Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Döwlet Baştutanymyz Jidde şäherinde lukmançylyk we sport ulgamynda gatnaşyklary işjeňleşdirmegi teklip etdi
Jemgyýet
Döwlet Baştutanymyz Jidde şäherinde lukmançylyk we sport ulgamynda gatnaşyklary işjeňleşdirmegi teklip etdi
Çap edildi 19.07.2023
2601

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Jidde şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa – Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi» görnüşindäki Sammitinde eden çykyşynda lukmançylyk we sport ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi teklip etdi.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, lukmançylyk we saglygy goraýyş pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek hem derwaýys wezipeleriň biridir we bu babatda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy tarapyndan wajyp halkara başlangyçlar öňe sürüldi.

«Bu teklipleri iş ýüzünde durmuşa geçirmek we lukmançylyk diplomatiýasy babatdaky gatnaşyklary ösdürmek üçin, 2025-nji ýylda Aşgabat şäherinde Merkezi Aziýanyň we Aýlag Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň döwletleriniň Lukmançylyk kongresini geçirmegi teklip edýäris» – diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.

Şeýle-de döwlet Baştutanymyz bedenterbiýe we sport ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek meselesi-de örän manydardyrdygyny aýratyn ünsi çekdi.

«Bu ugurda Merkezi Aziýanyň we Aýlag Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň döwletleriniň Birinji halkara sport Oýunlaryny geçirmek ilkinji ädimleriň biri bolup biler. Şeýle oýunlar açyk häsiýete eýe bolmaly diýip pikir edýäris. Bu çäräni guramak üçin Türkmenistan bar bolan ähli döwrebap sport infrastrukturasyny hödürlemäge we Oýunlara gatnaşyjylar üçin iň amatly şertleri döretmäge taýýardyr» – diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow belledi.

Soňky habarlar
23.09
Paýtagtymyzda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi öz işine başlady
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystany Patyşalygynyň ýolbaşçylaryny gutlady
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna doglan güni mynasybetli gutlag hatlar gelip gowuşýar
22.09
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
22.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
22.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryndan hoşallyk haty gelip gowuşdy
22.09
Ählumumy abadançylygyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmekde täze ädimler
22.09
Garaşsyz Watanymyzyň gazananlaryny wasp edip
22.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
top-arrow