Şu gün hemmeler üçin uzak garaşylan, şatlykly we mähriban baýramyň — Täze ýylyň ýetip gelýändigini alamatlandyryp, ýurdumyzyň Baş arçasy nurana öwüşginde ýalkym saçdy.
Asylly däbe görä, paýtagtymyzyň Köpetdagyň etegindäki täsin tebigy künjekleriniň birinde ýerleşýän “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki giň meýdança dabaralaryň geçirilýän merkezine öwrüldi. Bu ýerde iň owadan belent arça oturdylyp, ertekiler şäherjigi emele geldi.
Dürli öwüşginde nur saçýan şarlardyr çyrajyklardan, yşyklandyryjy bezeglerden emele gelen lybasa beslenen Baş arçanyň töweregine müňlerçe ýaşlar we uly ýaşly adamlar ýygnandylar. Hut şu ýerden çagalar üçin täsin başdan geçirmeleriň hem-de açyşlaryň jadylaýjy güýji başlanýar. Bu ýerde Aýazbabanyň we onuň agtygy Garpamygyň jadyly taýajyklary arkaly körpeleriň ajaýyp arzuwlary, islegleri amala aşyrylýar.
Belent başy “2024” ýazgyly sekizburçly ýyldyz bilen bezelen Baş arçanyň beýikligi 44 metre, ini bolsa 16 metre deňdir. Oýnawaçlaryň we yşyklandyryjylaryň dürli görnüşleri bilen bezelen bu ajaýyp ýaşyl arça ýetip gelýän Täze ýylyň nyşany bolup, onuň ýerleşýän ýeri paýtagtymyzyň ýaşaýjylarydyr myhmanlary üçin iň özüne çekiji, gözel künjekleriň birine öwrüler.
Ýurdumyzyň Baş arçasynda yşyklaryň ýakylmagy ertekilerdäki täsinlikler baradaky düşünjelere beslenen dabaradyr. Şoňa görä-de, ol baýramçylygyň guramaçylaryndan aýratyn döredijilikli çemeleşmäni talap edýär. Her ýyl Aýazbaba we onuň agtygy Garpamyk üçin geçilmeli täze, ýörite ugur, medeni maksatnama taýýarlanylýar. Şu ýyl hem guramaçylar ýaş tomaşaçylar üçin özüne çekiji tomaşany taýýarlapdyrlar. Ol suw kenaryndaky balykçylaryň sahnalary bilen başlanýar.
...Sahna ussatlary Tikgi we Potdyş balyk tutmaga gidýärler. Olaryň toruna altyn balyk düşýär. Tikgi öz oglunyň Aýazbabany görmek isleýändigi baradaky arzuwyny aýdýar. Arzuwyň ertekilerdäki ýaly amala aşmagy netijesinde, Aýazbaba, Garpamyk hem-de oglanjyk Arkadag şäherinde peýda bolýar.
Bu täsin şäheriň şu ýylyň 29-njy iýunynda dabaraly açylandygyny bellemelidiris. Kanun esasynda döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk derejesine eýe bolan Arkadag şäheriniň gurulmagy ýurdumyzda türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýaýbaňlandyrylan we häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda dowam etdirilýän ägirt uly özgertmeleriň anyk netijesidir. Arkadag şäheriniň Diýarymyzyň gadymy künjekleriniň birinde, pederlerimiziň şöhratly taryhynyň gözbaş alýan ýerinde gurulmagy aýratyn bellärliklidir. Täze şäheriň durmuş ulgamy öňdebaryjy sanly, maglumat-aragatnaşyk we “ýaşyl” tehnologiýalara esaslanýan “akylly” şäheriň aýdyň nusgasydyr. Bu ýerde ekologiýa ýaly möhüm ugra aýratyn üns berildi. Mysal üçin, desgalaryň gurluşygynda ekologik taýdan arassa serişdeler ulanyldy. Arkadag şäherine “Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, “ýaşyl”, howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek” taslamasyna goşulýandygy baradaky güwänamanyň berilmegi bu ulgamda öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli çözülýändigine şaýatlyk edýär.
...Ertekileriň gahrymanlary Arkadag şäherine syýahatyň dowamynda Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatryna baryp görýärler. Bu ýerde olary çagalar şatlykly garşylaýarlar. Soňra Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkinde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary bedewe erk etmegiň dürli tilsimlerini myhmanlara görkezdiler. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň dünýäniň çar künjeginde geçirilýän abraýly ýaryşlara, bäsleşiklere we halkara sirk festiwallaryna gatnaşmak bilen, baýrakly orunlara mynasyp bolup, Watanymyzyň ýaşyl tuguny belentde parladýandygyny bellemek ýakymlydyr. Munuň özi dünýäde ahalteke bedewleriniň şan-şöhratynyň barha ýokary göterilýändigini görkezýär.
Soňra Täze ýyl arçalarynyň yşyklaryny ýakmak çäresine gatnaşyjylar Arkadag şäheriniň baş arçasynyň ýanyna gelip, bu ýerde guralan baýramçylyk konsertine tomaşa edýärler. Soňra şäheriň Aragatnaşyk müdirligine barýarlar. Bu ýerde Aýazbaba sanly ulgam arkaly ýetip gelýän Täze ýyl baýramy bilen gutlap, hemmeleri Aşgabat şäherinde ýerleşýän ýurdumyzyň Baş arçasyny görmäge çagyrýar. Täze ýyl dabarasyna gatnaşyjylaryň topary ak mermerli paýtagtymyza tarap ýola düşýär. Olaryň ýoly häzirki zaman ýaşaýyş jaý toplumlarynyň ýanyndan geçýär. Baş gahrymanlar gurlup ulanmaga berlen binalaryň aýratynlyklary, giň şaýollar, şäheriň baýramçylyk gözelligi bilen tanyşýarlar.
Nurana baýramyň öňüsyrasynda söýginiň, ýaşlygyň we dost-doganlygyň şäheri bolan Aşgabat has-da gözel keşbe girdi. Bu ýerdäki dürli öwüşginli suw çüwdürimleri, elwan güller, ajaýyp seýilgähler, biri-birinden gözel ak mermerli binalar, giň şaýollar, baýramçylyk lybasyny geýen seýilbaglar ýurdumyzyň okgunly ösýän hem-de üstünlikli durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň keşbini özünde jemläp, dünýäde ýaşamak üçin iň amatly, gözel şäherleriň biri hökmünde paýtagtymyzyň ornuny has-da berkidýär.
Aýdym, tans, folklor toparlarynyň artistleri hem-de Aşgabadyň köp sanly ýaşaýjylary baýramçylyga gelýän myhmanlary uly şowhun bilen mübärekleýärler. Çagalar döredijilik toparlarynyň çykyşlary dabaranyň şowhunyny artdyrýar.
Aýazbaba we onuň ýoldaşlary Arçabil şaýoluna gelip, ak paýtuna münüp, “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdança barýarlar.
Ine-de, sabyrsyzlyk bilen garaşylan myhmanlar, çagalar şatlyk-şowhuna beslenen aýdymlary aýdyp, köpöwüşginli yşyklandyryjylar bilen bezelen derwezeden girýärler. Şadyýan çykyşlar ýurdumyzyň Baş arçasy gurnalan meýdançany gurşap alýar. 2023-nji ýylyň we täze, 2024-nji ýylyň nyşanlarynyň keşbini janlandyrýan ýaşajyk artistler öz ajaýyp goşgularyny gyş gahrymanlaryna bagyşladylar. Paýtagtymyzyň teatr toparlary, ýaşajyk artistler, meşhur estrada aýdymçylary taýýarlan aýdym-sazly çykyşlary bilen hemişe gök öwüsýän arçanyň töweregini ertekilerdäki ýaly baýramçylyk dünýäsine beslediler.
Aýazbaba we Garpamyk bu günki dabara gatnaşýan ähli körpeleriň adyndan döwlet Baştutanymyza, Gahryman Arkadagymyza hem-de ähli türkmen halkyna täze, 2024-nji ýyl mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny aýtdylar. Olar hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, bagtyýarlyk, mähriban Watanymyzyň abadançylygynyň we rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw edip, çagalar hakda edýän yzygiderli aladasy, ýurdumyzda körpe nesilleriň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi ugrunda alyp barýan asylly işleri üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.
Körpeleriň islegi boýunça Aýazbabanyň jadyly taýagynyň kömegi bilen belent başly arçanyň yşyklarynyň ýakylmagy bu ýerde guralan dabaranyň iň täsirli pursadyna öwrüldi. Onuň yzysüre ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň meýdançalarynda gurnalan Täze ýyl arçalary dürli öwüşginli yşyklara beslendi. Şu gün Diýarymyzyň ähli künjeklerinde belent ruha beslenen Täze ýyl dabaralaryna badalga berildi. Watanymyzyň çar ýanynda aýdym-sazyň owazy belentden ýaňlanyp, bagtyýar çagalaryň joşgunly cykyşlaryna giň orun berildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan sowgatlary we süýjülikleri almak çagalar üçin ýatdan çykmajak pursada öwrüldi.
Ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanynda guralan dabara çagalar horeografiýa toparynyň, meşhur estrada aýdymçylarynyň Täze ýyla bagyşlan aýdymlaryny özünde jemleýän uly baýramçylyk konserti bilen tamamlandy.