Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Arkadag şäheri — şäher gurluşygynyň täzeçil nusgasy
Ykdysadyýet
Arkadag şäheri — şäher gurluşygynyň täzeçil nusgasy
Çap edildi 04.07.2023
2149

Şu gün Arkadag şäheriniň gurluşyk toplumynda “Arkadag şäheri — gurluşygyň we senagatyň beýik nusgasy” atly halkara maslahat geçirildi. Ol täze şäheriň birinji tapgyrynyň ulanmaga berilmegi mynasybetli guralan halkara çäreleriň jemini jemledi.

Foruma Türkmenistanyň we ýurdumyzyň ozaldan gelýän, ygtybarly hyzmatdaşlary bolan daşary ýurt kompaniýalarynyň, gurluşyk edaralarynyň, senagat, energetika, himiýa we ýol gurluşygy pudaklarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar. Şolaryň hatarynda “Buig Türkmen”, “Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd”, “Hyundai Engineering Co., Ltd”, “Kawasaki Heavy Industries, Ltd”, “Sumitomo Corporation”, “Çalik Enerji Sanayi ve Ticaret A.Ş.”, “Rönesans Inşaat”, “Wozroždeniýe” kompaniýalary, şeýle hem “Dorožnoýe stroitelstwo Altkom”, “INAS+” jogapkärçiligi çäkli jemgyýetleri we beýlekiler bar.

Merkezi Aziýada deňi-taýy bolmadyk täzeçil gurluşyk taslamasynyň, “akylly” şäher konsepsiýasynyň amala aşyrylmagy uzak geljegi nazarlaýan iri möçberli taslamalary üstünlikli durmuşa geçirýän Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ykdysady kuwwatynyň nobatdaky beýanyna öwrüldi. Bary-ýogy birnäçe ýylyň içinde Köpetdagyň ajaýyp künjeginde emele gelen ekologik taýdan arassa we owadan şäheriň ýurdumyzyň möhüm ylym-bilim, medeni, halkara merkezine öwrülmegi, oňa kanun esasynda döwlet ähmiýetli şäher derejesiniň berilmegi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýetilen beýik sepgididir, uly üstünligidir.

Giň gerimli şähergurluşyk maksatnamasyny esaslandyryjy we bu taslamanyň başyny başlan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy bilen täze şäher IT tehnologiýalaryň we häzirki zaman binagärlik çözgütleriniň nusgasyna öwrüldi. Ol dünýäniň şähergurluşyk maksatnamasynyň we milli binagärlik ýörelgeleriniň täzeçil meýillerini özünde jemleýär. Muňa şu günki foruma gatnaşyjylar hem aýdyň göz ýetirdiler. Forumyň çäklerinde ýörite sergi guraldy. Onda halkara maslahata gatnaşyjylar şäherleriň we sebitleriň durmuş ulgamynyň guralmagyna, gurluşyk-senagat toplumynyň ösdürilmegine gönükdirilen täzeçil tehnologiýalar bilen tanyşdyryldy. Munuň özi bu toplumyň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň geljegi uly we sazlaşykly ösýän pudaklarynyň biridigini, energetika, himiýa pudaklarynda, ýol gurluşygynda amala aşyrylýan özgertmeleri giňden görkezýär.

Maslahatyň dowamynda bellenilişi ýaly, milli medeniýetiň ösdürilmegi ylmy-tehniki ösüş bilen berk baglanyşyklydyr. Häzirki döwürde bu ugurda ýetilen sepgitler öňdebaryjy sanly, maglumat-kommunikasiýa we “ýaşyl” tehnologiýalar işjeň ulanylan “akylly” şäher konsepsiýasyna gulluk edýär. Täze şäheriň taslamasy taýýarlanylanda, amatly şäher gurşawyny döretmäge mümkinçilik berýän täzeçil çözgütleriň göz öňünde tutulmagy Arkadag şäheriniň esasy aýratynlyklarynyň biri bolup durýar. Şäheriň taslamalaryny taýýarlamak işlerine talyplaryň işjeň çekilendigini hem bellemeli. Olar täze görnüşdäki şäheriň gurluşygyna mynasyp goşant goşdular. Munuň özi dünýäniň öňdebaryjy tejribesini işjeň ulanmak arkaly Türkmenistanyň ylmy-tehnologik we intellektual mümkinçiliklerine esaslanýan sanly ulgama geçmegiň milli usulynyň işlenip taýýarlanýandygynyň nobatdaky beýanydyr.

Şäherde häzirki zaman wideogözegçilik ulgamy, gaz, suw we energiýa üpjünçiligi, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň döwrebap serişdeleri hereket edýär. Bu bolsa gulluklaryň işine gözegçilik etmäge we hojalygy döwrebap derejede dolandyrmaga, bilim, saglygy goraýyş, beýleki möhüm pudaklarda öňdebaryjy sanly çözgütleri peýdalanmaga mümkinçilik berýär. Şäheriň ekologik ýagdaýyna uly üns berildi. Şeýlelikde, daşky gurşawa zyýanly galyndylary we zyňyndylary azaltmaga, geljegiň ulagy hasaplanýan elektromobilleriň hem-de elektrobuslaryň ulanylmagyna hemmetaraplaýyn ähmiýet berilýär.

Şunuň bilen baglylykda, Arkadag şäheriniň Türkmenistanda “Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, “ýaşyl”, howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek” taslamasyna girizilen ilkinji “akylly” şäherdigini bellemek gerek. Munuň özi ýurdumyzyň bu ugurda alyp barýan ägirt uly işleriniň halkara derejede ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Arkadag şäheriniň köp sanly desgalarynyň gurluşygynda ekologik taýdan arassa gurluşyk serişdeleriniň ulanylmagynyň esasy talaplaryň biri bolandygy tötänden däldir. Munuň özi şäheriň ilaty üçin amatly ekologik gurşawy emele getirýär. Ähli binalar we desgalar, şol sanda iki we köp gatly amatly ýaşaýyş jaýlary, jemgyýetçilik, bilim, saglygy goraýyş, medeni maksatly desgalar, sport merkezleri, inženerçilik ulgamy gurluşygyň dünýä ülňülerine laýyk derejede bina edildi we olaryň ählisi seýsmiki durnuklylyk, ygtybarlylyk talaplaryna doly laýyk gelýär.

Şäheriň taslamasy taýýarlanylanda we onuň gurluşygynda ulanylan gurluşyk, binagärlik, bezeg, logistik, tehnologik çözgütleriň onuň durmuş düzüminiň derejesiniň halkara guramalaryň, şol sanda Milletler Bileleşiginiň iri düzümleriniň — BMG-niň Senagat ösüşi boýunça guramasynyň, Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň, Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň we Arkadag şäheriniň gurluşygy mahalynda bu ýere gelen beýleki düzümleriň wekilleriniň ýokary bahasyna mynasyp bolandygyny bellemek gerek.

Çykyşlarda nygtalyşy ýaly, häzirki döwürde dünýäde “smart-siti” konsepsiýasy esasynda bina edilen tutuş şäheri ulanmaga bermäge ukyply ýurtlar köp däldir. Täze şäheriň abraýly halkara düzümleriň we guramalaryň güwänamalarynyň 20-den gowragyna mynasyp bolmagy onuň häzirki zaman şäher gurluşygynyň dünýä derejeli “merjenleriniň” biri hökmünde ykrar edilendigini görkezýär. Munuň özi şäheriň ösüşine innowasion çemeleşmeleriň we döwletimiziň halkymyzyň bagtyýar, abadan durmuşynyň üpjün edilmegine bolan jogapkärçilikli garaýşynyň aýdyň netijesidir.

Özüniň owadanlygy we binagärlik-şähergurluşyk babatda gaýtalanmajak keşbi bilen dünýä jemgyýetçiligini özüne çeken täze “smart-sitiniň” açylan ilkinji günlerinden halkara duşuşyklaryň, sport we medeni çäreleriň geçirilýän merkezine öwrülendigini bellemek gerek. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýakynda gol çeken Kararyna laýyklykda, Arkadag şäheriniň mümkinçiliklerini giňden wagyz etmek maksady bilen, 2024-nji ýylyň iýun aýynda bu ýerde Medeniýet hepdeligi geçiriler. Her ýylda geçirilýän giň möçberli medeni çäre türkmen halkynyň köpasyrlyk medeni däplerini giňden wagyz etmäge gönükdirilendir. Umumy pikire görä, Merkezi Aziýada ýeke-täk “akylly” şäheriň açylmagy, onuň durmuş düzümine täzeçil, sanly tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy aýratyn möhüm taryhy ähmiýeti bolan waka hökmünde mähriban Watanymyzyň ýyl ýazgysyna altyn harplar bilen ýazylar.

Forumda çykyş eden daşary ýurtly myhmanlar ajaýyp binagärlik çözgüdi bolan kaşaň binalaryň, täze şäheriň desgalarynyň bu ýeriň tebigy aýratynlygy bilen sazlaşygy emele getirip, döredijiligiň we ösüşiň belentliklerine tarap ynamly gadam urýan Türkmenistanyň sazlaşykly ösüşiniň döwrebap mümkinçiliklerini özünde jemleýändigini bellediler.

Halkara maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagy ugrunda yzygiderli alada edýän hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.

***

Günüň ikinji ýarymynda forumyň çäklerinde Türkmenistanyň ministrlikleriniň we gurluşyk-senagat toplumyna degişli pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylarynyň daşary ýurtly kompaniýalaryň wekilleri bilen duşuşyklary boldy. Olaryň dowamynda uzak möhletleýin we özara bähbitli esasda ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Halkara maslahata gatnaşyjylar üçin ýurdumyzyň taryhynda ilkinji “akylly” şäheriň medeni merkezleri we ajaýyp ýerleri bilen tanyşdyrýan gezelençler guraldy.

Soňky habarlar
22.12
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
21.12
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
21.12
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň önümçilik desgasynyň maddy-üpjünçilik binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin degişli işler geçirmäge ygtyýar berildi
21.12
Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň awiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy
20.12
2024-nji ýylyň noýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
19.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi
19.12
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa resmi saparynyň jemleri boýunça Türkmenistanyň we Malaýziýanyň arasynda BILELIKDÄKI BEÝANNAMA
19.12
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa resmi saparynyň jemleri boýunça metbugat maslahatyndaky çykyşy
19.12
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy IIM-niň Awtomobil sport toplumynyň desgalarynyň taslamalary bilen tanyşdy
18.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa resmi sapary başlandy
top-arrow