Geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Watanymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, ähli daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen parahatçylyk söýüjilik, açyklyk, özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda netijeli hyzmatdaşlygy ilerletmek boýunça başlangyçlarynyň üstünliklere beslenýändigini ýene bir gezek subut etdi.
8-nji maýda döwlet Baştutanymyzyň sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Hormatly Prezidentimiz gowaça, bugdaý, ýazlyk ýeralma, sogan we beýleki gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmegini, pile öndürmek boýunça meýilnamanyň üstünlikli berjaý edilmegini ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda kesgitledi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda welaýatlarda meýilleşdirilen gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegi babatda degişli görkezmeleri berdi.
9-njy maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 78 ýyllygy mynasybetli Moskwada geçirilýän dabaraly çärelere hormatly myhman hökmünde gatnaşmaga iberen çakylygy boýunça Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyrdy.
Kremliň “Tugraly” zalynda rus lideri bilen duşuşandan soňra, hormatly Prezidentimiz baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin Moskwa gelen wekiliýetleriň ýolbaşçylary bilen bilelikde Gyzyl meýdanyň merkezi münberine tarap ugrady. Belent mertebeli myhmanlar bu ýerden dabaraly harby ýörişi synladylar. Dabaraly harby ýöriş tamamlanandan soňra, döwlet Baştutanlary Kreml diwarynyň ýanyndaky Aleksandrow bagyna tarap pyýadalap ugradylar. Bu ýerde Näbelli esgeriň guburyna gül goýmak çäresi boldy.
Ýeňiş güni Türkmenistanda hem dabaraly bellenildi. Ýurdumyzyň ähli künjeginde uruş weteranlaryny, tylda zähmet çekenleri sarpalamak dabaralary boldy. Milli gahrymanlarymyzyň edermenliginiň hormatyna bina edilen ýadygärliklere gül desseleri goýuldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 78 ýyllygy mynasybetli türkmen halkyna iberen Gutlagynda mukaddes ýörelgelerimize berk eýeren merdana watandaşlarymyzyň doganlyk halklaryň wekilleri bilen bilelikde egin-egne berip, ХХ asyryň ýowuz urşunyň azat-erkana durmuş ugrundaky aldym-berdimli söweş meýdanlarynda edermenligiň, gaýduwsyzlygyň we gahrymançylygyň belent nusgasyny görkezip, baky şöhrata mynasyp bolandyklary bellenilýär.
10-11-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasyna döwlet saparyny amala aşyrdy.
Duşenbe şäherindäki “Kasri Millat” köşgünde ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň dowamynda döwlet Baştutanymyz we Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar, häzirki döwrüň ýagdaýlary bilen baglylykda, onuň esasy ugurlaryny kesgitlediler. Şeýle hem taraplar sebit we ählumumy gün tertibiniň özara gyzyklanma bildirilýän möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow häzirki günde Merkezi Aziýadaky ýagdaýlaryň durnuklylygyny we netijeliligini gorap saklamak bilen baglylykda, türkmen-täjik hyzmatdaşlygyna aýratyn ornuň degişlidigini belledi. Gürrüň, ilkinji nobatda, sebitde parahatçylygy, durnuklylygy üpjün edýän mehanizmleri döretmek, gapma-garşylyklara ýol bermezlik, ähli meseleleri syýasy-diplomatik ýollar arkaly çözmek, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna, BMG-niň Tertipnamasyna esaslanyp, özara bähbitleri nazara almak we berjaý etmek ugrunda çykyş edýän ýurtlarymyzyň garaýyşlarynyň üýtgewsizdigi barada barýar. Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklarynyň netijeliligi aýratyn bellenildi.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirlerine garşy durmak, Merkezi Aziýa sebitiniň suw serişdelerini aýawly we rejeli peýdalanmak, Aral meselesini çözmek boýunça bilelikdäki işi işjeňleşdirmegiň zerurdygyny aýtdy. Söwda-ykdysady ulgamda, işewürlik düzümleriniň ugry boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmek bilen bagly meselelere aýratyn üns berildi. Hususan-da, döwlet Baştutanymyz dokma senagatynda hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçiliklerini içgin öwrenmegiň maksadalaýyk boljakdygyny nygtady. Mundan başga-da, ýurdumyz ýangyç-energetika toplumynyň, gurluşyk we himiýa senagatynyň, azyk senagatynyň, oba hojalygynyň, derman senagaty pudagynyň önümlerini we beýleki harytlary ibermek ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardyr.
Ulag ulgamy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde bellenildi. Şunda bilelikdäki tagallalaryň baş maksady gazanmaga — Aziýanyň, Ýewropanyň, Ýakyn Gündogaryň ulag ulgamlaryny birleşdirýän döwrebap we kuwwatly infrastrukturany döretmäge gönükdirilmelidir. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan Hazar deňzine çykmak bilen, döwletlerimizi birleşdirýän ulag geçelgesi boýunça bilelikdäki işe, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň kuwwatlyklaryny amatly şertlerde Täjigistan üçin hem bähbitli bolar ýaly ulanmak mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşmaga, şeýle-de döwletlerimiziň arasynda göni we üstaşyr howa gatnawlaryny dikeltmek mümkinçiligine garamaga taýýardyr.
Iki doganlyk halkyň ruhy we medeni umumylygyny nazara almak bilen, medeni-ynsanperwer ulgam, şol sanda bilim ulgamy hyzmatdaşlygyň möhüm ugry hökmünde çykyş edýär. Täjigistan Respublikasynyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynyň Ergeş Sultanow daýhan birleşiginde Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdebiň binasynyň düýbüni tutmak dabarasyna iki döwletiň Baştutanlarynyň göni wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşmaklary munuň aýdyň subutnamasydyr. Mälim bolşy ýaly, 2022-nji ýylyň 9-njy dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 540 orunlyk bu okuw edarasynyň binalar toplumyny gurmak hakynda Karara gol çekipdi.
“Kasri Millat” köşgünde dabaralar tamamlanandan soňra, ikitaraplaýyn resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi. Şolaryň hatarynda dürli ulgamlarda hyzmatdaşlyk etmek baradaky Ähtnamalar we Ylalaşyklar bar. Bu resminamalar döwletara gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýadynyň üstüni ýetirip, hyzmatdaşlygyň giň ugurlar boýunça ösdürilmegine ýardam bermäge gönükdirilendir. Ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Emomali Rahmon Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak hakynda Jarnama gol çekdiler. Bu möhüm resminamada iki döwletiň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn derejede köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeň ösdürmäge, halkara guramalaryň çäklerinde netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga ygrarlydyklary tassyklanylýar. Nygtalyşy ýaly, türkmen-täjik gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de çuňlaşdyrylmagy iki ýurduň düýpli bähbitlerine laýyk gelýär, olaryň gülläp ösmegine, sebitde parahatçylygyň we durnuklylygyň pugtalandyrylmagyna ýardam eder.
Soňra döwlet Baştutanlary köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.
Şeýle hem şol gün saparyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Täjigistanyň Oli Majlisiniň Milli Majlisiniň Başlygy Rustam Emomali, Täjigistanyň Oli Majlisiniň Namoýandagon Majlisiniň Başlygy Mahmadtoir Zokirzoda bilen duşuşyklary boldy. Olaryň dowamynda parlamentara hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
11-nji maýda Hökümet kabulhanasynyň “Mejlisler” zalynda döwlet Baştutanymyzyň Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministri Kohir Rasulzoda bilen duşuşygy boldy. Onda döwletara gatnaşyklaryň möhüm ugurlary maslahatlaşyldy.
Täjigistan — Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Türkiýe ugurlary boýunça ulag gatnawlaryny döretmegiň geljekki ugurlary, Hytaýyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň we Türkmenistanyň arasynda Pars aýlagynyň we Hazar deňziniň portlaryna çykalgasy bolan multimodal ýük daşamalaryny guramagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen birlikde, iki döwletiň arasynda göni we üstaşyr howa gatnawlaryny guramagyň möhümdigi bellenildi. Ikitaraplaýyn söwda gatnaşyklaryny ösdürmek, birek-birege ugradylýan harytlaryň görnüşlerini giňeltmek we eksport-import amallarynyň möçberini artdyrmak ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm bölegi hökmünde kesgitlenildi. Bu işleri utgaşdyrmak maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iki ýurduň paýtagtlarynda söwda öýlerini döretmek boýunça taslamany ýakyn wagtda amala aşyrmaga girişmegi teklip etdi.
Oba hojalygy we obasenagat toplumy, şol sanda oba hojalyk önümlerini özara alyşmagy guramak hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary hökmünde bellenildi. Türkmenistanyň dostlukly ýurduň metallurgiýa toplumynyň önümlerine, hususan-da, alýuminiý önümlerine uly gyzyklanma bildirýändigi aýratyn nygtaldy. Gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin ýakyn wagtda Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-täjik hökümetara toparyna başlyklyk edijileriň giňişleýin düzümdäki duşuşygyny guramak teklip edildi.
Şeýle hem şol gün “Takob” kabulhanasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen duşuşygy boldy. Döwlet Baştutanlarynyň arasynda bolan söhbetdeşlikde milli mirasy gorap saklamagyň, ýurtlaryň taryhy we medeni ýadygärliklerini çuňňur öwrenmegiň hem-de goramagyň zerurdygy nygtaldy. Bellenilişi ýaly, Merkezi Aziýa täsin syýahatçylyk ugurlaryna eýe bolmak bilen, Beýik Ýüpek ýolunyň özboluşly taryhy desgalaryny özünde jemleýär we bu pudagy ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçiliklere eýedir.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasyna amala aşyran döwlet saparynyň netijeleri iki döwletiň we olaryň halklarynyň taryhy asyrlara uzap gidýän dost-doganlyk gatnaşyklaryna üýtgewsiz ygrarlydygynyň, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ähli ugurlar boýunça pugtalandyrmaga iki tarapyň hem taýýardygynyň aýdyň subutnamasy boldy.
Hormatly Prezidentimiziň döwlet saparynyň öňüsyrasynda Duşenbe şäherinde geçirilen Türkmen-täjik işewürlik maslahaty, işewürler geňeşiniň birinji mejlisi, “Täjigistan Respublikasynyň we Türkmenistanyň ylmy edaralarynyň arasyndaky ylmy-tehniki hyzmatdaşlygyň ösüşi” atly “tegelek stoluň” başyndaky halkara maslahat hem-de birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, hususy düzümleriň ýolbaşçylarynyň arasynda geçirilen duşuşyklar, eksport harytlarynyň bilelikdäki sergisi iki döwletiň netijeli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýändigini görkezdi. Iki ýurduň telekeçileriniň arasynda baglaşylan şertnamalar guralan çäreleriň netijeliliginiň subutnamasydyr.
13-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy we döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýurdumyzyň milli kanunçylyk ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujetini düzmek hakynda Kararyň taslamasyny taýýarlamak, ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalaryny döwrebaplaşdyrmak, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy we bugdaý oragyna taýýarlyk görmek bilen bagly meseleler mejlisde garalan meseleleriň hatarynda boldy.
Şeýle hem paýtagtymyzyň şähergurluşyk-binagärlik keşbini mundan beýläk-de özgertmek, şäher ýaşaýjylary üçin has amatly durmuş we dynç alyş şertlerini döretmek boýunça alnyp barylýan işler barada habar berildi. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň şäherlerini, şol sanda özboluşly binagärlik çözgütlerini peýdalanmagyň mysaly hökmünde paýtagtymyz Aşgabady toplumlaýyn gurmak boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berildi. “ÝHHG-niň çäginde howpsuzlygy, durnuklylygy we dialogy berkitmekde bitarap döwletleriň orny” atly halkara maslahata, şeýle hem Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni, 2022-2023-nji okuw ýylynyň tamamlanmagy, Aşgabat şäheriniň güni, Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli geçiriljek dabaralara görülýän taýýarlyk barada hasabat berildi.
Şu ýylyň 3-4-nji maýynda Aşgabatda geçirilen “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2023” atly II halkara maslahatyň we serginiň jemleri mejlisde garalan aýratyn mesele boldy.
Bu foruma dünýäniň 45 ýurdundan 800-den gowrak wekil gatnaşdy. Onuň dowamynda 100-e golaý işewürlik duşuşygy geçirilip, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn resminamalaryň 26-syna gol çekildi. Iri halkara guramalaryň, daşary ýurtlaryň döwlet düzümleriniň, ugurdaş ulgamyň iri kompaniýalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri bilen geçirilen duşuşyklaryň barşynda Türkmenistanyň halkara ylalaşyklara goşulmagy, üstaşyr ulag geçelgelerini ösdürmek, milli ulag ulgamyny netijeli peýdalanmak meselelerine aýratyn üns berildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow halkara maslahatyň we serginiň ähmiýeti barada aýtmak bilen, onuň jemleriniň netijeli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna, köpugurly üstaşyr ulag hem-de logistika düzümlerini döretmek boýunça möhüm ulag taslamalaryny durmuşa geçirmegiň netijeli gurallaryny işläp taýýarlamaga ýardam berjekdigini belledi we bu ugurdaky toplumlaýyn işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz mejlisiň dowamynda birnäçe resminamalara gol çekdi. Şolaryň hatarynda ýangyç-energetika ulgamynda işgärleri wezipä bellemek hakynda Permanlar we Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujetini düzmek, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň önümçilik kärhanalarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, bugdaý oragyny guramaçylykly geçirmek hakynda Kararlar bar.
Şeýle hem geçen hepde döwlet Baştutanymyz Arkadag şäheriniň hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryny wezipelere bellemek hakynda Permanlara we Karara gol çekdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gazak toparynyň türkmen böleginiň we Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-wenger toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy. Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen, Arkadag şäheriniň Kärizek etrabyndaky ýaşaýyş jaý toplumyna şäherçe derejesi berildi we oňa halypa seýis Aba Annaýewiň ady dakyldy.
13-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň ýörite wekili, HHR-iň daşary işler ministriniň birinji orunbasary (ministr derejesinde) Ma Çžaosýuýy kabul etdi. Myhman döwlet Baştutanymyza Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň mähirli salamyny ýetirdi hem-de 18-19-njy maýda geçiriljek “Merkezi Aziýa — Hytaý” sammitine gatnaşmaga iberen çakylygyny gowşurdy.
Duşuşygyň dowamynda taraplar häzirki döwrüň ýagdaýlaryny we mümkinçiliklerini hasaba almak bilen, özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmek üçin uly kuwwata eýe bolan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, şol sanda söwda-ykdysady ulgamda, ýangyç-energetika toplumynda we birnäçe beýleki pudaklarda hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşdylar.
Geçen hepdede Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Tailand Patyşalygynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Apirat Sugondhabhiromdan ynanç hatyny kabul etdi. Dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekiliniň belleýşi ýaly, Tailand Patyşalygynda döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli syýasatyna, durnukly ösüşiň esaslarynyň hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagyna, häzirki döwrüň ählumumy meseleleriniň çözülmegine gönükdirilen möhüm halkara başlangyçlaryna ýokary baha berýärler we doly goldaýarlar.
Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parahatçylygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmak, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, ähli gyzyklanma bildirýän döwletler bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek boýunça alyp barýan syýasatynyň üstünliklere beslenýändigini nobatdaky gezek subut etdi.