Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Arkadag şäherine 21 sany halkara sylag gowşuryldy
Jemgyýet
Arkadag şäherine 21 sany halkara sylag gowşuryldy
Çap edildi 29.06.2023
2270

Şu gün Türkmenistanda ilkinji “akylly” Arkadag şäheriň açylyşy mynasybetli giň möçberli dabaralar ýaýbaňlandyryldy. Döwlet ähmiýetli şäheriň açylyş dabarasynyň çäklerinde döwlet Baştutanymyz bilen belent mertebeli daşary ýurtly myhmanlaryň gatnaşmagynda Ruhyýet köşgünde dabaraly maslahat geçirildi. Bu ýerde Arkadag şäheriniň dürli ugurlarda gazanylan üstünliklerini tassyklaýan sylag gowşurmak dabarasy geçirildi.

Gowşurylan sylaglar:

– Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Arkadag şäheriniň ýaşaýyşyň hil düzümini ýokarlandyrmaga gönükdirilen gurluşy hem-de aňrybaş tehnologiýalar, amallar we çeşmeleri arkaly häzirkizaman şäher ösüşi üçin Minnetdarlyk Şahadatnamasy;

– Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) «XXI asyryň şäheri» atly ýörite şahadatnamasy;

– «Türki dünýäsiniň ilkinji «akylly» şäheri» atly Şahadatnama;

– Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň «Paýtagtlaryň we iri şäherleriň halkara assambleýasy» assosiasiýasynyň Şäher gurluşygynda «Akylly şäher» maksatnamasynyň toplumlaýyn durmuşa geçirilendigi mynasybetli diplomy;

– Türki dünýäsiniň inženerler we arhitektorlar birleşiginiň Arkadag şäheri taslamasy Türk dünýäsi şäherçilik ýörite nyşanyna mynasyp hasaplanylandygy barada Şahadatnama;

– Birleşen Milletler Guramasynyň Senagat Ösüş guramasynyň (UNIDO) 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüşiň gün tertibiniň inklýuziw we durnukly senagat ösüşine (ISID) gönükdirilen dördünji senagat öwrülişigiň (4IR) sanly tilsimatlaryny ulanmak arkaly «akylly» şäheri gurmak babatda goşandy üçin Minnetdarlyk Güwänamasy;

– Birleşen Milletler Guramasynyň daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň (UNEP) Durnukly ösüş maksatlarynyň we şäherleriň ösüşiniň täze gün tertibiniň uýgunlaşdyrylmagyna goşant goşmak bilen inklýuziw, howpsuz we akylly durnukly sebitler we jemagatlar ýörelgelerini durmuşa geçirmek babatda tagallalaryň ykrar edilmeginiň nyşany we minnetdarlyk hökmünde Türkmenistanyň Arkadag şäherine Minnetdarlyk Güwänamasy;

– Birleşen Milletler Guramasynyň Aziýa we Ýuwaş ummany sebiti boýunça Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça komissiýasynyň (UNESCAP)inklýuziw, howpsuz, ýaşaýyş taýdan durnukly, akylly şäheriň döredilmegi hem-de Durnukly ösüş maksatlarynyň we şäherleriň ösüşiniň täze gün tertibiniň uýgunlaşdyrylmagyna goşant goşmak babatda UNESCAP bilen hyzmatdaşlygy üçin Türkmenistanyň Arkadag şäherine Minnetdarlyk Güwänamasy;

– Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (UNESCO) Bilim ulgamynda maglumat tehnologiýalary boýunça Institutynyň Arkadag şäherinde Türkmenistanyň sanly ykdysadyýetine we durnukly ösüşine goşant goşjak täze sanly bilim ulgamynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi mynasybetli Gutlag haty;

– Arap ligasynyň bilim, medeniýet we ylmy guramasynyň Arkadag şäherinde ýaş nesiller üçin täze mümkinçilikler we döredijilk gurşawy getirjek we sanly ykdysadyýete hem-de Türkmenistanyň durnukly ösüşine goşant goşjak innowasion sanly bilim ulgamynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi mynasybetli Gutlag haty;

– Bilim Arkalaşygynyň Täze sanly bilim ulgamynyň durmuşa geçirilendigi mynasybetli Gutlag haty;

– Ähliumumy Ýaşyl ösüş institutynyň Arkadag şäherine Ýaşyl we akylly şäher Şahadatnamasy;

– Birleşen Milletler Guramasynyň ilat nokatlary boýunça maksatnamasynyň (UN-Habitat) Iň gowy şäher geljegi üçin, Durnukly ösüş maksatlarynyň we Türkmenistanda şäherleriň ösüşiniň täze gün tertibiniň uýgunlaşdyrylmagyna goşant goşmak bilen, inklýuziw, howpsuz we akylly durnukly sebitler we jemagatlar ýörelgelerini durmuşa geçirmek babatda tagallalaryň ykrar edilmeginiň nyşanyny we minnetdarlyk hökmünde Minnetdarlyk haty;

– Arhitektorlar Bileleşiginiň Halkara Assosiasiýasynyň Arkadag şäheriniň Innowasion binagärçiligi hakynda Diplomy;

– Ermenistanyň Milli ylymlar akademiýasynyň A.Nazarow adyndaky Geofizika we inžener seýsmologiýasy institutynyň Seýsmiki kiçi etrapça gurluşygy hem-de seýsmiki howpsuzlygyň üpjünçiligi boýunça Arkadag şäheriniň çäginde geçirilen ylmygözleg işleriniň hili barada Şahadatnamasy;

– Russiýa Federasiýasynyň Gurluşyk we ýaşaýyş-kommunal hojalyk ministrliginiň Merkezi ylmy-barlag we meýilnamalaşdyryş institutynyň Garaşsyz ylmytehniki derňewleriň netijesinde Arkadag şäheriniň BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryna, ekologiki gurluşyk boýunça halkara talaplaryna laýykdygyny tassyklaýan Şahadatnamasy;

– Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň El Kahon şäheriniň häkimliginiň 2023-nji ýylyň 29-njy iýunynyň «Arkadag güni» diýlip yglan edilendigi barada Kaliforniýa Proklamasiýasy (karary) 

– Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Lincoln uniwersitetiniň 2023-nji ýylyň 29-njy iýunynyň «Arkadag güni» diýlip yglan edilendigi barada Lincoln uniwersitetiniň Proklamasiýasy (karary);

– «Guinnes» rekordlar kitabynyň «539 adamyň gatnaşmagynda iň uly bagbançylyk sapagy» atly Şahadatnamasy;

– Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Halkara «KTQ International GmbH» kompaniýasynyň Arkadag şäheriniň Köpugurly hassahanasyna Aýdyňlyk we hil boýunça hyzmatdaşlyk hakynda Halkara Şahadatnamasy;

– Niderlandlar Patyşalygynyň «Philips Medical Systems» kompaniýasynyň Arkadag şäheriniň Köpugurly hassahanasyna «Philips» enjamlary bilen üpjün edilen Sebitiň ýokary tehnologiýaly hassahanasy atly Güwänamasy.

Soňky habarlar
13.05
Paýtagtymyzda GDA agza ýurtlaryň demir ýol ulagy boýunça Geňeşiniň 84-nji halkara mejlisi öz işine başlady
13.05
2026-njy ýylyň 22-nji maýynda Aşgabat şäherinde GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisi geçiriler
13.05
Gahryman Arkadagymyzyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna sapary başlandy
13.05
Gahryman Arkadagymyzyň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşligi
13.05
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň demir ýol ulagy boýunça Geňeşiniň 84-nji halkara mejlisine gatnaşyjylara
12.05
Watanymyzyň abadançylygynyň, deňhukukly hyzmatdaşlygyň, parahatçylyk söýüjilik ýörelgeleriniň bähbidine
12.05
Gahryman Arkadagymyz Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýanyndaky Syýasy meseleler boýunça konsultatiw komitetiň başlygy bilen duşuşdy
12.05
Paýtagtymyzda «Agro Pack Turkmenistan — 2026» atly halkara sergi geçirilýär
12.05
Halkara kinofestiwaldaky nobatdaky üstünlik
11.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
top-arrow