Şu gün Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan Halkara okuw-ylmy merkezinde sanly ulgam arkaly guralan saglygy goraýyş boýunça XIII Türkmen-german forumy öz işine başlady.
Milli saglygy goraýyş ulgamynda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan düýpli özgertmeler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tagallalary netijesinde üstünlikli dowam etdirilýär. “Türkmenistanda ylmy-lukmançylyk diplomatiýasyny ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Milli strategiýasyndan” ugur alyp, halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek we saglygy goraýşy innowasion ugurlara gönükdirmek, dünýäniň lukmançylyk tejribesinde gazanylýan üstünlikleri milli lukmançylyga ornaşdyrmak, abraýly halkara guramalar, daşary ýurtlaryň saglygy goraýyş edaralary, şol sanda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň degişli düzümleri bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin giň gerimli işler alnyp barylýar. XIII Türkmen-german forumynyň guralmagy hem munuň bir mysalydyr.
Gün tertibine saglygy goraýşyň wajyp meseleleri girizilýän nobatdaky iki günlük duşuşyga Türkmenistanyň we Germaniýa Federatiw Respublikasynyň saglygy goraýyş ulgamlarynyň ýolbaşçylary, professor-lukmanlary, hünärmenler gatnaşýarlar. GFR-iň meşhur klinikalarynyň lukmanlary, türkmen tarapyndan bolsa Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Halkara newrologiýa merkeziniň, Halkara endokrinologiýa we hirurgiýa merkeziniň, Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkeziniň, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň, Aşgabat şäheriniň 11-nji saglyk öýüniň, Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň, Arkadag şäheriniň Saglygy goraýyş müdirliginiň, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher köpugurly hassahanasynyň, Daşoguz welaýat köpugurly hassahanasynyň, Lebap welaýat köpugurly hassahanasynyň, Mary welaýat çagalar hassahanasynyň lukmanlary, saglygy goraýyş ulgamynyň hünärmenleri teleköpri arkaly wideoaragatnaşyga çykdylar.
Forumyň açylyş dabarasynda Mýunhen şäheriniň Groshadern uniwersitet hassahanasynyň professory Klaus Parhofer tejribe alyşmak maksady bilen döredilen mümkinçilik üçin öz adyndan we Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ähli lukman-professorlarynyň adyndan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallygyny beýan etdi.
Forumda germaniýaly professor-lukmanlar Frits Şpelsbergiň, Suzanna Şpelsbergiň, Nina Ditçiň, Dominik Kwaýzeriň, Suzanna Şpetling-Mestekemperiň, Regina Stredeliň, Suzanna Behtold-Dalla Pozzanyň, Manfred Westfalyň çykyşlaryna orun berildi. Olar özlerine bildirilen uly ynam hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga işjeň çemeleşmeler üçin türkmen tarapyna hoşallyk bildirdiler.
Bellenilişi ýaly, saglygy goraýyş ulgamynda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan halkara hyzmatdaşlyk hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen yzygiderli ösdürilýär. Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal saglygy goraýyş ministrligi bilen Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda gol çekilen özara düşünişmek barada Ähtnama hem-de Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Maksimillian-Lýudwig adyndaky Mýunhen uniwersitetiniň Groshadern klinikasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek barada Ylalaşyga laýyklykda, däbe öwrülen forumlar we onlaýn görnüşdäki duşuşyklar geçirilip, olar akademiki gatnaşyklary giňeldýär, amaly lukmançylygyň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşmaga mümkinçilik berýär.
Türkmen-german forumy 2011-nji ýyldan bäri guralyp, şu güne çenli olaryň 12-si geçirildi hem-de häzirki zaman saglygy goraýşynyň ol ýa-da beýleki wajyp meselelerine bagyşlandy. Bu bolsa milli saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek babatda örän ähmiýetlidir. XIII Türkmen-german forumynda-da lukmançylygyň pediatriýa, rewmatologiýa, dikeldiş bejergileri, urologiýa, neýrohirurgiýa, onkologiýa, endokrinologiýa, newrologiýa ugurlarynda döwrebap anyklaýyş usullary, täze hirurgiki bejeriş usullary, hünär taýýarlygy, düzüminde emeli aň ulgamy ornaşdyrylan innowasion lukmançylyk tehnologiýalarynyň ylmy taýdan esaslandyrylyp, amal edilmegi bilen bagly soraglar ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem Türkmenistanda pediatriýa, rewmatologiýa, dikeldiş bejergileri, urologiýa, neýrohirurgiýa, onkologiýa, endokrinologiýa, newrologiýa boýunça alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada beýanlar, çykyşlar diňlenildi we pikir alşyldy.
Üstünlikli durmuşa geçirilýän “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde ilatyň saglygyny goramak boýunça Türkmenistanyň gazananlary, birnäçe möhüm ugurlarda durmuşa geçirilýän işler baradaky çykyşlar aýratyn gyzyklanma döretdi. Çykyşlardan soňra, netijeli pikir alyşmalar boldy.
Türkmen-german forumy 13-nji noýabrda-da öz işini dowam eder.