Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmenistanyň Prezidenti ÝHHG-niň Baş sekretaryny kabul etdi
Syýasat habarlary
Türkmenistanyň Prezidenti ÝHHG-niň Baş sekretaryny kabul etdi
Çap edildi 01.06.2023
1984

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary hanym Helga Şmidi kabul etdi.

Hanym Helga Şmid hormatly Prezidentimize wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, Arkadag şäheriniň “Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, “ýaşyl”, howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek” taslamasyna goşulýandygy baradaky hem-de Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna berlen “EcoPorts” güwänamalaryny gowşurdy.

Myhman ÝHHG-niň Türkmenistan bilen ählumumy parahatçylygyň we abadançylygyň bähbidine laýyk gelýän hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz abraýly halkara guramanyň ýolbaşçysyny mübärekläp, bu saparyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki ugurlary boýunça pikir alyşmaga, özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berjekdigine ynam bildirdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan sebitde we dünýäde parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmek maksady bilen, halkara giňişlikde işjeň hyzmatdaşlygyň tarapdary bolup çykyş edýär hem-de ÝHHG-niň çäklerinde bu ugurda tagallalaryň utgaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatdaky merkeziniň täze binasynyň açylmagy bilen hanym Helga Şmidi tüýs ýürekden gutlady we degişli güwänamalary gowşurandygy üçin minnetdarlyk bildirdi. Munuň özi ekologiýa babatda Türkmenistan bilen ÝHHG-niň hyzmatdaşlygynyň anyk netijelere gönükdirilendiginiň subutnamasydyr.

Duşuşygyň dowamynda häzirki wagtda Türkmenistan bilen ÝHHG-niň arasyndaky gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigi bellenildi. Her ýyl Türkmenistanyň Hökümeti we ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi tarapyndan taýýarlanylýan hyzmatdaşlygyň bilelikdäki maksatnamalary esasynda yzygiderli işler durmuşa geçirilýär. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň gün tertibinde syýasy we howpsuzlyk meselelerine möhüm orun degişlidir. Şunuň bilen baglylykda, howpsuzlygyň üpjün edilmeginiň adamlaryň abadançylykda ýaşamagynyň baş şertidigi, häzirki zaman dünýäsinde her bir döwletiň parahatçylygy üpjün etmek üçin sebit we halkara howpsuzlygy saklamaga gönükdirilen köptaraplaýyn tagallalary birleşdirmäge işjeň gatnaşmalydygy bellenildi.

Ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri barada pikir alyşmalaryň barşynda özara ynanyşmagy pugtalandyrmakda we netijeli dialogy ilerletmekde syýasy-diplomatik mehanizmlere aýratyn ähmiýet berilýändigi nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, ýakynda paýtagtymyzda Türkmenistanyň Mejlisi bilen ÝHHG-niň Parlament Assambleýasy tarapyndan “Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäginde howpsuzlygy, durnuklylygy we dialogy berkitmekde bitarap döwletleriň orny” atly halkara maslahatyň geçirilmeginiň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň parlamentara gatnaşyklar bilen üstüniň ýetirilýändiginiň subutnamasy bolandygyna üns çekildi.

Hormatly Prezidentimiz halkara derejede energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmeginiň üpjün edilmeginiň tutuş sebitiň abadançylygyna we rowaçlygyna gönüden-göni täsir edýändigini aýdyp, ýurdumyzyň energiýa serişdelerine baý döwlet bolmak bilen, halkara energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde anyk işleri durmuşa geçirýändigini belledi. Şunda energiýa serişdelerini halkara bazara çykarmagyň, olary üstaşyr geçirmegiň syýasy, maliýe, tehnologiýa, ekologiýa ugurlary boýunça ÝHHG-niň çäklerinde anyk işleri geçirmegiň maksadalaýyk boljakdygy nygtaldy. Şeýle hem söhbetdeşligiň barşynda beýleki ileri tutulýan ugurlarda, hususan-da, üstaşyr ulag ulgamynda, demokratik institutlaryň işini kämilleşdirmek, adam hukuklaryny we azatlyklaryny, gender deňligini üpjün etmek hem-de beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary hanym Helga Şmid ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de netijeli ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege hoşniýetli arzuwlaryny aýtdylar.

***

Şu gün paýtagtymyzda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatdaky merkeziniň täze edara binasynyň açylyş dabarasy boldy.

Açylyş dabarasyna ÝHHG-niň Baş sekretary, guramanyň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy, ýurdumyzda işleýän daşary ýurt ilçihanalarynyň we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Aşgabat şäher häkimliginiň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Çärä gatnaşyjylar aýdym-sazly çykyşlar bilen garşylanyldy. Bu ýerde “Serpaý” etnografik halk döredijilik toparynyň artistleri çykyş etdiler hem-de Çagalary goramagyň halkara gününe gabat gelen bu dabaranyň toý öwüşginini artdyrdylar.

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary hanym Helga Şmidiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň ýurdumyza meýilleşdirilen saparynyň çäklerinde guramanyň Aşgabatdaky merkeziniň täze edara binasynyň açylmagy ÝHHG bilen Türkmenistanyň özara hormat goýmaga esaslanan uzak möhletleýin gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagy maksat edinýändikleriniň aýdyň subutnamasy boldy. Bular barada ÝHHG-niň Baş sekretarynyň, myhmanlaryň we türkmen tarapynyň dabarada eden çykyşlarynda nygtaldy.

Mälim bolşy ýaly, 1999-njy ýyldan bäri Aşgabatda hemişelik esasda ÝHHG-niň merkezi hereket edýär. Bu gurama bilen hyzmatdaşlykda bilelikde işlemegiň tassyklanylýan meýilnamalarynyň çäklerinde geçen ýyllarda giň gerimli ugurlary gurşap alýan maksatlaýyn taslamalar üstünlikli durmuşa geçirildi. Munuň özi hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine, durnukly ösüşe goldaw berilmegine, parahatçylygyň saklanylmagyna we adam hukuklarynyň üpjün edilmegine gönükdirilen işlerdir.

Dabaranyň dowamynda Bitarap Türkmenistanyň döwrüň möhüm meseleleri boýunça halkara gatnaşyklary işjeňleşdirmäge pugta ygrarlydygy, şol meseleleriň hatarynda ählumumy parahatçylygyň üpjün edilmegi, durnuklylygyň, howpsuzlygyň esaslarynyň pugtalandyrylmagy hem-de BMG tarapyndan kabul edilen Durnukly ösüş maksatlarynyň gazanylmagy baradaky ugurlaryň bardygy bellenildi. Dabara gatnaşyjylar sebit we halkara gatnaşyklaryň işjeň ösdürilmeginde ýurdumyzyň amala aşyrýan anyk işleriniň ähmiýetine ýokary baha berip, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar we ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň täze edara binasynyň açylmagynyň anyk ugurlar boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin amatly şertleri üpjün etjekdigine ynam bildirdiler.

Soňra Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýewiň hem-de Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary hanym Helga Şmidiň duşuşygy geçirildi. Duşuşykda bu abraýly guramanyň çäklerinde ulag-aragatnaşyk ulgamynda köpugurly hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan we ÝHHG ekologiýa hem-de daşky gurşawy goramak, suwdan peýdalanmak, tebigy serişdeleri oýlanyşykly ulanmak, howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleri çözmek üçin tagallalaryň birleşdirilmegini goldap çykyş edýär.

Soňky habarlar
22.07
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 14 million 70 müň dollaryndan gowrak boldy
21.07
XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýan Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň agzalaryna
21.07
Türkmenistanyň Prezidenti Belgiýanyň Patyşasyny gutlady
21.07
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
20.07
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak we guramaçylykly geçirmek hakynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Karary
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Komissiýasynyň saýlanan Başlygyny gutlady
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
19.07
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
19.07
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
19.07
Integral mikroshemalaryň topologiýalaryny döwlet belligine almak bilen baglanyşykly hereketleriň amala aşyrylmagy üçin ýygymlary tölemegiň Tertibi tassyklanyldy
top-arrow