Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmenistanyň orta mekdepleriniň uçurymlaryna, mugallymlaryna we ähli bilim işgärlerine
Syýasat habarlary
Türkmenistanyň orta mekdepleriniň uçurymlaryna, mugallymlaryna we ähli bilim işgärlerine
Çap edildi 24.05.2023
1678

Hormatly mugallymlar we bilim işgärleri!
Mähriban uçurymlar!

Sizi ajaýyp arzuwlara, belent maksatlara beslenen durmuş ýoluňyzda täze menzilleriň başlanýandygyny alamatlandyrýan «Soňky jaň» dabarasy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hem «Soňky jaň» dabarasyna bagyşlanan çäreleriň bilimlerini, ukyp-başarnyklaryny, güýç-gaýratyny eziz Watanymyzyň gülläp ösmegine bagyş etjek bagtyýar ýaşlarymyzda ýokary watansöýüjilik joşgunyny döretjekdigine berk ynanýaryn.

«Soňky jaň» dabarasy berkarar Watanymyza, merdana halkymyza beýik buýsanjy terbiýeleýän bilimler baýramydyr. Jemgyýetçilik durmuşynda uly orun tutýan bu baýramçylyk bagtyýar uçurymlarymyz — geljegine ynamly ädimler bilen gadam goýýan ýigitlerimiz we gyzlarymyz tarapyndan ýokary döredijilik ruhuna ýugrulan çäreler bilen gurşalýar. Güneşli Diýarymyzyň ähli künjeginde uçurymlaryň, mugallymlaryň, bilim işgärleriniň şanyna geçirilýän çuňňur many-mazmunly, aýdym-sazly baýramçylyk çäreleri bedew bady bilen öňe barýan Türkmenistanyň bagtyýarlyk mekany hökmünde bütin dünýädäki şöhratyny has-da dabaralandyrýar. Şoňa görä-de, bagtyýar we abadan durmuşyň bähbidine okamak, öwrenmek, döretmek, gurmak bagtyýar nesillerimiziň baş maksady bolmalydyr. Ýaşlarymyz ylymlaryny we bilimlerini ilimiziň baky bagtyýarlygyna, Watanymyzyň beýik geljegine, dünýädäki abraý-mertebämiziň has-da belende galmagyna bagyş etmelidirler.

Hormatly mugallymlar we bilim işgärleri!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň durnukly ösüşiniň möhüm şerti hökmünde milli bilim ulgamyny dünýä ülňülerine laýyklykda yzygiderli kämilleşdirýäris. Garaşsyz Diýarymyzyň ähli şäherdir obalarynda häzirki zaman kompýuterleri, okuw-tehniki enjamlary, interaktiw-multimedia tehnologiýalary bilen üpjün edilen çagalar baglaryny, orta mekdepleri gurup, milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrýarys. Bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn, hukuk binýadyny yzygiderli berkitmek, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryna erk edýän watansöýüji ýaşlary kemala getirmek babatda nusgalyk işleri durmuşa geçirýäris.

Türkmenistanda on iki ýyllyk umumy orta bilime geçmegiň, sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň, daşary ýurt dillerini, tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýalaryna laýyklykda, bilim işini dünýä ölçegleri esasynda has-da kämilleşdirýäris. Bilim işgärleriniň has netijeli işlemegine, ýaşlara dünýä derejesinde bilim-terbiýe berilmegine giň ýol açmak maksady bilen, ylmyň iň soňky gazananlaryny hem-de okatmagyň innowasion usullaryny bilim ulgamyna giňden ornaşdyrýarys. Okuw derslerini ýokary derejede öwretmek, mekdep okuwçylarymyzyň tebigy zehin-başarnyklaryny ösdürmek, giň dünýägaraýyşly, öňdebaryjy ýaşlary kemala getirmek, olary ylym we döredijilik bilen işjeň meşgullanmaga höweslendirmek hem-de hünärlere ugrukdyrmak babatda toplumlaýyn işleri üstünlikli durmuşa geçirýäris. 2022-2023-nji okuw ýylynda hem mekdep okuwçylarymyz halkara olimpiadalarda, ylmy we döredijilik bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp boldular. Bu bolsa milli bilim ulgamynda amala aşyrýan özgertmelerimiziň netijeli häsiýete eýedigine şaýatlyk edýär.

Ata-babalarymyzyň watansöýüjilik ruhuny, ynsanperwerlige ýugrulan durmuş kadalaryny, zähmet däplerini, asylly milli häsiýetlerini mynasyp dowam etdirip, geljekde hem beýik maksat üçin — Garaşsyz Diýarymyzy şöhratlandyrmak üçin yhlasly okamak, öwrenmek, döretmek we gurmak bagtyýar nesillerimiziň belent borjy bolmalydyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen şygarynyň dowamy bolan «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgämize laýyklykda, ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine ylymly-bilimli, hünär taýdan taýýarlykly nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek ugrunda hemişe alada ederis.

Hormatly mugallymlar we bilim işgärleri!
Mähriban uçurymlar!

Sizi «Soňky jaň» dabarasy hem-de okuwyňyzy üstünlikli tamamlamagyňyz bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, uzak ömür, ýoluňyzyň ak, ýürekleriňizde besleýän arzuwlaryňyzyň hasyl bolmagyny arzuw edýärin, mähriban uçurymlar!

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.

Soňky habarlar
21.06
Türkmenistanyň Prezidenti O.Kononenkony doglan güni bilen gutlady
21.06
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy O.Kononenkony doglan güni bilen gutlady
20.06
Sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak — Türkmenistanyň ykdysadyýetini ösdürmegiň innowasion ýoly
20.06
Türkmenistanda Bolgariýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
20.06
Mejlisde Zimbabwe Respublikasynyň Parlamentiniň Ýokarky palatasynyň Başlygy bilen duşuşyk geçirildi
19.06
Oba hojalyk pudagynyň ösdürilmegi — azyk bolçulygynyň kepili
18.06
2024-nji ýylyň maýy: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
18.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
17.06
Ösüşiň täze belentliklerine tarap
17.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
top-arrow