Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Aba Annaýew şäherçesiniň Geňeş agzalarynyň saýlawlary boýunça dalaşgärleri hödürlemek we bellige almak dowam edýär
Jemgyýet
Aba Annaýew şäherçesiniň Geňeş agzalarynyň saýlawlary boýunça dalaşgärleri hödürlemek we bellige almak dowam edýär
Çap edildi 20.06.2023
2129

Ozal habar berlişi ýaly, «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilen ýylyň 23-nji iýulynda geçiriljek Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň Aba Annaýew şäherçesiniň Geňeş agzalarynyň saýlawlary boýunça saýlaw möwsüminiň möhüm tapgyrlarynyň biri bolan dalaşgärleri hödürlemek we bellige almak işleri guramaçylykly dowam edýär. Dalaşgärleri hödürlemek işlerine Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň, Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, Agrar partiýanyň guramalary gatnaşýarlar. Şu günler Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 45-nji maddasyna laýyklykda, Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň Aba Annaýew şäherçesiniň Geňeş agzalygyna dalaşgärleri syýasy partiýalaryň guramalary tarapyndan hödürlemäge bagyşlanan ýygnaklar giň gerimde dowam edýär.

Ýygnaklarda çykyş edýänler her bir dalaşgärlige hödürlenilýäniň terjimehaly, ilat arasyndaky abraýy, olaryň işjeňlik we guramaçylyk ukyplary bilen ýakyndan tanyşdyrýarlar. Şunlukda, dalaşgärleri hödürlemek boýunça geçirilýän ýygnaklaryň dowamynda dalaşgärlige hödürlenilýänleriň çäklendirilmedik sany ara alnyp maslahatlaşylýar. Olaryň içinden ýerli öz-özüňi dolandyryş edarasy bolan Geňeşiň agzalygyna has mynasyplar dalaşgärlige hödürlenilýär. Munuň özi Aba Annaýew şäherçesiniň Geňeş agzalarynyň saýlawlarynyň Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, Saýlaw kodeksine laýyklykda, demokratik ýörelgelerimiz esasynda, giň bäsdeşlik şertlerinde, açyklyk we aýanlyk ýagdaýynda geçiriljekdigini aňladýar. Hödürlenilýän dalaşgärleriň arasynda milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda zähmet çekýän tejribeli hünärmenleriň bardygy bellärliklidir.

Şeýlelikde, Aba Annaýew şäherçesiniň Geňeş agzalygyna dalaşgärleri hödürlemek işleri 2023-nji ýylyň 23-nji iýunyna çenli dowam eder. Şeýle-de Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 48-nji maddasyna laýyklykda, syýasy partiýalar tarapyndan hödürlenen dalaşgärleri Aba Annaýew şäherçe saýlaw toparynda bellige almak işleri hem dowam edýär. Dalaşgärleri bellige almak 2023-nji ýylyň 28-nji iýunyna çenli dowam eder.

23-nji iýulda geçiriljek Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň Aba Annaýew şäherçesiniň Geňeş agzalarynyň saýlawlary türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän, täze taryhy eýýamyň özgertmeler syýasatynyň binýadyny emele getirýän demokratik ýörelgeleriň dabaralanýandygynyň subutnamasy bolar.

Soňky habarlar
04.06
«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy
04.06
«Turkmentextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarka gatnaşyjylara
03.06
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy
03.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
03.06
Ýurdumyzda bugdaý oragyna badalga berildi
03.06
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
03.06
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
02.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
02.06
“Türkmenistanyň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy” tassyklanyldy
02.06
“Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnama” tassyklanyldy
top-arrow