Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidentiniň ABŞ-nyň Prezidentiniň ýörite wekili bilen telefon arkaly söhbetdeşligi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň ABŞ-nyň Prezidentiniň ýörite wekili bilen telefon arkaly söhbetdeşligi
Çap edildi 29.05.2023
2885

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentiniň howanyň üýtgemegi meseleleri boýunça ýörite wekili Jon Kerri bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy.

Birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, döwlet Baştutanymyz we ABŞ-nyň Prezidentiniň ýörite wekili halkara gün tertibinde aýratyn üns merkezinde saklanýan möhüm ekologik meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler.

Söhbetdeşligiň dowamynda howanyň üýtgemegine garşy göreşmekde dünýä bileleşiginiň tagallalaryny birleşdirmek üçin görülýän çäreler babatda Türkmenistanyň we ABŞ-nyň garaýyşlaryndan ugur alnyp, bu meseläniň möhüm ugurlary boýunça gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Şunuň bilen baglylykda ählumumy ekologik wezipeleri çözmek hem-de daşky gurşawy senagat ösüşiniň depginleri bilen baglanyşykly antropogen ýagdaýlaryň oňaýsyz täsirinden goramak ulgamynda ýurdumyzyň garaýyşlary beýan edildi. Şunda Türkmenistanyň hem-de Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň özara bähbitlere, umumy abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýän oňyn hyzmatdaşlygy geljekde-de giňeltmäge gyzyklanmalary tassyklanyldy. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan ýokarda agzalan ugurlar boýunça binýatlaýyn halkara resminamalara goşulmak bilen, olaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklaryň berkidilmeginde möhüm orny eýeleýär.

Mälim bolşy ýaly, BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 26-njy mejlisinde Türkmenistan Ählumumy metan borçnamasy boýunça täze başlangyjy goldap, onuň kadalaryny jikme-jik öwrenmäge hem-de oňa goşulmak mümkinçiliklerine garamaga gyzyklanma bildirýändigini beýan etdi. Şu maksat bilen ýurdumyzda yzygiderli işler amala aşyrylýar. “Ýaşyl” ykdysadyýete geçmek strategiýasyny durmuşa geçirýän Türkmenistan nebitgaz, energetika, ulag we beýleki pudaklarda ekologik taýdan arassa, serişde tygşytlaýjy ýokary tehnologiýalaryň yzygiderli ornaşdyrylmagyny ugur edinýär.

Türkmen tarapynyň başlangyjy esasynda Aşgabatda BMG-niň howandarlygynda Merkezi Aziýa üçin howanyň üýtgemegi boýunça tehnologiýalaryň sebit merkeziniň açylmagy meýilleşdirilýär. Ol howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak we onuň ýetirýän täsirlerini azaltmak boýunça netijeli hyzmatdaşlyk üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat eder. Şeýlelikde, ýurdumyz häzirki döwürde tutuş adamzady tolgundyrýan möhüm meselelere örän jogapkärçilikli çemeleşýär we olaryň oýlanyşykly çözgüdini işläp taýýarlamaga anyk goşant goşýar.

Söhbetdeşligiň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentiniň howanyň üýtgemegi meseleleri boýunça ýörite wekili Jon Kerri döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine, täze mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdiler.

Telefon arkaly söhbetdeşlik amerikan tarapynyň başlangyjy boýunça geçirildi.

Soňky habarlar
01.08
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.08
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
01.08
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Premýer-ministrine gynanç bildirdi
01.08
Türkmenistanyň Prezidenti Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidentini gutlady
31.07
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl konsultatiw duşuşygyndaky ÇYKYŞY
31.07
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl konsultatiw duşuşygyna gatnaşdy
31.07
Döwletiň we jemgyýetiň demokratik esaslaryny pugtalandyrmak ugrunda
30.07
Durnukly ykdysady ösüş — halkyň abadan durmuşynyň kepili
30.07
Ýangyç-energetika toplumynyň çig mal binýady pugtalandyrylýar
30.07
Türkmenistanyň Prezidenti Marokkonyň Patyşasyny gutlady
top-arrow