Geçen hepdäniň wakalary Watanymyzyň ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýandygynyň aýdyň beýany boldy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan ägirt uly özgertmeler netijeli halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge, ykdysadyýetiň ähli ulgamlarynda ösüşiň ýokary depginlerini gazanmaga, halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da ýokarlandyrmaga ýardam berýär.
1-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň barşy, döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň wekiliýetiniň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna we Germaniýa Federatiw Respublikasyna amala aşyran iş saparlarynyň netijeleri bilen bagly meselelere garaldy. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň pagtaçy daýhanlary mineral dökünler, ýokary hilli tohum bilen ýeňillikli bahalardan üpjün edilýär. Oba hojalyk pudagy üçin döwrebap tehnikalardyr gurallar yzygiderli satyn alynýar. Welaýatlarda gowaça ekişi üstünlikli tamamlandy. Bu işler bilen bir hatarda, sebitlerde bugdaý, ýeralma, sogan we beýleki gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri alnyp barylýar. Pile öndürmek möwsümini guramaçylykly geçirmek maksady bilen, pile öndürijiler tarapyndan degişli ideg işleri dowam etdirilýär. Daşoguz welaýatynda şaly ekişine girişildi.
Hormatly Prezidentimiz dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda bökdençsiz we guramaçylykly geçirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekdi, şeýle hem suw serişdeleriniň rejeli peýdalanylmagynyň gözegçilikde saklanylmagy, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegi babatda birnäçe görkezmeleri berdi.
Iş maslahatynyň dowamynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna we Germaniýa Federatiw Respublikasyna amala aşyran iş saparlarynyň netijeleri barada hem habar berildi. Ýurdumyzyň wekiliýeti ABŞ-nyň Döwlet sekretary bilen ikitaraplaýyn duşuşygy geçirmek hem-de her ýyl geçirilýän türkmen-amerikan syýasy geňeşmeleriniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak maksady bilen, 23-24-nji aprelde ABŞ-nyň paýtagty Waşington şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Türkmenistanyň daşary işler ministri bilen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň arasynda geçirilen duşuşykda ikitaraplaýyn, sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meselelerine garaldy. Şeýle hem Merkezi Aziýa döwletleriniň we ABŞ-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň çäklerinde howpsuzlyk, ykdysady, energetika, howanyň üýtgemegi ýaly ulgamlarda gatnaşyklary ösdürmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
ABŞ-nyň Döwlet departamentinde geçirilen syýasy geňeşmeleriň nobatdaky mejlisinde syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, daşky gurşawy goramak, ylym-bilim, medeni-ynsanperwer ulgamlarda türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň meseleleri, hususan-da, hyzmatdaşlygyň täze görnüşleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Syýasy geňeşmeleriň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Hökümeti bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Hökümetiniň arasynda bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek babatda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalary ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň energetika meseleleri boýunça kömekçisi, “Türkmenistan — ABŞ” işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory hem-de bu geňeşiň agzalary bolan amerikan kompaniýalarynyň ýolbaşçylary, Smithsonian institutynyň Aziýa sungaty milli muzeýiniň müdiri bilen duşuşyklary geçirdiler.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmek maksady bilen, 2023-2024-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň “Ýol kartasyny”, gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýadyny berkitmek üçin teklipleri, Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda guraljak dürli derejedäki saparlaryň Çarçuwaly meýilnamasyny taýýarlamak baradaky teklipler hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow beýan edilen teklipleri makullap, köpýyllyk hyzmatdaşlygyň dowamynda uly tejribe toplanandygyny hem-de ony mundan beýläk-de ösdürmek üçin ýeterlik kuwwatyň bardygyny aýdyp, bu ugurdaky işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.
2023-nji ýylyň 25 — 28-nji apreli aralygynda Germaniýa Federatiw Respublikasyna amala aşyrylan iş saparynyň dowamynda bu ýurduň iri ykdysady guramalarynyň biri bolan German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Baş sekretary bilen duşuşyk geçirildi. Onda şu ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň wekilleriniň hem-de ýurdumyzyň telekeçileriniň gatnaşmagynda Germaniýada Türkmen-german ykdysady forumyny geçirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem saparyň çäklerinde Germaniýanyň “Claas” we suw hojalyk ulgamyna ýöriteleşen “Wilo” kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen gepleşikler geçirildi. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin türkmen wekiliýeti 27-28-nji aprelde Germaniýanyň “Deutsche Bank AG” we “Commerzbank AG” banklarynyň ýolbaşçylary bilen gepleşikleri geçirdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň köpugurly häsiýete eýedigini hem-de okgunly ösdürilýändigini nygtady. Bar bolan kuwwatlyklar dürli ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmek, geljegi uly täze taslamalary durmuşa geçirmek üçin giň mümkinçilikleri açýar. Şunuň bilen baglylykda, netijeli hyzmatdaşlygyň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna, häzirki ýagdaýlara laýyklykda, onuň ileri tutulýan ugurlarynyň kesgitlenilmegine ýardam berýän ugurdaş döwlet hem-de işewürlik düzümleriniň ugry boýunça hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna, bilelikdäki ykdysady forumlaryň geçirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.
Döwlet Baştutanymyz iş maslahatynyň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowyň nobatdaky zähmet rugsadyna çykmak baradaky haýyşyny kanagatlandyryp ,daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň wezipe borçlaryny wagtlaýyn ýerine ýetirmegiň daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň üstüne ýüklenýändigini aýtdy.
3-nji maýda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralarda şu ýylyň dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi. Mejlisiň gün tertibine Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen bagly meseleler hem girizildi.
Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda her ýylyň 9-njy maýynda 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş gününiň dabaraly ýagdaýda bellenip geçilýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministrine şol gün paýtagtymyzyň «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda bu baýramçylyk mynasybetli göz öňünde tutulan çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.
Geçen hepdede döwlet Baştutanymyz Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, welaýatlaryň, şäherleriň we etraplaryň häkimlikleri 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 78 ýyllygy mynasybetli uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan 200 manat möçberde pul sowgadyny hem-de gymmat bahaly sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşurmaga borçly edildi.
4-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň geçen dört aýynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň netijelerine seredildi.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, şu ýylyň geçen dört aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri ýurdumyzyň bellenen maksatnamalara laýyklykda ösmegini dowam etdirýändigini görkezýär. Ýurdumyzda şu döwürde jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,2 göterim derejesinde saklandy. Watanymyzyň ähli künjeginde köp sanly senagat we durmuş maksatly desgalar guruldy hem-de gurulmagy dowam etdirilýär. Ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň çäklerinde biz importyň ornuny tutýan harytlary özümizde öndürmäge çalyşýarys. Eksporta iberilýän önümleriň möçberini artdyrmagyň döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi dowam etdirilýär, sanly ulgama geçmek we ýurdumyzy senagat taýdan ösdürmek amala aşyrylýar.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz döwlet maksatnamalarynda göz öňünde tutulan wezipeleriň ýerine ýetirilmegi ugrunda tutanýerli zähmet çekmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.
4-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesiniň Olimpiýa stadionynda Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) prezidenti Janni Infantinony kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda myhmana ýurdumyzda futboly ösdürmegiň esasy tapgyrlary, Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň sportuň bu görnüşinde gazanan üstünlikleri, şeýle hem Arkadag şäherinde ýakynda döredilen futbol kluby barada habar berildi.
Döwlet Baştutanymyz FIFA-nyň ýurdumyzda we tutuş dünýäde futboly mundan beýläk-de ilerletmek boýunça başlangyçlaryny hem-de tekliplerini Türkmenistanyň goldamaga taýýardygyny belledi. Mundan başga-da, Türkmenistanyň sport infrastrukturasyny halkara futbol ýaryşlaryny we ýoldaşlyk oýunlaryny geçirmek üçin ulanmak baradaky teklip beýan edildi.
Duşuşygyň barşynda myhman hormatly Prezidentimize FIFA-nyň ýörite futbol lybasyny we resmi topuny, FIFA-nyň ýörite nyşanyny ýadygärlik sowgat hökmünde gowşurdy.
Halkara futbol federasiýasynyň prezidenti Janni Infantino saparynyň çäklerinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow bilen duşuşdy. Duşuşykda Türkmenistanda futboly we bu ugurdaky hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bagly meseleler içgin ara alnyp maslahatlaşyldy. Wekiliýetiň agzalary bolsa ýaşajyk futbolçylar bilen duşuşdylar, olar bilen gürrüňdeş boldular hem-de ýadygärlik surata düşdüler.
Ady rowaýata öwrülen Polatly atly bedewiň heýkeliniň ýanyndan seleňläp görünýän, “döwlet ähmiýetli şäher” diýen aýratyn hukuk derejesine eýe bolan Arkadag şäherini synlap, Janni Infantino bu ýeriň ajaýyp tebigy şertleriniň bardygyny, ekologik abadançylygyň üpjün edilmegine jogapkärçilikli çemeleşilýändigini, munuň futbol bilen meşgullanmak üçin oňyn mümkinçilikleri döredýändigini aýdyp, geljekde bu ýerde FIFA-nyň Okuw-usulyýet merkezini döretmegiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.
5-6-njy maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow britan tarapynyň çakylygy boýunça Beýik Britaniýa iş saparyny amala aşyrdy we ol ýerde Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasy Karl III-ä hem-de Şa aýalyna täç geýdirmek dabarasyna gatnaşdy.
5-nji maýda döwlet Baştutanymyz Bukingem köşgünde geçirilen resmi kabul edişligiň dowamynda Birleşen Patyşalygyň Patyşasy Karl III-ni täç geýdirmek dabarasy mynasybetli gutlap, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljekde-de okgunly ösdüriljekdigine berk ynam bildirdi.
Öz gezeginde, Patyşa Karl III Türkmenistana bolan saparyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýtdy hem-de hormatly Prezidentimize we ähli türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
6-njy maýda, täç geýdirmek dabarasy tamamlanandan soňra, döwlet Baştutanymyz Watanymyza ugrady.
7-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen-rus strategik hyzmatdaşlygynyň giň gerimli ugurlar boýunça ösdürilýändigi aýratyn nygtaldy. Ýokary derejedäki duşuşyklar we gatnaşyklar yzygiderli esasda geçirilýär.
Prezidentler Serdar Berdimuhamedow hem-de Wladimir Putin Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň ýakynlaşyp gelýän 78 ýyllygy bilen birek-biregi mähirli gutlap, iki ýurduň halklaryna abadançylyk we rowaçlyk baradaky arzuwlaryny aýtdylar.
Döwlet Baştutanymyz pursatdan peýdalanyp, Beýik Ýeňşiň 78 ýyllygyny baýram etmäge bagyşlanyp, Moskwada geçirilmegi meýilleşdirilýän dabaraly çärelere gatnaşmaga çakylyk üçin rus kärdeşine minnetdarlyk bildirdi.
Geçen hepdede ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynda “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2023” atly II halkara maslahat we sergi geçirildi. Forum Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi bilen “Türkmen Forum” hojalyk jemgyýeti tarapyndan bilelikde guraldy. Foruma gatnaşyjylaryň hatarynda ugurdaş döwlet we hususy düzümleriň işgärleri, bilermenler, maýadarlar, halkara guramalaryň, maliýe institutlarynyň, BMG-niň, ÝHHG-niň, Bütindünýä bankynyň, Aziýanyň ösüş bankynyň, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň wekilleri bar.
Sergide iri senagat kärhanalary, ulag-logistika merkezleri, ulag serişdelerini öndürijiler, logistika merkezlerini enjamlar bilen üpjün edýän kärhanalar, ätiýaçlandyryş kompaniýalary, elektron söwda ulgamyndaky IT kompaniýalar, GDA-nyň, beýleki daşary ýurtlaryň deňiz portlary, howa menzilleri, demir ýol ulagy edaralary öz diwarlyklaryny ýerleşdirdiler. Çäräniň dowamynda, deňiz, howa we gury ýer ulaglary boýunça ýöriteleşen döwlet edaralarynyň ýolbaşçylarynyň — BAE-niň, Russiýanyň, Täjigistanyň, Italiýanyň, Ispaniýanyň, Türkiýäniň, Hindistanyň we beýleki döwletleriň ugurdaş düzümleriniň wekilleri bilen duşuşyklary geçirildi. Olaryň dowamynda ulag we logistika ulgamyny ösdürmek boýunça tejribe alşyldy hem-de özara gatnaşyklaryň geljekki ugurlary kesgitlenildi.
Maslahatyň barşynda ulag hyzmatlarynyň dünýä bazarynyň häzirki ýagdaýy, ýük akymlarynyň çägi we onuň ösüşi, ulaglaryň ähli görnüşleriniň netijeliligini hem-de bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly meselelere möhüm üns berildi. Şeýle hem Ýewraziýa giňişligine aralaşmak şertlerinde Türkmenistanyň awtomobil we howa ulaglarynyň, üstaşyr ulag mümkinçilikleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak, halkara gatnawlaryň çägini köpugurly esasda ösdürmek, logistik çykdajylary nazara almak bilen, töwekgelçiliklere gözegçilik etmek ýaly ugurlar häzirki döwrüň derwaýys wezipeleriniň hatarynda kesgitlenildi. Sebitde ulag gatnawlarynyň möçberini artdyrmakda Türkmenistanyň möhüm orun eýeleýändigini bellemek bilen, çykyş edenler ýurdumyzyň ulag ulgamynyň düýpli döwrebaplaşdyrylmagy we ösdürilmegi, halkara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de çuňlaşdyrylmagy esasynda bu ugruň ägirt uly geljeginiň bardygyny nygtadylar.
Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, gyzyklanma bildirýän taraplaryň geljegi uly türkmen bazarynda netijeli iş alyp barmaklary üçin amatly hukuk, maliýe-ykdysady şertler döredilýär. Maslahatyň çäklerinde “Häzirki zaman logistika ulgamyny döretmek hem-de Merkezi Aziýa döwletleri bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda ýük daşamalaryny ýönekeýleşdirmek”, “Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary — Hytaý — Gyrgyzystan — Özbegistan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe — Ýewropa” halkara multimodal ulag geçelgesiniň binýadynda durmuşa geçirilýän “CASCA+ multimodal ulag ugry” taslamalaryny işjeňleşdirmek meselesi boýunça onlaýn görnüşdäki duşuşyk geçirildi.
Şeýle hem hyzmatdaşlygyň berkidilmegine, onuň netijeli görnüşleriniň işlenip taýýarlanylmagyna, abadançylygyň we durnukly ösüşiň bähbidine sebitleýin, ählumumy çäreleriň işjeňleşdirilmegine gönükdirilen resminamalara gol çekildi.
Maslahat we sergi öz işini tamamlandan soňra, oňa gatnaşyjylar üçin gezelençler guraldy.
Maslahatyň jemleri ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynda Daşary işler ministrligi tarapyndan guralan metbugat maslahatynda beýan edildi. Hususan-da, maslahatyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklaryň 100-e golaýynyň geçirilendigi, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn resminamalaryň 26-syna gol çekilendigi bellenildi. Işewürlik duşuşyklarynyň geçirilmegi geljekki hyzmatdaşlaryň halkara gatnawlar babatda täze maýa goýum mümkinçilikleri baradaky maglumatlar bilen tanyşmagyna, uzak möhletleýin, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin geljegi uly ugurlary kesgitlemäge amatly şertleri döretdi. Şeýle hem foruma gatnaşyjylar birnäçe ugurdaş ulgamlarda öňdebaryjy iş tejribesi bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar.
Paýtagtymyzyň “Aşgabat” medeni-dynç alyş seýilgähinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda ýurdumyzyň durmuşa geçirýän uzak möhletleýin tebigaty goramak syýasatyny halk köpçüliginiň arasynda giňden düşündirmäge gönükdirilen “Gözel tebigatymyzy bilelikde goralyň!” ady bilen ekologik çäre geçirildi.
Çäräniň çäklerinde amaly-haşam sungatynyň we halk senetçiliginiň dürli görnüşli eserleriniň sergi-ýarmarkasy ýaýbaňlandyryldy, “Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasynyň hemaýat bermeginde keçe basmagyň, haly dokamagyň, keşde çekmegiň, keteni dokamagyň usullaryna bagyşlanan açyk sapak geçirildi, şeýle hem «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň hünärmenleri tarapyndan işlenip taýýarlanan «Eko-moda we millilik» atly lybaslar toplumy görkezildi.
Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek, halkymyzyň rowaçlygyny yzygiderli ýokarlandyrmak boýunça durmuşa geçirýän strategiýasynyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň subutnamasy boldy.