Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri we Magtymguly Pyragy» atly halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara
Syýasy habarlar
«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri we Magtymguly Pyragy» atly halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara
Çap edildi 25.06.2023
2662

Hormatly alymlar we döredijilik işgärleri!

Gadyrly myhmanlar!

Sizi «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri we Magtymguly Pyragy» atly halkara ylmy maslahatyň açylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň taryhyna altyn harplar bilen ebedi ýazyljak şanly wakalara — döwlet ähmiýetli Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň açylyş dabarasyna, Türkmenistanyň medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanyp geçirilýän bu halkara ylmy maslahatyň beýik türkmen şahyry we Gündogaryň akyldary Magtymguly Pyragynyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren edebi mirasyny öwrenmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak we giňeltmek babatda ähmiýetiniň örän uly boljakdygyna ynanýaryn.

Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň nusgawy edebiýatynyň — milli şygryýetiň altyn eýýamynyň parlak ýyldyzydyr, watançylyk we ynsanperwerlik ideýalarynyň hem-de ahlak gymmatlyklarynyň beýik waspçysydyr. XVIII asyrda keremli daglarymyzy, tereň derýa-çaýlarymyzy, giň sähralarymyzy, oba-kentlerimizi, müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşdirilip gelnen ýörelgelerimizi ündän beýik söz ussadynyň çuňňur parasada ýugrulan şygyrlary şan-şöhrata beslenen geçmişimize, şu günümize, geljegimize çäksiz buýsanç we guwanç duýgularyny döredýän gymmatly milli hazynamyzdyr. Firdöwsi, Rumy, Nyzamy, Fizuly, Rudaky, Nowaýy ýaly edebiýat äleminiň ägirtleriniň hatarynda mynasyp orun alan dana Pyragy dünýä nusgawy şygryýetiniň beýik ussadydyr. Akyldar şahyryň adamzada ýadygär galdyran şygyrlar diwany, ýiti zehine, pähim-paýhasa eýlenen baý edebi-filosofik mirasy, umman ýaly giň hem-de çuň pikirleri ýyllar we asyrlar geçse-de, bu gün özboluşly ruhy gymmatlyk hökmünde halklarydyr döwletleri baglanyşdyryp, millionlarça ynsanyň aňyna we ruhy-ahlak ýörelgelerine, ýüregine hem-de duýgularyna güýçli täsirini ýetirýär.

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli bu gün Amerika, Ýewropa, Aziýa yklymlarynyň ylmy we medeni jemgyýetçiligi bilen bilelikde halkara maslahatlardyr sergiler, tanyşdyryş dabaralary geçirilýär. Ussat şahyryň dünýä medeniýetiniň genji-hazynasynyň aýrylmaz bölegine öwrülen eserler ýygyndylary daşary ýurt dillerine terjime edilýär. Ylmy neşirler, kitaplar, makalalar ýygyndylary taýýarlanylýar, çeper we dokumental filmler döredilýär.

Meşhur şahsyýetlerimiziň adamzadyň öňünde bitiren beýik hyzmatlaryny halkara derejede dabaralandyrmak babatda alnyp barylýan işleriň çäginde Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan 2024-nji ýylyň «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi ussat şahyryň döredijiliginiň dünýä giňişligindäki ähmiýetiniň hem-de ornunyň ykrar edilmesiniň aýdyň subutnamasydyr. Halkymyzyň dünýä medeniýetine, ylmyna, edebiýatyna, sungatyna mynasyp goşandydyr.

Hormatly alymlar we döredijilik işgärleri!

Medeni baýlyklar, milli ýörelgeler halklary birek-birek bilen ýakynlaşdyrýan gymmatlyklardyr. Şu nukdaýnazardan, türkmen halky hem parahatçylygy, dostlugy we agzybirligi ündeýän milli ýörelgelerini döredipdir. Şahyryň eserlerine siňdiren berkarar ýurt gurmak, haýyr-sahawatlylyk, edep-ekram, sylag-hormat, sahylyk, myhmansöýerlik, agzybirlik baradaky filosofik pikirleri, ynsanperwer garaýyşlary, şahyrana öwüt-ündewleri biziň milletimiziň müdimi ýörelge edinen durmuş mekdebidir.

Türkmen halkynyň ykbalyny öňünden gören Magtymguly Pyragynyň Garaşsyz we berkarar döwlet baradaky arzuwlarydyr gymmatly ündewleri biziň alyp barýan döwlet syýasatymyzyň esaslaryny düzýär. Biz dünýä halklarynyň edebiýatymyz, medeniýetimiz, sungatymyz, milli ýörelgelerimiz bilen içgin tanyşmaklary, döwletleriň we halklaryň arasynda ylym, bilim, medeni-ynsanperwer ugurly gatnaşyklaryň has-da pugtalandyrylmagy üçin giň mümkinçilikleri döredýäris. Adamzat hakydasynda ebedi ýadygärlik galdyran ägirtlerimiziň gymmatly mirasynyň öwrenilmegine hem-de dünýäde giňden ýaýradylmagyna ýardam edýän tagallalary hemmetaraplaýyn goldamagy geljekde-de dowam etdireris. Bu halkara ylmy maslahat 2024-nji ýylda belleniljek Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk şanly toýuna mynasyp goşantdyr, şahyra goýulýan belent hormat-sarpanyň nyşanydyr.

Hormatly alymlar we döredijilik işgärleri!

Gadyrly myhmanlar!

Sizi «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri we Magtymguly Pyragy» atly halkara ylmy maslahatyň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, uzak ömür, bagt, ylmy-döredijilik işleriňizde üstünlik hem-de rowaçlyk arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti

Serdar Berdimuhamedow.

Soňky habarlar
31.03
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi
31.03
Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy: täze taryhy döwürde senagat taýdan ösüşiň nusgasy
31.03
Türkmenistan — BMG: hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ugrunda
31.03
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Aşgabat şäherinde 2026-njy ýylyň 25-nji aprelinde ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigini geçirmek bellenildi
30.03
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
30.03
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
30.03
Watanymyzyň gülläp ösüşiniň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň bähbidine
30.03
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 350 million 748 müň dollaryndan gowrak boldy
29.03
Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 5 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi
29.03
Demokratiýa we aýanlyk — Türkmenistanyň saýlaw ulgamynyň binýatlyk esaslary
top-arrow