Şu gün paýtagtymyzda Aşgabat şäher häkimliginiň hem-de ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň guramagynda “Ak şäherim Aşgabat” atly XXII köpugurly halkara sergi öz işine başlady.
Häzirki döwürde Aziýanyň merjeni hökmünde ykrar edilen ak mermerli Aşgabat dünýäniň iň owadan we ýaşamak üçin amatly şäherleriniň birine öwrüldi. Adamlaryň ýaşaýyş-durmuşy üçin amatly şertleri döretmek Türkmenistanyň at gazanan arhitektory, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen durmuşa geçirilýän hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan mynasyp dowam etdirilýän ýurdumyzy ösdürmegiň maksatnamasynyň we Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Şunda medeni-durmuş maksatly desgalaryň, şeýle-de “Aşgabat-siti” ýaşaýyş toplumynyň gurulmagyna, “akylly” öý tehnologiýalarynyň, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň ulanylmagyna uly ähmiýet berilýändigi bellärliklidir.
Häzirki wagtda Aşgabady ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizmek boýunça işleriň alnyp barylýandygyny aýtmak gerek. Bu bolsa halkara medeni gatnaşyklary ösdürmekde paýtagtymyzyň hyzmatlarynyň nobatdaky gezek ykrar edilýändiginiň güwäsine öwrülip, dünýäniň dürli şäherleri bilen özara gatnaşyklaryň giňeldilmegine mümkinçilik döreder. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda geçirilýän hem-de şähergurluşyk ulgamynda gazanylýan üstünlikleri we geljekki ösüşleri giňden ýaýbaňlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli sergi hyzmatdaşlaryň gatnaşyk etmegi, bu ulgamda dünýäniň iň täze işläp taýýarlamalaryny ulanmakda tejribe alyşmak üçin netijeli meýdançadyr.
Sergä gatnaşyjylaryň sany ýyl-ýyldan artýar. Şolaryň hatarynda okgunly ykdysady ösüşe we amatly maýa goýum ýagdaýyna eýe bolan ýurdumyzda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýän daşary ýurt we milli kompaniýalar bar. “Ak şäherim Aşgabat” sergisi Türkmenistandaky ägirt uly ykdysady, durmuş özgertmeleriniň aýnasyna öwrülen paýtagtymyzyň keşbinde, şäher düzüminde möçberi we maksady boýunça deňsiz-taýsyz özgertmeleri, onuň iň täze taryhyny, geljekki ösüşini giň gerimde beýan etmäge mümkinçilik döredýär. Bu ýerde bu gün ýurdumyzyň we daşary ýurt kompaniýalarynyň, guramalaryň, edaralaryň, hususy telekeçileriň 140-a golaýy öz önümlerini görkezýärler. Diýarymyzda yzygiderli geçirilýän halkara forumlaryň türkmen bazaryna gelýän önümleriň we hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmagyň möhüm guraly bolup durýandygyny bellemek gerek.
Serginiň açylyş dabarasyna Hökümet agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, paýtagtymyzyň ýaşaýjylary hem-de köp sanly myhmanlar gatnaşdylar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow köpugurly halkara sergä gatnaşyjylara iberen Gutlagynda ak mermerli Aşgabadyň üstünliklerini dünýä jemgyýetçiligine ýaýmak, bu ugurda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen tejribe alyşmak maksady bilen geçirilýän bu halkara serginiň türkmen paýtagtyny has-da gözelleşdirmek, dünýäniň iň owadan, ýaşamak üçin iň amatly şäherleriniň birine öwürmek boýunça işleriň has-da ilerlemeginde ähmiýetiniň uly boljakdygyna ynam bildirildi. Ýurdumyzyň baş şäheriniň ösdürilmegi uzak möhletli geljegi nazara almak bilen, täzeçil şähergurluşyk syýasatymyzyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz Gutlagynda belledi.
Döwrebap wideotehnikalar bilen enjamlaşdyrylan giň zallarda, ýagtylandyryjy bannerli we pannoly äpet monitorlar goýlan diwarlyklarda Aşgabadyň ýaşaýyş-durmuşynyň ähli ugurlary görkezilýär. Serginiň ekspozisiýasy döwlet şähergurluşyk syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini aýdyň beýan edýär. Aşgabatda amala aşyrylýan özgertmeler gurluşyk we binagärlik, senagat, ulag-aragatnaşyk, maliýe-bank ulgamlaryny, ýaşaýyş jaý-jemagat toplumyny, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet, syýahatçylyk, sport ulgamlaryny we beýlekileri gurşap alýar.
Bu ýerde dürli görnüşli senagat önümleri, azyk harytlary, amaly-haşam sungatynyň önümleri bilen bir hatarda, ekologik taýdan arassa, halkara ölçeglere laýyk gelýän şäher hojalygy ulgamyny döretmäge degişli iri maýa goýum taslamalary, energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalar we uly şäheriň ýaşaýyş-durmuşynyň oňyn sazlaşygyny saklamaga, daşky gurşawynyň goralmagyna ýardam edýän desgalaryň taslamalary görkezildi. Serginiň köp böleginde inženerçilik-aragatnaşyk ulgamlarynyň işini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýän awtomatlaşdyrylan dolandyryş ulgamlarynyň görkezilmegine uly orun berildi. Sergi täze teklipler bilen tanyşdyrmak üçin meýdança öwrülip, myhmanlara halk hojalyk toplumynyň dürli pudaklarynyň hem-de düzümleriniň gazanan üstünlikleri, Aşgabadyň senagat, medeni, intellektual mümkinçiligi, onuň ägirt uly durmuş-ykdysady serişdeleri bilen tanyşmaga ýardam etdi.
Ulag we aragatnaşyk toplumynyň edaralary — “Türkmenawtoulaglary”, “Türkmendemirýollary”, “Türkmenaragatnaşyk” agentlikleri we beýleki degişli pudaklar diwarlyklaryny ýerleşdirdiler. Bu ulgam şäher hojalygynyň möhüm bölegidir. Obasenagat, söwda toplumlarynyň bölümleri sergä gelýänlerde uly gyzyklanma döredýär. Sport dünýäsini hem-de sagdyn durmuş ýörelgesini beýan edýän diwarlyklaryň töweregi hem köp adamly boldy. Sergä bilim ulgamyndan gatnaşýan wekiller işläp taýýarlamalaryny, ileri tutýan taslamalaryny, özbaşdak maksatnamalaryny görkezdiler. Bilim edaralarynyň doly derejeli işlemegini üpjün edýän önümleriň giň görnüşleri — “Çigildem” mebel kärhanasynyň okuw mebelleri hem-de öýler üçin owadan mebelli diwarlyklar sergä gelenleriň ünsüni çekdi.
Bu ýerde meşhur heýkeltaraşlaryň işlerini, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlarynyň we talyplarynyň eserlerini, şekil taslamalaryny synlamak mümkin boldy. “Dizaýn plus” döredijilik birleşmesi milli öwüşginli sowgatlyk önümlerini görkezdi. Ýurdumyzda häzirki zaman neşirýat we çaphana işine wekilçilik edýän Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň diwarlygy bu ýere gelýänlerde uly gyzyklanma döretdi. Bu ulgamyň işinde milli edebiýatymyzyň nusgawy şahyrlarynyň eserleriniň, çagalaryň çeper edebiýatynyň, şol sanda terjime edilen edebiýatlaryň neşir edilmegine möhüm orun berilýär. Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň dürli dillere terjime edilip, daşary ýurtlarda-da giň meşhurlyga eýe bolan kitaplary mynasyp orun eýeleýär. Sergide bezelen neşir önümleri, Türkmenistanyň gadymy taryhy, özboluşly medeni däp-dessurlary we şu güni baradaky publisistik hem-de ylmy-populýar kitaplar görkezilýär.
Serginiň guramaçylary halylar, halk amaly-haşam sungatynyň önümleri ýerleşdirilen bölümleriň bezelmegine döredijilikli çemeleşipdirler. Şeýle hem bu ýerde owadan reňkler bilen lowurdaýan ajaýyp bezeg şaý-sepleri, ussatlyk bilen ýerine ýetirilen tikin işleri, ýörite ýazgylar arkaly bezelen dürli keramika şekilleri we çeperçilik önümleri görkezilýär. Dokma senagaty ministrligi halk hojalygynyň eksport ugurly esasy pudaklarynyň biriniň önümini görkezdi. Ol nah we ýüpek matalaryň, tikin we trikotaž önümleriniň köp sanly görnüşleridir. Şol önümler ýokary hili we owadanlygy, milli öwüşginleri bilen tapawutlanýar.
Häzir türkmen telekeçileri daşary ýurtly telekeçiler bilen deň derejede bäsleşip, alyp barýan işlerinde üstünlik gazanýarlar. Bu ýerde ýurdumyzyň oba hojalyk we azyk önümçiliginden başlap, ýaşaýyş jaýlaryny, häzirki zaman senagat kärhanalaryny hem-de gurluşyk serişdelerini öndürýän önümçilikleri gurmaga çenli ýöriteleşen hususy pudagy öz mümkinçiliklerini görkezýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ykdysadyýetiň döwlete degişli bolmadyk ulgamyny goldamak we höweslendirmek boýunça maksada gönükdirilen çäreleriniň netijesinde, Türkmenistanda telekeçileriň sany ýylsaýyn artýar. Sergide bag nahallaryny ösdürip ýetişdirmek, seýilgäh germewlerini, bezege degişli owadan serişdeleri, mebelleri we olaryň enjamlaryny, aşhana mebellerini, durmuşda ulanylýan aýna önümlerini öndürmek bilen meşgullanýan kompaniýalaryň diwarlyklarydyr harytlary bar.
Ýurdumyzyň gurluşykçylary häzirki zamanyň ýaşaýyş-durmuş ülňülerini giňden ornaşdyryp, bina edilýän ähli desgalary degişli düzümler bilen üpjün edýärler. Welaýat merkezleriniň keşbi hem gözümiziň alnynda özgerýär, durmuş maksatly desgalar, edara binalary, amatly ýaşaýyş jaýlary, önümçilik kärhanalary ulanmaga berilýär. Sergä gatnaşýan gurluşyk kärhanalarynyň hatarynda “Ojar Aziýa”, “Dost gurluşyk, söwda, önümçilik”, “Baýly-gurluşyk”, “Ajaýyp-gurluşyk”, “Nur bina” we beýlekiler bar. “Ak bulut”, “Sapaly jaý”, “Erjel Begenç”, “Ukyply kärdeşler” ýaly türkmen kompaniýalary gurluşyk serişdelerini — kafelleri, asma petikleri we beýleki gurluşyk serişdelerini hödürleýärler.
Aşgabat şäher häkimliginiň sergi bölümi bagy-bossanly künjege öwrüldi. Paýtagtyň ýaz gülleri bilen bezelen toplumlary şäheriň binagärlik gözelliginiň ajaýyp bezegi bolup durýar. “Jadyly bag” hem-de “Roza gül” nyşanly bezeg we janly gülleriň köpdürlüligi bu ýere gelýänleri haýran galdyrýar.
“Aýdyň gijeler” hojalyk jemgyýeti Gün energiýasy bilen işleýän ýol hereketini sazlaýjy ýolyşyklary hem-de ýol belgilerini görkezýär. Bu kompaniýa ýurdumyzyň bazarynda özüni häzirki zamanyň senagat we elektron önümlerini öndüriji hökmünde tanatdy. Şeýle hem kompaniýa sergä iki SIM-kartly öýjükli telefonlary, smartfonlary, monobloklaryň dürli görnüşlerini, smart-telewizorlary, split-sowadyjylary, internet toruny paýlaýjylary (router), arassa agyz suwuny sowatmak we gyzdyrmak üçin enjamlary bilen gatnaşýar. Bu ýerde sanly tehnologiýalar we programma üpjünçiligi ulgamyna ýöriteleşen “Akylly tilsimat” hojalyk jemgyýetiniň işi baradaky maglumat bilen tanyşmak mümkin.
Milli görnüşdäki türkmen işewürlik merkeziniň uly taslamasyny görkezýän “Gül ömri” hojalyk jemgyýeti, şeýle hem eýýäm durmuşa geçirilen hem-de geljegi uly taslamalary bilen tanyşdyrýan “Ýiti galam” hojalyk jemgyýeti sergä ilkinji gezek gatnaşýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne taslamalaryň giň gerimliligi mahsusdyr. Köp gatly ajaýyp binalar gurulýar, şäherlerde täze künjekler we iri ilatly nokatlar peýda bolýar, uzak aralyklara awtobanlar, polat ýollar gurulýar, halkara ähmiýetli ulag düzümi kemala getirilýär. “Ak şäherim Aşgabat” sergisine daşary ýurtlardan gatnaşyjylaryň hatarynda şähergurluşyk we senagat pudagynda, şeýle hem ýol-ulag düzümlerinde bilelikdäki taslamalaryň amala aşyrylmagyna gatnaşýan guramalar we kompaniýalar bar.
Türkmenistanyň esasy hyzmatdaşlary — “Bouygues Turkmen”, «Gap Inşaat», «Rönesans Endüstri Tesisleri Inşaat Sanayi ve Ticaret», «Dorožnoýe stroitelstwo «Altkom», «Çalik Enerji Sanayi we Ticaret A.Ş.», «Wozroždeniýe» önümçilik birleşigi» paýdarlar jemgyýeti gurluşyk desgalarynyň şekil taslamalaryny, innowasion işläp taýýarlamalary we tehnologiýalary görkezdiler. Şolarda suw üpjünçiligi, yşyklandyryş, ýollaryň gurluşygy, dynç almak ýaly ugurlar öz beýanyny tapdy. “Interbudmontaž” kompaniýasy tarapyndan taýýarlanan şäher metrosynyň şekil taslamasy sergä gelenlerde aýratyn gyzyklanma döretdi. Serginiň açyk meýdançalarynda “Toyota” we “Hyundai” ýaly öňdebaryjy öndürijileriň dürli awtoulaglary ýerleşdirildi.
Şeýle hem bu ýerde işewürlik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyna gyzyklanma bildirýän kompaniýalar mümkinçiliklerini görkezýärler. Olar dünýä derejesindäki talaplara laýyklykda, şäher hojalygynda ulanmaga degişli ekologik taýdan arassa ulgamlara hem-de energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalara, seýilgäh zolaklaryna niýetlenen intellektual düzümlere degişli taslamalara aýratyn ähmiýet berýärler. Bu bolsa şäherde amatly ýaşaýyş-durmuş şertlerini döretmäge we tebigaty goramaga, ählumumy ekologik meseleleri oýlanyşykly çözmäge mümkinçilik berýär.
Ertir sergi öz işini dowam eder.