Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine
Syýasy habarlar
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine
Çap edildi 01.09.2026
25

Hormatly mugallymlar we bilim işgärleri!
Mähriban talyplar, eziz okuwçylar!

Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe jemgyýetimizi has-da jebisleşdirýän we uly ösüşlere ruhlandyrýan Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de 2026-2027-nji täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň taryhy wakalar bilen şöhratlanýan «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda bilimler baýramçylygynyň baý many-mazmunly dabaralarynyň mekdep okuwçylarymyza, talyp ýaşlarymyza, mugallymlarymyza, ähli halkymyza ýatdan çykmajak ýakymly duýgulary paýlap, eziz Watanymyza söýgimizi has-da pugtalandyrjakdygyna berk ynanýaryn.

Bereketli güýz paslynyň ilkinji gününde eziz Diýarymyzyň ähli künjeginde bilim edaralarynyň gapylary giňden açylyp, jaň sesi belentden ýaňlanýar. Bu mukam täze okuw ýyly bilen birlikde, beýik geljegiň, uly üstünlikleriň, açyşlaryň ýaňydyr. Ylym we bilim kuwwatly döwletimiziň hem-de bagtyýar durmuşymyzyň berk binýadydyr. Şoňa görä-de, ata-babalarymyzyň ylym-bilim, nesil terbiýesi baradaky parasatly wesýetlerine eýerip, döwrümiziň ylmy-tehniki ösüşiniň gazananlaryna, innowasiýalara daýanyp, ýurdumyzy bedew bady bilen ynamly ösdürýäris. Ýaş nesilleri sowatly, giň dünýägaraýyşly, häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryna erk edýän watansöýüji şahsyýetler hökmünde kemala getirmek babatda nusgalyk işler durmuşa geçirilýär. Garaşsyz Diýarymyzda döwrebap çagalar baglary, orta mekdepler, hünär bilimi edaralary yzygiderli gurlup, milli bilim ulgamy döwrebaplaşdyrylýar.

Asylly däbimizden ugur alyp, Bilimler we talyp ýaşlar gününe hem-de 2026-2027-nji okuw ýylyna ajaýyp sowgat hökmünde Aşgabat we Türkmenabat şäherlerinde ýerleşýän Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutlarynyň täze binalary, şeýle-de welaýatlarymyzda döwrebap orta mekdepler we çagalar baglary dabaraly açylar, ylmy-amaly maslahatlar, bedenterbiýe-sport, medeni çäreler geçiriler. Bilimler dünýäsine ilkinji gadam basýan mekdep okuwçylaryna «Bilimli» noutbuk kompýuterleri sowgat gowşurylar. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň göwün galkyndyryjy bu wakalary eziz Watanymyzyň şöhratly geçmişine, şu gününe, beýik geljegine bolan milli buýsanjymyzy has-da artdyrýar.

Eziz ýaşlar!

Siz Watanymyzyň guwanjy we aýdyň geljegisiňiz. Taryhyň dowamynda ylym-bilime, paýhas-parasada belent sarpa goýup, ony nesilden-nesle mukaddes miras hökmünde geçirip gelýän milletimiziň dowamatysyňyz. Bagtyýar nesillerimiz hökmünde eziz Diýarymyza, abadan we parahat durmuşymyza guwanmak, ýurdumyzyň şöhratly, beýik geljegi üçin yhlas bilen okamak, öwrenmek, döretmek, gurmak, zähmetiňiz hem-de ylym-başarnygyňyz bilen il içinde abraý-mertebä, uly sylag-hormata eýe bolmak, döwletimiziň şan-şöhratyny, ylym-bilim kuwwatyny dünýäde dabaralandyrmak siziň mukaddes borjuňyzdyr.

Ýurdumyzda gurulýan döwrebap çagalar baglary, orta mekdepler, ýokary okuw mekdepleri siziň düýpli bilim alyp, kämil şahsyýetler bolup ýetişmegiňiz üçindir. Siziň gazanýan her bir üstünligiňiz dünýäniň bilim we intellektual giňişligindäki ornumyzy has-da pugtalandyrýan ajaýyp buýsanjymyzdyr. Siz täze okuw ýylynda döwlet hem-de halkara ders bäsleşiklerinde, olimpiadalarda, sport, döredijilik festiwallarynda ýokary netijeleri gazanyp, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmalysyňyz.

Hormatly mugallymlar, bilim işgärleri!

Bilim ynsan paýhasynyň dowamatly ösüşidir, geçmişiň tejribesi bilen geljegiň innowasiýalaryny birleşdirýän köprüdir. Şoňa görä-de, ylmyň we tehnologiýalaryň häzirki okgunly ösýän döwründe sagdyn, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, zähmetsöýer nesli terbiýeläp ýetişdirmek mugallymlaryň hem-de bilim işgärleriniň jana-jan wezipesi bolup durýar. Siz täze okuw ýylynda hünär derejeleriňizi yzygiderli kämilleşdirip, bilim bermegiň ähli ugurlaryna ylmyň soňky gazananlaryny, okatmagyň innowasion usullaryny we öňdebaryjy tejribeleri giňden ornaşdyrmalysyňyz. Döwrebap, täze okuw kitaplaryny hem-de okuw-usuly gollanmalary taýýarlap, bilimiň hilini we mazmunyny baýlaşdyrmalysyňyz.

Hormatly mugallymlar we bilim işgärleri!
Mähriban talyplar, eziz okuwçylar!

Sizi Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de 2026-2027-nji täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde hem-de okuwyňyzda uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.

Soňky habarlar
01.09
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine
01.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
31.08
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
31.08
Watanymyzyň ösüşiniň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň bähbidine
31.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 7 million 274 müň dollaryndan gowrak boldy
31.08
Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň ýolbaşçylaryny gutlady
31.08
Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentini gutlady
30.08
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň daşary işler ministrini kabul etdi
30.08
E.M.Aýdogdyýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
30.08
Türkmenistanyň Prezidenti Norwegiýanyň Patyşasyna gynanç bildirdi
top-arrow