Baş sahypa
\
Hepdäniň wakalary
\
Parahatçylyk söýüjilik we döredijilik ýörelgeleri — Watanymyzyň abadançylygynyň binýady
Hepdäniň wakalary
Parahatçylyk söýüjilik we döredijilik ýörelgeleri — Watanymyzyň abadançylygynyň binýady
Çap edildi 25.07.2023
1823

Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanýan daşary syýasaty yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli özara gatnaşyklary ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde ösdürýär. Ýurdumyz häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň çözgütlerini işläp taýýarlamak boýunça başlangyçlar bilen çykyş edip, parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmekde, halkara hyzmatdaşlygy giňeltmekde tagallalaryň birleşdirilmegine mynasyp goşant goşýar.

Geçen hepdede hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşine agza ýurtlaryň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň sammitine gatnaşmak maksady bilen, Saud Arabystany Patyşalygynda iş saparynda boldy.

19-njy iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sammitde çykyş etmek bilen, häzirki döwürde dürli sebitlerde, şol sanda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Aýlag hyzmatdaşlyk geňeşine girýän döwletleriň ýakyn künjeklerinde çylşyrymly halkara syýasy ýagdaýlaryň ýüze çykýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Merkezi Aziýanyň we Aýlag hyzmatdaşlyk geňeşiniň döwletleriniň daşary işler ministrleriniň hemişelik esasda hereket edýän maslahatyny döretmegiň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz syýasy meseleler boýunça hyzmatdaşlyk bilen bir hatarda, söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň örän ähmiýetli wezipeleriň hatarynda durýandygyny belläp, ulag, energetika, maýa goýumlar we söwda pudaklaryny ileri tutulýan ugurlar hökmünde görkezdi. Bu ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin, ilkinji nobatda, sebitlerimizi birleşdirmek maksady bilen, täze üstaşyr ulag geçelgelerini, berk we ygtybarly logistika infrastrukturasyny döretmek wajyp hasaplanýar. Ulag ulgamynda tagallalary utgaşdyrmak babatda Merkezi Aziýanyň we Aýlag hyzmatdaşlyk geňeşiniň ýurtlarynyň Ulag komitetini döretmek teklip edildi. Hormatly Prezidentimiz energetika pudagyna hem giň orun berilýändigini, bu ýurtlarda baý energiýa çeşmeleriniň, ýangyç-energetika serişdeleriniň we olary gaýtadan işleýän güýçli önümçilik desgalarynyň bardygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz energetika pudagynda bilelikdäki hereketleriň mümkinçiliklerini seljermek we maslahat bermek işlerini alyp barjak Energetika boýunça bilelikdäki iş toparyny döretmegi teklip etdi.

Hormatly Prezidentimiz Merkezi Aziýanyň we Aýlag hyzmatdaşlyk geňeşiniň ýurtlarynyň Söwda edarasyny, “Medeniýet dialogyny”, Ekologiýa geňeşini döretmek baradaky başlangyçlar bilen çykyş etdi. Mundan başga-da, ýurdumyzda 2024-nji ýylda Merkezi Aziýanyň we Aýlag hyzmatdaşlyk geňeşiniň ýurtlarynyň birinji maýa goýum forumyny we 2025-nji ýylda Lukmançylyk kongresini geçirmäge taýýarlyk nygtalyp, bedenterbiýe we sport ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmekde ilkinji ädimleriň biri hökmünde Merkezi Aziýanyň we Aýlag hyzmatdaşlyk geňeşiniň döwletleriniň birinji halkara sport oýunlaryny geçirmek teklibi barada aýdyldy.

Şol gün iş saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň Mirasdüşer Şazadasy, Premýer-ministri Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Saud bilen duşuşyk geçirdi. Türkmen-saud hyzmatdaşlygynyň geljegi baradaky pikir alyşmalaryň dowamynda ýurtlarymyzyň köptaraplaýyn görnüşde-de netijeli hyzmatdaşlyk edýändikleri nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, Aýlagyň hem-de Merkezi Aziýanyň döwletleriniň arasyndaky özara bähbitli gatnaşyklaryň çuňlaşdyrylmagynyň binýadyny goýan şu gezekki sammitiň ähmiýeti bellenildi. Türkmenistanyň öňe süren hem-de foruma gatnaşyjylaryň ählisi tarapyndan kabul edilen anyk teklipleri bu hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ýardam berer.

Geçen hepdäniň wakalarynyň hatarynda 17-nji iýulda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şu ýylyň alty aýynda alyp baran işleriniň jemlerine bagyşlap geçiren Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini görkezmek bolar. Mejlisiň gün tertibine Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmäge, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga, işini has-da kämilleşdirmäge degişli meseleleriň birnäçesi girizildi.

Hormatly Prezidentimiz Garaşsyz Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna berk eýerip, dünýäniň ýurtlary we halklary bilen dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny alyp barýandygyny, Harby doktrinamyzyň diňe goranyş häsiýetine eýedigini belledi. Şoňa görä-de, Harby doktrinamyzda bellenen talaplara, wezipelere laýyklykda, harby we hukuk goraýjy edaralaryň düzümi mundan beýläk-de kämilleşdiriler, harby gullukçylaryň, olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş, gulluk şertleri gowulandyrylar, ýurdumyzyň goranmak ukyby has-da pugtalandyrylar.

21-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meselelerine we käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Şolaryň hatarynda ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly kanunlaryň taslamalaryny işläp taýýarlamak boýunça milli parlamentiň alyp barýan işlerine hem seredildi.

Nebitgaz toplumynyň düzümlerini döwrebaplaşdyrmak, deňiz-derýa pudagynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreler, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy, ýurdumyzyň ylmy kuwwatyny has-da pugtalandyrmak, türkmen halkynyň medeni mirasyny dünýäde giňden wagyz etmek boýunça alnyp barylýan işler barada habar berildi. Şu ýylyň dowamynda Bitarap döwletimiziň daşary syýasy ugruny netijeli durmuşa geçirmek boýunça birnäçe teklipler beýan edildi.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Türkmenistanyň ileri tutulýan garaýyşlaryny taýýarlamak teklip edilýär. Resminamada ählumumy gün tertibiniň parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge, ekologiýa, daşky gurşawy goramaga, howanyň üýtgemegine, saglygy goraýşa, ynsanperwer ulgama degişli möhüm meseleleri babatda ýurdumyzyň başlangyçlary we çemeleşmeleri beýan ediler. Şeýle hem “Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlary hakynda orta möhletli Strategiýanyň” taslamasyny işläp düzmek teklip edilýär. Bu resminama dürli sebitlerde, şol sanda Merkezi Aziýa ýakyn künjeklerde emele gelen ýagdaýlary, geosyýasy şertleri nazara almak bilen, şeýle hem “Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynyň” esasynda işlenip taýýarlanylar.

Howpsuzlyk ulgamynda sebit we ählumumy hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak babatda netijeli gatnaşyklary dowam etdirmek maksady bilen, “Türkmenistanyň degişli döwlet edaralarynyň terrorçylyga garşy göreşmek boýunça halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegiň 2023 — 2025-nji ýyllar üçin Meýilnamasynyň” taslamasyny işläp taýýarlamak teklip edildi. Şunuň bilen birlikde, “Syýahatçylyk pudagynda Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň 2024-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň” taslamasyny işläp taýýarlamak teklip edildi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Türkmenistanyň halkara sergi işini ösdürmegiň 2024-2025-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynyň” taslamasyny işläp taýýarlamak baradaky teklip hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmeleriň ylmyň iň täze gazananlaryna esaslanýandygyny aýtdy we Garaşsyz Watanymyzda örän gysga taryhy döwürde ylym ulgamynyň binýatlyk esaslaryny has-da pugtalandyrmak, ony dünýä derejesine çykarmak boýunça birnäçe işleriň durmuşa geçirilendigini hem-de üstünlikli dowam etdirilýändigini belledi. Munuň özi milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň sazlaşykly ösüşini üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedir. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda dünýä ylmynyň işläp taýýarlamalaryny ulanmagyň häzirki wagtyň wajyp şerti bolup durýandygyna ünsi çekdi we Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Mejlisde hormatly Prezidentimiz “Daşoguz welaýatynyň Türkmen-özbek serhetýaka zolagynda Söwda merkezini gurmak hakynda” Karara gol çekdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip Türkmenistanda resmi sapar bilen bolan Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Çžin Pýo bilen 20-nji iýulda geçiren duşuşygynda türkmen-koreý parlamentara gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy, ony mundan beýläk-de ösdürmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Permanyna laýyklykda, Gahryman Arkadagymyz duşuşyga gatnaşyjylaryň el çarpyşmalary astynda dabaraly ýagdaýda Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygyna “Bitaraplyk” ordenini gowşurdy. Koreý parlamentiniň ýolbaşçysy bu ýokary sylaga iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmekde, türkmen we koreý halklarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakda bitiren hyzmatlary üçin mynasyp boldy.

Şol gün Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň öňünde çykyş etdi. Kim Çžin Pýo çykyşynyň dowamynda parlamentara gatnaşyklaryň çäklerinde söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna, bilelikdäki taslamalaryň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna ýardam bermegiň möhümdigine ünsi çekdi.

21-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Çžin Pýony kabul etdi.

Koreý parlamentiniň ýolbaşçysy Prezident Ýun Sok Ýoluň döwlet Baştutanymyza iberen mähirli salamyny we ähli türkmen halkyna rowaçlyk, abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy özüne ýokary sylagyň — “Bitaraplyk” ordeniniň berlendigi üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, netijeli türkmen-koreý hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ýardam etjekdigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz we myhman syýasy-diplomatik ulgamda, abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň ugry boýunça türkmen-koreý gatnaşyklarynyň ileri tutulýan meseleleri boýunça özara pikir alyşdylar. Şeýle hem soňky ýyllarda iki ýurduň kanun çykaryjy edaralarynyň arasynda gatnaşyklaryň işjeňleşdirilendigi, şunda ýokary parlament derejesinde amala aşyrylýan özara saparlara aýratyn ornuň degişlidigi nygtaldy. Ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk uzak möhletleýin häsiýete eýedir. Türkmenistanda öňdebaryjy koreý kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk etmegiň oňyn tejribesi toplandy, gazhimiýa pudagynda birnäçe iri taslamalar amala aşyryldy. Taraplar ynsanperwer, medeniýet, bilim we syýahatçylyk ulgamlardaky hyzmatdaşlygy hem ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanda bolmagynyň barşynda Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy we onuň ýanyndaky wekiliýet agzalary Arkadag şäheriniň gözel künjekleri hem-de infrastrukturasy bilen tanyş boldular. Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkine baryp görüp, bu ýerde “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlaryna we meşhur Akhan atly bedewiň çarpaýa galyp ýöreýşine tomaşa etdiler. Şeýle hem myhmanlar paýtagtymyzdaky Türkmen halysynyň milli muzeýiniň gadymy we häzirki döwre degişli halylaryny uly gyzyklanma bilen synladylar.

Geçen hepdäniň wakalarynyň hatarynda 18-nji iýulda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisini görkezmek bolar. Mejlisiň dowamynda Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramyna hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meseleler we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek bilen bagly işleriň çäginde milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň ykdysady we maliýe görkezijileriniň içgin seljerilmelidigini belläp, bu babatda aýratyn möhüm hasaplanýan ugurlar barada durup geçdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri ýurdumyzy ösdürmegiň söwda-ykdysady, senagat, önümçilik, dolandyryş, kanunçylyk-hukuk, hyzmat ediş we medeni-durmuş ugurlarynda gazanylan üstünlikler, ýetilen sepgitler baradaky maglumatlary hem-de geljek üçin mümkinçilikleri açýan beýleki habarlary, ol maglumatlar esasynda teklipleri, garaýyşlary gysga wagtda işläp taýýarlamalydygyny belläp, «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň 19-njy maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň guramaçylyk topary bilen bilelikde alyp barmaly işleriniň möhüm ugurlaryny kesgitledi.

Mejlisde türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini 2023-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda çagyrmak we ony Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde ýokary guramaçylykly geçirmek hakynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Kararyna gol çekdi. Resminamada mejlisi ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparyny döretmek bilen, onuň düzümi, şonuň ýaly-da, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň düzümine welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň halk maslahatlary tarapyndan teklip edilýän jemgyýetçilik wekillerini hödürlemegiň Tertibi tassyklanyldy. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Ýaşulular geňeşini döretmek, onuň Düzgünnamasyny hem-de düzümini tassyklamak hakynda Karara gol çekdi.

Şu ýylyň mart aýynda derman we lukmançylyk serişdeleriniň, ýurdumyzda öndürilen azyk önümleriniň ynsanperwerlik kömegi hökmünde iberilmegine jogap hökmünde Arkadag şäherinde ýerleşýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna Ukrainadan hoşallyk haty gelip gowuşdy. Hoşallyk haty hem-de degişli fotosuratlar gaznanyň muzeýinde ýerleşdiriler.

Halkymyzyň gadymdan gelýän ynsanperwerlik, goňşuçylyk ýörelgelerine eýerip, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna Türkiýe Respublikasyna we Owganystana hem ynsanperwerlik ýükleriniň iberilendigi bellärliklidir. Munuň özi halkymyzyň hemaýata mätäçlere duýgudaşlyk bildirmek, ýardam bermek ýörelgeleriniň mynasyp dowam etdirilýändiginiň aýdyň güwäsidir.

Mejlisde Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rubem Antonio Korrea Barbozadan ynanç haty kabul edildi. Diplomat söwda-ykdysady, ylym-bilim, sport, syýahatçylyk ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmek, medeni dialogy işjeňleşdirmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtady.

Ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlisiň dowamynda BMG-niň iri ýöriteleşdirilen edarasy bilen özara gatnaşyklaryň giň meselelerine garaldy we hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary, şol sanda milli gymmatlyklarymyzy Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek boýunça Türkmenistanyň öňe sürýän başlangyçlary, geljek ýylda Aşgabatda Türkmenistanyň bu guramanyň düzümine girmeginiň 30 ýyllyk şanly senesine bagyşlanyp geçiriljek halkara maslahata taýýarlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň Aba Annaýew şäherçesinde Geňeş agzalarynyň saýlawlary geçirildi. Şu gezekki saýlawlarda Geňeş agzalarynyň 5 ornuna 10 dalaşgär görkezilip, şolaryň ýaryna golaýynyň zenanlardygyny bellemeli.

17-nji iýulda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine resminamalary kabul etmek möwsümi başlandy. Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyna, Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebine we Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebine şu ýyl ilkinji gezek talyplar kabul ediler.

Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň dostluk, ynsanperwerlik we netijeli hyzmatdaşlyga açyklyk ýörelgelerine esaslanýan syýasatynyň innowasion häsiýetli kuwwatly ykdysadyýeti kemala getirmek, ýurdumyzyň halkara abraýyny mundan beýläk-de beýgeltmek, halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşyny üpjün etmek ýaly maksatlara ýetmäge ýardam edýändigini ýene-de bir gezek aýdyň görkezdi.

Soňky habarlar
26.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
26.11
“Türkmennebit” döwlet konsernine “Iner” hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi
26.11
Türkmenistan — Hytaý: innowasion ösüşiň ýoly bilen
26.11
Paýtagtymyzda halkara maslahat we sergi geçirilýär
26.11
«Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
26.11
«Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumyna gatnaşyjylara
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň wekillerini kabul etdi
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň senatoryny kabul etdi
top-arrow