Baş sahypa
\
Teswirlemeler
\
Söwda toplumynyň işini kämilleşdirmegiň baş maksady halkymyzyň isleglerini kanagatlandyrmakdyr
Teswirlemeler
Söwda toplumynyň işini kämilleşdirmegiň baş maksady halkymyzyň isleglerini kanagatlandyrmakdyr
Çap edildi 27.07.2023
1648

Türkmenistanda söwda ulgamynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan durmuş-ykdysady syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Dünýä döwletleri bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilişini artdyrmak, ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmak, söwda hyzmatlaryny kämilleşdirmek, esasan-da, halkyň isleglerini kanagatlandyrmak söwda toplumynyň öňünde durýan esasy wezipelerdir.

Söwda ulgamy islendik önümçilik işiniň ahyrky netijesidir. Şoňa görä-de, onuň ösüş derejesi, işiň, harytlaryň we hyzmatlaryň giň gerimi, köpdürlüligi diňe bir ilatyň satyn alyjylyk ukybynyň derejesine däl, eýsem, ýurdumyzyň senagat pudaklarynyň kuwwatyna, halkara ykdysady gatnaşyklarynyň ösüşine hem şaýatlyk edýär. Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 14-nji iýulynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde halk hojalyk toplumyny ösdürmek boýunça degişli meselelere ünsi çekip, içerki bazaryň azyk we zerur bolan beýleki harytlar bilen üpjünçiligini gowulandyrmak maksady bilen, toplumda öndürilýän önümleriň möçberini artdyrmak babatda işleri güýçlendirmegiň zerurdygyny belledi.

Häzirki wagtda Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi ýurdumyzyň önüm öndürijilerinden, zerur bolan halatynda, daşary ýurtly önüm öndürijilerden ilatyň isleglerini kanagatlandyrmak üçin harytlaryň gerek bolan möçberini satyn almak boýunça degişli işleri alyp barýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň görkezmesine laýyklykda, harytlaryň bahalaryna we azyk bolçulygyny üpjün etmäge, ýokary hilli import harytlarynyň getirilmegine, ýurdumyzyň kärhanalary tarapyndan öndürilýän önümleriň hasabyna olaryň möçberiniň azaldylmagyna, daşary ýurtlara iberilýän önümleriň möçberiniň artdyrylmagyna, bazarlarda we söwda nokatlarynda kadalaryň berjaý edilişine pugta gözegçilik ýola goýulýar.

Üstünlikli durmuşa geçirilýän maksatnamalaryň netijesinde, ykdysadyýetimiz diwersifikasiýalaşdyrylýar, düýpli özgertmeler amala aşyrylýar we ähli ulgamlarda innowasiýalar giňden ornaşdyrylýar. Beýleki ulgamlar bilen birlikde, ösdürilmegine ägirt uly maýa goýumlar gönükdirilýän söwda ulgamy hem döwrüň talaplaryna laýyklykda özgerdilýär. Aşgabatda, sebitlerde öňdebaryjy tehnologiýalar ornaşdyrylan köp sanly söwda merkezleri, dükanlar, bazarlar, jemgyýetçilik iýmiti kärhanalary ilatymyza, ýurdumyzyň myhmanlaryna edilýän hyzmatlaryň ýokary hilini üpjün edýär, hödürlenilýän harytlaryň görnüşi artdyrylýar.

Diýarymyzda milli ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny sanlylaşdyrmak babatda amala aşyrylýan işler halk hojalyk toplumynda, şol sanda söwda ulgamynda hem durnukly ösüşi şertlendirýär. Häzirki wagtda sanlylaşdyrmak durnukly ösüşiň köp sanly wezipelerini çözmekde esasy çözgütleriň biridir. Sanly tehnologiýalar bazary dünýäde okgunly ösýän we ýaşlary iş bilen üpjün edýän pudaklaryň iň meşhurydyr. Munuň özi sarp edijileriň barha köp sanlysynyň sanly tehnologiýalara uly ähmiýet berýändigi bilen şertlendirilendir. Sarp edijileriň isleglerini kanagatlandyrmak, bazarda üstünlikli bäsdeşlik etmek üçin öňdebaryjy tehnologik çözgütleri ulanmak we marketing kommunikasiýalarynyň täze gurallaryny ornaşdyrmak zerur bolup durýar.

Milli söwda ulgamynda bölek we lomaý söwdany dolandyrmaga gönükdirilen sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça kanunçylyk binýady döredildi we ol yzygiderli kämilleşdirilýär. Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi tarapyndan Harytlary uzak aralykdan satmagyň düzgünleri herekete girizildi. Şunda uzak aralykdan söwdany guramagyň, şol sanda harytlaryň mahabaty, satyn almak we satmak şertnamasyny baglaşmagyň, satyn alyja harydy eltip bermegiň düzgünleri, sarp edijiniň hukuklary kesgitlenilýär. Düzgünlere laýyklykda, ýurdumyzda hususy ammarlary bolan we harytlaryny diňe saýtyň üsti bilen satýan internet dükanlary hereket edip bilýär. Şunuň bilen birlikde, internet dükanynyň söwdanyň birnäçe görnüşini utgaşdyryp (hususy ammaryndan we satuw talabyna görä) bilmek mümkinçiligi bar. Şeýle hem olar tarapyndan satuwa çykaryp bolmajak harytlaryň sanawy kesgitlenendir.

Häzirki wagtda Aşgabatda döwlet söwda kärhanalaryny sanlylaşdyrmak boýunça meýilnamalary durmuşa geçirmekde Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň “Kompýuter tehnologiýalary merkezi” tarapyndan esaslandyrylan “Agzybirlik tilsimaty” kärhanasynyň hünärmenleri iş alyp barýarlar. Merkezleşdirilen ulgam arkaly hünärmenler söwda nokatlarynyň ählisiniň harytlaryň dürli görnüşleri bilen üpjünçiligini, olaryň hereketini gözegçilikde saklamak, öz wagtynda dükanlaryň ätiýaçlyklaryny doldurmak bilen, üznüksiz üpjünçiligini ýola goýmak barada maglumat almak mümkinçiligine eýe bolýarlar. Bu tehnologiýalar söwda nokatlarynda söwdanyň we üpjün edijiler bilen hasaplaşyklaryň elektron hasabatyny ýöretmäge, netijeli gözegçilik etmäge, dolandyrmaga mümkinçilik berýär.

Döwlet haryt-çig mal biržasy Türkmenistanda eksport-import amallaryny kadalaşdyrýan esasy edara, ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň önümlerine bolan islegleri aýdyň görkezýän maglumatlaryň kuwwatly maglumat-seljeriş çeşmesi bolup durýar. Onuň işini kämilleşdirmek maksady bilen, nebitgaz senagatynyň, oba hojalyk we senagat-aragatnaşyk toplumynyň önümlerini Türkmenistanyň çäginden daşarda ýerlemek boýunça birža söwdalaryny geçirmegiň Tertibi tassyklanyldy.

Ştrih-kodlar bilen bellemek ulgamyny ornaşdyrmak boýunça uly işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň önüm öndürijileri tarapyndan çykarylýan harytlyk önümleriň onlarça müň görnüşine eýýäm degişli nyşan dakyldy. Türkmenistanyň GS1 halkara guramasyna (Global Standart One) goşulmagy hem ýurdumyzyň halkara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň ygtybarly we jogapkärli gatnaşyjysy hökmünde ykrar edilýändigini görkezýär.

Döwlet haryt-çig mal biržasynyň alyp barýan işleriniň gerimi giňdir. Haryt dolanyşygynyň artdyrylmagy hem-de çaltlandyrylmagy, bir tarapdan, ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň eksport mukdarynyň artdyrylmagy, beýleki tarapdan bolsa, içerki bazary halkyň sarp edýän harytlary, önümçilik-tehniki ähmiýetli önümler we ykdysadyýetiň dürli pudaklaryny döwrebaplaşdyrmaga niýetlenen enjamlar bilen üpjün edilmegi onuň strategik wezipesidir. Önümleriň importyna we eksportyna täsir edýän dürli şertleri derňäp, Döwlet haryt-çig mal biržasy ýurtda importyň we eksportyň maksadalaýyklygyny ölçeýär, eksport edilýän harytlaryň bahalaryna gözegçilik edýär. Birža söwdalarynda 40-dan gowrak döwlete, şol sanda Russiýa, Hytaýa, Beýik Britaniýa, Birleşen Arap Emirliklerine, Türkiýä, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna we beýleki ýurtlara ýurdumyzda öndürilýän harytlar eksport edilýär.

Şeýlelikde, Döwlet haryt-çig mal biržasy daşary ýurtlaryň biržalarynyň iň gowy tejribelerini işjeň ornaşdyrmak bilen, öz işini döwlet Baştutanymyzyň Türkmenistany dünýäniň ykdysady ulgamyna üstünlikli goşmak maksady bilen, haryt bazaryny mundan beýläk-de ösdürmek, daşary söwda amallaryny höweslendirmek, harytlaryň eksport möçberini artdyrmak boýunça öňde goýan wezipeleri esasynda amala aşyrýar. Şol bir wagtyň özünde, biržanyň işini kadalaşdyrýan kanunçylyk döwletiň bähbitlerine we häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda yzygiderli kämilleşdirilýär.

Türkmenistana Bütindünýä Söwda Guramasyna (BSG) goşulýan ýurt (işjeň synçy) derejesiniň berilmegi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan we gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar, şol sanda abraýly halkara guramalar bilen deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gönükdirilen daşary syýasatyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň ýene-de bir subutnamasy boldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna goşulmagy baradaky iş topary döredildi.

BSG-niň işine gatnaşmak Türkmenistanda halkara derejede we umumy kabul edilen düzgünlere laýyklykda bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmeginiň möhüm bölegidir. Bütindünýä Söwda Guramasyna goşulýan ýurt derejesi milli ykdysadyýetimiziň yzygiderli ösdürilmegi, ýurdumyzyň daşary söwdadaky ornunyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagy üçin şertleri döredýär, köptaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň giňeldilmegine, uly möçberli maýa goýumlaryň çekilmegine ýardam edýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine esaslanýan parahatçylyk söýüjilikli syýasat bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň ilerledilmegine ýardam berýär. Häzirki wagtda halkara söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek boýunça işler dowam etdirilýär.

Döwletimiziň daşary ýurtlardaky söwda öýleriniň sany barha artýar. Russiýa Federasiýasynyň paýtagty Moskwa şäherindäki “Türkmenistanyň söwda öýi”, Belarus Respublikasyndaky “Türkmen-belarus söwda öýi”, Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherindäki “Türkmen-türk söwda öýi” jogapkärçiligi çäklendirilen paýdarlar jemgyýetleri muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Hyzmatdaşlygyň bu görnüşi ykdysady gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynda uly orun eýeleýär. «Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2023 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny» durmuşa geçirmek maksady bilen, 2022-nji ýylyň fewralynda Tatarystanyň paýtagtynda “Türkmen söwda öýi” açyldy. Ol Türkmenistanda we Russiýa Federasiýasynda öndürilen dürli harytlaryň lomaý hem-de bölek söwdasy bilen meşgullanýar.

Türkmenistan halkara jemgyýetçilikde harytlary öndürmek ulgamynda uly kuwwata eýe bolan döwlet hökmünde tanalýar. Häzirki wagtda daşary ýurtlarda ekologik taýdan arassa türkmen dokma önümleri, ajaýyp halylar, oba hojalyk önümleri uly meşhurlyga eýedir. «Türkmenistanyň 2021 — 2030-njy ýyllar üçin daşary söwda Strategiýasyna» laýyklykda, milli söwda nyşanly harytlaryň täze görnüşlerini öndürmek we daşary ýurtlarda giňden ilerletmek boýunça möhüm wezipeler öňde goýuldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistanda öndürilen» milli nyşany taýýarlamak baradaky teklibi makullady. Dünýä bazarynda uly islege eýe bolan «Türkmenistanda öndürilen» nyşanly önümler ýurdumyzyň eksport mümkinçilikleriniň yzygiderli ýokarlanýandygynyň subutnamasy boldy diýip, döwlet Baştutanymyz belleýär.

Egin-eşik, dokma önümlerine ýylsaýyn isleg artýar. Munuň özi ýokary hilli harytlaryň dürli görnüşleri bilen içerki bazarlary üpjün etmäge, olary daşary ýurtlarda ýerlemäge şert döredýär. «Türkmenistanda öndürilen» nyşany bilen ýerlenilýän «Gala», «Nusaý», «Goza», «Bedew», «Bürgüt» ýaly markalaryň önümleri dünýä bazarynda meşhur haryt nyşanyna öwrülýär.

Daşary ýurtlaryň ugurdaş düzümleri bilen üstünlikli hyzmatdaşlyk edýän, daşary ykdysady gatnaşyklary ösdürmekde, bazar gatnaşyklaryny kemala getirmekde we işewürlik başlangyçlaryny höweslendirmekde Söwda-senagat edarasyna möhüm orun degişlidir. Söwda-senagat edarasy Garaşsyzlyk ýyllarynda öz işini kämilleşdirmekde möhüm ädimleri ätdi we ýurdumyzyň ägirt uly işewürlik merkezine hem-de işewürlik birleşigine öwrüldi. Bu edara tarapyndan guralýan halkara sergiler, işewürlik maslahatlary gyzyklanma bildirýän taraplar bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmaga ýardam edýär.

Dünýä ýurtlarynyň söwda edaralary we birleşikleri bilen hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşyklardyr teswirnamalar esasynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary saklap, Söwda-senagat edarasy daşary ýurtly kärdeşleri bilen maglumat alyşmak işlerini, onlaýn görnüşinde guraljak sergileriň, ýarmarkalaryň we maslahatlaryň meseleleri babatda pikir alyşmalary geçirýär, Türkmenistanda we daşary ýurtlarda halkara kongres-sergi çäreleriniň utgaşdyryjysy hökmünde çykyş edýär. Häzirki wagtda Söwda-senagat edarasynyň işi hormatly Prezidentimiz tarapyndan durmuşa geçirilýän ykdysady syýasatyň amala aşyrylmagyna, içeri we daşary ýurt maýa goýum serişdelerini çekmäge, türkmen öndürijileriniň eksport mümkinçilikleriniň artdyrylmagyna ýardam bermäge, döwlet we hususy düzümleriň gurallaryny ulanmak arkaly halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilendir.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sebit we ählumumy ýagdaýlarynyň üýtgeýän şertlerini nazara alyp, Türkmenistanyň çeýe eksport syýasatynyň emele gelmegi üçin dünýä bazarynyň ulgamlaýyn derňelmeginiň möhümdigini yzygiderli nygtaýar. Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz telekeçiligiň ösdürilmeginiň milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny we netijeliligini ýokarlandyrmagyň ýoludygyny belleýär. 2019-njy ýylda rejelenen görnüşde “Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hakynda” Kanunyň kabul edilmegi bilen, şol ýyly döwlet-hususy hyzmatdaşlygy ulgamynda ösüşlere ýetilen ýyl diýip atlandyrmak bolar. Munuň özi Watanymyzyň telekeçileriniň işleriniň ugurlaryny we olaryň ygtyýarlyklaryny giňeltdi, iri maýa goýum we döwlet taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine gatnaşmaklaryny şertlendirdi.

Hormatly Prezidentimiziň ägirt uly ünsi we goldawy netijesinde, kiçi we orta işewürligiň, hususy başlangyçlaryň sazlaşykly, netijeli ösmegi üçin kanunçylyk, ykdysady, maliýe, durmuş şertleri döredildi. Milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmakda we diwersifikasiýalaşdyrmakda, ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply önümleriň möçberini we görnüşlerini artdyrmakda, azyk bolçulygyny üpjün etmekde, ýurdumyzyň eksport kuwwatyny artdyrmakda telekeçilige möhüm orun degişlidir. Milli ykdysadyýetimiziň hereket beriji güýji bolmak bilen, hususy işewürlik önümçilik ulgamynyň, kärhanalaryň we hususy kärhanalaryň innowasion işiniň hem işjeň ösmegini şertlendirer. Hususy kärhanalar bazaryň, şol sanda daşary ýurt bazarlarynyň täze ugurlaryny özleşdirýärler. Türkmen telekeçileri tarapyndan öndürilýän önümleriň aglabasy Türkmenistanyň daşary ýurtlarda ýerleşýän söwda öýlerinde ýerlenilýär.

Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän ägirt uly özgertmeleriň çäklerinde okgunly ösýän halk hojalygynyň söwda ulgamy, söwda düzümleriniň işiniň kämilleşdirilmegi Türkmenistanda mundan beýläk-de harytlaryň bolçulygyny üpjün etmäge, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendir.

Soňky habarlar
30.10
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasaryny kabul etdi
30.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
30.10
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
30.10
Türkmenistan — ÝUNESKO: milli we bütindünýä mirasyny goramak ugrunda
29.10
Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine döredijilik we hyzmatdaşlyk ýoly bilen
29.10
Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri tamamlandy
29.10
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Prezidentini gutlady
28.10
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
28.10
Aşgabatda Ermenistan Respublikasynyň Medeniýet günleri dowam edýär
28.10
Tamamlanan hepde söwdanyň ýokarlanýandygy bilen tapawutlandy
top-arrow