Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Türki dünýäniň inženerler we binagärler birleşiginiň ýolbaşçysyny kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Türki dünýäniň inženerler we binagärler birleşiginiň ýolbaşçysyny kabul etdi
Çap edildi 28.06.2023
1433

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň döwlet derejesinde geçirilýän açylyş dabaralaryna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Türki dünýäniň inženerler we binagärler birleşiginiň ýolbaşçysy Ilýas Demirjini kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, häzirki döwürde sazlaşykly ösüş ýoluna düşen Türkmenistanyň özboluşly keşbini döretmäge goşan şahsy goşandyny nazara alyp, dabaraly ýagdaýda döwlet Baştutanymyza “Türki dünýä ýokary hyzmatlary üçin” atly medaly gowşurdy.

Hormatly Prezidentimiz abraýly düzümiň ýolbaşçysyny sahawatly türkmen topragynda görýändigine şatdygyny aýdyp, Ilýas Demirjä hem-de birleşigiň ähli agzalaryna bildirilen hormat üçin minnetdarlygyny beýan etdi we bu sylagy Türkmenistanyň binagärlik, inženerçilik, şäher gurluşygy babatda ýeten derejesine berlen ýokary baha hökmünde kabul edýändigini aýtdy.

Bellenilişi ýaly, ykdysadyýetimizde amala aşyrylýan özgertmeler ýurdumyzyň ýokary depgindäki durnukly ösüşini üpjün edýär. Kabul edilen maksatnamalaryň çäklerinde täze şäherler, şäherçeler, obalar, dürli maksatly desgalar we önümçilik kärhanalary gurlup ulanmaga berilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Arkadag şäheriniň bina edilmegi durmuş maksatly syýasatymyzyň üstünliklere beslenýändigini görkezýär. Bu şäher öz tehniki we tehnologik häsiýeti boýunça tapawutlanýan täze ölçeglere esaslanýan “akylly” şäheriň nusgasydyr. Täze şäherde halkara ölçeglere laýyk gelýän köp sanly durmuş-medeni maksatly binalar, sport desgalary, inženerçilik ulgamlary guruldy. Şeýle hem şäheriň daşky gurşawyny goramak, tebigat bilen sazlaşygyny gazanmak üçin zerur çäreler görüldi diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we myhmanlaryň saparyň dowamynda täze şäher bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilikleriniň boljakdygyna ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hyzmatdaşlyk meseleleri barada aýdyp, türki halklary umumy taryhyň, medeniýetiň, durmuş gymmatlyklarynyň birleşdirýändigini kanagatlanma bilen belledi. Şoňa görä-de, türki döwletler bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasatynda möhüm orny eýeleýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we Türki dünýäniň inženerler we binagärler birleşigi bilen hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçiliklerine, öňdebaryjy tehnologiýalar hem-de dolandyryş çözgütleri esasynda, şäher gurluşygyny kämilleşdirmekde inženerçiligiň gazananlary babatda tejribe alyşmak meselelerine garaljakdygyny aýtdy.

Türkmen tarapynyň hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça anyk teklipleri öwrenmäge taýýardygyny belläp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türki dünýäniň inženerler we binagärler birleşiginiň ýolbaşçysy Ilýas Demirjä gowşurylan ýokary sylagy üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi hem-de oňa berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Duşuşygyň ahyrynda söhbetdeşler birek-biregi tutuş musulman dünýäsinde mukaddes saýylýan Gurban baýramy bilen tüýs ýürekden gutladylar.

Soňky habarlar
01.08
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.08
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
01.08
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Premýer-ministrine gynanç bildirdi
01.08
Türkmenistanyň Prezidenti Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidentini gutlady
31.07
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl konsultatiw duşuşygyndaky ÇYKYŞY
31.07
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl konsultatiw duşuşygyna gatnaşdy
31.07
Döwletiň we jemgyýetiň demokratik esaslaryny pugtalandyrmak ugrunda
30.07
Durnukly ykdysady ösüş — halkyň abadan durmuşynyň kepili
30.07
Ýangyç-energetika toplumynyň çig mal binýady pugtalandyrylýar
30.07
Türkmenistanyň Prezidenti Marokkonyň Patyşasyny gutlady
top-arrow