Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Ýaşlar — halkymyzyň we Watanymyzyň beýik geljegini gurujylar
Jemgyýet
Ýaşlar — halkymyzyň we Watanymyzyň beýik geljegini gurujylar
Çap edildi 03.08.2023
1230

Şu gün paýtagtymyzda ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» diýlip atlandyrylan şygaryna bagyşlanyp, «Garaşsyz Diýaryň geljegi ýaşlar: berkarar döwlet, ösen jemgyýet, bagtyýar nesil» atly maslahat geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Halk Maslahaty, Mejlis, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi, Demokratik partiýanyň Syýasy geňeşi, şeýle-de Senagatçylar we telekeçiler partiýasy tarapyndan guraldy.

Ruhubelent, edep-terbiýeli, ýokary düşünjeli, watansöýüjilikli ýaş nesli terbiýelemek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň möhüm meseleleriniň biridir. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen başy başlanan, hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän ýaşlar syýasatynyň baş maksady ýaş türkmenistanlylaryň kämilleşmekleri, beden we ruhy taýdan ösen şahsyýet hökmünde kemala gelmekleri üçin amatly şertleri döretmekden ybaratdyr. Olaryň intellektual, döredijilik, ruhy kuwwatynyň mümkinçilikleri jemgyýetiň we döwletiň bähbidine gönükdirilendir.

Şu ýylyň ýanwar aýynyň ahyrynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy tarapyndan guralan nobatdaky gurultaý munuň aýdyň subutnamasy boldy. Döwlet Baştutanymyzyň foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagynda: “Ýaşlar mähriban halkymyzyň, eziz Watanymyzyň beýik geljegini gurujylardyr, jemgyýetimiziň işjeň bölegidir. Eziz Diýarymyzyň güýç-kuwwaty, abraý-mertebesi we aýdyň geljegi bolan ýaşlar biziň alyp barýan işlerimize, ýurdumyzyň ösüşlerine öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Bu günki gün ylym-bilim, sport, medeniýet, sungat ugurlarynda dünýäde uly üstünlikleri gazanýan türkmen ýaşlarynyň döwletimiz tarapyndan özlerine bildirilýän belent ynamy ödeýändiklerine buýsanýarys” diýlip bellenilýär.

Şu gezekki maslahatda ýaş nesliň durmuş-ykdysady özgertmeleriň amala aşyrylmagynda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň halkara başlangyçlarynyň ilerledilmeginde eýeleýän orny, sporty we sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, ýaşlaryň ylmy-tehniki döredijiligini goldamak ýaly möhüm meselelere deglip geçildi. Şeýle hem ýurdumyzyň beýleki jemgyýetçilik guramalary, döwlet edaralary, ýokary we orta okuw mekdepleri, ylym, medeniýet edaralary bilen hyzmatdaşlykda ýaş nesil bilen işleşmek boýunça dürli taslamalary amala aşyrmak, durmuş ähmiýetli çäreleri geçirmek barada aýdyldy.

Çykyş edenler döwlet ösüşiniň täze tapgyrynda ýaşlaryň öňünde anyk wezipeleriň goýlandygyny, bu wezipeleri halkymyzyň baý durmuş tejribesini we ýüzýyllyklaryň dowamynda kemala gelen milli ruhy gymmatlyklary nazara almak bilen çözmelidigini bellediler. Asyrlaryň dowamynda türkmen halkynda terbiýe bermek babatda nesilden-nesle geçirilip gelinýän parasatly däplerdir ýörelgeler kemala getirildi. Çagalykdan zähmetsöýerlik, dogruçyllyk, ahlaklylyk, dostluk, rehimlilik, başgalara hormat goýmak, tebigata aýawly çemeleşmek, jogapkärçilik, özbaşdaklyk ýaly şahsyýetiň emele gelmegi üçin binýady döredýän, adamy geljekki durmuşa taýýarlaýan häsiýetler terbiýelenýär.

Şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň ýaş nesli terbiýelemekde we oňa bilim bermekde deňsiz-taýsyz gollanma bolup hyzmat edýän kitaplarynyň möhüm ähmiýeti bellenildi. Ýaşlarda özleriniň bilimlerini yzygiderli artdyrmaga, bilim almaga bolan höwesi terbiýelemegiň zerurdygyna aýratyn üns çekildi. Munuň özi jemgyýetiň ösmegini, ýurdumyzyň we halkymyzyň bagtyýar geljegini kesgitleýän möhüm şertleriň biridir. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda: «Iň gymmatly miras terbiýe, terbiýäniň özeni bolsa ylym-bilimdir» diýip belleýär.

Çykyş edenler Watanymyzyň beýik geljeginden söz açmak bilen, «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe üstünlikli durmuşa geçirilýän ýaşlar syýasatynyň hukuk binýadynyň pugtalandyrylmagyna we ýaşlaryň mümkinçilikleriniň giňeldilmegine gönükdirilendigini nygtadylar. Arkadag şäherinde gurlan Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy, Berdimuhamet Annaýew adyndaky mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebi, Saçly Dursunowa adyndaky lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi, şeýle hem ýurdumyzyň ähli künjeklerinde gurulýan çagalar baglary we umumybilim berýän mekdepler, iň täze kompýuter tehnologiýalary, multimedia ulgamlary bilen üpjün edilen, öňdebaryjy dünýä tejribesinden ugur alnyp döredilýän döwrebap bilim edaralary munuň aýdyň subutnamasydyr.

Täze taryhy eýýam Garaşsyz Türkmenistanyň ösüş ýolunda ynamly öňe ilerleýän zamanasy boldy. Munuň özi ýaşlaryň bilim derejesiniň ösmegi, ylmy barlaglaryň işjeňleşdirilmegi, durmuşyň ähli ulgamlarynda ylmy-tehniki innowasiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy bilen şertlendirilýär. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» durmuşa geçirilmeginde hem ýaşlara uly orun degişlidir.

Ýaşlar syýasatynyň kesgitlenen esasy ugurlary, maksatlary hem-de wezipeleri ýurdumyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler bilen baglanyşyklydyr. Ýaşlar syýasatynyň esasy ugurlary, ilkinji nobatda, ýaş raýatlaryň hukuk we durmuş derejesiniň üpjün edilmegi, olaryň hukuklarynyň, azatlyklarynyň goralmagy, ýaş maşgalalaryň goldanylmagy ýaly meseleleri öz içine alýar.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa we Gahryman Arkadagymyza türkmen ýaşlarynyň hemmetaraplaýyn kämilleşmekleri, intellektual, döredijilik we ruhy mümkinçilikleriniň doly derejede durmuşa geçirilmegi ugrunda döredilýän şertler üçin hoşallyklaryny bildirip, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, halkara abraýynyň has-da belende galmagy ugrunda öz bilimlerini, güýç-kuwwatyny, ukyp-başarnyklaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Soňky habarlar
24.11
Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmek — döwlet syýasatynyň baş ugry
24.11
Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçisi bellenildi
23.11
Türkmenistanda senagat ähmiýetli täze tebigy gaz akymy alyndy
22.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
22.11
Döwlet Baştutanymyz 2025-nji ýylda Türkmenistan boýunça degişli möçberde pagta öndürilmegini üpjün etmegi tabşyrdy
21.11
Baş maksat — Watanymyzyň gülläp ösmegini, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmek
21.11
Türkmenistanyň we Özbegistanyň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
20.11
Garaşsyz Türkmenistan — jebisligiň we abadançylygyň ýurdy
20.11
Türkmenistan — Özbegistan: milli bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlyk
19.11
Watanymyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň rowaçlygynyň bähbidine durnukly ösüş ýoly bilen
top-arrow