Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
«Türkmen arhiwi» žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy
Jemgyýet
«Türkmen arhiwi» žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy
Çap edildi 13.12.2023
1479

Ýakynda Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirligi tarapyndan türkmen we rus dillerinde neşir edilýän «Türkmen arhiwi» atly taryhy-resminamalaýyn, ylmy-usulyýet žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Neşiriň esasy maksady Türkmenistanyň Milli arhiw gaznasynyň resminamalaryny ýaýmakdan, milli arhiw işiniň esasy taglymat binýadyny ösdürmäge ýardam bermekden, bu ugurda gazanylanlary wagyz etmekden ybaratdyr.

Žurnalyň nobatdaky sany hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň möhüm ähmiýetli Permanlary hem-de Kararlary, döwlet Baştutanymyzyň we türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň iri halkara forumlardaky, döwlet derejesindäki çärelerdäki çykyşlary, milli parlamentiň resminamalary, kanunçylyk hem-de kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen açylýar. Neşirde Watanymyzyň häzirki zaman taryhyna giren möhüm jemgyýetçilik-syýasy wakalar baradaky makalalara aýratyn orun berilýär.

«Täze neşirler» atly bölümde okyjylar türkmen halkynyň Milli Lideriniň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» kitaby hem-de «Ösüşiň täze belentliklerine tarap», «Arkadagyň paýhasy — zamananyň ýalkymy», «Arkadagyň döwletlilik taglymaty — ösüşleriň gözbaşy», «Hatyra», «Elektroenergetika pudagy ykdysady ösüşiň möhüm şertidir”, «Beýik özgertmeleriň ýyl ýazgylary» atly neşirler, şeýle hem «Syýasat we jemgyýet» žurnaly barada gysgaça synlary okap bilerler.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň maddy we ruhy mirasyny gorap saklamak, dünýäde wagyz etmek meseleleri hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi. Bu işi durmuşa geçirmekde Türkmenistanyň arhiw ulgamyna uly orun degişlidir. Bu ýerde halkymyzyň gaýtalanmajak taryhy-medeni gazananlarynyň bir bölegi bolan Türkmenistanyň Milli arhiw gaznasynyň gymmatly resminama çeşmeleri saklanylýar. Şunuň bilen baglylykda, milli arhiw ulgamynyň öňünde taryhy, ylmy, durmuş, ykdysady, syýasy, medeni ähmiýetli resminamalaryň aýawly saklanylmagyny üpjün etmek wezipesi goýlandyr. Bu wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi döwlet, hususy düzümleriň edaralary ýaly önümçilik maksatly gulluklaryň işiniň göwnejaý ýerine ýetirilmegini talap edýär. Bu ugra Lebap welaýatynyň döwlet arhiwiniň iş tejribesiniň esasynda taýýarlanylan taryhy güwänamalary düzmegiň usullary, Özbegistan Respublikasynyň Merkezi döwlet arhiwiniň mysalynda ýurduň taryhy boýunça ylmy işleri ýazmakda arhiw çeşmeleriniň ähmiýeti barada makalalar bagyşlanýar. Şeýle hem žurnalyň sahypalarynda «Emläkleri — maddy gymmatlyklary saklamagy guramak» atly, kärhanalaryň, edaralaryň, guramalaryň iş dolandyryşynda emele gelýän resminamalaryň sanawy we olaryň saklanylmaly möhletleri baradaky makala ýerleşdirilipdir.

Kanun esasynda döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk ýagdaýy berlen Arkadag şäheriniň açylmagy şu ýylyň taryhy wakalarynyň birine öwrüldi. Bu şäher türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan we häzirki wagtda Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän ägirt uly özgertmeleriň anyk netijesidir. «Türkmen arhiwi» neşiriniň nobatdaky sanynda ýerleşdirilen birnäçe makalalarda türkmen topragynyň iň gadymy künjekleriniň birinde kemala gelen täsin Arkadag şäherini döretmek başlangyjy barada gürrüň berilýär.

Mälim bolşy ýaly, arhiw maglumatlary geçmişdäki hakykaty ýaýmaga, milli gymmatlyklary wagyz etmäge hem-de ýurduň taryhyna gyzyklanmany artdyrýar. Şu nukdaýnazardan, neşirde ýurdumyzyň görnükli şahsyýetleriniň ömür ýoly we işleri barada makalalar toplumynyň çap edilendigini bellemelidiris. Şeýle makalalaryň biri ilkinjileriň hatarynda Watan goragyna gidip, Beýik Watançylyk urşunyň söweş meýdanlarynda gaýduwsyz söweşen, Gahryman Arkadagymyzyň atasy, hormatly Prezidentimiziň garry atasy Berdimuhamet Annaýewe bagyşlanýar. Ol dogduk mekanyna agyr ýaraly gaýdyp gelýär we ýaş nesli terbiýelemek ýaly asylly işi dowam etdirip, watandaşlarynyň hakydasynda müdimi orun alýar. Onuň durmuş hem zähmet ýoly ýaş türkmenistanlylar üçin görelde mekdebidir.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň atasynyň dogany, tejribeli seýis, ussat atşynas-seçgiçi hökmünde tanalan Aba Annaýew baradaky makala hem okyjylarda uly gyzyklanma döreder. Türkmen atşynaslyk sungatyny ösdürmekde, onuň gadymy däplerini nesilden-nesle geçirmekde, ady rowaýata öwrülen ahalteke bedewleriniň arassa ganly tohumyny gorap saklamakda we kämilleşdirmekde Aba Annaýewiň goşandy ägirt uludyr.

Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiligi adamzadyň şygryýet mirasyna uly goşant hökmünde milli edebiýatymyzyň dünýädäki şöhratyny artdyrdy. Magtymgulynyň eserleri milli medeni taryhymyzy öwrenýän ýurdumyzyň, şol sanda daşary ýurtlaryň alymlary, edebiýaty öwrenijileri üçin özüne çekijidir. Bu ugur žurnalyň nobatdaky sanynyň makalalarynda giňişleýin beýan edilýär. Magtymgulynyň kakasy, şahyr we alym Döwletmämmet Azady baradaky makala hem giň okyjylar köpçüligine hödürlenilýär.

Çap edilen makalalaryň birnäçesinde ylmyň, medeniýetiň we sungatyň görnükli wekilleri, hususan-da, Türkmenistanyň halk bagşysy Sahy Jepbarow, SSSR-iň halk artisti, SSSR-iň Döwlet baýragynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi Aman Gulmämmedow, türkmen opera aýdymçysy, mugallym, Türkmenistanyň halk artisti Medeniýet Şahberdiýewa, Türkmenistanyň halk bagşysy Akjagül Myradowa, TSSR-iň at gazanan lukmany, lukmançylyk ylymlarynyň doktory Abdyrahman Ahundow hem-de görnükli mugallym Gurt Toýlyýew barada gürrüň berilýär. Täze neşirde alym, birnäçe döwlet baýraklarynyň eýesi, zähmet weterany, harby lukman Saçly Dursunowa baradaky makalanyň hem ýerleşdirilendigini bellemelidiris. Arkadag şäherindäki lukmançylyk orta hünär okuw mekdebine onuň ady dakyldy.

Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda edermen watandaşlarymyz, özleriniň mukaddes ýörelgelerine wepaly türkmenistanly esgerler beýleki halklaryň wekilleri bilen egin-egne berip, ýowuz uruşda mertligiň we gahrymançylygyň belent nusgasyny görkezdiler. Şol gazaply ýyllarda ähli türkmen halky agzybirlikde, ýagty geljege belent ynam bilen, synmaz galkan bolup, Beýik Ýeňşiň gazanylmagyna ägirt uly goşant goşdy. Döredijilik intelligensiýasynyň wekilleri öz janlaryna töwekgelçilik edip, urşa gitdiler, esgerleriň öňünde konsert maksatnamasy bilen çykyş edip, olara duşmana garşy söweşde ruhy güýç berdiler. Türkmenistanyň Merkezi döwlet arhiwiniň gaznalarynyň uruş ýyllaryndaky resminamalaryna we suratlaryna esaslanyp taýýarlanylan makala şu meselä bagyşlanýar. Nobatdaky neşire edebi çeşmelerde türkmen toýunyň däp-dessurlary, halkymyzyň durmuşynda suw degirmeniniň orny baradaky makalalar hem girizilipdir.

Neşirde çap edilen makalalar ülkäni öwrenijilerde, mugallymlarda we ylmy işgärlerde, degişli ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynda, dürli görnüşli edara-kärhanalaryň arhiw gulluklarynyň işgärlerinde, umuman, giň okyjylar köpçüliginde uly gyzyklanma döreder.

Soňky habarlar
23.11
“Galkynyş” gaz käniniň ulanyş guýusynda tebigy täze gazyň akymy alnyp başlandy
22.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
22.11
Döwlet Baştutanymyz 2025-nji ýylda Türkmenistan boýunça degişli möçberde pagta öndürilmegini üpjün etmegi tabşyrdy
21.11
Baş maksat — Watanymyzyň gülläp ösmegini, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmek
21.11
Türkmenistanyň we Özbegistanyň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
20.11
Garaşsyz Türkmenistan — jebisligiň we abadançylygyň ýurdy
20.11
Türkmenistan — Özbegistan: milli bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlyk
19.11
Watanymyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň rowaçlygynyň bähbidine durnukly ösüş ýoly bilen
18.11
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
18.11
Türkmenistanda Bosniýa we Gersegowinanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
top-arrow