türkmenistanda Çad Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
21.01
Aşgabatda SPECA hepdeligi geçirilýär
20.01
SPECA hepdeliginiň çäklerinde geçirilýän ykdysady foruma gatnaşyjylara
20.01
Halkyň ruhy mirasy häzirki zaman ylmy barlaglarynyň beýanynda
top-arrow