Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Arkadag şäherinde halkara mediaforum geçirildi
Jemgyýet
Arkadag şäherinde halkara mediaforum geçirildi
Çap edildi 30.06.2023
2177

Şu gün Arkadag şäherinde ýurdumyzda ilkinji “akylly” şäheriň açylmagyna bagyşlanan halkara mediaforum geçirildi. Duşuşyga Arkadag şäheriniň açylyş dabarasyna gatnaşan daşary ýurtly myhmanlar, Türkmenistanyň birnäçe edaralarynyň we guramalarynyň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň hem-de ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Bu çärede çykyş edenler Türkmenistanyň halkyny şanly waka — Arkadag şäheriniň açylmagy bilen gutladylar. Dabaraly çärä gatnaşyjylaryň giň wekilçilikli düzümi dünýä bileleşigi tarapyndan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmelere uly üns berilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Sebitde deňi-taýy bolmadyk “akylly” Arkadag şäheriniň açylmagy şol özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň mysalydyr.

Nygtalyşy ýaly, kanunçylyk esasynda döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk derejesine eýe bolan bu täsin şäheriň gurulmagy ýurdumyzda türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýaýbaňlandyrylan we häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda dowam etdirilýän ägirt uly özgertmeleriň anyk netijesidir. Munuň özi diňe Türkmenistan üçin däl, eýsem, tutuş sebit üçin hem şanly wakadyr. Täze şäheriň gurulmagy bu ägirt uly taslamanyň başyny başlaýjy — türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwletiň ösüşiniň geljegine oňat düşünýändigine hem-de türkmenistanlylaryň döredijilik kuwwatyny täze pikirleridir başlangyçlary durmuşa geçirmäge gönükdirýändigine şaýatlyk edýär.

Mediaforuma gatnaşyjylaryň pikirine görä, ýurdumyzda ilkinji “akylly” şäheriň açylmagy Türkmenistanyň ekologik wezipeleri çözmek we adamlaryň ähli amatlyklaryň hözirini görüp ýaşamaklary üçin oňaýly şertleri döretmek maksady bilen, şähergurluşyk taslamalaryna innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmakda öňdäki orny eýeleýändiginiň subutnamasydyr. Köpetdagyň eteginde ýerleşýän täze şäher öňdebaryjy sanly, maglumat-aragatnaşyk we “ýaşyl” tehnologiýalara esaslanýan “akylly” şäheriň aýdyň nusgasydyr. Bu ýerde ekologiýa ýaly möhüm ugra aýratyn üns berilýär. Mysal üçin, desgalaryň gurluşygynda ekologik taýdan arassa materiallar ulanyldy. Arkadag şäheriniň “ÝHHG-niň sebitinde durnukly, “ýaşyl”, howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek” taslamasyna goşulýandygy baradaky güwänamanyň berilmegi bu ulgamda öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli çözülýändigine şaýatlyk edýär.

Täze şäheriň desgalarynyň hatarynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi hem bar. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, sözüň doly manysynda, munuň özi desgalaryň toplumyny özüne birleşdirýän çagalar şäherçesidir. Toplumyň abadanlaşdyrylan çäginde çagalaryň arassa howada wagtlaryny gyzykly geçirmekleri üçin ähli şertler döredildi. Ilatyň, aýratyn-da, Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesliň saglygyny goramak meselelerine toplumlaýyn çemeleşilmegi türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanylan “Saglyk” Döwlet maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli çözülýändigini görkezýär.

Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin şertleri döretmek forumyň esasy meseleleriniň biri boldy. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibini durmuşa geçirmegiň, hususan-da, durnukly, oňaýly we “akylly” şäherleri döretmegiň ýolunda möhüm ädimleri ädýändigi nygtaldy. Täze şäheriň keşbinde milli binagärligiň iň gowy däpleri binagärlik we bezeg babatda häzirki zaman meýilleri bilen sazlaşykly utgaşýar. Bu ýerde halkara ölçeglere, şol sanda tebigaty goramak ulgamyndaky ölçeglere laýyk gelýän toplumlaýyn infrastrukturanyň döredilmegi şäher ýaşaýjylary üçin oňaýly ýaşaýyş-durmuş şertlerini üpjün edýär. Şunda Türkmenistanyň syýasy strategiýasynyň esasynda goýlan “Döwlet adam üçindir!” diýen ýörelge öz beýanyny tapýar. Ýeri gelende aýtsak, bu ýerde şäher köçelerinde jemgyýetçilik ulagynyň ekologik taýdan arassa görnüşleri — elektrobuslar we elektrotaksiler hereket eder. Şeýlelikde, Arkadag şäheri dünýäniň şähergurluşyk, inženerçilik-tehniki ösüşiniň iň täze nusgalaryny özünde jemleýär.

Forumyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanda şäher giňişligini ösdürmek we ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreleriň Milletler Bileleşiginiň strategik maksatnamalarynda bellenen wezipeleri yzygiderli çözmekde nusga bolup durýandygyny kanagatlanma bilen bellediler.

Soňky habarlar
13.05
Paýtagtymyzda GDA agza ýurtlaryň demir ýol ulagy boýunça Geňeşiniň 84-nji halkara mejlisi öz işine başlady
13.05
2026-njy ýylyň 22-nji maýynda Aşgabat şäherinde GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisi geçiriler
13.05
Gahryman Arkadagymyzyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna sapary başlandy
13.05
Gahryman Arkadagymyzyň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşligi
13.05
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň demir ýol ulagy boýunça Geňeşiniň 84-nji halkara mejlisine gatnaşyjylara
12.05
Watanymyzyň abadançylygynyň, deňhukukly hyzmatdaşlygyň, parahatçylyk söýüjilik ýörelgeleriniň bähbidine
12.05
Gahryman Arkadagymyz Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýanyndaky Syýasy meseleler boýunça konsultatiw komitetiň başlygy bilen duşuşdy
12.05
Paýtagtymyzda «Agro Pack Turkmenistan — 2026» atly halkara sergi geçirilýär
12.05
Halkara kinofestiwaldaky nobatdaky üstünlik
11.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
top-arrow