«Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy» atly täze kitap bu möhüm meselä bagyşlanýar. Ol Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Metbugat merkezinde türkmen, iňlis we rus dillerinde çap edildi.
Kitabyň sahypalarynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň başlangyjy boýunça 2021-nji ýylyň mart aýynda döredilen gaznanyň işi barada giňişleýin gürrüň berilýär. Türkmenistanyň Mejlisiniň kararyna laýyklykda, Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyny göterýän bu gazna döredilen gününden bäri netijeli işleri alyp barýar. Onuň baş maksady ene-atanyň howandarlygyndan mahrum bolan hem-de aýratyn durmuş goldawyna mätäç ýaşajyk raýatlar hakyndaky aladadyr.
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda çap edilen we giň okyjylar köpçüliginde uly gyzyklanma döretjek täze kitap “Gurplulygyň öz şertleri bar”, “Beren eliň berekedi artar”, “Durmuşyň gymmatlygy — saglyk”, “Hossarlyk — öçmez umyt”, “Howandarlyk jebisligi döredýär” diýen birnäçe bölümden ybarat bolup, olaryň her biri aýratyn ugra bagyşlanandyr.
Gadymy döwürlerden bäri türkmen halkynyň ruhy ýörelgesi haýyr işleri amal etmek, duýgudaşlyk, dürli sebäplere görä çylşyrymly durmuş ýagdaýlaryna düşen adama kömek bermek ýaly asylly ýörelgelere daýanýar. Häzirki döwürde milletiň üýtgewsiz ynsanperwerlik gymmatlyklary Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän Türkmenistanyň döwlet syýasatynda öz beýanyny tapýar. Türkmenistanlylaryň, aýratyn-da, çagalaryň kanuny bähbitlerini goramagyň hem-de üpjün etmegiň hukuk kepillikler toplumy bu oňyn syýasatyň anyk durmuş ugurlydygynyň subutnamasydyr. Bu ulgamda amala aşyrylýan köptaraplaýyn işler ösüp gelýän nesil barada hakyky atalyk aladasyny edýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň ady bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.
Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ähli asylly başlangyçlary türkmen jemgyýetiniň köpasyrlyk parasatly hem-de ruhy-ahlak sütünleriniň mynasyp dowamydyr. Kitapda bellenilişi ýaly, bu gaznanyň döredilmegi ýurdumyzyň her bir raýatyna haýyr-sahawat işine şahsy goşant goşmaga mümkinçilik berýär. Şunda türkmen halkynyň Milli Lideri watandaşlarymyza ruhlandyryjy şahsy görelde görkezýär. Gaznanyň bank hasaplaryna gelip gowuşýan maliýe serişdeleri çagalara lukmançylyk we bilim hyzmatlaryny bermäge, olara doly derejeli dynç almak üçin mümkinçilikleriň döredilmegine, beýleki zerurlyklara niýetlenendir. Gaznanyň ýanynda döredilen Ýaşulular geňeşi öňde goýlan wezipeleri hem-de dürli meseleleri netijeli çözmäge hemmetaraplaýyn ýardam berýär. Bularyň ählisi körpelere özleri baradaky aladany duýmaga, jemgyýetde mynasyp orun eýelemäge mümkinçilik berýär.
Haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan howandarlyga mätäç çagalara paýtagtymyzyň we welaýatlaryň lukmançylyk edaralarynda zerur operasiýalary geçirmek üçin yzygiderli pul serişdeleri bölünip berilýär, şeýle hem lukmançylyk hyzmatlaryny tölemäge we çagalar öýlerinde, ýöriteleşdirilen mekdeplerde hem-de mekdep-internatlarda terbiýelenýän we bilim alýan ýaş türkmenistanlylar üçin lukmançylyk maksatly serişdeleriň satyn alynmagyna gönükdirilýär. Neşiriň sahypalarynda çagalaryň saglygyny dikeltmegiň ençeme anyk mysallary getirilýär, şeýle hem ýaş nesliň abadançylygy, bagtyýarlygy barada hemmetaraplaýyn aladasy üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk beýan edilýär.
Mundan başga-da, gazna Türkmenistanyň welaýatlarynyň etrap we şäher hassahanalarynyň çagalar bölümlerine ýörite enjamlar toplumy bilen üpjün edilen täze “Tiz kömek” awtoulaglaryny bölüp bermek baradaky çözgüdi kabul etdi. Täze awtoulaglar degişli hassahanalara iberildi. Şeýle hem kitapda täze Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň gurulýandygy barada aýdylýar. Bu merkez tutuş çagalar şäherjigini emele getirmek bilen, onda terbiýe bermek, okatmak, saglygy berkitmek, dynç almak üçin ähli zerur şertler göz öňünde tutulandyr. Şunda paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda hereket edýän şunuň ýaly sagaldyş kömekçi-bilim edaralarynda terbiýelenýänleriň haýyr-sahawat gaznasynyň hemişe üns merkezinde saklanýandygy nygtalýar.
Bu ugurda yzygiderli durmuşa geçirilýän strategiýa netijesinde, Türkmenistanda ýaş nesliň sazlaşykly ösmegi, döwrebap bilim almagy, ukyp-başarnyklaryny açmagy, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy, zähmet endiklerini ele almagy, boş wagtlaryny gyzykly hem-de peýdaly geçirmegi üçin ähli amatly şertler döredilendir. Degişli hukuk binýat kemala getirilendir. Şunda mümkinçilikleri çäkli çagalaryň hemmetaraplaýyn goldanylmagyna uly üns berilýär. Bu ugurda alnyp barylýan işler BMG tarapyndan kabul edilen we 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibinde kesgitlenen Durnukly ösüş maksatlaryna laýyk gelýär hem-de “Sagdyn durmuşy üpjün etmek we hemmeler üçin islendik ýaşda abadançylyga ýardam etmek” diýen 3-nji maksada ýetmekde aýratyn ähmiýete eýedir. Biziň ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň çagalaryň hukuklary we bähbitleri babatda esasy ýörelgelerine ygrarlydygyny iş ýüzünde görkezýär. Türkmenistanyň bu ulgamda durmuşa geçirýän syýasaty BMG-niň Çagalar gaznasynyň goldawyna eýe boldy.
Şeýlelikde, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy häzirki zaman türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň binýadyny emele getirýän ynsanperwer ýörelgeleriň dabaralanýandygynyň nyşanydyr. Ýokary çaphana usulynda neşir edilen täze kitabyň sahypalaryny bezeýän köp sanly reňkli fotosuratlar gaznanyň işi barada anyk düşünje almaga mümkinçilik berýär hem-de kitabyň mazmunyny baýlaşdyrýar. Bu neşirde halkymyzyň nesillerden-nesillere geçip gelýän gadymy ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň dowamatlylygy öz aýdyň beýanyny tapýar.