Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Mejlisindäki duşuşyk
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Mejlisindäki duşuşyk
Çap edildi 01.06.2023
2837

Şu gün ýurdumyzyň Mejlisinde Türkmenistanda saparda bolýan Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Baş sekretary hanym Helga Şmid bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa halkara guramalar, şol sanda ÝHHG bilen köpýyllyk özara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän daşary syýasatyň möhüm ugurlarynyň biridigini hem-de Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen hyzmatdaşlygyň ýylsaýyn täze ugurlar boýunça giňeldilýändigini belledi.

Söhbetdeşler ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary, özara düşünişmegi goldamagyň, netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm gurallarynyň biri bolup hyzmat edýän parlamentara dialogy işjeňleşdirmäge özara gyzyklanma bildirilýändigini nygtadylar. Türkmenistanyň demokratik, hukuk we dünýewi döwlet bolmak bilen, ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleriniň çözülmegine, şol sanda ynsanperwer ýörelgeleriň, gymmatlyklaryň ykrar edilmegine gönükdirilen başlangyçlary öňe sürýändigine aýratyn üns çekildi. Garaşsyz, Bitarap ýurdumyz adam hukuklaryny we bähbitlerini goramagy döwlet syýasatynyň esasy ugurlary hökmünde yglan edip hem-de umumy ykrar edilen hukuk kadalaryny ileri tutup, öz üstüne alan halkara borçnamalaryna gyşarnyksyz eýerýär.

Söhbetdeşligiň dowamynda Baş sekretar Bitarap Türkmenistanyň sebitde we onuň çäginden uzakda parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek babatdaky syýasatynyň möhüm ornuny belledi. Şunuň bilen birlikde, energetika we ekologiýa howpsuzlygy, durnukly ulag, suw diplomatiýasy ýaly ulgamlarda hyzmatdaşlygyň yzygiderli giňeldilýändigine üns çekildi.

Söhbetdeşler Türkmenistan bilen ÝHHG-niň arasynda soňky wagtda gazanylan ylalaşyklary kanunçylyk taýdan üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleriň möhümdigini belläp, netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek, olary özara bähbitlere laýyk gelýän hil taýdan täze derejä çykarmak maksady bilen, kanun çykaryjylyk ulgamynda tejribe alyşmagyň, ikitaraplaýyn parlamentara duşuşyklary, geňeşmeleri yzygiderli geçirmegiň zerurdygyny nygtadylar.

Soňky habarlar
10.06
2026-njy ýylyň maýy: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
10.06
Ş.Geldynazarow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
10.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
10.06
Mary welaýatynyň etraplarynda gant şugundyrynyň ýokary hasylynyň öndürilmegini üpjün etmek tabşyryldy
10.06
Türkmenistanda Finlýandiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
10.06
Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdiler
09.06
Netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda täze ädimler
09.06
Türkmenistanyň Prezidenti Portugaliýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
09.06
Türkmenistanyň Prezidenti Filippinler Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
top-arrow