Baş sahypa
\
Resmi
\
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary
Resmi
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary
Çap edildi 21.09.2023
1075

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda döredilen täze ilatly ýerlere oba derejesini bermek we olara at dakmak hakynda

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak boýunça giň gerimli özgertmeler durmuşa geçirilýär.

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň çäginde döredilen täze ilatly ýerler hem «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynda» bellenen wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylýandygyna şaýatlyk edýär.

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda täze ilatly ýerleriň döredilendigini göz öňünde tutup, Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň ýaşaýjylarynyň haýyşlaryny we Ahal welaýat häkimliginiň towakganamasyny hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň teklipnamasyny nazara alyp, «Türkmenistanyň dolandyryş-çäk bölünişiginiň meselelerini çözmegiň tertibi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisi karar edýär:

1. Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda döredilen täze ilatly ýerlere oba derejesini bermeli we Köpetdag geňeşliginiň çäginde döredilen oba «Köpetdagyň ýalkymy» adyny, Owadandepe geňeşliginiň çäginde döredilen oba «Nurly zaman» adyny dakmaly hem-de mundan beýläk olary, degişlilikde, «Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Köpetdag geňeşliginiň Köpetdagyň ýalkymy obasy» we «Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Owadandepe geňeşliginiň Nurly zaman obasy» diýip atlandyrmaly.

2. Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Köpetdag geňeşliginiň edara ediş merkezini Köpetdagyň ýalkymy obasyna geçirmeli.

3. Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Owadandepe geňeşliginiň edara ediş merkezini Nurly zaman obasyna geçirmeli.

4. Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi Ahal welaýat häkimligi bilen bilelikde Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Köpetdag geňeşliginiň Köpetdagyň ýalkymy obasynyň hem-de Owadandepe geňeşliginiň Nurly zaman obasynyň dolandyryş çäkleriniň ýazgysyny bellenen tertipde geçirmeli.

5. Türkmenistanyň Mejlisiniň 2010-njy ýylyň 10-njy maýyndaky 112-IV belgili karary bilen tassyklanylan Türkmenistanyň dolandyryş-çäk birlikleriniň Sanawyna degişli üýtgetmeleri girizmeli.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy

D.Gulmanowa.

Aşgabat şäheri, 2023-nji ýylyň 21-nji sentýabry.

Soňky habarlar
22.07
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 14 million 70 müň dollaryndan gowrak boldy
21.07
XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýan Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň agzalaryna
21.07
Türkmenistanyň Prezidenti Belgiýanyň Patyşasyny gutlady
21.07
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
20.07
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak we guramaçylykly geçirmek hakynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Karary
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Komissiýasynyň saýlanan Başlygyny gutlady
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
19.07
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
19.07
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
19.07
Integral mikroshemalaryň topologiýalaryny döwlet belligine almak bilen baglanyşykly hereketleriň amala aşyrylmagy üçin ýygymlary tölemegiň Tertibi tassyklanyldy
top-arrow