Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy hem-de atçylygy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy
Syýasat habarlary
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy hem-de atçylygy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy
Çap edildi 04.11.2023
2387

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tutuş ýurdumyzy gurşap alan ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy, şeýle hem ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmek boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda durmuşa geçirilýän ählihalk bag ekmek maksatnamasynyň, ilkinji nobatda, ekologik nukdaýnazardan, şol sanda halkymyzyň amatly ýaşaýşy üçin zerur şertleriň döredilmegi babatda hem uly ähmiýetlidigini yzygiderli belleýär. Şunuň bilen baglylykda, ilatly ýerleriň töwereginde täze tokaý-seýilgäh zolaklarynyň döredilmegine aýratyn üns berilýär. Öz çäklerini barha giňeldýän şäherleriň eteklerinde kemala gelýän şeýle zolaklar adamlar üçin örän bähbitlidir.

Ir bilen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow häzirki wagtda gurluşygy tamamlanan, Köpetdagyň eteginde ýerleşýän 600 baş ahalteke atyny saklamaga niýetlenen döwrebap athana bardy.

Halkymyzyň ýaşaýşynyň ähli döwürlerinde gamyşgulak bedewlerimiz şan-şöhratly taryhymyzy bezäp gelipdir. Dünýä atçylyk medeniýetiniň naýbaşysy hasaplanýan ahalteke bedewleri halkymyzyň genji-hazynasydyr, köňül buýsanjydyr we milli mirasydyr. Muňa türkmen halk döredijiliginde «At agynan ýerde toý bolar», «Irden tur-da, ataňy gör, ataňdan soň — atyňy», «Aty baryň ganaty bar» ýaly nakyllardyr atalar sözleri hem aýdyň şaýatlyk edýär.

Bu ýerde Arkadagly Gahryman Serdarymyzy Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew, “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň baş direktory A.Berdiýew, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň rektory P.Baýramdurdyýew, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň hem-de Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň wise-prezidenti B.Rejepow mähirli garşyladylar.

Bu ýerde wise-premýer T.Atahallyýew gurluşygy tamamlanan 600 baş ahalteke atyny saklamaga niýetlenen athanada ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň milli buýsanjy we baýlygy hasaplanýan behişdi ahalteke bedewleriniň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak, olaryň baş sanyny köpeltmek boýunça başyny başlan başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda gurluşygy tamamlanan bu döwrebap athana munuň aýdyň güwäsidir.

Häzirki zaman athananyň umumy eýeleýän meýdany 15,4 gektar bolup, onuň düzüminde dolandyryş, bedewleriň saglyk ýagdaýyna gözegçilik etmek üçin hemme zerur enjamlar we öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen weterinariýa binalary, höwür atlaryň 40-sy üçin niýetlenen bir sany, höwür atlaryň 60-sy üçin bir sany athana hem-de atlaryň 60-sy üçin niýetlenen athanalaryň 2-si, atlaryň 88-sine niýetlenen athanalaryň 5-si, iým üçin ýapyk ammar we beýleki degişli desgalar bina edildi. Desgalaryň binagärlik keşbinde öňdebaryjy inženerçilik-tehniki çözgütler, milli binagärligiň ýörelgeleri öz beýanyny tapdy.

Güýz günlerinde Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekde jana ýakymly howa gurşawy emele geldi. Bu ýerleriň tebigy özboluşlylygy we dag howasy güýz günleriniň tenekarlygy bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirip, ynsan kalbyna ýakymly täsir edýär. Şunuň ýaly tebigy aýratynlyklar, dagyň özboluşly howa gurşawy, çeşme suwlaryndan gözbaş alyp, “Altyýap”, “Sekizýap” diýlip atlandyrylýan dury suwly akabalar ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmegiň esasy şertleriniň biri bolup durýar. Hut şu künjekde taryhyň dowamynda dünýä meşhur bolan, ady rowaýata öwrülen behişdi bedewler ösdürilip ýetişdirilipdir. Häzirki döwürde bu ýerde Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyny, Aba Annaýew adyndaky atşynaslar üçin niýetlenen ýaşaýyş jaý toplumyny we döwrebap taslama bolan Arkadag şäherini öz içine alýan dünýä nusgalyk gurşaw emele geldi.

Soňra Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň hem-de Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň wise-prezidenti B.Rejepow we “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň baş direktory A.Berdiýew gözegçilik edýän düzümleri tarapyndan alnyp barylýan işleri döwrüň talabyna laýyk getirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdiler. Häzirki wagtda ahalteke atlarynyň tohum arassalygyny gorap saklamak, bedewleri ösdürip ýetişdirmek, seýislemek, olary çapyşyklara taýýarlamak boýunça zerur işler alnyp barylýar.

Soňra Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň rektory P.Baýramdurdyýew bu ýokary okuw mekdebinde ýurdumyzyň atçylyk pudagy üçin hünärmenleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, ady rowaýata öwrülen behişdi bedewleriň ähli döwürlerde-de halkymyzyň wepaly syrdaşy, şöhratly taryhynyň bezegi bolup gelendigini belledi hem-de täze taryhy eýýamda milli atşynaslyk däplerini saklamak we dowam etdirmek, bu gadymy sungaty has-da ösdürmek boýunça maksatnamalaýyn işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz bu ugurdaky işleriň mundan beýläk-de netijeli häsiýete eýe bolmalydygyna ünsi çekdi we degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň talyplarynyň okuwlaryny täze athananyň işi bilen utgaşykly alyp barmaklary, ýaşlaryň bedewleriň arasynda ýygy-ýygydan bolup, atşynaslygyň milli hem-de häzirki zaman tejribelerini özleşdirmekleri bilen baglanyşykly meselelere üns bermelidigini belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew bu döwrebap athanany gurduryp berendigi üçin hormatly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza ýurdumyzyň ähli atşynaslarynyň adyndan tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi hem-de berk jan saglyk, uzak ömür, alyp barýan il-ýurt bähbitli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Şeýle hem wise-premýer Arkadagly Gahryman Serdarymyza gurluşygy tamamlanan 600 baş bedewe niýetlenen athananyň açylyş dabarasyna ak pata bermegi baradaky haýyş bilen ýüzlendi.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýeriň haýyşyny kanagatlandyryp, täze athana toplumynyň açylyş dabarasynyň ýurdumyzda giňden bellenilýän Hasyl toýy bilen bilelikde guralmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy. Munuň özi atçylygyň nesil dowamyny ösdürmäge hem-de bu düzümiň döwrebap derejede kämilleşdirilmegine özboluşly goşant bolar diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow belledi we täze binalar toplumynyň açylyş dabarasynyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegini tabşyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz ählihalk bag ekmek dabarasynyň geçirilýän ýerine — Arkadag şäherine ugrady. Halkymyz gadymy döwürlerden bäri bag ekmeklige aýratyn hormata mynasyp asylly iş hökmünde garapdyr.

Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Hökümet agzalary, Mejlisiň deputatlary, Halk Maslahatynyň agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, şäher häkimliginiň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, Arkadag şäheriniň köp sanly ýaşaýjylary mübärekleýärler. Ekologik çärä gatnaşyjylaryň hatarynda Aşgabatdaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň ýolbaşçylarydyr wekilleri hem bar.

Ýurdumyzyň bu ajaýyp künjeginde Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzy, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni wasp edýän aýdymlar ýaňlanyp, tans toparlary özleriniň ussatlyklaryny görkezdiler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dabara ýygnananlar bilen mähirli salamlaşyp, bag nahalyny oturtmak üçin ýörite taýýarlanan ýere barýar. Bu ýerde ýurdumyzyň ýaş nesliniň wekili döwlet Baştutanymyzy mähirli mübärekläp, bag ekmek dabarasyna ak pata bermegini haýyş edýär. Oglanjygyň haýyşy boýunça Arkadagly Serdarymyz ählihalk bag ekmek dabarasyna badalga berýär hem-de ilkinji nahaly oturdýar.

Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça maksatnamanyň durmuşa geçirilmegine köpçülikleýin gatnaşmagyň ýokary ähmiýetini belläp, döwlet Baştutanymyz ýaş nahallara yzygiderli ideg etmek meselelerine jogapkärçilikli çemeleşmegiň wajypdygyny hemişe nygtaýar.

Hormatly Prezidentimiziň göreldesine eýerip, bag ekmek dabarasyna gatnaşyjylaryň ählisi bag nahallaryny oturdýarlar. Bu ýeriň toprak-howa şertleriniň aýratynlyklaryna ukyply we has durnukly dürli görnüşli bag nahallary saýlanyp alnypdyr. Oturdylan bag nahallary ajaýyp dag jülgesinde tokaý zolaklarynyň emele gelmegini şertlendirer.

Iň gadymy döwürlerde-de adamlar dogduk ülkesini gülläp ösýän bagy-bossanlyga öwürmek üçin suwaryş ulgamlaryny döredip, dürli görnüşli baglary ýetişdiripdirler. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döredilýän mümkinçilikleriň we öňdebaryjy usullaryň netijesinde bu işler netijeli häsiýetde ýerine ýetirilýär. Bagy-bossanlyga büremek maksatnamasynyň möçberini nazarda tutup hem-de ýokary hilli nahallara barha artýan islegi kanagatlandyrmak maksady bilen, ýurdumyzda olary ýetişdirmegiň öňdebaryjy täze usullary ornaşdyrylýar. Ýaşyl tokaý zolaklarynyň kemala getirilmeginiň öňdebaryjy suw tygşytlaýjy oba hojalyk tehnologiýalarynyň işjeň ornaşdyrylmagy bilen utgaşyklylykda alnyp barylmagy hem möhüm ähmiýete eýedir.

2022-nji ýylyň oktýabr aýynda Arkadag şäheriniň golaýynda geçirilen “Organiki bakjalyk we onuň ekologiýa goşýan goşandy” atly okuw sapagy açyk asmanyň astyndaky uly möçberli ekologik çäre boldy. Bu çäräniň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegi ýurdumyzda ekologik abadançylygyň pugtalandyrylmagynyň halkara derejede ykrar edilýändiginiň nobatdaky beýany boldy. Türkmen halky ähli döwürlerde-de tebigata aýawly çemeleşip, ony gözüniň göreji ýaly gorap gelipdir. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hem ekologik abadançylyga möhüm ähmiýet berilýär. Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ählihalk bag ekmek dabarasynyň dowamynda bu wajyp ekologik çäräniň ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylyşy bilen gyzyklandy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary şu gün köpçülikleýin bag ekmek dabaralarynyň Aşgabat şäherinde we ýurdumyzyň ähli sebitlerinde ýokary ruhubelentlik ýagdaýynda dowam edýändigini aýtdy. Munuň özi Gahryman Arkadagymyz tarapyndan ýurdumyzyň ekologik abadançylygyny üpjün etmek boýunça başy başlanan işleri Arkadagly Serdarymyzyň üstünlikli durmuşa geçirýändiginiň aýdyň beýanydyr. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek işlerine, Milli tokaý maksatnamasyndan gelip çykýan wezipelere ünsi çekdi hem-de bu ugurdaky alnyp barylýan işleriň mundan beýläk-de güýçli depginlerde dowam etdirilmegi babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ata-babalarymyzdan miras galan daşky gurşawa aýawly garamak ýaly milli däplerimiz häzirki günde aýratyn uly ähmiýete eýe bolýar. Her ýyl ýurdumyzda ählihalk bag ekmek çäreleri geçirilip, dürli görnüşli bag nahallarynyň ýüz müňlerçesi ekilýär. Olaryň ösüp ulalmagy bilen, jana şypaly, arassa howaly türkmen topragy bagy-bossanlyga bürenip, halkymyzyň tebigata bolan söýgüsini has-da artdyrýar. Ýurdumyz ekologik abadançylygy üpjün etmek, Howanyň üýtgemegi barada Milli strategiýada we Milli tokaý maksatnamasynda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça yzygiderli işleri amala aşyrýar.

28-nji oktýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet Baştutanymyz daşky gurşawy goramak bilen bagly meseleleriň Türkmenistanyň syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygyny, ýurdumyzyň bu ugurda halkara guramalar bilen hyzmatdaşlykda anyk başlangyçlar bilen çykyş edýändigini nygtady. Hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň 78-nji sessiýasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan ýöriteleşdirilen düzümi — Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek barada teklip öňe sürüldi. Bu merkez howa meselesi boýunça anyk we yzygiderli işleri alyp barar. Şunuň bilen baglylykda, merkeziň işlemegi üçin Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda guramaçylyk we tehniki şertleri döretmäge ýurdumyzyň taýýardygy beýan edildi. Şeýle hem Hazar deňziniň gurşawyny, biologik serişdelerini gorap saklamak, emele gelen ekologik meseleleri çözmek bilen bagly wezipeleriň giň toplumy boýunça jikme-jik we ýokary derejede hyzmatdaşlyk etmek üçin halkara platforma bolmaga niýetlenen «Hazar ekologik başlangyjyny» döretmek baradaky teklip öňe sürüldi.

BMG-niň biologik köpdürlülik, çölleşmä garşy göreşmek, howanyň üýtgemegi, ozon gatlagyny goramak, serhetüsti suw akymlaryny we halkara kölleri goramak hem-de peýdalanmak hakynda resminamalarynyň ýurdumyz tarapyndan tassyklanylmagy Türkmenistanyň häzirki döwrüň ählumumy ekologik meseleleri çözmekde işjeň orny eýeleýändiginiň aýdyň beýanydyr. Bu ugurda Türkmenistan köp sanly halkara we sebit guramalary, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy, Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy, Azyk we oba hojalyk guramasy, Ählumumy ekologiýa gaznasy, Araly halas etmegiň halkara gaznasy, Merkezi Aziýanyň sebitleýin ekologiýa merkezi, Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti bilen yzygiderli we netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýar.

Berkarar Watanymyzda daşky gurşawy goramak ulgamynyň kanunçylyk-hukuk binýadyny has-da berkitmek we kämilleşdirmek boýunça hem netijeli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu ulgamda hereket edýän kanunçylygyň kämilleşdirilmegi, ýurdumyzda ekologiýa we daşky gurşawy goramak boýunça halkara maslahatlaryň yzygiderli geçirilmegi döwletimiziň ekologiýa syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň güwäsidir. Hususan-da, şu ýylyň 3-nji iýulynda «Arkadag şäheri — ekologiýa abadançylykly tebigatyň gözel ýeri» atly halkara maslahat geçirilip, onuň dowamynda tebigaty goramagyň, täze, ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary, “ýaşyl” ykdysadyýeti, sanly ulgamy ornaşdyrmagyň, ýurt we sebit derejesinde ekologik howpsuzlygy üpjün etmegiň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigi nygtaldy. Şunda Arkadag şäheriniň diňe bir durmuş, ykdysady ulgamlarda däl, eýsem, daşky gurşawy goramak ulgamynda-da innowasion çemeleşmeleri synag etmek üçin geljegi uly giňişlik bolup biljekdigine üns çekildi.

Şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda, aýratyn-da, senagat toplumynyň önümçilik kuwwatlyklarynyň gurluşygynda ähli işleriň ekologik talaplara doly laýyk gelmegi wajypdyr. Bu işleriň ählisi Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ösüş maksatlarynyň wezipelerine laýyk gelýär. Geçen ýylyň noýabrynda agzybirlik we jebislik ýagdaýynda geçirilen köpçülikleýin bag ekmek çäresinde Arkadag şäheriniň çäginde dürli bag nahallarynyň 5 müňden gowrak düýbi oturdyldy. Bu asylly çäräniň şäheriň ekologik ýagdaýyny gowulandyrmakda we amatly daşky gurşaw şertlerini döretmekde aýratyn ähmiýeti bar. Arkadag şäheriniň “Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, “ýaşyl”, howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek” taslamasyna goşulmagy hem-de onuň açylyş dabarasynda dürli ugurlarda ýeten üstünliklerini tassyklaýan halkara güwänamalaryň gowşurylmagy şäheriň halkara derejede ykrar edilýändiginiň aýdyň nyşany boldy.

Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine yzygiderli iş saparlaryny amala aşyrýar. Bu ýerde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň barşy, şäheriň abadanlaşdyrylyşy Gahryman Arkadagymyzyň hemişelik üns merkezinde durýar.

Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, ekologiýa maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde ýurdumyzyň ähli ýerlerinde amatly howa gurşawy emele geldi. Tokaý zolaklarynyň döredilmegi howa ýagdaýyny gowulandyryp, bioköpdürlüligi gorap saklamaga we köpeltmäge ýardam berýär. Şonuň üçin-de, ýerleriň tebigy aýratynlyklary göz öňünde tutulyp, bag nahallarynyň oturdylmagyna ylmy esasda çemeleşmek zerurdyr.

Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, bu ýerleriň bagy-bossanlyga bürelmegi ekologik abadançylygyň üpjün edilmegi bilen bir hatarda, adamlaryň amatly ýaşaýşy, göwnejaý dynç alşy üçin zerur şertleriň döredilmeginde hem aýratyn ähmiýetlidir.

Şu gezekki bag ekmek çäresine gatnaşyjylaryň tutanýerli zähmeti halkymyzyň synmaz bitewüliginiň we jebisliginiň, asylly işlere pugta ygrarlydygynyň, ata-babalarymyzyň köpasyrlyk däpleriniň häzirki döwürde üstünlikli ösdürilýändiginiň aýdyň beýany boldy. Ýurdumyzyň ähli ýerinde bag nahallaryny ekmek bilen bir hatarda, ozal ekilen hem-de boý alan baglara ideg etmek işleri hem geçirildi.

Häzirki wagtda Türkmenistanda bu köpýyllyk işiň aýdyň netijeleri görünýär — ýurdumyzyň dürli künjeklerinde, giň meýdanlarda ynsan eli bilen döredilen tokaýlyklar ýaýylyp gidýär. Şol ýerdäki agaçlaryň sany onlarça milliona ýetýär. Giň tokaý zolaklary her bir şäheriň, ilatly ýeriň töwereginde peýda bolýar, ak mermerli paýtagtymyzyň töwereginde, Köpetdagyň eteginde bagy-bossanlyklar döredilýär.

Şu güýz gününde ähli ildeşlerimiz mähriban topragymyzyň “ýaşyl baýlygyny” joşgunly zähmet bilen has-da artdyrmak üçin bag ekmek çäresine çykdylar. Onuň çäklerinde diňe bir günüň içinde saýaly, pürli we miweli bag nahallarynyň 472 müň 71 düýbi ekilip, 1 million 868 müň 935 düýp baga ideg edildi.

Şeýlelikde, döwletimiziň bagçylyk pudagyna berýän aýratyn ünsi we goldawy türkmen jemgyýetinde ýokary ekologik medeniýeti kemala getirýär. Her ýyl bag ekmegiň täze tapgyryna badalga berlip, halkymyzyň mähriban topragymyzy gülläp ösýän bagy-bossanlyga öwürmek baradaky köpasyrlyk arzuwy durmuşa geçirilýär.

Soňra Arkadag şäherinde hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda ählihalk bag ekmek dabarasy mynasybetli toý sadakasy berildi.

Toý sadakasynyň dowamynda ýurdumyzyň meşhur sungat ussatlarynyň mähriban Watanymyzy we häzirki döwrüň ägirt uly özgertmelerini wasp edýän joşgunly aýdym-sazly çykyşlary boldy.

Çäre tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow oňa gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.

Soňky habarlar
22.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
22.11
Döwlet Baştutanymyz 2025-nji ýylda Türkmenistan boýunça degişli möçberde pagta öndürilmegini üpjün etmegi tabşyrdy
21.11
Baş maksat — Watanymyzyň gülläp ösmegini, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmek
21.11
Türkmenistanyň we Özbegistanyň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
20.11
Garaşsyz Türkmenistan — jebisligiň we abadançylygyň ýurdy
20.11
Türkmenistan — Özbegistan: milli bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlyk
19.11
Watanymyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň rowaçlygynyň bähbidine durnukly ösüş ýoly bilen
18.11
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
18.11
Türkmenistanda Bosniýa we Gersegowinanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
18.11
Ýurdumyzda Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet günleri geçirilýär
top-arrow