Baş sahypa
\
Teswirlemeler
\
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysy — 2023-nji ýyl
Teswirlemeler
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysy — 2023-nji ýyl
Çap edildi 21.12.2023
2846

Daşary syýasat

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistan saýlap alan oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, netijeli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirýär. Möhüm wakalara baý bolan 2023-nji ýyl hem muny aýdyňlygy bilen tassyklaýar. Ýurdumyzyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasyna laýyklykda, şu ýylyň dünýä derejesinde «Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly» diýlip yglan edilmegi hem aýratyn ähmiýete eýedir.

Häzirki ýagdaýlar döwletleriň we halklaryň parahat, özara ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan ylalaşykly ýaşaýşyny pugtalandyrmakda, ählumumy wehimlere garşy göreşmek ugrunda dialog we hyzmatdaşlyk arkaly bilelikde hereket etmekde, geljek nesiller üçin has gowy, gapma-garşylyksyz durmuşy berkarar etmekde tagallalary birleşdirmäge gönükdirilen bu başlangyjyň wajypdygyny tassyklaýar. Türkmenistan diňe bir ýüze çykýan sebit hem-de halkara meseleleri çözmäge, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge ýardam berýän, ählumumy abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýän teklipleri öňe sürmek bilen çäklenmän, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşdäki netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak arkaly olaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi ugrunda-da yzygiderli tagalla edýär.

Şeýlelikde, şu ýylyň 5-6-njy ýanwarynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasyna döwlet saparyny amala aşyrdy. Bu sapar iki ýurduň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň ýyl ýazgysynda täze sahypany açdy. Möhüm ylalaşyklaryň gazanylmagy we resminamalaryň uly toplumyna gol çekilmegi Pekinde geçirilen gepleşikleriň netijeli häsiýete eýe bolandygyny tassyklaýar.

Häzirki döwürde Türkmenistan we HHR özara hoşniýetli erk-isleg esasynda dürli ugurlarda işjeň hyzmatdaşlyk edýärler. Söwda-ykdysady ulgam, ýangyç-energetika pudagy strategik hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň taslamasynyň durmuşa geçirilmegi tagallalaryň üstünlikli utgaşdyrylýandygynyň aýdyň beýanydyr. Türkmenistanyň «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek» strategiýasynyň hem-de Hytaýyň «Bir guşak, bir ýol» başlangyjynyň utgaşdyrylmagynyň mümkinçilikleri ulag we logistika ulgamynda wajyp ähmiýete eýedir. Medeni-ynsanperwer ugur türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegidir. Bu babatda özara hyzmatdaşlygyň baý tejribesi toplandy. Türkmenistan we HHR abraýly halkara hem-de sebit guramalarynyň, şol sanda BMG-niň, beýleki köptaraplaýyn düzümleriň çäklerinde-de işjeň hyzmatdaşlyk edýärler. Şunuň bilen baglylykda, 2023-nji ýylyň maýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça Sian şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa — Hytaý» sammitine gatnaşandygyny bellemek gerek.

Şu ýylyň oktýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz Pekinde “Bir guşak, bir ýol” üçünji ýokary derejeli maslahatyna gatnaşdy we HHR-iň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşyk geçirdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri forumyň çäklerinde guralan ýokary derejeli maslahatda çykyş edip, dostlugyň, hoşniýetli goňşuçylygyň baý taryhy tejribesine daýanmagyň, häzirki wagtda özara obýektiw bähbitleriň bolmagynyň Türkmenistana we Hytaýa «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek» hem-de «Bir guşak, bir ýol» strategiýalarynyň durmuşa geçirilmegi, olaryň utgaşdyrylmagy, biri-biriniň üstüniň ýetirilmegi babatda hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürmäge mümkinçilik berýändigini belledi. Bu strategiýalar Ýewraziýada ykdysady ösüşe kuwwatly itergi berip, Ýuwaş ummandan Atlantik ummana çenli häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda giňişlikleri birleşdirip, özara baglaşan önümçilik we tehnologik tapgyrlary, senagat guşaklyklaryny kemala getirmek bilen, köp sanly durmuş meselelerini çözmäge, halklaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga hem-de abadançylygyny artdyrmaga gönükdirilendir.

19-njy oktýabrda Gahryman Arkadagymyzyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň arasynda geçirilen duşuşygyň netijeleri boýunça türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň şertnama-hukuk binýadynyň üstüni ýetiren ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekildi.

Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky gatnaşyklar hem dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, strategik hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda ösdürilýär. 2023-nji ýylyň ýanwarynda Aşgabatda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustiniň arasynda geçirilen gepleşiklerde döwletara hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunda ýurdumyz bilen Russiýa Federasiýasynyň iri subýektleriniň we sebitleriniň arasynda ýola goýlan ýakyn gatnaşyklar wajyp orun eýeleýär. Duşuşygyň netijeleri, şeýle hem paýtagtymyzda geçirilen bilelikdäki işewürlik maslahaty taraplaryň özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegi maksat edinýändiklerini aýdyňlygy bilen görkezdi.

Häzirki döwürde netijeli türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň binýadyny taryhy taýdan ýola goýlan gatnaşyklar we gymmatlyklaryň umumylygy emele getirýär. 9-njy maýda hormatly Prezidentimiz Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 78 ýyllygy mynasybetli Moskwada geçirilýän dabaraly çärelere hormatly myhman hökmünde gatnaşmaga iberen çakylygy boýunça iş sapary bilen Moskwada boldy.

Bitarap Watanymyzyň daşary syýasat ugruny durmuşa geçirmekde arap dünýäsiniň ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklara uly ähmiýet berilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2023-nji ýylyň fewralynda Birleşen Arap Emirliklerine resmi sapary amala aşyrmagy bu ugurda möhüm ädim boldy. Gahryman Arkadagymyzyň BAE-niň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan bilen Abu-Dabide geçiren duşuşygynyň dowamynda döwletara hyzmatdaşlygyň giň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy we taraplaryň däp bolan gatnaşyklary ösdürmäge taýýardygy tassyklanyldy. Saparyň jemleri boýunça Bilelikdäki Jarnama kabul edildi.

Fewral aýynyň ikinji ýarymynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Bahreýn Patyşalygyna resmi sapary amala aşyrdy. Bu döwlet bilen gatnaşyklar hem oňyn häsiýete eýedir. Manama şäherinde döwlet Baştutanymyz bilen Bahreýniň Patyşasy Şeýh Hamad bin Isa Al Halifanyň arasynda geçirilen gepleşiklerde iki ýurduň dostlukly hyzmatdaşlygy geljekde-de hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga, täze mazmun bilen baýlaşdyrmaga gönükdirilen maksatlary beýan edildi. Saparyň dowamynda gazanylan ylalaşyklar we gol çekilen resminamalaryň giň toplumy geljege gönükdirilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň berk binýadyny emele getirýär.

Hormatly Prezidentimiziň 2023-nji ýylyň martynda Katar Döwletine amala aşyran döwlet sapary bu ýurt bilen özara hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan netijeli gatnaşyklary ösdürmegiň ýolunda täze möhüm ädim boldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tani bilen geçiren gepleşikleriniň netijesinde gazanylan ylalaşyklarda hem-de gol çekilen resminamalarda taraplaryň uzak möhletli hyzmatdaşlyga, işewürlik gatnaşyklaryny giňeltmäge we diwersifikasiýalaşdyrmaga gönükdirilen maksatlary öz beýanyny tapdy.

Bitarap Watanymyz bilen türki dünýäniň döwletleriniň arasyndaky ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda ösdürilýän gatnaşyklar hem netijeli, dostlukly häsiýete eýedir. Mälim bolşy ýaly, 2021-nji ýylyň noýabrynda Türkmenistan Türki Döwletleriň Guramasynda synçy derejesine eýe boldy. 2023-nji ýylyň 16-njy martynda Türkiýe Respublikasynyň paýtagty Ankarada geçirilen Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdan daşary mejlisine hem-de 3-nji noýabrda Gazagystan Respublikasynyň paýtagty Astanada geçirilen Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň 10-njy sammitine türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagy ýurdumyzyň dostlukly döwletler bilen köpugurly gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini ýene-de bir gezek tassyklady.

Halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek arkaly ýurdumyz oňyn sebit we ählumumy prosesleriň işjeňleşmegine, häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmek üçin deňeçer çözgütleriň işlenip taýýarlanylmagyna hemmetaraplaýyn goşant goşmaga çalyşýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Goşulyşmazlyk Hereketiniň COVID-19-a garşy göreşmek boýunça Aragatnaşyk toparynyň sammitine gatnaşmagy munuň aýdyň güwäsidir. Şunuň bilen baglylykda, 2023-nji ýylyň 2-nji martynda döwlet Baştutanymyz Azerbaýjan Respublikasynyň paýtagtyna iş saparyny amala aşyrdy. Şol gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Baku şäherinde Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň geljekde hem dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň esasynda ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmegi maksat edinýändikleri tassyklanyldy.

Türkmenistanyň beýleki abraýly halkara düzümler, şol sanda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen gatnaşyklaryna hem okgunly ösüş häsiýeti mahsusdyr. 2023-nji ýylyň 1-nji iýunynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň, şeýle-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ÝHHG-niň Baş sekretary Helga Şmid bilen geçiren duşuşyklarynda umumy gyzyklanmalara laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen gatnaşyklary taryhy taýdan ýola goýlan üýtgewsiz dostluga, hoşniýetli goňşuçylyga esaslanyp ösdürilýär. Munuň aýdyň mysallarynyň biri hem Täjigistan Respublikasy bilen däp bolan hyzmatdaşlykdyr. 2023-nji ýylyň maýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň bu doganlyk ýurda amala aşyran döwlet saparynyň dowamynda köpýyllyk ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga täze itergi berildi. Duşenbede geçirilen ýokary derejeli gepleşikleriň netijesi we gol çekilen resminamalar döwletara hyzmatdaşlygyň strategik häsiýetini, taraplaryň ony hil taýdan täze derejä çykarmaga gyzyklanmalaryny tassyklady.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Prezident Emomali Rahmonyň Täjigistan Respublikasynyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynyň Ergeş Sultanow daýhan birleşiginde Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdebiň düýbüni tutmak dabarasyna sanly ulgam arkaly gatnaşmaklary hem möhüm waka boldy.

Türkmenistanyň iň ýakyn goňşularynyň hatarynda Eýran Yslam Respublikasy hem bar. Maý aýynyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Eýrana amala aşyran iş saparynyň dowamynda türkmen-eýran hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmak boýunça täze ugurlar kesgitlenildi. Gahryman Arkadagymyzyň Tährandaky saparynyň giň gerimli maksatnamasy Prezident Seýed Ebrahim Raisi bilen gepleşikleri, Eýranyň Beýik ruhy lideri Aýatolla Ali Hameneýi we beýleki döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary öz içine aldy. Saparyň netijeleri gazanylan ylalaşyklarda, gol çekilen resminamalarda we Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasynda kabul edilen Bilelikdäki Jarnamada anyk beýan edildi.

Ýewropa ýurtlary bilen hyzmatdaşlyk hem ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Türkmenistan bu sebitiň döwletleri bilen dostlukly, özara bähbitli gatnaşyklary pugtalandyrmaga, şol sanda Ýewropa Bileleşigi bilen däp bolan hyzmatdaşlygy ilerletmäge uly ähmiýet berýär. Bu ugurdaky özara gatnaşyklar dürli ulgamlarda okgunly ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2023-nji ýylyň dowamynda Germaniýa Federatiw Respublikasyna amala aşyran saparlarynyň çäklerinde döwletara hyzmatdaşlygyň köpugurly mümkinçiliklerini durmuşa geçirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, sentýabr aýynda Gahryman Arkadagymyz Merkezi Aziýa döwletleriniň we Germaniýa Federatiw Respublikasynyň wekiliýetleriniň Baştutanlarynyň “Merkezi Aziýa — Germaniýa” görnüşindäki duşuşygyna hem-de Türkmen-german işewürlik maslahatyna gatnaşdy. Mundan başga-da, türkmen halkynyň Milli Lideri GFR-iň Federal Kansleri Olaf Şols, Federal Kansleriň orunbasary, ykdysadyýet we howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleler boýunça federal ministri Robert Habek bilen duşuşyklary geçirdi.

Ýurdumyzyň Beýik Britaniýa bilen gatnaşyklaryna hem dostlukly we netijeli häsiýet mahsusdyr. 2023-nji ýylyň 5-6-njy maýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Londona amala aşyran iş sapary döwletara hyzmatdaşlygyň taryhynda täze tapgyry açdy. Döwlet Baştutanymyz saparynyň dowamynda Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasy Karl III-ä hem-de onuň maşgalasy Şa zenany Kamilla täç geýdirmek dabarasyna gatnaşdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen 8-9-njy iýunda ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orbanyň arasynda geçirilen gepleşikleriň gün tertibine türkmen-wenger gatnaşyklarynyň giň ugurlary girizildi. Aşgabatda gazanylan ylalaşyklar we gol çekilen resminamalar täze taryhy döwürde döwletara hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak üçin pugta binýady döretdi.

2023-nji ýylyň awgustynda döwlet Baştutanymyz Premýer-ministr Wiktor Orbanyň çakylygy boýunça Wengriýa iş saparyny amala aşyryp, Budapeştde geçirilen Ýeňil atletika boýunça XIX dünýä çempionaty, şeýle hem ýurduň Milli baýramy — Keramatly Stefanyň güni mynasybetli guralan dabaralara gatnaşdy. Bu iş sapary we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Wengriýanyň Hökümetiniň Başlygy bilen geçiren duşuşygy taraplaryň döwletara hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmagy maksat edinýändiklerini tassyklady.

Ýurdumyzyň däp bolan, iň ýakyn hyzmatdaşlarynyň biri hem Türkiýe Respublikasydyr. Türkiýe bilen gatnaşyklar iki halkyň arasynda asyrlaryň dowamynda kemala gelen taryhy-medeni, ruhy umumylyga esaslanýar. Türkmen-türk hyzmatdaşlygy mazmun taýdan ýyl-ýyldan baýlaşýar. 2023-nji ýylyň 3-nji iýunynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Rejep Taýyp Ärdoganyň Türkiýe Respublikasynyň gaýtadan saýlanan Prezidenti hökmünde wezipä girişmek dabarasyna gatnaşmagy hem döwletara hyzmatdaşlygyň dost-doganlyk häsiýetini tassyklady.

Şu ýylyň güýzünde döwlet Baştutanymyzyň Türkiýe Respublikasyna resmi sapary amala aşyrmagy ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň täze taryhynda möhüm waka boldy. Gazanylan ylalaşyklar we aýry-aýry ugurlar boýunça türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň şertnama-hukuk binýadyny has-da berkitmek maksady bilen gol çekilen resminamalar 26-njy oktýabrda Ankarada geçirilen ýokary derejedäki gepleşikleriň netijeliligini görkezdi. Saparyň maksatnamasyna laýyklykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilelikdäki işewürlik maslahatynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Döwlet Baştutanymyzyň dürli ugurlar boýunça özara hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri bilen baglanyşykly beýan eden anyk teklipleri Türkiýäniň işewür toparlarynyň wekilleri tarapyndan giň goldawa eýe boldy. Işewürlik maslahatynyň netijeleri türkmen we türk telekeçileriniň arasynda gol çekilen birnäçe resminamada öz beýanyny tapdy.

Halkara guramalar bilen gatnaşyklar baradaky gürrüňi dowam edip, BMG we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen köpugurly hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýändigini bellemek gerek. Soňky ýyllarda Türkmenistan özüni Birleşen Milletler Guramasynyň jogapkärli we ygtybarly hyzmatdaşy hökmünde tanatdy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin 2023-nji ýylyň sentýabrynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherine iş saparyny amala aşyrmagy munuň nobatdaky güwäsidir.

Döwlet Baştutanymyz Birleşen Milletler Guramasynyň belent münberinden Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlaryny beýan etdi we anyk başlangyçlary, şol sanda howpsuzlygyň bölünmezligi we bitewüligi ýörelgesinden ugur alyp, dünýä ösüşiniň möhüm ýagdaýlarynydyr meýillerini hasaba almak bilen, BMG-niň Tertipnamasynyň we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalary esasynda Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşmaga başlamagy teklip etdi. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz «Merkezi Aziýa — BMG» ugry boýunça inklýuziw, doly görnüşli we ulgamlaýyn dialogy ýola goýmagyň wagtynyň gelendigini belläp, BMG-niň howandarlygynda Merkezi Aziýada we onuň bilen serhetdeş zolaklarda Howpsuzlyk boýunça maslahaty döretmek baradaky teklibi öňe sürdi. Şunuň bilen birlikde, birinji maslahaty 2024-nji ýylda Aşgabatda geçirmäge ýurdumyzyň taýýardygy beýan edildi.

Döwlet Baştutanymyz çykyşynda Türkmenistanyň BMG-niň geljek ýyllar üçin işiniň esasy ugurlarynyň hatarynda howa we ekologiýa meselelerini çözmegi möhüm hasaplaýandygyny aýdyp, şolaryň hatarynda metan boýunça ählumumy borçnamalar bilen bagly meseleleri aýratyn belledi. Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek başlangyjy öňe sürüldi. Merkeziň işlemegi üçin Aşgabatda guramaçylyk we tehniki şertleri döretmäge ýurdumyzyň taýýardygy barada aýdyldy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz «Hazar ekologik başlangyjyny» döretmek hakynda teklibi beýan etdi we bu başlangyjyň Birleşen Milletler Guramasy, onuň agentlikleri, edaralarydyr institutlary bilen ysnyşykly hyzmatdaşlykda amala aşyrylmalydygyny nygtady. Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz BMG-niň Baş Assambleýasynyň garamagyna durnukly ulag we azyk howpsuzlygyny üpjün etmek ýaly möhüm ugurlar bilen baglanyşykly halkara hyzmatdaşlygy ilerletmek babatdaky tekliplerini beýan etdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň arasynda geçirilen duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň we Birleşen Milletler Guramasynyň doly görnüşli strategik hyzmatdaşlyga ygrarlydygy tassyklanyldy. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň çäklerinde Bütindünýä Söwda Guramasynyň Baş direktory hanym Ngozi Okonjo-Iweala, Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol, Ýewropa Geňeşiniň Başlygy Şarl Mişel, ABŞ-nyň Prezidentiniň howanyň üýtgemegi meseleleri boýunça Ýörite wekili Jon Kerri bilen duşuşyklary geçirdi.

Hormatly Prezidentimiz iş saparynyň çäklerinde 19-njy sentýabrda “Merkezi Aziýa — ABŞ” (C5+1) görnüşindäki köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň birinji taryhy duşuşygyna gatnaşdy. Sammitiň dowamynda döwletara gatnaşyklaryň möhüm meseleleri barada gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy we onuň geljege gönükdirilen ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi.

Köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk baradaky gürrüňi dowam etmek bilen, Türkmenistanyň giň geografik giňişlikde özara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak üçin bar bolan mümkinçiliklerini ulanmaga çalyşýandygyny, dürli görnüşdäki netijeli dialoga hemişe açykdygyny bellemek gerek. 2023-nji ýylyň 4-nji iýulynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hormatly myhman hökmünde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň sanly ulgam arkaly geçirilen 23-nji mejlisine gatnaşdy. Döwlet Baştutanymyz sammitde çykyş edip, döwletara gatnaşyklary täze, häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän derejä çykarmaga gönükdirilen teklipleri beýan etdi.

Hormatly Prezidentimiziň 2023-nji ýylyň 19-njy iýulynda Saud Arabystany Patyşalygynyň Jidda şäherinde geçirilen “Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi — Merkezi Aziýa” görnüşindäki sammite gatnaşmagy ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlyk meselesinde işjeň we başlangyçly orny eýeleýändigini tassyklady. Döwlet Baştutanymyzyň öňe süren başlangyçlary dürli ugurlary öz içine almak bilen, döwletara we sebitara hyzmatdaşlygyň tutuş toplumynyň durnuklylygyny üpjün etmäge, onuň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Şol gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň Mirasdüşer Şazadasy, Premýer-ministri Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Saud bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň okgunly ösüş depgini kanagatlanma bilen nygtaldy.

Soňky ýyllarda ýurdumyzyň we onuň paýtagty Aşgabadyň iri halkara çäreleriň, şol sanda dürli görnüşdäki ýokary derejeli duşuşyklaryň yzygiderli geçirilýän merkezine öwrülendigini bellemek gerek. 2023-nji ýylyň 4-nji awgustynda Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň gatnaşmagynda üçtaraplaýyn sammit geçirildi. Onuň gün tertibine girizilen meseleler umumysebit ösüşiniň wezipeleri we geljegi bilen gönüden-göni utgaşýar. Şonuň üçin Aşgabat sammiti Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklarynyň çäklerinde bäştaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm bölegi, bu formatyň üstüniň ýetirilmegi we baýlaşdyrylmagy bolup durýar. Türkmenistanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň netijeli gatnaşyklary ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda pugtalandyrmak baradaky meýilleri sammitiň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň dostlukly döwletleriň Baştutanlary bilen geçiren duşuşyklarynda tassyklanyldy.

Däp bolan döwletara, şol sanda sebit derejesinde hyzmatdaşlygy ösdürmäge hemmetaraplaýyn ýardam etmäge çalşyp, Türkmenistan goňşy ýurtlar bilen gadymdan gelýän dostlukly gatnaşyklara üýtgewsiz ygrarlydygyny görkezýär. Munuň şeýledigi şu ýylyň sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygyna we Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Täjigistan Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň dowamynda ýene-de bir gezek tassyklanyldy.

Sebitiň diňe bir yklymda däl, eýsem, ählumumy derejede barha artýan ähmiýetli ornuny hasaba almak bilen, ýurdumyz özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, onuň uzak möhletleýin meýilnamalaryny işläp taýýarlamak boýunça wezipeleri çözmäge toplumlaýyn çemeleşýändigini görkezýär. Munuň özi Duşenbede 14-15-nji sentýabrda geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynda hem-de Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiziň çykyşlarynda öňe sürlen başlangyçlarda aýdyň beýanyny tapdy. Türkmen tarapynyň teklipleri parahatçylygy we howpsuzlygy goldamak, ykdysadyýet, söwda, energetika, ulag, medeni-ynsanperwer ulgam, ekologiýa hem-de daşky gurşawy goramak, suw diplomatiýasyny ilerletmek, umuman, sebitde durnukly ösüşi üpjün etmek ýaly giň ugurlary öz içine aldy.

Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň çakylygy boýunça 14-nji sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Duşenbe şäherine iş saparyny amala aşyrandygyny bellemek möhümdir. Saparyň dowamynda Gahryman Arkadagymyzy ýokary sylag — Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormat nyşany bilen sylaglamak dabarasy boldy.

Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy bilen däp bolan gatnaşyklary netijeli hem-de okgunly ösüş häsiýetine eýedir. Onuň çäginde alnyp barylýan köpýyllyk hyzmatdaşlyk dostlugyň, hoşniýetli goňşuçylygyň berk binýadyna daýanýar. GDA-nyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, döwletara hyzmatdaşlygy dürli ugurda pugtalandyrmakda we işjeňleşdirmekde Türkmenistanyň başlangyçly orny eýeleýändigini hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň 13-nji oktýabrynda Gyrgyz Respublikasynyň paýtagty Bişkekde geçirilen GDA-nyň nobatdaky sammitine gatnaşmagy hem şaýatlyk edýär.

Halkara düzümleriň çäklerinde daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklaryň aýdyň mysaly hökmünde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen oňyn dialogy görkezmek bolar. Mälim bolşy ýaly, iki ýyl mundan ozal, Türkmenistan bu guramada başlyklyk etmeginiň çäklerinde YHG-nyň 15-nji sammitini kabul etdi. Aşgabatda geçen ýokary derejedäki bu duşuşyk bilelikde alnyp barylýan işlere täze itergi beren möhüm çözgütlere baý boldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň 9-njy noýabrynda Daşkent şäherinde geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 16-njy sammitine gatnaşmagy ýurdumyzyň bar bolan mümkinçilikleri we geljegi nazara almak bilen, ygtybarly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna hemmetaraplaýyn ýardam etmäge çalyşýandygynyň aýdyň mysaly boldy. Döwlet Baştutanymyz sammitde çykyş edip, söwda-ykdysady, maýa goýum ulgamlarynda, ulag we energetika pudagynda özara bähbitli gatnaşyklary işjeňleşdirmäge, umuman, giň möçberli döwletara hyzmatdaşlyga täze itergi bermäge gönükdirilen teklipleri beýan etdi.

Ýurdumyzyň daşary syýasat ugrunda ekologiýa diplomatiýasynyň mümkinçilikleriniň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegine uly ähmiýet berilýär. Şu ýylyň 1-2-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirliklerine iş saparyny amala aşyryp, Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatyna (СOP28) gatnaşdy. 1-nji dekabrda geçirilen Bütindünýä howa sammitindäki çykyşynda döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň “СOP28” maslahatyna gatnaşmagyna özüniň howanyň üýtgemegi meselesi boýunça halkara strategiýasyny ilerletmekde tapgyrlaýyn waka hökmünde garaýandygyny belledi. BMG-niň durnukly ösüş boýunça “Rio+20” maslahatyndan, soňraky iri forumlardan we Türkmenistanyň häzirki tagallalaryndan başlap, ýurdumyzyň öňe süren başlangyçlaryny durmuşa geçirmekde dowamatlylygy, yzygiderliligi üpjün etmek bu strategiýada kesgitleýji orny eýeleýär.

Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, 2012-nji ýylda kabul edilen Howanyň üýtgemegi baradaky Milli strategiýa ýurdumyzyň ählumumy howa gün tertibine doly derejede goşulyşmagynyň ýolunda başlangyç nokada öwrüldi. Türkmenistanyň howa boýunça Pariž ylalaşygyna goşulmagy nobatdaky ädim boldy. Şunuň bilen baglylykda, 2019-njy ýylda Howanyň üýtgemegi baradaky Milli strategiýanyň täze redaksiýasy tassyklanyldy. Resminama inklýuziw häsiýete eýedir hem-de ykdysadyýetiň, durmuş ulgamynyň ähli esasy pudaklarynyň täze talaplara uýgunlaşmagy boýunça çäreleriň giň sanawyny özünde jemleýär.

Jogapkärli döwlet hökmünde Türkmenistan halkara we milli derejede maksada okgunly işi dowam etdirmegiň zerurdygyna düşünýär. Şol iş bolsa howanyň üýtgemegine we onuň netijelerine garşy göreşmekde mundan beýläk-de ösüşi üpjün etmäge ýardam berer. Metanyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça halkara tagallalara ýurdumyzyň goşandy möhüm meseleleriň biri bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň taraplarynyň Glazgoda geçirilen 26-njy maslahatynda Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasy boýunça täze başlangyjy goldaýandygy barada aýdyldy we resminamany içgin öwrenmäge, ony durmuşa geçirmäge gatnaşmaga gyzyklanma bildirýändigi beýan edildi.

BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň maslahatlaryny nazara almak bilen, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň işjeň goldamagynda ýurdumyz howa boýunça Pariž ylalaşygy esasynda Türkmenistanyň Milli derejede kesgitlenen goşandyny (NDC) taýýarlady we ony 2022-nji ýylyň maýynda tassyklady. Bu strategik resminamada 2030-njy ýylda parnik gazlarynyň zyňyndylaryny, 2010-njy ýylyň derejesine görä, 20 göterim azaltmak göz öňünde tutulýar. Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulýandygyny beýan etmek bilen, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň borçnamadan gelip çykýan şertleri iş ýüzünde ýerine ýetirmäge gönükdirilen taslamalaryň we maksatnamalaryň çäklerinde halkara guramalar, hyzmatdaş döwletler bilen gündelik hyzmatdaşlygy dowam etdirjekdigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň Merkezi Aziýada howa meselelerini çözmek boýunça köp ýyllaryň dowamynda ilerledýän giň halkara hyzmatdaşlygynyň çäklerinde şu ýylyň 13-nji noýabrynda sebit maksatnamalaryny işläp taýýarlamak üçin Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilendigini belledi. Bu resminama ýurdumyzda BMG-niň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini açmak baradaky meselä jikme-jik garamak üçin ilkinji ädim hem-de düýpli hukuk şerti hökmünde garalýar. Şeýlelikde, 80 milliona golaý ilatly, täsin tebigy serişdelere, biodürlülige eýe bolan, şol bir wagtyň özünde, düýpli ekologik wehimleriň zolagynda ýerleşýän sebit üçin BMG-niň ýöriteleşdirilen merkezini döretmek baradaky Türkmenistanyň başlangyjy bu gün anyk mümkinçiliklere eýe bolýar.

Ýer ýüzünde bagtyýarlygyň, abadan geljegiň bähbidine halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we ösdürmäge ýurdumyzyň ygrarlydygyny tassyklamak bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow öz çykyşynda Türkmenistanyň taýýarlanylan resminamalary, hususan-da, Howa we saglyk boýunça Jarnamany, durnukly oba hojalygy, durnukly azyk ulgamlary we howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça Emirlikler Jarnamasyny, şeýle-de birnäçe başlangyçlary, şol sanda Howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça belent maksatly, köp derejeli hyzmatdaşlyk üçin “СOP28” koalisiýasyny döretmek hakyndaky başlangyjy goldaýandygyny beýan etdi.

“COP28” maslahatynyň çäklerinde döwlet Baştutanymyz BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň (ÝUNEP) Ýerine ýetiriji direktory, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary hanym Inger Andersen bilen duşuşdy. 2-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşygy geçirildi. Netijeli döwletara gatnaşyklaryň mümkinçilikleri we ony mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi pikir alyşmalaryň esasy meselesi boldy. Şunuň bilen bir hatarda, Dubaýda bolmagynyň çäklerinde döwlet Baştutanymyz Birleşen Arap Emirlikleriniň Milli güni hem-de BAE-niň döredilmeginiň 52 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşdy.

2023-nji ýylyň soňky aýy her ýylyň 12-nji dekabrynda bellenilýän Halkara Bitaraplyk gününiň hem-de ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 28 ýyllyk baýramyna beslendi. Halkymyzyň parasatly durmuş filosofiýasyny we gadymdan gelýän ynsanperwer däplerini özünde jemleýän bu hukuk derejesi BMG-niň Tertipnamasynyň esasyny düzýän umumadamzat gymmatlyklaryna hem doly laýyk gelýär. Daşary syýasat ugrunyň binýatlaýyn esasyny emele getirýän, BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalary bilen iki gezek ykrar edilen Türkmenistanyň Bitaraplygy özara ynama, hormat goýmaga esaslanýan döwletara gatnaşyklara, netijeli ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlyga ýardam edýän sebitde howpsuzlygy hem-de durnuklylygy üpjün etmegiň möhüm guraly bolup çykyş edýär.

Şanly senä bagyşlanyp, paýtagtymyzda “Dialog — parahatçylygyň kepili” atly halkara forum hem-de ýurdumyzyň başlangyjy boýunça döredilen Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparynyň mejlisi geçirildi. Utgaşykly görnüşde geçirilen bu duşuşyklara gatnaşyjylaryň wekilçilikli düzümi ýurdumyzyň belent halkara abraýynyň nyşany hem-de Bitaraplyk hukuk derejesiniň sebit we ählumumy derejede parahatçylygy üpjün etmegiň möhüm şerti hökmünde uly ähmiýete eýediginiň ykrarnamasy boldy.

Şeýlelikde, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan abraýly halkara guramalar, sebit we dünýä döwletleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça tagallalaryny meýilnamalaýyn esasda durmuşa geçirmek bilen, öz parahatçylyk döredijilik kuwwatyny umumadamzat abadançylygynyň, gülläp ösüşiň bähbidine gönükdirmäge çalyşýar.

Soňky habarlar
06.12
Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentini gutlady
06.12
Türkmenistanyň Prezidenti Finlýandiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
05.12
Türkmenistanda Oman Soltanlygynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
05.12
Daşary ýurt dillerini öwretmegiň innowasion usullary boýunça halkara maslahat
05.12
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşligi
04.12
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
04.12
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň söwda ministrini kabul etdi
04.12
Hormatly Prezidentimiz prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda degişli resminama gol çekdi
04.12
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy «Bitewi suw» sammitine gatnaşdy
04.12
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Bitewi suw” sammitindäki çykyşy
top-arrow