Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
Çap edildi 22.11.2023
2643

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Malaýziýanyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mohd Suhaimi bin Ahmad Tajuddini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Diplomat hormatly Prezidentimize Malaýziýanyň Ýokary Baştutany Abdulla Riaýatuddin Al-Mustafa Billanyň we Premýer-ministri Anwar bin Ibrahimiň mähirli salamyny ýetirdi hem-de öz ýurdunda özygtyýarly ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan Türkmenistan bilen dostlukly gatnaşyklaryň, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýändigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Malaýziýanyň ýokary ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi we Mohd Suhaimi bin Ahmad Tajuddini möhüm diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, ýurtlarymyzyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen jogapkärli wezipesinde oňa uly üstünlikleri arzuw etdi.

Bellenilişi ýaly, Malaýziýa Aziýa — Ýuwaş umman sebitinde Türkmenistanyň esasy hyzmatdaşlarynyň biridir. Özara hormat goýmak, dostluk, düşünişmek ýörelgeleri esasynda ýola goýlan döwletara hyzmatdaşlyk häzirki wagtda täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň üstünlikli ösdürilýändigini we syýasy taýdan özara ynanyşmagyň yzygiderli berkidilýändigini kanagatlanma bilen belläp, Birleşen Milletler Guramasynyň, Goşulyşmazlyk Hereketiniň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň we beýleki halkara düzümleriň çäklerinde iki ýurduň birek-birege goldaw bermek, ýakyndan hyzmatdaşlyk etmek tejribesine ýokary baha berdi.

Türkmen-malaý gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljegi baradaky pikir alyşmalaryň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy. Şunda özara söwda-ykdysady gatnaşyklaryň işjeňleşdirilýändigini bellemek gerek. Nebitgaz pudagynda üstünlikli hyzmatdaşlyk alnyp barylýar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Malaýziýanyň «PETRONAS» nebitgaz kompaniýasynyň Türkmenistanda ençeme ýyllaryň dowamynda üstünlikli iş alyp barýandygy we ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmäge saldamly goşant goşýandygy özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly hökmünde görkezildi. Kompaniýa köp ýyllardan bäri uglewodorod çig malyny gazyp almak boýunça taslamalary durmuşa geçirýär, şeýle hem nebitgaz pudagy üçin ýokary derejeli türkmen hünärmenlerini taýýarlamak babatda hyzmatdaşlyk edýär.

Umumy pikire görä, medeni-ynsanperwer ugurdaky, hususan-da, ylym-bilim we medeniýet ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm bölegi bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň netijeli hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga we ösdürmäge ygrarlydygyny nygtap, türkmen-malaý dialogynyň mundan beýläk-de iki ýurduň halklarynyň bähbidine okgunly ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Malaýziýanyň Türkmenistandaky doly ygtyýarly wekili Mohd Suhaimi bin Ahmad Tajuddin hoşniýetli arzuwlar we türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, özara bähbitlere doly laýyk gelýän netijeli döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmak ugrunda ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

***

Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti 

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky dostluk we özara düşünişmek gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, jenap Mohd Suhaimi bin Ahmad Tajuddin Malaýziýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellenildi. Jenap Mohd Suhaimi bin Ahmad Tajuddiniň ukyp-başarnyklary, yhlasy özüniň möhüm wezipe borçlaryny Siziň makullamagyňyza we hormatyňyza, özüne bildirilen ynama mynasyp derejede ýerine ýetirjekdigine ynam döredýär. Şunuň bilen baglylykda, onuň biziň adymyzdan ähli beýan etjeklerine, hususan-da, Türkmenistana abadançylyk, gülläp ösüş baradaky tüýs ýürekden arzuwlarymyzy ýetirende, oňa doly ynanmagyňyzy Sizden haýyş edýäris.

Goý, Gudraty Güýçli Allatagala Sizi öz penasynda aman saklasyn!

Iň gowy arzuwlar bilen,

Al-Sultan Abdulla Riaýatuddin Al-Mustafa Billa Şah ibn Sultan Hajy Ahmad Şah Al-Mustain Billa,
Malaýziýanyň Ýokary Baştutany.

Soňky habarlar
17.06
Türkmenistanyň Prezidenti Islandiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
16.06
Ösüşiň innowasion ýoly — jemgyýetiň we döwletiň rowaçlygynyň kepili
15.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
15.06
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyny gutlady
15.06
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyny gutlady
15.06
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 19 million 507 müň dollaryndan gowrak boldy
14.06
Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentini gutlady
13.06
Ýokary hünärli ýaşlar bilen serkerdeler düzüminiň hatary artýar
13.06
Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlaryna, serkerdelerine we professor-mugallymlaryna
12.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
top-arrow