Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanda Serbiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
Syýasy habarlar
Türkmenistanda Serbiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
Çap edildi 17.05.2023
1829

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Serbiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Momçilo Babiçden ynanç hatyny kabul etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiziň adyndan ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, döwletlerimiziň we halklarymyzyň arasynda dostlukly gatnaşyklary, ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda, ilkinji nobatda, iri halkara guramalaryň we düzümleriň ugry boýunça işjeň ösdürilýän hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Öz gezeginde, diplomat hoşniýetli sözler we türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimize öz ýurdunyň ýolbaşçylarynyň mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Ilçi parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty hem-de oňyn başlangyçlary netijesinde halkara giňişlikde belent abraýa eýe bolan döwletde Serbiýa Respublikasyna wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny belledi.

Söhbetdeşligiň dowamynda dostlukly ýurduň doly ygtyýarly ilçisi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary, döwlet Baştutanymyzyň başlangyçlary esasynda durmuşa geçirilýän ägirt uly özgertmeler, iri halkara taslamalar bilen tanyşdyryldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň milli ykdysadyýetimiziň kuwwatynyň innowasion esasda ösdürilmegine we diwersifikasiýalaşdyrylmagyna, häzirki zaman düzümleriniň döredilmegine, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň has-da gowulandyrylmagyna gönükdirilen durmuş-ykdysady maksatnamalaryna aýratyn üns çekildi.

Şeýle hem ilçi, amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler bilen baglylykda, türkmen parlamentiniň köpugurly işi bilen tanyşdyryldy. Şunuň bilen baglylykda, kanun çykaryjylyk ulgamynda parlamentara gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine özara gyzyklanma bildirildi.

Diplomat Türkmenistan bilen mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk üçin uly kuwwatyň bardygyny belläp, söwda-ykdysady, ylym-bilim, sport, syýahatçylyk ulgamlarynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň, iki halkyň arasynda dostluk we özara düşünişmek gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam berýän medeni dialogy ösdürmegiň möhümdigini nygtady.

Duşuşygyň ahyrynda Momçilo Babiç ýurtlarymyzyň bähbitlerine laýyk gelýän köpugurly we netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek ugrunda ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

* * *

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek we pugtalandyrmak maksady bilen, jenap Momçilo Babiçi Serbiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek kararyna geldim.

Siziň Alyhezretiňizden jenap Momçilo Babiçi mähirli kabul etmegiňizi we Serbiýa Respublikasynyň adyndan hem-de hut meniň adymdan beýan etjeklerine, aýratyn-da, meniň Size tüýs ýürekden bagtyýarlyk, ýurduňyza abadançylyk baradaky arzuwlarymy, Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy ýetirende oňa doly ynanmagyňyzy haýyş edýärin.

Aleksandr Wuçiç,

Serbiýa Respublikasynyň Prezidenti.

Soňky habarlar
02.09
Gazanylan üstünlikler we zähmet ýeňişleri — Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň we halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň binýady
02.09
Türkmenistanyň Prezidenti Norwegiýanyň Patyşasyny gutlady
02.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçen umumy okuw sapagyndaky ÇYKYŞY
02.09
Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna, ýaşlaryň döwletiň, jemgyýetiň, ata-enäniň we maşgalanyň öňündäki mukaddes borçlaryna bagyşlanan umumy okuw sapagyny geçdi
02.09
Türkmenistanda güýzlük bugdaý ekişine badalga berildi
02.09
Türkmenistanyň Prezidenti Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Prezidentini gutlady
01.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýokary okuw mekdepleriniň täze binalar toplumlarynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy
01.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlarynyň açylyş dabarasyndaky çykyşy
01.09
Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli dabaraly çäreler
01.09
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine
top-arrow