Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Beýik özgertmeleriň ýyl ýazgylary
Jemgyýet
Beýik özgertmeleriň ýyl ýazgylary
Çap edildi 15.06.2023
1970

«Beýik özgertmeleriň ýyl ýazgylary» neşiriniň nobatdaky, 15-nji goýberilişi çapdan çykdy. Onda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Watanymyzyň gülläp ösmegine we halkymyzyň bagtyýarlygyna gönükdirilen köpugurly döwlet işi, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmeler, şeýle hem 2021-nji ýylda bolup geçen wakalaryň ýyl ýazgylary beýanyny tapdy.

Gahryman Arkadagymyzyň kitabyň başyndaky: “Türkmenistan beýik Garaşsyzlygynyň gysga taryhy döwründe bütin dünýäde at-abraýa we mertebä eýe bolan özbaşdak döwlete öwrüldi. Garaşsyzlyk merdana ata-babalarymyzyň özbaşdak döwlet gurmak hakyndaky arzuw-isleglerini amala aşyrmak üçin şert döretdi. Şu döwürde biziň demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň berk esaslary goýuldy. Halkymyzyň aňynda, medeni we ruhy durmuşynda uly özgerişler bolup geçdi, düýbünden täze jemgyýetçilik gatnaşyklary emele geldi. Biziň döwlet Garaşsyzlygymyz halkymyzyň gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan we nesillerden-nesillere geçirip gelýän maddy we ruhy gymmatlyklaryny, belent ynsanperwer däplerini gaýtaryp berdi” diýen sözleri neşiriň many-mazmunyny aýdyňlygy bilen beýan edýär.

Kitap «Döretmek syýasaty — üstünligiň esasy» atly seljeriş häsiýetli giňişleýin makala bilen açylýar. Onda jemgyýetiň döwlet-hukuk we syýasy ulgamyny kämilleşdirmegiň, milli ykdysadyýeti innowasion-senagat taýdan ösdürmegiň, halkyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmagyň, bilim, ylym, medeniýet, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk ulgamlarynda özgertmeleri geçirmegiň, halkara giňişlikde ýurdumyzyň eýeleýän ornuny pugtalandyrmagyň meseleleri şöhlelendirilýär. Neşirde Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan döwlet hem jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda başy başlanan giň gerimli özgertmeler we olaryň ýokary depgini barada umumy düşünje berilýär.

Neşiriň nobatdaky sanynda döwlet durmuşynyň 2021-nji ýyldaky möhüm wakalaryna giňişleýin syn berilýär. Kitapda Milli Liderimiziň ýurdumyzyň welaýatlary boýunça amala aşyran iş saparlary, Ministrler Kabinetiniň, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisleri, sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatlary, Mejlisiň maslahatlary, şeýle hem kabul edilen Kanunlar, Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Permanlary, Kararlary we Buýruklary barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň resmi habarlary esasynda gysgaça maglumatlar beýan edilýär. Neşirde ýerleşdirilen habarlar Watanymyzyň hemmetaraplaýyn ösüşini, onuň ykdysady kuwwatynyň depginini, ylmy-tehniki gazanylanlary, önümçilik üstünliklerini, jemgyýetiň ruhy durmuşynyň täzelenişini açyp görkezýär.

Kitapda yzygiderlilikde beýan edilýän wakalar we maglumatlar ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş ugurly ykdysady özgertmeleriň bazar gatnaşyklaryna tapgyrlaýyn esasda geçmegiň ygtybarly binýadyny üpjün edýändiginiň subutnamasydyr. Ilatyň iş bilen üpjünçiligi we olaryň zähmetine hak tölemek, raýatlary döwrüň talaplaryna laýyk gelýän ýaşaýyş jaýlary, elýeterli bahalarda azyk hem-de senagat harytlary, arassa agyz suwy bilen üpjün etmek, adamlaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, bilimi, ylmy we medeniýeti ösdürmek, ýaşlara bilim bermegiň, olary watançylyk, zähmetsöýerlik, ýokary ahlaklylyk, estetiki ruhda terbiýelemegiň hilini we netijeliligini ýokarlandyrmak meselelerine aýratyn üns berilýär.

Okyjylar köpçüligine jemgyýetimizde milli we umumadamzat ruhy gymmatlyklarynyň sazlaşykly utgaşyklylygyna esaslanýan dünýägaraýyş medeniýetiniň kemala gelşi barada giňişleýin gürrüň berýän maglumatlar hödürlenilýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçen 2021-nji ýylyň wakalarynyň ýyl ýazgysy Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň halkara giňişlikde barha artýan abraýyny şertlendirýän daşary syýasatynyň esasy ugurlaryny hem giňişleýin beýan edýär. Geçirilen köp sanly ýokary derejedäki duşuşyklar, işewürlik gepleşikleri, wekilçilikli forumlar, medeni we beýleki ähmiýetli çäreler ýurdumyzyň daşary syýasatynyň üstünliklere beslenýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.

Maglumatlara baý we mazmuny bilen tapawutlanýan kitabyň nobatdaky sany okyjylara Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan syýasy strategiýanyň maksatlaryna we mazmunyna has çuň düşünmäge mümkinçilik berýär. Neşir taryhy we ülkäni öwreniji alymlar, ýokary, ýörite orta hünär we umumybilim berýän orta mekdepleriniň mugallymlary, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalary üçin ylmy edebiýat çeşmesi, talyplar we okuwçylar üçin okuw gollanmasy, ýurdumyzyň häzirki durmuşy bilen gyzyklanýan okyjylar üçin gymmatly çeşme bolup durýar. Ilatyň, hususan-da, ýaşlaryň arasynda jemgyýetçilik-syýasy bilimleri giňişleýin düşündirmekde neşiriň örän uly ähmiýeti bardyr.

2021-nji ýylyň wakalarynyň ýyl ýazgylary Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň arhiw gaznasy tarapyndan çapa taýýarlanylyp, türkmen we rus dillerinde aýratyn kitap görnüşinde neşir edildi.

Soňky habarlar
11.02
Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentini gutlady
10.02
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň söwda ministrini kabul etdi
10.02
Paýtagtymyzda Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisi öz işine başlady
10.02
Bäsdeş toparlaryň wekilleriniň metbugat maslahaty
10.02
Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisine gatnaşyjylara
09.02
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
09.02
«Arkadag» futbol topary dünýä metbugatynyň üns merkezinde
09.02
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 7 million 133 müň dollaryndan gowrak boldy
08.02
Diýarymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
08.02
Sportly Türkmenistan — bagtyýar çagalygyň we arzuwlaryň hasyl bolýan ýurdy
top-arrow