Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramçylygyna taýýarlyk görülýän günlerde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça, Gahryman Arkadagymyzyň göreldesine eýerip, paýtagtymyz we Ahal welaýaty boýunça iş saparyny amala aşyrdy hem-de gözegçilik edýän düzümleriniň alyp barýan işleri bilen tanyşdy. Şeýle hem wise-premýer saparyň jemleri boýunça Ahal welaýatynda iş maslahatyny geçirdi.
Wise-premýer Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüne geldi. Bu ýerde döredijilik toparlary, ýurdumyzyň medeniýet işgärleri we sungat ussatlary ata Watanymyzyň Garaşsyzlyk gününi ýokary derejede garşylamak üçin alnyp barylýan giň möçberli taýýarlyk işleri barada aýtdylar.
Iş saparynyň dowamynda wise-premýer Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýine geldi. Bu ýerde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň suratkeşleriniň eserleriniň sergisi geçiriler.
Şanly Garaşsyzlygymyzyň baýramçylygynyň baş bezegi hasaplanýan dabaraly ýörişiň ýokary derejede geçirilmegine zerur üns berilýär. Şunda milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryna degişli ýörişiň bezeg aýratynlyklaryna, olarda ykdysady ösüşi görkezýän gymmatlyklara möhüm orun berilýär. Asylly däbe görä, sungat ussatlary, döredijilik toparlary, şol sanda teatr işgärleri Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününi täze, döwrebap eserler bilen garşylaýarlar. Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda baýramçylyga bagyşlanyp, “Arkaç” atly opera sahnalaşdyryldy.
Soňra wise-premýer Aşgabadyň günorta künjeginde abadanlaşdyryş işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň oturdylan ýerine geldi. Şanly seneler mynasybetli durmuş maksatly binalaryň açylyş dabaralaryny geçirmek asylly däbe öwrüldi. Paýtagtymyzyň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösýän künjegi bolan “Çoganly” ýaşaýyş toplumynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllygynyň hormatyna iki gatly kottej toplumlarynyň açylyş dabaralary geçiriler.
M.Mämmedowa iş saparyny Ahal welaýaty boýunça dowam edip, Gökdepe etrabynyň Owadandepe we Köpetdag geňeşliklerinde ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabaralaryna görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşdy.
Wise-premýer Ahal welaýatynyň Änew şäherindäki medeniýet öýünde paýtagtymyz we Ahal welaýaty boýunça guran iş saparynyň jemlerine bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi. Onda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününi ýokary derejede baýram etmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we ilkinji nobatdaky wezipeler kesgitlenildi.
Wise-premýeriň belleýşi ýaly, ähli baýramçylyk dabaralarynyň baş maksady döwlet ösüşiniň möhüm tapgyryny emele getirýän Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylýan üstünlikleri, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýaýbaňlandyrylan bimöçber özgertmeleriň Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylyşyny wasp etmekden ybaratdyr. Munuň özi häzirki döwrüň möhüm wezipesi bolmak bilen, onuň degişli derejede ýerine ýetirilmegi üçin hemmetaraplaýyn tagalla edilmelidir.
***
Şeýle hem Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça, Gahryman Arkadagymyzyň göreldesine eýerip, Aşgabat şäheri we Mary welaýaty boýunça iş saparyny amala aşyrdy. Wise-premýer ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli döwlet derejesindäki baýramçylyk çärelerine taýýarlyk görlüşi, Mary welaýatynyň etraplarynda ýaýbaňlandyrylan möhüm oba hojalyk işleriniň depgini bilen tanyşdy.
Şu günler ýurdumyzyň ähli künjeklerinde, şol sanda Mary welaýatynda-da Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramyny mynasyp zähmet sowgatlary bilen garşylamagy maksat edinen ildeşlerimiz giň möçberli özgertmeler maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirýärler.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen gurlan Arkadag şäheriniň ýakynynda ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna geldi. Bu ýerde Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli at çapyşyklary geçiriler we belent ruha beslenen aýdym-sazly çykyşlar bilen utgaşykly dabaralar ýaýbaňlandyrylar.
Asyrlar aşyp gelýän däbe görä, at çapyşyklary türkmen halkynyň durmuşynda möhüm orun eýeleýär we olar döwletli tutumlaryň, şanly baýramlaryň baş bezegine öwrülýär. Munuň özi halkymyzyň taryhyň dowamynda döreden, dünýä nusgalyk asylly ýörelgeleriniň häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede dowam etdirilýändiginiň nobatdaky beýanydyr.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň iş sapary Mary welaýatynda dowam etdi. Wise-premýer sebitiň ekerançylyk meýdanlaryna aýlanyp gördi.