Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Türkmenistan Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça Sebit merkezini döretmek baradaky teklip bilen çykyş etdi
Jemgyýet
Türkmenistan Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça Sebit merkezini döretmek baradaky teklip bilen çykyş etdi
Çap edildi 19.09.2023
2763

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Asssambleýasynyň 78-nji mejlisinde çykyş edip, Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça Sebit merkezini döretmekligi teklip etdi.

Döwlet Baştutanymyzyň aýdyşy ýaly, Türkmenistan BMG-niň geljek ýyllar üçin işiniň esasy ugurlarynyň arasynda howa we ekologiýa meselelerini çözmegi möhüm hasaplaýar. Şolaryň hatarynda metan boýunça ählumumy borçnamalar bilen bagly meseleleri aýratyn belleýäris. 

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, biziň ýurdumyzyň Howa boýunça Pariž Ylalaşygyna goşulmagy bilen, 2017-nji ýylda birnäçe degişli milli maksatnamalaryň kabul edilendigini aýtmalydyrys. Metanyň howa ýaýramagynyň ýaramaz netijelerini azaltmak we ýok etmek maksady bilen, umumydöwlet çäreleri ileri tutulyp amala aşyrylýar.

«Şol bir wagtda biz dünýä bileleşiginiň metan babatda ählumumy borçnamany amala aşyrmak boýunça tagallalaryny goldaýarys» – diýip, Arkadagly Serdarymyz belledi.

Hormatly Prezidentimiz öz çykyşynda nygtaýşy ýaly, şunuň bilen baglylykda, ýaňy-ýakynda Türkmenistanda Metan boýunça ählumumy borçnama Türkmenistanyň goşulmagy baradaky meseläni öwrenmäge gönükdirilen, halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek babatdaky Ýol Kartasy tassyklandy. Bu resminama ýakyn wagtda Guramanyň Sekretariatyna iberiler.

Döwlet Baştutanymyzyň aýdyşy ýaly, Birleşen Milletler Guramasynda Merkezi Aziýadaky ekologiýa meselelerine has düýpli we täsirli üns bermek üçin wagt ýetdi. Bu meselelere seredilende belli bir hereketsizligi ýeňip geçmeli we örän uly giňişlikleri eýeleýän, özboluşly tebigy serişdeleri hem-de biologik köpdürlüligi bolan, şol birwagtda düýpli ekologiýa töwekgelçilikleriniň zolagynda ýerleşýän 80 milliona golaý ilatly sebit babatda BMG-niň maksatly ekologiýa strategiýasyny taýýarlamak boýunça belli bir salgyly we anyk çärelere başlamaly.

«Merkezi Aziýanyň ekologiýa meselelerine strategik çemeleşme kabul edilende Türkmenistan möhüm ädim hökmünde ýöriteleşdirilen düzümi – Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça Sebit merkezini döretmek baradaky teklip bilen çykyş edýär. 

Bu Merkez howa meselesi boýunça anyk we ulgamlaýyn işleri alyp barar. Biz bu Merkeziň işlemegi üçin Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda guramaçylyk we tehniki şertleri döretmäge taýýar» – diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy. 

Soňky habarlar
13.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
13.11
M.W.AKMÄMMEDOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
D.G.SÜLEÝMANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
B.A.ANNAÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
N.H.AGAHANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
A.A.KÜRTOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
Bilelikdäki türkmen-pakistan hökümetara toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy
13.11
Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda, N.Atagulyýewa käýinç yglan edildi
12.11
Bitarap Türkmenistanyň netijeli başlangyçlary — parahatçylyk döredijiligiň möhüm şerti
12.11
XIII Türkmen-German Forumy: saglygy goraýşy kämilleşdirmek ugrunda
top-arrow