Baş sahypa
\
Hepdäniň wakalary
\
Türkmenistan ösüşiň we özgertmeleriň ýoly bilen ynamly öňe barýar
Hepdäniň wakalary
Türkmenistan ösüşiň we özgertmeleriň ýoly bilen ynamly öňe barýar
Çap edildi 30.07.2023
1082

Geçen hepdäniň wakalary döwletimiziň okgunly ösüşiniň nobatdaky subutnamasy boldy. Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ylmy taýdan esaslandyrylan uzak möhletleýin özgertmeler maksatnamalary yzygiderli durmuşa geçirilýär. Olarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň esasy wezipeleri — ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagy, halkymyzyň rowaçlygynyň üpjün edilmegi, Watanymyzyň halkara abraýynyň has-da belende göterilmegi öz beýanyny tapýar.

24-nji iýulda döwlet Baştutanymyzyň sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy bilen bagly meselelere seredildi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda tehnikalardan we gurallardan netijeli peýdalanmak arkaly gowaça meýdanlarynda ideg işleri geçirilýär. Şunuň bilen birlikde, pagta arassalaýjy kärhanalar, harmanhanalar we pagta ýygyjy kombaýnlar ýygym möwsümine taýýarlanylýar. Geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekiljek meýdanlarda sürüm, tekizleýiş işleri ýerine ýetirilýär. Ýeralmanyň, gök-bakja, beýleki oba hojalyk ekinleriniň hasylyny ýygnamak we ilata ýetirmek boýunça işler dowam edýär. Daşoguz, Lebap welaýatlarynyň şaly meýdanlarynda, Mary welaýatynyň gant şugundyry ekilen meýdanlarynda ideg işleri alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz oba hojalyk işleriniň talabalaýyk alnyp barylmagynyň möhümdigine ünsi çekip, bu işleriň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, bellenen möhletlerde ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen dürli maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegi babatda hem görkezmeler berildi.

Şol gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Döwlet Baştutanymyz özbek kärdeşini doglan güni bilen gutlady we oňa berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Özbegistan Respublikasynyň doganlyk halkynyň bagtyýarlygynyň bähbidine alyp barýan jogapkärli döwlet işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz iki ýurduň arasynda strategik we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine uly üns berýändigi üçin Özbegistanyň Baştutanyna minnetdarlyk bildirip, türkmen tarapynyň däp bolan döwletara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de çuňlaşdyrylmagyna ygrarlydygyny tassyklady. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk barada aýdyp, onuň häzirki döwürde giň ugurlar boýunça, şol sanda oba hojalygy, elektroenergetika, nebitgaz toplumy, himiýa senagaty we beýleki pudaklarda ösdürilýändigini belledi. Syýasy-diplomatik gatnaşyklar alnyp barylýar, halkara giňişlikdäki tagallalar üstünlikli utgaşdyrylýar. Parlamentara hyzmatdaşlyk yzygiderli ösdürilýär.

Şol gün telefon arkaly geçirilen söhbetdeşlikde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewi doglan güni bilen gutlady. Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky däp bolan doganlyk gatnaşyklaryň özara bähbitli strategik hyzmatdaşlyk ruhunda mundan beýläk-de yzygiderli ösdüriljekdigine we çuňlaşdyryljakdygyna ynam bildirip, Gahryman Arkadagymyz ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna goşýan ägirt uly goşandy üçin özbek Liderine minnetdarlyk bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 28-nji iýulda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde döwlet durmuşynyň käbir meselelerine hem-de resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Şolaryň hatarynda ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygyny baýram etmäge görülýän taýýarlyk meseleleri bar.

Mejlisde banklaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, ýangyç-energetika toplumynyň çig mal binýadyny pugtalandyrmak, aragatnaşyk pudagyny döwrebaplaşdyrmak we tehnologik taýdan täzelemek, olary önümçilige ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler, oba hojalyk toplumyndaky işleriň ýagdaýy barada hasabatlar diňlenildi. Mundan başga-da, paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak, ilata edilýän jemagat-durmuş hyzmatlarynyň hilini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak, ýurdumyzyň welaýatlarynda, etraplarynda, paýtagtymyzda we Arkadag şäherinde şu ýylyň 1-nji awgustyndan 5-nji sentýabry aralygynda mekdep harytlarynyň söwdasyny guramak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berildi.

Döwlet Baştutanymyza 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilmegi hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli şu ýylyň awgust aýynda geçiriljek esasy çäreler barada habar berildi. Tomus paslynyň soňky aýynda jemi jemlenýän döredijilik çärelerinden başga-da, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda “Hazar deňzi — parahatçylyk we dostluk deňzi” atly maslahat, Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Türkmenistan — ÝUNESKO: abadançylygyň hatyrasyna hyzmatdaşlyk” atly dabaraly maslahat geçiriler.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2023-nji ýylyň 12-nji sentýabrynda Nýu-Ýork şäherinde öz işine başlajak nobatdaky 78-nji sessiýasynda Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlary baradaky hasabat mejlisiň aýratyn mowzugyny düzdi. Türkmen tarapy Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp düzmek boýunça başlangyjy öňe sürmegi göz öňünde tutýar. Şunuň bilen birlikde, Merkezi Aziýada hemişelik esasda hereket edýän Howpsuzlyk boýunça maslahaty döretmek we onuň ilkinji duşuşygyny 2024-nji ýylda Aşgabatda geçirmek teklip ediler.

Ýurdumyzyň ýene bir teklibi BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek müdirligi bilen bilelikde Merkezi Aziýa üçin Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça maksatnamasyny döretmäge degişlidir. Şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Türkmenistanyň BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasy, Bütindünýä azyk maksatnamasy, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy, Çagalar gaznasy bilen hyzmatdaşlykda azyk howpsuzlygy boýunça iri halkara forumy geçirmek baradaky teklibi beýan ediler. Mundan başga-da, BMG-niň binýadynda ýurdumyzyň başlangyjy bilen döredilen Bitaraplygyň dostlary toparynyň halkara maslahatyny 2024-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistanda geçirmek, Aşgabat şäherinde Bitaraplyk we howpsuzlyk institutyny döretmek mümkinçiligini öwrenmäge girişmek teklip ediler.

Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek babatda ýurdumyz tarapyndan ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilen Kararnamany kabul etmek, ulaglaryň ähli görnüşiniň arasynda arabaglanyşygy berkitmek boýunça Kararnamanyň taslamasynyň üstünde işlemek teklip ediler. Ýurdumyzyň başlangyjy bilen 26-njy noýabryň “Bütindünýä durnukly ulag güni” diýlip yglan edilmegi mynasybetli Türkmenistan Aşgabat prosesiniň çäklerinde durnukly ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça Baş Assambleýanyň nobatdaky sessiýasynyň çäklerinde ýokary derejeli maslahaty geçirmek baradaky teklibi öňe sürer.

Şeýle hem Türkmenistan Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalaryň sebit merkezini döretmek baradaky teklibini iş ýüzünde amala aşyrmagy dowam etdirer. Ählumumy metan borçnamasynyň çäklerindäki tagallalara goşant hökmünde türkmen tarapy BMG-niň howandarlygynda 2030-njy ýyla çenli parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça ählumumy Strategiýany işläp düzmegi teklip eder. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistan tarapyndan “Hazar ekologik başlangyjy” hem-de baş edarasy Aşgabat şäherinde ýerleşýän Merkezi Aziýa ýurtlarynda suw serişdelerinden peýdalanmagyň meseleleri boýunça BMG-niň Geňeşini döretmek baradaky teklip beýan ediler.

Adam hukuklarynyň ählumumy Jarnamasynyň kabul edilmeginiň 75 ýyllygy hem-de Wena jarnamasynyň we Hereketler maksatnamasynyň 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistan BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň müdirligi bilen bilelikde degişli çäreleri geçirmegi meýilleşdirýär. Mundan başga-da, ýurdumyz 2024-nji ýylda raýatsyzlygy ýok etmek boýunça sebitleýin maslahaty guramagy teklip eder.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda beýan ediljek beýleki başlangyçlaryň hatarynda Türkmenistanda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlarynyň dialogynyň esaslandyryjy mejlisini geçirmek, 2024-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna gabatlap, ÝUNESKO we TÜRKSOÝ bilen bilelikde Türki dilleriň halkara hepdeligini geçirmek baradaky teklipler bar. Şunuň bilen birlikde “Bütindünýä türki dilleriniň güni” atly Kararnamany kabul etmek teklip ediler. Şeýle hem BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň, ÝUNESKO-nyň, Halkara Zähmet Guramasynyň, Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň we Taslamalara hyzmat etmek boýunça müdirliginiň wekilhanalaryny açmak üçin degişli çäreleri görmek meýilleşdirilýär.

Türkmenistan BMG we onuň ugurdaş düzümleri bilen strategik hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet bermek bilen, sebit, ählumumy gün tertibiniň parahatçylygy, howpsuzlygy, durnuklylygy pugtalandyrmaga, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge degişli möhüm meseleleriniň sazlaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamaga işjeň gatnaşýar. Ýurdumyzyň öňe sürýän anyk başlangyçlary şu wezipeleri çözmäge gönükdirilendir. Bu başlangyçlar bolsa häzirki döwrüň ýagdaýlaryndan ugur alyp, uzak möhletli geljek üçin köpugurly halkara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam eder.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň nobatdaky 78-nji sessiýasynyň işine gatnaşmagynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegiň, ýurdumyzyň ileri tutýan başlangyçlaryny dünýä bileleşigine ýetirmek, halkara başlangyçlaryny ilerletmek we iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça zerur çäreleri görmegiň wajypdygyny nygtap, birnäçe tabşyryklary berdi.

Mejlisde hormatly Prezidentimiz Ylmy-tehnologik merkezler hakynda Düzgünnamany tassyklamak hakynda, şeýle hem paýtagtymyzyň “Çoganly” ýaşaýyş toplumynda döwrebap medeni-dynç alyş seýilgähini gurmak hakynda Kararlara gol çekdi.

Geçen hepdäniň wakalarynyň hatarynda Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy babatda halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmek boýunça pudagara toparyň nobatdaky mejlisini görkezmek bolar. Mejlisde pudagara toparyň 2023-nji ýylyň alty aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, halkara ynsanperwer hukugynyň durmuşa ornaşdyrylyşynyň 2021 — 2023-nji ýyllar üçin iş meýilnamasynyň ýerine ýetirilişi, ýurdumyzyň ynsanperwer ugurda abraýly halkara guramalar bilen ulgamlaýyn hyzmatdaşlygyny ösdürmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. “Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2023 — 2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasyny” amala aşyrmak meselesine aýratyn üns berildi.

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisinde 23-nji iýulda Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň Aba Annaýew şäherçesiniň Geňeş agzalarynyň saýlawlarynyň netijeleri jemlenildi. Merkezi saýlaw toparynyň maglumatlaryna laýyklykda, Geňeş agzalarynyň saýlawlary geçirildi diýlip ykrar edildi. Şeýlelikde, 10 dalaşgäriň 5-si saýlanyldy. Halkyň saýlanlarynyň ählisi halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň işgärleri, Demokratik partiýanyň, Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň hem-de Agrar partiýanyň wekilleri, öz işiniň ussatlarydyr. Nygtalyşy ýaly, saýlawlar ýokary guramaçylyk derejesinde, milli kanunçylyga hem-de halkara kadalara laýyklykda geçirildi.

Geçen hepde Aba Annaýew şäherçesinde Geňeşiň saýlanan agzalaryna şahsyýetnamalary gowşurmak dabarasy boldy. Şeýle hem Saýlaw kodeksine, “Ýerli öz-özüňi dolandyryş hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Geňeşiň saýlanan agzalarynyň birinji mejlisi geçirildi.

Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ösüşiň we özgertmeleriň ýoly bilen ynamly öňe barýandygyny nobatdaky gezek aýdyňlygy bilen subut etdi.

Soňky habarlar
08.05
Türkmenistanyň Prezidenti iş sapary bilen Russiýa Federasiýasyna ugrady
08.05
«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň 2024-nji ýyldaky dördünji sany okyjylara ýetirildi
08.05
Döwlet Baştutanymyz Ýaşlyk suw arassalaýjy desgasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
08.05
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
07.05
2024-nji ýylyň apreli: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
07.05
Aşgabat şäheriniň Parahat-7 ýaşaýyş toplumynda täze 10 sany 9 gatly jaýlar gurlar
06.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
06.05
G.S.Mämmedowa hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
06.05
Ş.Durdylyýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
06.05
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 18 million 833 müň dollaryndan gowrak boldy
top-arrow