Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
Çap edildi 30.06.2025
1814

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Farýal Legarini kabul etdi. Diplomat döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Ilçi wagt tapyp kabul edendigi üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirip, Pakistanda Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilige esaslanýan syýasatyna ýokary baha berilýändigini aýtdy hem-de pursatdan peýdalanyp, Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardariniň hem-de Premýer-ministri Mian Muhammad Şahbaz Şarifiň hormatly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Döwlet Baştutanymyz dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekilini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa iki ýurduň arasyndaky köpugurly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen işinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Hormatly Prezidentimiz Pakistan Yslam Respublikasynyň ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan edip, biziň ýurtlarymyzy we halklarymyzy diňe bir dost-doganlyk gatnaşyklarynyň däl, eýsem, ruhy, medeni, taryhy gymmatlyklaryň hem baglanyşdyrýandygyny belledi.

Nygtalyşy ýaly, Pakistan Türkmenistanyň Günorta Aziýa sebitinde iň möhüm hyzmatdaşlarynyň biridir. Häzirki wagtda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, energetika, ulag, bilim, medeni-ynsanperwer ugurlarda üstünlikli ösdürilýär. Türkmen-pakistan gatnaşyklary özara ynanyşmagyň, düşünişmegiň ýokary derejesi bilen häsiýetlenýär. Bu bolsa, öz gezeginde, ikitaraplaýyn görnüşde, abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmäge berk binýat bolup hyzmat edýär.

Türkmen-pakistan gatnaşyklarynyň gün tertibinde söwda-ykdysady, energetika ugurly hyzmatdaşlyk aýratyn orny eýeleýär. Häzirki wagtda ýurtlarymyz sebitde iri energetika we kommunikasiýa taslamalaryny, hususan-da, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň, elektrik geçirijisiniň taslamalaryny durmuşa geçirýärler. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bu taslamalaryň geljekde tutuş sebitiň durmuş-ykdysady taýdan ösmegine ýardam berjekdigine, şeýle hem Farýal Legariniň täze bellenen ilçi hökmünde iki ýurduň tagallalaryny utgaşdyrmak arkaly bu iri taslamalary amala aşyrmaga goşant goşjakdygyna ynam bildirdi. Şeýle-de söhbetdeşler iki ýurduň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmagyň, bilim, ylym, saglygy goraýyş ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň aýratyn ähmiýetini bellediler.

Duşuşygyň ahyrynda Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Farýal Legari mähirli kabul edilendigi üçin ýene bir gezek hoşallyk bildirip, iki ýurduň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak babatda tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

* * *

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek we pugtalandyrmak maksady bilen, hanym Farýal Legarini Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek kararyna geldim. Hanym Farýal Legariniň ýokary şahsy häsiýetleri we ukyp-başarnyklary özüne ynanylan wezipäni Siziň Alyhezretiňiziň makullamagyna mynasyp derejede ýerine ýetirjekdigine ynam döredýär. Şunuň bilen baglylykda, Siziň Alyhezretiňizden ony hoşniýetli kabul etmegiňizi hem-de meniň adymdan ähli beýan etjeklerine, hususan-da, Size, şeýle-de Türkmenistanyň halkyna abadançylyk, rowaçlyk baradaky arzuwlarymy ýetirende, oňa doly ynanmagyňyzy uly hormat bilen haýyş edýärin.

Asif Ali ZARDARI,

Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti.

Soňky habarlar
24.07
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
23.07
Ahalteke bedewi — milli we umumadamzat gymmatlygy
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady
22.07
Ýaş hünärmenleri taýýarlamak — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
22.07
Türkmen sungaty dabaralanýar
22.07
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Prezidentini gutlady
21.07
Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, açyklyk we netijeli hyzmatdaşlyk syýasatyny ilerledýär
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysyny kabul etdi
top-arrow