Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Syýasat habarlary
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Çap edildi 28.08.2023
989

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda ýerine ýetirilýän işleriň barşyna seredildi.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýewe söz berildi. Häkim welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda pagta ýygymyny üstünlikli geçirmek üçin welaýatda pagta arassalaýjy kärhanalary, harmanhanalary we pagta ýygyjy kombaýnlary ýygym möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Şunuň bilen bir hatarda, geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekiljek meýdanlarda sürüm we tekizleýiş işleri geçirilýär, ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny, şeýle hem ýokary hilli tohumlary möwsüme taýýarlamak boýunça zerur çäreler görülýär. Welaýatda güýzlük ýeralma we beýleki azyklyk oba hojalyk ekinlerine agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda degişli ideg işleri ýerine ýetirilýär.

Mundan başga-da, häkim Bilimler we talyp ýaşlar güni, şeýle hem ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramy mynasybetli welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän durmuş maksatly binalar barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi hem-de welaýatyň bugdaý ekiljek ýerlerini ekişe taýýarlamak, daýhanlary ýokary hilli bugdaý tohumlary bilen üpjün etmek, pagta ýygymy möwsümini guramaçylykly geçirmek boýunça ýerine ýetirilýän işleri berk gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy.

Şeýle hem häkime täze okuw ýyly mynasybetli welaýatda ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilen binalaryň we desgalaryň açylyş dabaralarynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek tabşyryldy.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatyň oba hojalyk meýdanlarynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekiljek meýdanlarda sürüm we tekizleýiş işleri alnyp barylýar. Ekişde ulanyljak tehnikalary we ýokary hilli tohumlary möwsüme taýýarlamak boýunça zerur çäreler görülýär.

Şunuň bilen bir hatarda, pagta ýygymy möwsümine taýýarlyk görmegiň çäklerinde degişli işler ýerine ýetirilýär. Hususan-da, pagta arassalaýjy kärhanalary, kabul ediş harmanhanalary, kombaýnlary möwsüme taýýarlamak işleri dowam edýär. Güýzlük ýeralma, gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinleri ekilen meýdanlarda, agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, degişli ideg işleri alnyp barylýar.

Mundan başga-da, häkim ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramy mynasybetli welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän binalardaky we desgalardaky işler hem-de täze okuw ýylyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary hilli we bellenen agrotehniki möhletlerde geçirilmeginiň zerur talap bolup durýandygyny belledi hem-de bugdaý ekiljek ýerleriň talabalaýyk taýýarlanylmagyny hem-de gallaçy daýhanlaryň ýokary hilli bugdaý tohumlary bilen üpjün edilmegini, pagta ýygymynyň guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli welaýatda açylyp ulanylmaga berilmegi göz öňünde tutulýan durmuş maksatly binalaryň açylyş dabaralaryny guramaçylykly geçirmek babatda häkime anyk görkezmeleri berdi.

Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradowyň hasabaty bilen dowam etdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, welaýatyň ekin meýdanlarynda geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekiljek ýerlerde sürüm we tekizleýiş işlerini talabalaýyk geçirmek hem-de ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny taýýarlamak, ekerançylary ýokary hilli bugdaý tohumlary bilen üpjün etmek boýunça degişli işler dowam edýär. Şaly meýdanlarynda ideg işleri agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ýerine ýetirilýär.

Şunuň bilen bir hatarda, ýetişdirilen pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak hem-de bökdençsiz kabul etmek üçin pagta arassalaýjy kärhanalar, harmanhanalar we kombaýnlar, beýleki oba hojalyk tehnikalary pagta ýygymy möwsümine taýýar edildi.

Gök-bakja we beýleki azyklyk oba hojalyk ekinleriniň ekişini bellenen möhletlerde geçirmek boýunça hem degişli işler dowam edýär.

Şeýle hem häkim ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramy mynasybetli welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly binalardaky we desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy hem-de täze okuw ýylyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň möhümdigini aýtdy we şunuň bilen baglylykda, geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekiljek meýdanlarda sürüm, tekizleýiş işleriniň bellenen möhletlerde geçirilmegini hem-de ekerançylaryň ýokary hilli bugdaý tohumlary bilen üpjün edilmegini gözegçilikde saklamak, pagta ýygymy möwsümini guramaçylykly geçirmek babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda açylyp ulanylmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň möhümdigi bellenilip, bu babatda häkime birnäçe görkezmeler berildi.

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, ýerleri bugdaý ekişine taýýarlamak, möwsümi agrotehniki möhletlerde geçirmek maksady bilen, welaýatyň meýdanlarynda sürüm we tekizleýiş işleri alnyp barylýar, ekişde ulanyljak tehnikalary hem-de tohumlary taýýarlamak boýunça degişli çäreler görülýär. Şunuň bilen birlikde, pagta arassalaýjy kärhanalary, kabul ediş harmanhanalary, pagta ýygyjy kombaýnlary we beýleki oba hojalyk tehnikalaryny pagta ýygymyna doly taýýar etmek ugrunda zerur işler ýerine ýetirilýär. Güýzlük ýeralma, gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinleri ekilen meýdanlarda, şeýle hem şaly meýdanlarynda ideg işleri bellenen talaplara laýyklykda geçirilýär.

Mundan başga-da, häkim ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli açylyp ulanylmaga berilmegi göz öňünde tutulýan binalar we desgalar barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmeginiň zerurdygyny belledi hem-de ýerleri bugdaý ekişine taýýarlamak, gallaçy daýhanlary ýokary hilli bugdaý tohumlary bilen üpjün etmek, şeýle hem pagta ýygymyny ýokary guramaçylykly geçirmek boýunça ýerine ýetirilýän işleri berk gözegçilikde saklamak babatda häkime anyk görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli welaýatda täze desgalaryň açylyp ulanmaga berilmegini ýokary guramaçylyk ýagdaýynda geçirmegi häkime tabşyrdy.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, bugdaý ekişine taýýarlyk görmegiň çäklerinde şu günler welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda sürüm, tekizleýiş we topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak işleri alnyp barylýar, tehnikalar we bugdaý tohumlary ekişe taýýarlanylýar.

Pagta ýygymyny guramaçylykly geçirmek maksady bilen, pagta arassalaýjy kärhanalar, kabul ediş harmanhanalary we oba hojalyk tehnikalary möwsüme taýýar edilýär. Güýzlük ýeralma, gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinleri, şeýle hem gant şugundyry ekilen meýdanlarda ideg işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylýar.

Şeýle hem häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramy mynasybetli welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň alnyp barlyşy hem-de täze, 2023-2024-nji okuw ýylyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi hem-de bugdaý ekişiniň ýokary hilli we agrotehniki möhletlerde ýerine ýetirilmeginiň, pagta ýygymynyň ýokary guramaçylykly geçirilmeginiň zerurdygyny belledi hem-de şunuň bilen baglylykda, häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Mundan başga-da, Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň möhümdigi bellenilip, häkime welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamak tabşyryldy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, welaýatlarda gallaçy daýhanlarymyz tarapyndan ýerleri bugdaý ekişi möwsümine taýýarlamak hem-de ekişi agrotehniki möhletlerde we ýokary hilli geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Bugdaý ekiljek meýdanlarda sürüm, tekizleýiş, geriş we çil çekmek hem-de ýuwuş suwuny tutmak işleri geçirilýär. Möwsümde ulanyljak bugdaý ekiji gurallary we bejergi traktorlary, ýokary hilli tohumlary taýýarlamak işleri dowam edýär.

Pagta arassalaýjy kärhanalary, kabul ediş harmanhanalary, terezileri, pagta ýygýan kombaýnlary we pagta daşamakda ulanyljak awtoulaglary hem-de beýleki oba hojalyk tehnikalaryny pagta ýygymyna taýýarlamak üçin degişli işler alnyp barylýar. Bu işler bilen bir hatarda, güýzlük ýeralmanyň, gök-bakja we beýleki azyklyk oba hojalyk ekinleriniň ekişi geçirilýär, ekiş geçirilen meýdanlarda ideg işleri ýerine ýetirilýär.

Mundan başga-da, wise-premýer Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň şaly, Mary welaýatynyň gant şugundyry ekilen meýdanlarynda ideg işleriniň dowam edýändigini habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekdi hem-de şunuň bilen baglylykda, bugdaý ekişiniň ýokary hilli we bellenen möhletlerde geçirilmegini, pagta ýygymy möwsümine ähli düzümleriň doly taýýarlykly gelmegini berk gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy.

Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz güýzlük ýeralma, gök-bakja we beýleki azyklyk ekinleri ekilen meýdanlarda ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalarynyň berk berjaý edilmegi arkaly alnyp barylmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, häzirki wagtda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmegine jogapkärli çemeleşmegiň zerurdygyny belledi we bu babatda degişli tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, berkarar Watanymyzyň rowaçlygynyň hem-de halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň gerimli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňky habarlar
27.07
Türkmen türgenleri Parižde Olimpiada — 2024-iň açylyş dabarasyna gatnaşdylar
26.07
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
26.07
Türkmenistanyň Prezidenti Çili Respublikasynyň Prezidentini gutlady
26.07
M.B.Maşalow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
26.07
T.B.Kömekow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
26.07
Gurluşyk we binagärlik ministrligine “Parlak nesil” hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi
25.07
Türkmenistan — BMG: ählumumy parahatçylygyň, durnukly ösüşiň we abadançylygyň bähbidine hyzmatdaşlyk
24.07
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
24.07
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
24.07
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Özbegistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
top-arrow