Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Hormatly Prezidentimiz Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna gatnaşdy
Syýasat habarlary
Hormatly Prezidentimiz Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna gatnaşdy
Çap edildi 14.09.2023
2141

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygyna hem-de Araly halas etmegiň halkara gaznasyny (AHHG) esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Täjigistan Respublikasyna iş sapary bilen ugrady.

Döwlet Baştutanymyzy paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde resmi adamlar ugratdylar.

Howa menzilinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasynyň ýurdumyzdaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Wafo Niýatbekzoda bilen duşuşygynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň däp bolan dostlukly, ynanyşmak häsiýeti nygtaldy. Şol gatnaşyklar ähli ugurlar boýunça okgunly ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň şu saparynyň we Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna hem-de AHHG-niň sammitine gatnaşmagynyň netijeli türkmen-täjik hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de giňeltmäge ýardam etjekdigine, sebitde netijeli we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge saldamly goşant goşjakdygyna ynam bildirildi.

Duşenbe şäheriniň Halkara howa menziline gelende, hormatly Prezidentimizi Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministri Kohir Rasulzada we beýleki resmi adamlar garşyladylar. Howa menzilinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, şeýle hem Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet baýdaklary galdyryldy, Hormat garawuly nyzama düzüldi. Myhmansöýerligiň asylly däbine görä, döwlet Baştutanymyza gül desseleri gowşuryldy.

Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Premýer-ministr Kohir Rasulzada bilen bolan duşuşygynyň barşynda türkmen-täjik gatnaşyklarynyň ýokary derejesi kanagatlanma bilen bellenildi. Şol gatnaşyklar okgunly ösdürilip, ýylsaýyn täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar.

Döwlet Baştutanymyz we Täjigistanyň Hökümetiniň Başlygy ýurtlarymyzyň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändiklerini belläp, Duşenbe şäherinde geçiriljek şu gezekki ýokary derejedäki duşuşyklaryň döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmäge, ony hil taýdan täze derejä çykarmaga kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirdiler. Şol duşuşyklaryň gün tertibine özara gatnaşyklaryň giň meseleleri giriziler.

Şunuň bilen baglylykda, sebit boýunça goňşy döwletler bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmagyň we giňeltmegiň Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny bellemek gerek. Türkmen halkyny şol ýurtlaryň halklary bilen berk dostluk, medeni umumylyk, taryhyň dowamynda emele gelen gatnaşyklar baglanyşdyrýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan we häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän bu döredijilikli, parahatçylyk söýüjilikli strategiýa halkara bileleşigiň ählumumy goldawyna we ykrarnamasyna eýe boldy.

Türkmenistan sebit hyzmatdaşlygynyň meselelerine ähli taraplaryň bähbitlerini nazara almak arkaly, özara hormat goýmak we hoşmeýilli erk-isleg esasynda yzygiderli, sazlaşykly çemeleşmek ugrunda çykyş etmek bilen, bu babatda anyk teklipleri öňe sürýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň ençeme gezek ýokary derejedäki sebit duşuşyklarynyň geçirilýän ýerine öwrülendigini bellemek gerek.

2018-nji ýylyň 24-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda AHHG-niň sammiti geçirildi. 2021-nji ýylyň 6-njy awgustynda bolsa Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň üçünji konsultatiw duşuşygy üstünlikli guraldy. Bäştaraplaýyn forumyň sebitiň ýurtlarynyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda geçirilendigi bellärliklidir. Munuň özi forumyň gün tertibine ençeme meseleleriň girizilendigi we gazanylan möhüm ylalaşyklar bilen birlikde, onuň taryhy ähmiýetini şertlendirdi. Şonda konsultatiw duşuşyklaryň bitewi nyşanyny ulanmak weMerkezi Aziýa döwletleriniň BaştutanlarynyňHormat nyşanyny döretmek barada çözgüt kabul edildi. Forumyň çäklerinde iri halkara çäreleriň birnäçesi, şol sanda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy, ykdysady forum we beýlekiler guraldy. Olar forumyň resmi maksatnamasynyň üstüni ýetirip, dostlukly halklaryň mundan beýläk-de ýakynlaşmagyna goşant boldy.

Sebitiň diňe bir yklym däl, eýsem, ählumumy işlerde-de ornunyň barha artýandygyny nazara almak bilen, Türkmenistanyň netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek, onuň uzak möhletli meýilnamalaryny utgaşykly işläp taýýarlamak boýunça wezipeleri çözmäge toplumlaýyn çemeleşmesi aýratyn derwaýyslyga we ähmiýete eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Duşenbe şäherine şu gezekki iş sapary ýurdumyzyň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda döwletara gatnaşyklary işjeňleşdirmäge, umumy abadançylygy, durnukly ösüşi üpjün etmek maksadynda tagallalary birleşdirmäge mundan beýläk-de ýardam bermäge meýillidigini tassyklaýar.

Döwlet Baştutanymyz Halkara howa menzilinden Hökümet kabulhanasyna tarap ugrady. Bu ýerde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň sammitiniň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen duşuşdy.

Prezident Emomali Rahmon belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Täjigistanda ýene-de kabul edýändigine örän şatdygyny aýtdy hem-de döwlet Baştutanymyzyň bu saparynyň däp bolan döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz täjik kärdeşine ýokary derejeli halkara çärelere gatnaşmak maksady bilen, Duşenbe şäherine gelmäge çakylygy, bildirilen myhmansöýerlik hem-de bilelikde işlemäge döredilen ajaýyp şertler üçin minnetdarlyk bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynyň hem-de Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň netijeleriniň sebitiň ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmäge ýardam etjekdigine ynam bildirildi.

Şunda Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň deňhukuklylyk, özara hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanyp, gadymdan gelýän dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk däplerine daýanýandygy bellenildi. Biziň ýurtlarymyz halkara giňişlikde, abraýly halkara guramalaryň çäklerinde, şeýle hem köptaraplaýyn görnüşde öz hereketlerini üstünlikli utgaşdyrýarlar.

Duşuşygyň ahyrynda Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Emomali Rahmon birek-birege berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işinde üstünlikleri, iki ýurduň halklaryna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdiler.

Soňra hormatly Prezidentimiz «Kasri Millat» köşgüne tarap ugrady. Bu ýerde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygy geçirildi. Şol ýerde belent mertebeli myhmany Prezident Emomali Rahmon mähirli garşylady. Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň Baştutanlary sammite gatnaşyjy ýurtlaryň Döwlet baýdaklarynyň öňünde ýadygärlik surata düşýärler.

Foruma gatnaşmak üçin Duşenbe şäherine Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, şeýle-de hormatly myhman hökmünde Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew hem geldiler.

Gatnaşyjy ýurtlaryň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi bilelikdäki surata düşmek dabarasyndan soňra, giňişleýin görnüşde ýokary derejedäki duşuşyk geçirildi.

Prezident Emomali Rahmon belent mertebeli myhmanlary we wekiliýetleriň agzalaryny täjik topragynda tüýs ýürekden mübärekläp, häzirki wagtda Merkezi Aziýa döwletleriniň syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ulgamlarda özara gatnaşyklaryň durnukly ösüşini görkezýändiklerini aýtdy. Ýurtlarymyz köptaraplaýyn düzümleriň çäklerinde ýakyn ýa-da meňzeş garaýyşlar bilen çykyş edýärler, halkara we sebit guramalarynda birek-biregi goldaýarlar.

Täjik Lideri taryhyň dowamynda kemala gelen gatnaşyklaryň esasynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmegi umumy wajyp wezipeleriň hatarynda görkezip hem-de duşuşygyň gün tertibini yglan edip, şu günki sammite türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň çagyrylandygyny, oňa sebitde parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga, döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmäge ägirt uly şahsy goşandy üçin Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormat nyşanynyň gowşuryljakdygyny belledi.

Soňra Täjigistanyň Prezidenti dostlukly döwletleriň Baştutanlaryna söz berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow çykyşynyň başynda konsultatiw duşuşyga gatnaşyjylara ýüzlenip, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmona myhmansöýerlik we bilelikde netijeli işlemek üçin döredilen ajaýyp şertler üçin minnetdarlyk bildirdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz sammite hormatly myhman hökmünde gatnaşýan Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewi mübärekledi.

Türkmenistan halklarymyzyň bähbitlerine dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk ýagdaýyny saklamagyň we netijeli sebit hyzmatdaşlygynyň kepili boljak döwletara gural hökmünde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň formatyna örän möhüm ähmiýet berýär diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady. Şu günki duşuşygyň barşynda syýasy gatnaşyklary pugtalandyrmak, durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmek, ynsanperwer gatnaşyklary çuňlaşdyrmak, sebit howpsuzlygynyň wehimlerine we howplaryna garşy bilelikde garşy durmak maksady bilen, hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar.

Gürrüňsiz, biz öz öňümizde anyk maksatlary goýup, olara ýetmegiň esasy şertiniň sebitimizde özara hormat goýmaga, bähbitleri nazara almaga, halkara hukugyň ykrar edilen kadalaryna hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasyna eýermäge esaslanýan pugta we uzak möhletli parahatçylykdan, howpsuzlykdan, durnuklylykdan ybaratdygyndan ugur alýarys.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şular barada aýtmak bilen, bu babatda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2022-nji ýylyň 28-nji iýulyndaky Kararnamasynyň aýratyn ähmiýetini belledi. Bu Kararnama Merkezi Aziýany parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy hökmünde yglan edýär. Biz bu resminamanyň kabul edilmegine sebitimizde özara düşünişmek ýagdaýyny we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň, Merkezi Aziýanyň ykdysady, ekologik, ynsanperwer wezipelerini çözmek, Durnukly ösüş maksatlaryny ýerine ýetirmek üçin ony pugta parahatçylygyň, howpsuzlygyň giňişligine öwürmegiň ýolunda möhüm ädim hökmünde garaýarys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Biziň ýurdumyz BMG-niň Baş Assambleýasynyň öňümizdäki 78-nji sessiýasynyň barşynda-da bu ugurdaky işleri işjeň dowam etdirer. Biz dünýä bileleşiginiň garamagyna birnäçe başlangyçlary, şol sanda sebitimizi ösdürmek bilen gönüden-göni bagly başlangyçlary teklip etmegi göz öňünde tutýarys. Hususan-da, birinjiden, BMG-niň howandarlygynda Merkezi Aziýada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk boýunça dialog maslahatyny döretmek teklip edilýär. Onuň maksady sebitimizde durnukly, gapma-garşylyksyz ösüşi üpjün etmek işinde sebitiň ýurtlarynyň tagallalarynyň ýakynlaşmagyna we utgaşdyrylmagyna gönükdirilen çemeleşmeleridir çözgütleri işläp taýýarlamakdan ybaratdyr. Türkmen tarapy şeýle dialogyň ilkinji mejlisini 2024-nji ýylda geçirmäge taýýardyr.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň beýleki başlangyçlarynyň hatarynda BMG-niň degişli edaralary bilen BMG-niň Aral deňziniň sebiti üçin Ýörite maksatnamasynyň oňaýly formatyny we düzümini kesgitlemek boýunça maslahatlaşmalary geçirip başlamak, ýöriteleşdirilen düzümi — Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek baradaky teklipleri görkezdi. Türkmenistan bu merkezi Aşgabatda ýerleşdirmek üçin ähli zerur bolan düzümi hödürlemäge taýýardyr.

Ýurtlarymyzyň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek we özara haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak örän möhüm wezipe bolup durýar. Bu babatda örän anyklyk we täsirli çäreler zerur diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan Merkezi Aziýa Söwda edarasyny döretmek meselesine garamagy teklip edýär. Onuň işiniň many-mazmuny we maksady söwdany ösdürmekde bilelikdäki ädimleri utgaşdyrmakdan, Merkezi Aziýa bazarynyň geljekki ykdysady subýektleriniň ählisiniň täjirçilik bähbitlerini üpjün etmekden, iri sebit taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin maýa goýumlary çekmekden ybaratdyr.

Merkezi Aziýada döwletleriň bähbitleriniňdir maksatlarynyň ygtybarly üpjün edilmegi we durmuşa geçirilmegi zerur bolup durýan ýene bir ulgam innowasiýalar hem-de täze tehnologiýalar bilen baglanyşyklydyr. Biz bu ulgamda yzagalaklyga ýol berip bilmeris diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Biziň ýurtlarymyzda innowasion ösüşiň uly kuwwaty, oňat ylmy mekdepler we tehnologik tejribeler bar. Bu artykmaçlyklary birleşdirmek, tejribe, bilimleri alyşmagy ýola goýmak, bilelikde daşary ýurtlaryň öňdebaryjy tejribesini öwrenmek we ornaşdyrmak, innowasion bilimleri ösdürmek üçin has oňaýly şertleri üpjün etmek, ýaşlaryň döredijilik başlangyjyny höweslendirmek zerur bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz häzirki wagtda sebitiň döwletleriniň ykdysadyýetlerine aýdyň innowasion häsiýet bermegiň hem-de sanly ulgamy ösdürmegiň örän möhüm wezipedigini belledi. Bu işleri bilelikde ýerine ýetirmek zerurdyr. Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň täze tehnologiýalar boýunça Geňeşini döretmek teklip edilýär. Şol geňeş bu ugurdaky bilelikdäki tagallalary utgaşdyrar. Şeýle geňeş biziň döwletlerimiziň täze tehnologiýalar boýunça birleşen strategiýasyny döretmek babatda esasy merkeziň wezipelerini öz üstüne alyp bilerdi, degişli maslahatlar bilen çykyş edip, anyk teklipleri taýýarlap bilerdi.

Energetika Merkezi Aziýa döwletleriniň ykdysadyýetiniň beýleki bir esasy ugry bolup durýar. Häzirki wagtda sebitiň içindäki islegleri kanagatlandyrmaga, halkara üstaşyr geçelgeler arkaly dünýä bazarlaryna çykmaga gönükdirilen durnukly energetika hyzmatdaşlygy üçin syýasy-hukuk we ykdysady şertleri döretmek prosesiniň bolup geçýändigi äşgärdir diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy. Türkmenistan özüniň tebigy gazyny we elektrik energiýasyny Merkezi Aziýa ýurtlaryna, olaryň çäginiň üsti bilen daşarky bazarlara özara bähbitli şertlerde ibermäge taýýardyr. Bu teklibe biziň döwletlerimiziň arasynda uzak möhletli gatnaşyklary ýola goýmak nukdaýnazaryndan garamak mümkin diýip hasaplaýarys. Şunuň bilen baglylykda, bäştaraplaýyn gatnaşyklaryň täze görnüşini — Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Energetika dialogyny döretmek maksadalaýyk hasaplanýar diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Ulag ulgamy hyzmatdaşlygyň strategik ugry bolupdy we şeýle bolmagynda-da galýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz umumy tagallalar arkaly Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda, şeýle-de Ýewraziýa kontinentiniň beýleki sebitleri bilen ýük we ýolagçy gatnawlary üçin amatly şertleriň döredilýändigini nygtady. Şoňa görä-de, Merkezi Aziýa ulag-logistika platformasyny işe girizmek mümkinçiligine garamak teklip edilýär. Onuň esasy wezipesi sebitde ulag merkezlerini döretmek, täze üstaşyr geçelgeleri kemala getirmek we häzir bar bolanlarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, biziň döwletlerimiziň çäginden geçýän halkara ulag ýollarynyň ugrunda gümrük, migrasiýa we beýleki işleri kadalaşdyrmak, sazlaşdyrmak meselelerine garamak bilen bagly bolup bilerdi.

Ýokarda agzalan ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ykdysady ösüşe kuwwatly itergi berjekdigine, giň sebitiçi we halkara derejede ýakynlaşmak üçin Merkezi Aziýada şertleri kemala getirmäge oňaýly mümkinçilikleri döretjekdigine ynanýaryn diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow belledi.

Medeni-ynsanperwer meselelerde netijeli gatnaşyklar sebitiň sazlaşykly ösmeginiň we onuň mundan beýläk-de rowaçlanmagynyň girewi bolup durýar. Bu gün döredijilik intelligensiýasynyň wekilleriniň bilelikdäki duşuşyklaryny, ylmy maslahatlary, sergileri we beýleki çäreleri üstünlikli geçirmegiň okgunly ösüşi, oňyn tejribesi barada kanagatlanma bilen aýtmak bolar. Bu ugurda mundan beýläk-de öňe gitmek, gatnaşyklaryň täze usullarynydyr görnüşlerini gözlemek gerek. Hut şu maksatlar bilen, bäşinji sammitiň çäklerinde zenanlar, ýaşlar, medeni we ylym-bilim forumlary geçirilýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de olaryň netijeleriniň döwletlerimiziň arasynda medeni-ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygyň kuwwatyny artdyrmak üçin ygtybarly esasa öwrüljekdigine ynam bildirdi.

Şu gün gyzyklanma bildirilýän, netijeli we düýpli pikir alyşmalar geçirilýär, peýdaly, çuň manyly tekliplerdir başlangyçlar öňe sürülýär. Munuň özi biziň döwletlerimiziň bilelikde guwandyryjy netijeleri gazanmak babatdaky syýasy erk-islegini, meýillerini, aýgytlylygyny aýdyňlyk bilen görkezýär. Bu bolsa biziň halklarymyzyň jana-jan bähbitlerine doly laýyk gelýär diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady.

Döwlet Baştutanymyz sözüniň ahyrynda ýurdumyzyň Merkezi Aziýa döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge we çuňlaşdyrmaga taýýardygyny ýene-de bir gezek tassyklap, daşary ýurtly kärdeşlerine we wekiliýetleriň agzalaryna netijeli işleri üçin minnetdarlyk bildirdi.

Duşuşygyň barşynda dostlukly döwletleriň Baştutanlarynyň çykyşlarynda konsultatiw duşuşyklaryň görnüşiniň özüniň netijeliligini tassyklandygy bellenildi. Munuň özi ynanyşmak we özara düşünişmek ýagdaýynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemäge mümkinçilik berýär. Bu bolsa sebitiň okgunly ösüşiniň möhüm şerti bolup durýar. Bellenilişi ýaly, sebit hyzmatdaşlygynyň uly tejribesi toplandy. Soňky ýyllarda bu hyzmatdaşlyk täze many-mazmun bilen baýlaşdyryldy. Şunuň bilen baglylykda, birnäçe oňyn teklipler beýan edildi. Şeýle hem sebitiň ýurtlarynyň we halklarynyň arasynda dostlugyň, hoşniýetli goňşuçylygyň çuňňur taryhy däpleriniň bardygyna aýratyn üns çekildi. Munuň özi gatnaşyklaryň ähli ugurlary boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek üçin oňat esas bolup hyzmat edýär.

Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynyň jemleri boýunça Bilelikdäki Beýannama kabul edildi. Onda taraplaryň giň gerimli hyzmatdaşlyga taýýardygy tassyklanylýar. Mundan başga-da, sammitiň çäklerinde Merkezi Aziýada ýerüsti ulaglaryň özara baglanyşygyny pugtalandyrmak hakynda Ylalaşyga, Merkezi Aziýa döwletleriniň ulag ministrleriniň birinji duşuşygynyň Duşenbe Beýannamasyna, Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda ýaşlar syýasatynyň umumy ugurlary hakynda Ylalaşyga gol çekildi, şeýle hem Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň işleri boýunça milli utgaşdyryjy geňeşi hakynda Düzgünnama kabul edildi.

Konsultatiw duşuşyk tamamlanandan soňra, täjik Lideriniň çakylygy boýunça Duşenbe şäherinde iş sapary bilen bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormat nyşany bilen sylaglamak dabarasy boldy.

Gahryman Arkadagymyz bu ýokary sylaga Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda dostlugy, hoşniýetliligi, özara düşünişmegi, hyzmatdaşlygy ösdürmekde, sebitde parahatçylygy, howpsuzlygy berkitmekde, ýurtlarymyzyň bilelikdäki bähbitlerinidir başlangyçlaryny halkara giňişlikde ösdürmekde bitiren ajaýyp hyzmatlary üçin mynasyp boldy.

Sylaglamak dabarasy tamamlanandan soňra, döwlet Baştutanlary «Kohi Borbad» döwlet toplumyna tarap ugradylar. Bu ýerde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sungat ussatlarynyň «Dostluk agşamy» atly konserti boldy. Ählumumy parahatçylygyň we abadançylygyň bähbidine dost-doganlyk, ylalaşyklylyk mowzugy uly aýdym-saz baýramçylygynyň esasyny düzdi. Konsertiň maksatnamasynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň wekilleriniň halk we häzirki zaman sungatynyň baýlygy, özboluşlylygy hem-de köpöwüşginliligi, täze döwrüň ýörelgeleri bilen sazlaşykda däp-dessurlaryň dowamatlylygy öz beýanyny tapdy.

Sazandalar, aýdymçylar, tansçylar, döredijilik toparlary öz çykyşlarynda ussatlyklaryny hem-de zehinini görkezdiler. Konsertiň köpöwüşginliligi sungatyň birleşdiriji, döredijilikli güýjüniň aýdyň beýanyna öwrüldi. Çünki hut medeni gatnaşyklar halklara birek-biregi ýakyndan tanamaga, düşünişmäge, dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam edýär.

Tomaşaçylar türkmen artistleriniň ussatlygyna we zehinine mynasyp baha berip, olaryň çykyşlaryny şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar. Konsertde Gahryman Arkadagymyzyň döreden ajaýyp aýdymlarynyň biri hem ýaňlandy. Bu aýdym ýakymly owazy we çuň manyly sözleri bilen ýatdan çykmajak täsir galdyryp, hemmeler tarapyndan ruhubelentlik bilen garşylanyldy. «Küştdepdi» tansy ildeşlerimiziň çykyşynyň özboluşly bezegine öwrüldi. Türkmenistanda bu tans her bir baýramçylykda ruhubelentlik bilen ýerine ýetirilýär. Häzirki wagtda milletiň medeni baýlygy bolup durýan hem-de ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen bu gadymy aýdym we tans dessury häzirki döwrüň ruhuna laýyklykda täze many-mazmuna eýe bolýar.

Konsert tamamlanandan soňra, döwlet Baştutanlary Halkara sergi merkezine tarap ugradylar. Bu ýerde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň önüm öndürijileriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy.

Giň gerimli sergi esasy pudaklaryň ykdysady ösüşini we kuwwatyny, işewür toparlaryň netijeli işini, sebitdäki giň gerimli özgertmeleri aýdyňlyk bilen görkezýär. Şunuň bilen birlikde, sergi döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek we geljegi nazara almak arkaly, onuň netijeli gurallaryny döretmek, dürli ulgamlarda özara tejribe alyşmak, işewürleriň duşuşyklarynydyr gepleşiklerini geçirmek üçin açyk meýdança öwrülmelidir.

Türkmenistanyň hödürlän sergisi ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynda, şol sanda hususy ulgamda gazanylan üstünlikler, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmek, maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin bar bolan mümkinçilikler bilen ýakyndan tanyşmaga şert döredýär. Bularyň ählisi sergide ornaşdyrylan monitorlaryň ekranlarynda görkezilýän wideoşekillerde aýdyň beýanyny tapýar.

Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän ykdysady strategiýa, amala aşyrylýan toplumlaýyn özgertmeler ýurdumyzyň innowasion ösüşine, senagatlaşdyrmaga, pudaklaýyn düzümi düýpli döwrebaplaşdyrmaga, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmaga gönükdirilendir. Şunda hususy ulgamy höweslendirmäge hem-de goldamaga uly ähmiýet berilýär. Döwrebap bazar gatnaşykly ýokary netijeli ykdysadyýeti tapgyrlaýyn döretmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi ösdürmek, ýurdumyzyň eksport kuwwatyny artdyrmak, durnukly ösüş depginlerini üpjün etmegiň möhüm şerti hökmünde sanly ulgamy ornaşdyrmak wezipeleri ileri tutulýar.

Türkmenistanyň sergi bölüminde halk hojalygynyň esasy pudaklarynyň, şol sanda ýangyç-energetika pudagynyň, ýokary hilli nebit önümlerini, polietilen, polipropilen we beýleki önümleri öndürýän nebitgazhimiýa senagatynyň önümleri görkezilýär. Şeýle hem bu ýerde dokma we ýeňil senagatyň dürli önümleri, aýna önümleri, gurluşyk serişdeleriniň köp görnüşleri bar. Milli ykdysadyýetiň sanlylaşdyrylmagy ýurdumyzyň elektron senagatynyň ösmegine ýardam edýär. Onuň önümleriniň nusgalary — kompýuter tehnikasy, Wi-Fi routerleri, LED lampalar we beýleki önümler hem Türkmenistanyň pawilýonynda görkezilýär.

Ýurdumyzyň sergi bölüminde meşhur türkmen halylary aýratyn orun eýeleýär. Halkymyzyň ruhy özboluşlylygynyň çeper beýany, onuň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolmak bilen, zehinli türkmen halyçylary tarapyndan döredilen önümler gözelligi we ýokary hilliligi bilen tutuş dünýäde uly baha mynasyp bolýar hem-de şan-şöhrat gazanýar. Asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan halyçylygyň täsin milli däpleri aýawly saklanylýar we nesilden-nesle geçirilýär. Sergide görkezilýän el halylarynyň hatarynda ajaýyp ýüpek halylar hem bar.

Türkmenistanyň pawilýonynyň aýratyn bölümi ýurdumyzyň ulag-logistika kuwwatyna bagyşlanýar. Bu ýerde Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň şekili görkezilýär. Portuň öňdebaryjy düzümi sebit we yklym derejesinde deňiz, multimodal ýük daşamalary üçin giň mümkinçilikleri döredýär. Häzirki wagtda çäk taýdan amatly ýerleşmegi hem-de durmuşa geçirýän oňyn daşary syýasaty netijesinde, Türkmenistan sebitiň möhüm üstaşyr ulag, iri logistika merkezine öwrülýär.

Döwlet Baştutanlary sergi bilen tanşyp, onuň guralyşyna ýokary baha berdiler we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň özara bähbitli hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek we diwersifikasiýalaşdyrmak üçin ägirt uly kuwwatyň, mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.

Dostlukly döwletleriň Baştutanlary Halkara sergi merkezinden çykyp, açyk meýdançada goýlan, sebitiň ýurtlarynda çykarylýan oba hojalyk, awtoulag we beýleki ýöriteleşdirilen tehnikalaryň nusgalaryny synladylar.

Belent mertebeli myhmanlaryň hormatyna Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň adyndan «Kohi Istiklol» köşgünde resmi kabul edişlik guraldy.

Hormatly Prezidentimiziň Täjigistan Respublikasyna iş sapary dowam edýär.

***

Şu günler Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde sebitiň ýurtlarynyň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda birnäçe ugurdaş çäreler geçirilýär.

13-nji sentýabrda — sammitleriň öňüsyrasynda täjik paýtagtynda Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisi geçirilip, Duşenbedäki ýokary derejeli duşuşyklaryň gün tertibiniň esasy meselelerine aýratyn üns berildi. Sebitiň ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary sammitleriň jemleýji resminamalarynyň taslamalaryna garadylar, şeýle hem köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary, şol sanda möhüm halkara we sebit meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Mejlisiň barşynda Merkezi Aziýada parahatçylygy, durnuklylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagynyň bilelikdäki tagallalaryň netijesi bolandygy nygtaldy.

Şol gün Türkmenistanyň wekiliýeti Merkezi Aziýa döwletleriniň ulag ministrleriniň birinji duşuşygyna hem gatnaşdy. Duşuşygyň barşynda ulag-logistika ulgamynda sebitiň kuwwatyny mundan beýläk-de artdyrmagyň we ondan netijeli peýdalanmagyň zerurdygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň bu strategik ugurda döwletara hyzmatdaşlyk meselelerinde işjeň orny eýeleýändigi nygtaldy. Foruma gatnaşyjylar sebitiň döwletleriniň ulag-kommunikasiýa ulgamyndaky hyzmatdaşlygyny hemmetaraplaýyn ösdürmegiň möhümdigini aýtdylar. Munuň üçin uly mümkinçilikler bar. Bäştaraplaýyn duşuşygyň netijeleri boýunça Duşenbe Beýannamasy kabul edildi, şeýle hem Merkezi Aziýada ýerüsti ulaglaryň özara baglanyşygyny pugtalandyrmak hakynda Ylalaşygyň taslamasy makullanyldy.

Ugurdaş çäreleriň maksatnamasy ýokary bilim, ylym, ýaşlar syýasaty, meýletinçiler hereketi, sport ugurlary boýunça birnäçe çäreleri hem öz içine aldy. Türkmenistan bu ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek ugrunda çykyş edip, anyk teklipleri öňe sürýär.

Sebitiň ýurtlarynyň türgenleriniň arasynda suwda ýüzmek boýunça Duşenbe şäherinde geçirilýän halkara ýaryşda Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalarynyň üstünlikli çykyş edendigini bellemek gerek. Olar ýaryşlarda baýrakly orunlara mynasyp boldular. Türgenlerimiz ýaryşlaryň iki gününiň dowamynda dürli aralyga suwda ýüzmekde 1 altyn, 4 kümüş we 3 bürünç medal gazanmagy başardylar.

Ýurdumyzyň wekiliýeti Duşenbe şäherinde geçirilýän Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň duşuşygyna hem gatnaşýar. Mälim bolşy ýaly, sebitiň taryhynda ilkinji şeýle düzüm 2020-nji ýylyň dekabrynda Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň wekilleri tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň goldaw bermeginde döredildi.

Duşuşygyň esasy meselesi döwletara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda, durmuş-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmekde zenanlaryň orny bilen baglanyşykly boldy. Gün tertibine zenanlaryň döwlet we jemgyýetçilik işine gatnaşmaklary, özgertmeleriň amala aşyrylmagy, şol sanda gender deňligini üpjün etmek, zenanlaryň hukuklaryny we bähbitlerini goramak boýunça özgertmeleri durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleler hem girizildi.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň gender syýasaty ulgamynda anyk maksatlara gönükdirilen wezipeleri çözmäge jogapkärçilikli çemeleşip, bu ulgamda BMG we beýleki halkara guramalar bilen netijeli gatnaşyk edýändigini bellemek gerek. Ýurdumyzda zenanlara hemmetaraplaýyn goldaw berilýär. Degişli milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça netijeli çäreler görüldi. Türkmen zenanlary döwlet häkimiýetiniň düzümlerinde, milli parlamentde giňden wekilçilik edýärler, daşary syýasy işe işjeň gatnaşýarlar, dürli ulgamlarda we pudaklarda üstünlikli işleýärler, telekeçilik bilen meşgullanýarlar. Duşuşyga gatnaşýan zenanlar sebitiň ýurtlarynyň zenanlarynyň döredijilik we parahatçylyk döredijilik kuwwatyndan has doly peýdalanmak üçin tagallalary birleşdirmegiň möhümdigini belläp, olaryň umumy abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli döwletara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga mundan beýläk-de ýardam bermäge çalyşýandyklaryny nygtadylar.

Täjik paýtagtynda «Sanly ykdysadyýet, elektron söwda we innowasiýalar» mowzugy boýunça guralan ykdysady forumda Merkezi Aziýa döwletleriniň dürli pudaklarda özara gatnaşyklarynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Foruma Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri hem gatnaşdylar. Geçirilen pikir alyşmalar özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ugurlarynyň giň meselelerini öz içine aldy. Dürli derejede ugurdaş gatnaşyklary ösdürmegiň ýollary anyklaşdyryldy, täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerine garaldy. Bellenilişi ýaly, Merkezi Aziýa döwletleri gatnaşyklaryň uly we köpugurly kuwwatyna eýedir, onuň şertnama-hukuk binýady yzygiderli berkidilýär hem-de üsti ýetirilýär.

Şunuň bilen baglylykda, häzirki döwürde we geljek üçin ykdysady hyzmatdaşlygyň wajyp wezipelerini beýan edýän şu forumyň ähmiýeti nygtaldy. Maýa goýum işini höweslendirmek, sebitiň ýurtlarynyň dünýäniň hojalyk gatnaşyklarynyň ählumumy ulgamyna goşulyşmagy möhüm meseleleriň hatarynda görkezildi. Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda haryt dolanyşygyny artdyrmaga, munuň üçin amatly şertleri döretmäge, şol sanda ulag-logistika ulgamyny ösdürmäge aýratyn üns berildi. Ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalary tejribe alyşmak we sanly ykdysadyýet ulgamynda, sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek, elektron hökümet ulgamyny, innowasiýalary ornaşdyrmak meseleleri boýunça pikir alyşmalara gatnaşdylar.

Türkmenistan sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmäge saldamly goşant goşup, biziň döwletlerimiziň bäsdeşlik artykmaçlyklaryndan — çäk taýdan amatly ýerleşmeginden, baý serişde, çig mal, önümçilik we intellektual kuwwatyndan, toplumlaýyn düzümden has netijeli peýdalanmak ugrunda çykyş edýär. Bularyň ählisi uzak möhletli daşarky maýa goýumlar üçin Merkezi Aziýanyň özüne çekijiligini artdyrýar, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin mümkinçilikleri açýar. Ykdysady forumyň çäklerinde Arkadag şäheriniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy.

Sammitlere gabatlanan çäreleriň maksatnamasynda Duşenbäniň Halkara sergi merkezinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň önüm öndürijileriniň giň gerimli sergisi, Täjigistanyň Milli muzeýinde guralan sebitiň ýurtlarynyň suratkeşleriniň sergisi hem bar.

Täjigistanyň paýtagty Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli tagamlarynyň festiwalynyň geçirilýän ýerine öwrüldi. Gündogaryň halklary hemişe myhmansöýerligi bilen meşhur bolupdyr. Islendik halkyň medeniýeti bilen tanyşlyk milli özboluşlylygyň aýdyň ýüze çykmasy hökmünde onuň aşhanasy bilen tanyşlyk arkaly amala aşyrylýar. Şoňa görä-de, festiwal sebitiň halklarynyň tagamlary taýýarlamak sungatyny görkezmek bilen çäklenmän, eýsem, döwletara medeni gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam etmäge-de hem gönükdirilendir.

Türkmen halky tagamlary taýýarlamagyň nesilden-nesle geçirilip gelinýän baý däplerine eýedir. Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen neşir edilen «Bereketli türkmen saçagy» atly kitap köp asyrlaryň dowamynda kemala gelen bu ajaýyp sungata bagyşlanýar. Tagamlary taýýarlamagyň ýüzlerçe usulyny öz içine alýan bu milli sungat türkmen halkynyň özboluşly medeniýetiniň möhüm bölegi bolup durýar. Onda halkymyzyň däpleri we baýramçylyk dessurlary, ýurdumyzyň dürli sebitlerinde tagamlary taýýarlamagyň aýratynlyklary öz beýanyny tapýar.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary täjik kärdeşleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary hem geçirdiler. Olarda dürli ulgamlarda hyzmatdaşlyk etmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Soňky habarlar
26.11
«Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
26.11
«Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumyna gatnaşyjylara
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň wekillerini kabul etdi
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň senatoryny kabul etdi
25.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy iş maslahatyny geçirdi
25.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň iş maslahatyndaky çykyşy
25.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy BAE-niň wekilleri bilen duşuşdy
25.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy bilen telefon arkaly söhbetdeşligi
top-arrow