Baş sahypa
\
Hepdäniň wakalary
\
Netijeli hyzmatdaşlyk ugrunda bilelikdäki tagallalar — Watanymyzyň okgunly ösüşiniň kepili
Hepdäniň wakalary
Netijeli hyzmatdaşlyk ugrunda bilelikdäki tagallalar — Watanymyzyň okgunly ösüşiniň kepili
Çap edildi 24.10.2023
1596

Geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň halkara hyzmatdaşlygy ilerletmäge, ýurdumyzyň döredijilik kuwwatyny artdyrmaga gönükdirilen öňdengörüjilikli içeri we daşary syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýanyna öwrüldi.

16-njy oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen bagly meselelere garaldy. Bellenilişi ýaly, pagta ýygymynyň depginini güýçlendirmek, ýygnalan çig maly harmanhanalarda bökdençsiz kabul etmek we pagta arassalaýjy kärhanalarda gaýtadan işlemek boýunça zerur işler alnyp barylýar. Pagtaçy kärendeçiler bilen hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Welaýatlarda bugdaý ekişi guramaçylykly alnyp barylýar.

Döwlet Baştutanymyz möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmeginiň möhümdigine ünsi çekdi we bugdaý ekişini öz wagtynda tamamlamagy, ýetişdirilen pagta we beýleki ekinleriň hasylynyň bellenilen möhletlerde ýitgisiz ýygnalyp alynmagyny üpjün etmegi gözegçilikde saklamak boýunça birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmek bilen baglanyşykly görkezmeleri berdi.

20-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň wezipeleri hem-de käbir beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şolaryň hatarynda milli parlamentiň kanun çykaryjylyk işini, dürli döwletleriň parlamentleri, iri halkara guramalar bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmek boýunça wezipeler bar.

Awtomatlaşdyrylan elektron maglumat binýatlar ulgamyny döretmek, onuň bir bitewi tehniki talapnamalara laýyklykda işlemegini üpjün etmek, ýurdumyzyň Halkara howa menzilleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, dokma senagatynyň kärhanalarynyň önümçilik kuwwatyny artdyrmak, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabatlar diňlenildi. Döwlet Baştutanymyz Aşgabat — Gökdepe demirgazyk sowma awtomobil ýolunyň 47-nji kilometrinde ýerleşýän sil-suw akabasyny, şeýle hem demir ýoluň üstünden geçýän awtomobil köprülerini gurmak baradaky teklibi makullap, alnyp barylýan gurluşyk işleriniň ýokary hilli bolmagyny hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistanda öndürilen» milli haryt nyşanynyň şekili babatda teklipleri jemlemek we saýlap almak boýunça pudagara iş toparyny döretmek baradaky teklibi makullady hem-de bu şekil işlenip taýýarlanylanda halkymyzyň milli aýratynlyklarynyň, häzirki zaman marketing usullarynyň göz öňünde tutulmalydygyny nygtady. Şeýle-de ýakyn wagtda geçirilmegi meýilleşdirilýän çärelere görülýän taýýarlyk işleri barada aýdyldy.

Şeýlelikde, ýakyn wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasyna resmi sapary amala aşyrar. 25 — 27-nji oktýabrda Aşgabatda “Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2023” atly XXVIII halkara maslahat we sergi geçiriler. Oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” atly halkara bäsleşigiň jemleýji tapgyry, sergi we halkara ylmy maslahat, “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň III mejlisi geçiriler. Meşhur türkmen kompozitory Nury Halmämmedowyň doglan gününiň 85 ýyllygy mynasybetli 27-28-nji oktýabrda ýurdumyzyň welaýatlarynda hem-de Aşgabat we Arkadag şäherlerinde “Mukama siňen ömür” atly festiwalyň guralmagy meýilleşdirilýär. Şu ýylyň dekabr aýynyň birinji ongünlüginde sanly ulgam arkaly saglygy goraýyş boýunça XI Türkmen-german forumyny geçirmek göz öňünde tutulýar. Ony geçirmek boýunça teklip şu ýylyň 28-29-njy sentýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky ýurdumyzyň wekiliýetiniň GFR-e saparynyň dowamynda öňe sürüldi.

Mejlisde döwlet Baştutanymyz birnäçe resminamalara gol çekdi. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň raýatynyň pasportyny resmileşdirmegiň hem-de bermegiň tertibini, ondan peýdalanmagyň kadalaryny, nusgasyny we ýazgysyny tassyklaýan Karar, “Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň durkuny täzelemek, goşmaça binalary we desgalary gurmak hakynda” hem-de “Edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda” Kararlar bar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Bir guşak, bir ýol” üçünji ýokary derejeli maslahatyna gatnaşmak üçin 17 — 19-njy oktýabrda Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň netijeleri mejlisde garalan aýratyn mesele boldy. Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň ähli ugurlary boýunça möhüm ylalaşyklaryň gazanylandygy nygtalyp, olary iş ýüzünde durmuşa geçirmek meseleleriniň Hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-hytaý komitetiniň noýabr aýynda meýilleşdirilen nobatdaky mejlisiniň gün tertibine girizilendigi habar berildi.

18-nji oktýabrda HHR-iň Halk ýygnaklar öýünde geçirilen giň gerimli maslahata 150-den gowrak ýurtdan hem-de iri halkara guramalaryň 40-dan gowragyndan wekiller, şol sanda döwlet Baştutanlary, abraýly guramalaryň, ministrlikleriň we işewürler toparlarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. “Bir guşak, bir ýol” üçünji halkara hyzmatdaşlyk forumynyň çäklerinde guralan ýokary derejeli maslahatda çykyş etmek bilen, Gahryman Arkadagymyz özara bähbitli netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde Türkmenistanyň işjeň we başlangyçly ornuny tassyklap, energetika, ulag we kommunikasiýa, ekologiýa, senagata we beýleki pudaklara «ýaşyl» tehnologiýalary ornaşdyrmak, ykdysadyýetde goşulyşmak işini çuňlaşdyrmak ýaly strategik ugurlara ünsi çekdi.

Forumyň jemleri boýunça Özara baglanyşyk ulgamynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak boýunça Pekin başlangyjy; “Guşak we ýol” sanly ykdysadyýet ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk atly Pekin başlangyjy; “Guşak we ýol” “ýaşyl” ösüş boýunça Pekin başlangyjy; Sanly ykdysadyýet we “ýaşyl” ösüş üçin halkara söwda we ykdysady hyzmatdaşlygyň esaslary boýunça başlangyç kabul edildi. Şeýle hem Merkezi Aziýa sebitinde “ýaşyl” ylmy we tehnologiýany ösdürmek babatda iş meýilnamasyny bilelikde durmuşa geçirmek boýunça hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama gol çekildi.

Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljegi Gahryman Arkadagymyzyň HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary, Hytaý Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy Din Sýuesýan bilen geçiren duşuşygynda gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşylan ugur boldy.

Iş saparynyň jemleýji gününde Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşygy boldy. Gepleşikleriň gün tertibine uzak geljegi nazara almak bilen ýola goýulýan döwletara hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary girizildi. Şunda yzygiderli ösdürilýän türkmen-hytaý gatnaşyklaryna mahsus özara ynanyşmagyň, düşünişmegiň, açyklygyň ýokary derejesi bellenildi. Ulag-logistika ulgamy hem hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, Başlyk Si Szinpin Türkmenistanyň öňe süren, bu strategik ulgamda sebit we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen başlangyçlarynyň möhümdigini nygtady. Şunda “Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek” hem-de “Bir guşak, bir ýol” strategiýalaryny durmuşa geçirmek, olary utgaşdyrmak we özara üstüni ýetirmek babatda gatnaşyklaryň ähmiýeti nygtaldy.

Gepleşikler tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Hususan-da, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda tehniki-ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyga hem-de Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Baş gümrük edarasynyň arasynda ygtyýarly ykdysady operatorlar maksatnamasynyň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde ýurdumyzyň resmi wekiliýetiniň agzalarynyň HHR-iň ugurdaş ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirildi. Olarda syýasy-diplomatik ugur boýunça, şeýle hem söwda-ykdysady gatnaşyklar ulgamynda giň gerimli meselelere garaldy.

Gahryman Arkadagymyzyň Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň dowamynda ýanynda bolan maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowa bu ýerde guralan medeni çärelere gatnaşdy. Belent mertebeli myhmanlar HHR-iň Başlygynyň maşgalasy Pen Liýuan bilen bilelikde Milli sungat we senetçilik muzeýine baryp gördüler hem-de Pekin operasynyň çykyşyna tomaşa etdiler. Milli Liderimiziň maşgalasynyň we Ählihytaý zenanlar federasiýasynyň başlygy, Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Milli komitetiniň başlygynyň orunbasary Şen Ýueýueniň gatnaşmagynda Hytaýyň Zenanlar we çagalar milli muzeýinde türkmen halylaryna we el işlerine bagyşlanan, halkymyzyň köptaraply zehininiň aýdyň nyşanyna öwrülen amaly-haşam sungatynyň hem-de döredijiliginiň, halk senetçiliginiň görnüşlerini dolulygyna şöhlelendirýän milli serginiň açylyş dabarasy geçirildi. Çäräniň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň agtygy sergini synlamaga gelenlere alaja örmegiň usulyny ussatlyk bilen görkezdi.

21-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow «Kelete» okuw-türgenleşik merkezine bardy. Bu ýerde guralan bilelikdäki harby okuw türgenleşigine Ýaragly Güýçleriň guryýer, howa hüjüminden goranmak goşunlarynyň, harby-howa, harby-deňiz hem-de «Türkmen edermen» ýörite maksatly güýçleriniň ähli düzüm birlikleri, harby we hukuk goraýjy edaralaryň «Türkmen edermen» ýörite maksatly düzümleri gatnaşdylar. Goranyş häsiýetli Harby doktrinamyza laýyklykda geçirilen türgenleşigiň maksady harby hünärmenlerimiziň ýerde, howada, deňizde söweş alyp barmak sungatynyň we taktikasynyň täze, öňdebaryjy usulyýetini, tilsimlerini sazlaşykly ýerine ýetirip, hünär ussatlyklaryny kämilleşdirmäge gönükdirildi.

Toparlaryň öňünde garşylykly hereket edýän toparlary zyýansyzlandyrmak, garşydaşyň howa hüjümlerine garşy göreşmek, ýörişi bökdemek üçin döredilen meýdandan ýörite himiki gorag serişdelerini ulanyp, ýitgisiz geçmek, suw päsgelçiliklerinden geçmek boýunça wezipeler goýuldy. Harby okuw türgenleşiginde ähli düzüm bölümleriniň şahsy düzüminiň häzirki zaman tehnikalaryna we harby enjamlaryna ussatlyk bilen erk edýändikleri, olaryň nazary, söweşjeň taýýarlygynyň ýokary derejededigi «TürkmenÄlem 52oE» emeli aragatnaşyk hemrasynyň kömegi bilen göni aragatnaşykda sanly ulgam arkaly ýörite ekranlarda görkezildi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy harby gullukçylaryň Watana wepaly gulluk etmegiň nusgasyny görkezip, goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinany üstünlikli durmuşa geçirmekde mundan beýläk-de bilimlerini, ukyp-başarnyklaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynam bildirdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow okuw-türgenleşik merkeziniň ýörite meýdançasynda görkezilen söweşjeň tehnikalaryň dürli görnüşlerini synlady. Şolaryň hatarynda uçarmansyz uçarlar we beýlekiler bar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow häzirki wagtda harby gullukçylaryň öňünde durýan möhüm wezipäniň oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanan hem-de Türkmenistanyň diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasynyň düzgünlerini ýerine ýetirmekden, halkymyzyň asuda durmuşyny üpjün etmekden ybaratdygyny belläp, döwletimiz tarapyndan goşunlaryň ähli görnüşiniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna gönükdirilen yzygiderli çäreleriň görüljekdigini nygtady.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy harby okuw türgenleşiginiň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlap, söweşjeň taýýarlygyň ýokary derejesini görkezen esgerlere we serkerdelere möhüm hem-de jogapkärli wezipäni ýerine ýetirmekde — mähriban Watanymyzyň asudalygyny goramakda üstünlikleri arzuw etdi.

Geçen hepdede Aşgabat we Mary şäherleriniň medeni merkezleriniň sahnalarynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri geçirildi. Giň gerimli dabaranyň çäginde döredijilik çäreleri, şol sanda sungat ussatlarynyň konserti, tatar senetçileriniň däp bolan çeper sergisi, Tatarystan Respublikasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen taryhy-medeni ýadygärliklerine bagyşlanan surat sergisi guraldy. Paýtagtymyzyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Halkyň çeper döredijiligini we senetçiligini gorap saklamak, dikeltmek we ösdürmek» atly “tegelek stol” duşuşygy, «Aşgabat» kinoteatrynda Türkmenistanyň hem-de Tatarystanyň kinematograflarynyň duşuşygy, şeýle hem «Ibn Fadlan» we «Tarlan» kinofilmleriniň görkezilişi boldy.

Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýanyna öwrüldi. Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ykdysady we medeni gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmek, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli ulgamlaryny ösdürmek, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşyny we rowaçlygyny üpjün etmek bu syýasatyň baş maksadydyr.

Soňky habarlar
26.12
Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasy — umumadamzat gymmatlygy
25.12
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşdy
25.12
Türkmenistanyň Prezidenti Moldowa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
25.12
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
25.12
Mary welaýatynda täze suw arassalaýjy desga açyldy
25.12
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy
24.12
Ösüşiň täze sepgitlerini nazarlap
24.12
Ýurdumyzda döwrebap gidrotehniki desgalar ulanmaga berildi
23.12
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
23.12
Sanly bank ulgamy halkyň hyzmatynda
top-arrow