Baş sahypa
\
Hepdäniň wakalary
\
Halkyň durmuş derejesiniň we ýurduň ykdysady kuwwatynyň ýokarlandyrylmagy — döwlet syýasatynyň esasy maksady
Hepdäniň wakalary
Halkyň durmuş derejesiniň we ýurduň ykdysady kuwwatynyň ýokarlandyrylmagy — döwlet syýasatynyň esasy maksady
Çap edildi 08.10.2023
1347

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ykdysadyýetimiziň ähli ugurlaryny okgunly ösdürmäge, halkymyzyň hal-ýagdaýyny yzygiderli gowulandyrmaga, ählumumy parahatçylygyň we abadançylygyň bähbidine goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga gönükdirilen syýasy ugry geçen hepdäniň wakalarynda özüniň aýdyň beýanyny tapdy.

Döwlet Baştutanymyzyň 2-nji oktýabrda sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ekerançylyk meýdanlarynda bugdaý ekişi guramaçylykly dowam edýär. Şunda oba hojalyk tehnikalaryndan netijeli peýdalanylýar. Ekiş geçirilen ýerlerde gögeriş suwy tutulýar we kadaly gögeriş alynýar. Şunuň bilen birlikde, ýetişdirilen pagta hasylyny gysga wagtda ýygnap almak, pagta kabul ediş harmanhanalarynda gije-gündiziň dowamynda kabul etmek hem-de hasyly pagta arassalaýjy kärhanalarda gaýtadan işlemek, tabşyrylan hasyl üçin pagtaçy daýhanlar bilen hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek boýunça zerur çäreler görülýär.

Daşoguz welaýatynda şaly oragyna girişildi, Lebap welaýatynda şaly oragyna, Mary welaýatynda gant şugundyryny ýygnamaga başlamak babatda degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Mundan başga-da, bilim we medeniýet ulgamlarynyň binalarynyň, jemgyýetçilik desgalarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlarynyň gyş möwsümine taýýarlanylyşy, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyklaryň barşy barada hasabatlar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi hem-de bugdaý ekişiniň bellenen agrotehniki möhletlerde geçirilmeginiň, ýetişdirilen pagta hasylynyň gysga wagtda we ýitgisiz ýygnalyp alynmagynyň berk gözegçiliginiň üpjün edilmegine degişli birnäçe tabşyryklary berdi. Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz gök-bakja we beýleki azyklyk oba hojalyk ekinleriniň ýetişdirilen hasylynyň öz wagtynda ýygnalyp alynmagyny, geljek ýylyň hasyly üçin ekiş geçirilen ýerlerde ideg işleriniň talabalaýyk ýola goýulmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.

Şeýle hem şu ýylda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça tabşyryklar berildi.

4-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň dokuz aýynda alyp baran işleriniň jemlerine garaldy. Şeýle-de mejlisiň gün tertibine Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň howpsuzlygyny, asudalygyny üpjün etmegiň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň, olaryň işini kämilleşdirmegiň meseleleri girizildi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Garaşsyz döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna berk eýerip, dünýäniň ýurtlary we halklary bilen dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny alyp barýandygyny nygtady. Şoňa görä-de, Türkmenistanyň Harby doktrinasy diňe goranyş häsiýetine eýedir. Biz Harby doktrinamyzyň talaplaryna laýyklykda, harby we hukuk goraýjy edaralaryň düzümini hem-de işini mundan beýläk-de yzygiderli kämilleşdireris. Ýurdumyzyň goranmak ukybyny has-da berkideris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Şunuň bilen birlikde, Watan goragçylarynyň we olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş, gulluk, iş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak boýunça meýilnamalaýyn işler dowam etdiriler.

Şol gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Gismat Gozalowy kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Diplomat döwlet Baştutanymyza Prezident Ilham Aliýewiň mähirli salamyny we Azerbaýjanyň iki goňşy ýurduň hem-de halkyň bähbidine laýyk gelýän däp bolan döwletara dialoga ygrarlydygyny tassyklaýan sözlerini ýetirdi. Şeýle hem ilçi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent adyň dakylmagy bilen tüýs ýürekden gutlap, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Döwlet Baştutanymyz Azerbaýjanyň doly ygtyýarly wekilini jogapkärli diplomatik wezipä bellenmegi bilen gutlap, Azerbaýjanyň Prezidentine iň gowy arzuwlaryny aýdyp, iki ýurduň arasynda ynanyşmaga, özara düşünişmäge esaslanýan gatnaşyklaryň häzirki döwürde dürli ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýändigini belledi. Türkmenistan we Azerbaýjan ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, abraýly halkara hem-de sebit guramalarynyň çäklerinde hem netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Azerbaýjan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Gismat Gozalow däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklaryň täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylyp, mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarow bilen bolan duşuşygynyň barşynda iki Hazarýaka ýurduň döwletara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň wajyp meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk iki ýurduň uly ykdysady kuwwata eýedigi hem-de olaryň uzak möhletleýin netijeli hyzmatdaşlyga taýýardygy esasynda okgunly ösdürilýär. Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ilerledilmeginde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparyna uly orun degişlidir.

5-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda şu ýylyň dokuz aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi we öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwlet Baştutanymyz 2023-nji ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda Mejlis tarapyndan ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça ýerine ýetirilen işler baradaky maglumaty diňläp, milli kanunçylyk-hukuk binýadyny mundan beýläk-de döwrüň talabyna laýyklykda ösdürmegi we döwrebaplaşdyrmagy işjeň alyp barmalydygyny belledi. Munuň özi döwletimiziň syýasy ulgamyny kämilleşdirmekde, ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de pugtalandyrmakda nobatdaky işleri amala aşyrmaga mümkinçilik berer.

Mejlisde bellenilişi ýaly, şu ýylyň dokuz aýynyň dowamynda maksatnamalaýyn çäreleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi netijesinde, jemi içerki önümiň durnukly ösüşi üpjün edildi. Bu görkeziji 6,3 göterime barabar boldy. 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önümiň möçberi 6,3 göterim artdy. Bölek-satuw haryt dolanyşygy, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 9,6 göterim köpeldi. Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 111,7 göterim, çykdajy bölegi 97,8 göterim ýerine ýetirildi. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 9,9 göterim ýokarlandy. Aýlyk zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi 13,3 göterim artdy.

Hormatly Prezidentimiz ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda ýerine ýetirmeli ilkinji nobatdaky birnäçe wezipeleri kesgitläp, ýurdumyzda maliýe ulgamyny döwrebaplaşdyrmagy dowam etdirmegiň möhümdigini nygtady hem-de özara hasaplaşyklar boýunça zerur işleri geçirmegi, salgytlaryň, şol sanda ýerli salgytlaryň doly ýygnalmagyna gözegçilik etmegi tabşyrdy. Şeýle hem geljek ýylyň Döwlet býujetiniň taslamasyny ýene-de bir gezek seljermek, 2024-nji ýyl üçin Maýa goýum maksatnamasyny taýýarlamak hem-de göz öňüne tutulan ýaşaýyş jaýlaryny we şäherçeleri gurmak boýunça degişli işleri çaltlandyrmak wajypdyr.

Hormatly Prezidentimiz nebitgaz toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkidip we häzirki zaman tehnologiýalaryny ulanyp, uglewodorod serişdeleriniň täze gorlaryny açmagyň wajypdygyny nygtady. Ekologik taýdan arassa, ýokary hilli oba hojalyk önümlerini öndürýän döwrebap önümçilikleri döretmegi dowam etdirmek, mallaryň we guşlaryň baş sanyny artdyrmak, tohumçylyk işini ylmy taýdan guramak oba hojalyk toplumynyň işiniň esasy ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi. Ýurdumyzda energetika halkasynyň we Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji ulgamynyň gurluşygyny dowam etdirmek elektroenergetika ulgamynyň möhüm wezipeleriniň hatarynda görkezildi. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi harytlaryň eksportyny giňeltmek üçin zerur işleri geçirmelidir.

Teleradioýaýlymlarda täze programmalary hem-de şowhunly gepleşikleri taýýarlamak, ýurdumyzdaky döwrebap medeniýet merkezlerinde we teatrlarda häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän eserleriň sanyny artdyrmak bilen bagly anyk tabşyryklar berildi. Saglygy goraýyş ulgamyny döwrebaplaşdyrmaga we lukmançylyk ylmynyň öňdebaryjy gazananlaryny tejribä giňden ornaşdyrmaga, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ýakyn gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn üns çekildi. Ýokary hünärli mugallymlar we okuw kitaplary bilen üpjünçilik, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmagy çaltlandyrmak bilim edaralarynyň öňünde goýlan ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi. Sporty ösdürmek, ýurdumyzda dürli sport çärelerini we halkara ýaryşlary geçirmek üçin ähli şertleri döretmek möhümdir. Ýylyň ahyryna çenli geçiriljek iri halkara çärelere, resmi we döwlet saparlaryna, halkara maslahatlara hem-de Garaşsyz döwletimiziň Bitaraplyk baýramyna talabalaýyk taýýarlyk görmek zerurdyr.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda ýolagçy we ýük dolanyşygyny yzygiderli ösdürmek, demir ýol ulgamynyň geçirijilik ukybyny artdyrmak boýunça meselelere ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda 10-njy oktýabrda bellenilýän Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň baýramy mynasybetli ulgamyň işgärlerini tüýs ýürekden gutlap, olara berk jan saglyk, uzak ömür, ynsan saglygyny goramak ýaly örän jogapkärli we asylly işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

5-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Halkara sergiler býurosynyň Baş sekretary Dimitri Kerkentzesi kabul etdi.

Taraplar Halkara sergiler býurosynyň goldaw bermeginde guralýan sergi-ýarmarka işleri ulgamynda özara hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary, şeýle hem bu ulgamyň öňdebaryjy tejribelerini öwrenmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, geljekde Türkmenistanda halkara ähmiýetli we ählumumy ösüşe gönükdirilen sergileri guramagyň şertlerine garamak maksat edinilýär.

6-njy oktýabrda — Türkmenistanda 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalarynyň, şeýle hem ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlaryň hasrat bilen ýatlanylýan Hatyra gününde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyndaky hatyra çäresine gatnaşyp, «Ruhy tagzym», «Milletiň ogullary» we «Baky şöhrat» ýadygärliklerine gül desselerini goýdy.

Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, milli parlamentiň deputatlary, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalaryň ýolbaşçylary ýadygärliklere gül desselerini goýdular. Syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, talyplar, paýtagtymyzyň ýaşaýjylary hem olara goşuldylar.

Milli däplere laýyklykda, hatyralamak çäreleri, paýtagtymyzda bolşy ýaly, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda hem geçirilip, wepat bolanlaryň ruhuna aýat-töwirler okaldy, sadakalar berildi.

7-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Döwlet Baştutanymyz, ozaly bilen, hut öz adyndan, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan RF-niň Prezidenti Wladimir Putini doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlady we berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Russiýanyň halkynyň bähbidine alyp barýan ýokary döwlet wezipesinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Dostlukly döwletiň Baştutany mähirli gutlaglar üçin hoşallyk bildirip, däp bolşy ýaly, dostluk hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda guralýan döwletara dialogyň pugtalandyrylmagyna we giňeldilmegine uly goşant goşan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny aýtdy.

Geçen hepdäniň wakalarynyň hatarynda Arkadag şäherindäki Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda «Dialog — parahatçylygyň kepili» ady bilen geçirilen halkara ýaşlar forumyny bellemek bolar. Utgaşykly görnüşde guralan köptaraplaýyn foruma Merkezi Aziýa döwletleriniň ýaşlar syýasaty ulgamyndaky jogapkär ýolbaşçylary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, Hytaý Halk Respublikasyndan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Liwiýadan, Azerbaýjan Respublikasyndan we beýleki ýurtlardan ýaşlar, şeýle hem BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy, Birleşen Milletler Guramasynyň degişli düzümleriniň we agentlikleriniň, şol sanda BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň, Çagalar gaznasynyň, Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň we Ilat gaznasynyň işgärleri gatnaşdylar.

Halkara forumda türkmen tarapyna Bilim ministrliginiň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýaş agzalary, şeýle hem paýtagtymyzdaky ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesiniň mugallymlary we talyplary wekilçilik etdiler. «Parahatçylygyň hatyrasyna ýaşlaryň başlangyçlary: parahatçylygy we durmuş jebisligini üpjün edýän üstünlikli taslamalar we başlangyçlar»; «Howanyň üýtgemegi: ekologiýa durnuklylygy bilen parahatçylygy döretmegiň arasyndaky baglanyşyk»; «Sanly diplomatiýa we parahatçylygy ýola goýmak: parahatçylygy döretmek boýunça oňyn tagallalar üçin tehnologiýalary we durmuş torlaryny peýdalanmak»; «Medeniýet we sungat arkaly parahatçylygy ilerletmek: Merkezi Aziýada ýaşlaryň seslerini bir ýere jemlemek» atly mowzuklar forumyň dowamynda esasy ara alnyp maslahatlaşylan meseleler boldy.

Forumyň çäklerinde Merkezi Aziýa döwletleriniň ýaşlar dialogyny esaslandyrmak boýunça mejlis geçirildi. Onuň işine sebitiň döwletleriniň — Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň ýaşlar syýasaty boýunça edaralarynyň jogapkär ýolbaşçylary we halkara guramalaryň wekilleri gatnaşdylar. Duşuşyga gatnaşyjylar Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlarynyň arasynda dialogyň goldanylmagynda şeýle formatyň döredilmeginiň hem-de ählumumy bähbitleriň halkara giňişlikde ilerledilmegi üçin sebitiň ýaşlarynyň güýjüni bir ýere jemleýän gurşawyň emele getirilmeginiň möhüm ähmiýete eýedigini nygtadylar. Forum tamamlanandan soňra, Merkezi Aziýa döwletleriniň ýaşlar dialogynyň Ähtnamasyna gol çekmek dabarasy boldy.

Umuman, geçen hepdäniň wakalarynda hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy dünýäniň durnukly ykdysadyýetli, ösen demokratik döwletleriniň derejesine çykarmaga, türkmen halkynyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen ähli maksatnamalary mundan beýläk-de üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça täzeçil syýasatynyň baş maksatlary öz aýdyň beýanyny tapdy.

Soňky habarlar
22.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
22.11
Döwlet Baştutanymyz 2025-nji ýylda Türkmenistan boýunça degişli möçberde pagta öndürilmegini üpjün etmegi tabşyrdy
21.11
Baş maksat — Watanymyzyň gülläp ösmegini, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmek
21.11
Türkmenistanyň we Özbegistanyň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
20.11
Garaşsyz Türkmenistan — jebisligiň we abadançylygyň ýurdy
20.11
Türkmenistan — Özbegistan: milli bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlyk
19.11
Watanymyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň rowaçlygynyň bähbidine durnukly ösüş ýoly bilen
18.11
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
18.11
Türkmenistanda Bosniýa we Gersegowinanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
18.11
Ýurdumyzda Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet günleri geçirilýär
top-arrow