Şu gün paýtagtymyzda Türkmen bedewiniň milli baýramynyň öňüsyrasynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XIII mejlisi geçirildi.
Geçen ýyllaryň dowamynda bu forum dünýäniň dürli ýurtlarynyň atşynaslary, ugurdaş hünärmenleri, alym-atşynaslary we behişdi bedewleriň muşdaklary üçin netijeli hyzmatdaşlygyň, tejribe alyşmagyň meýdançasyna öwrüldi. Assosiasiýanyň yzygiderli geçirilýän mejlisleri hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga, onuň çäklerini giňeltmäge, bilelikdäki täze taslamalary amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Bu bolsa türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan ahalteke bedewleriniň dünýädäki abraýynyň has-da belende galmagyna ýardam berýär.
Asyrlaryň dowamynda pederlerimiz özleriniň zähmetsöýerligi we zehini bilen bu täsin tohumy döredip, onuň arassalygyny saklap gelipdirler. Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde müňýyllyklaryň jümmüşinden gözbaş alýan atçylyk sungatymyza kuwwatly itergi berildi. Gahryman Arkadagymyzyň bu ugurda başyny başlan giň möçberli işleri hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýar. Ajaýyp ahalteke bedewleri okgunly ösýän Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň düýpli özgertmeler ýolunda gazanýan üstünlikleriniň nyşany bolup durýar.
Behişdi bedewleriň gözelligi, çydamlylygy, asyllylygy, wepalylygy we duýgurlygy, türkmen atşynaslarynyň, seýisleriniň, seçgiçileriniň ýokary ussatlyk derejesi hemmeleri haýran galdyrýar. Ahalteke bedewleriniň watany bolan Türkmenistan bilen atçylyk ulgamynda özara gatnaşyk etmäge gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň sany barha artýar. 2010-njy ýylda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen we ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň işi hem şu maksatlara gönükdirilendir.
Assosiasiýanyň nobatdaky mejlisi Halkara ahalteke atçylyk we Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýalarynyň merkeziniň mejlisler zalynda geçirildi. Bu ýerde guralan sergide şekillendiriş, amaly-haşam, halyçylyk we zergärçilik sungatynyň eserleri, behişdi bedewlere bagyşlanan fotosuratlar görkezildi. Ähli döwürlerde bedewler halkymyzyň wepaly dosty we hemrasy, onuň ylham çeşmesi bolupdy we şeýle bolmagynda-da galýar. Ahalteke bedewlerine bolan söýgi türkmenlerde nesilden-nesle geçip gelýär. Bularyň hemmesi baýramçylyk sergisindäki ajaýyp eserlerde öz beýanyny tapdy.
Mejlisiň gün tertibine birnäçe meseleler, şol sanda assosiasiýa täze agzalary kabul etmek, dünýäde ahalteke atçylygyny ösdürmek maksady bilen, netijeli işleri alyp baran assosiasiýanyň agzalaryny döwlet sylaglary bilen sylaglamak bilen baglanyşykly meseleler girizildi.
Nygtalyşy ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyzda behişdi bedewleriň şanyna baýramçylyk giňden we dabaraly bellenilýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda atçylygy we atçylyk sportuny ösdürmek, arassa ganly, naýbaşy ahalteke atlaryny köpeltmek we olaryň tohum arassalygyny gorap saklamak, ata-babalarymyzdan miras galan milli seýisçilik sungatyny has-da kämilleşdirmek boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda döwrebap atçylyk sport toplumlary, ugurdaş ylmy-okuw merkezleri gurlup ulanmaga berilýär, atşynaslaryň ýaşaýyş-durmuş we iş şertleri yzygiderli gowulandyrylýar, ýurdumyzyň atçylyk pudagy üçin ýaş hünärmenler taýýarlanylýar. Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň hem-de Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň döredilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyçlary esasynda ýola goýlan asylly däbe görä, baýramçylyk dabaralarynyň çäklerinde ýurdumyzyň welaýatlarynda ýetginjek, uly ýaşly hem-de halypa çapyksuwarlaryň gatnaşmagynda baýramçylyk at çapyşyklary geçirilýär.
Milli mirasymyzyň goralyp saklanylmagynyň, öwrenilmeginiň we dünýäde giňden wagyz edilmeginiň Watanymyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigi, munuň bolsa behişdi bedewleriň şan-şöhratynyň we abraýynyň has-da belende galmagyny şertlendirýändigi nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, assosiasiýanyň agzalarynyň we ady rowaýata öwrülen bedewleriň muşdaklarynyň sanynyň ýyl-ýyldan artýandygy bellenildi.
Soňra Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň daşary ýurtly agzasy, Ispaniýa Patyşalygynyň Ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň prezidenti Blanka de Toledonyň sanly ulgam arkaly çykyşy diňlenildi. Ol pursatdan peýdalanyp, assosiasiýanyň ähli agzalarynyň adyndan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy we Türkmenistanyň ähli halkyny Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady.
Türkmen halkynyň döreden ahalteke tohumynyň dünýä atşynaslygynyň naýbaşysy bolup durýandygy nygtaldy. Ýewropaly atşynaslar behişdi bedewleriň gözellik bäsleşiklerini yzygiderli geçirýärler. Seçgiçilik we ahalteke bedewleriniň baş sanyny artdyrmak meselelerine, Ýewropa ýurtlarynda ahalteke bedewleriniň muşdaklarynyň sanynyň artmagyna ýardam berýän degişli işleriň geçirilmegine uly üns berilýär. Hanym Blanka de Toledonyň belleýşi ýaly, 2017-nji ýylda oňa “Türkmenistanyň at gazanan atşynasy” diýen hormatly adyň dakylmagy bu ugurda alyp barýan işinde jogapkärçiligini artdyrýar. Sözüniň ahyrynda Ispaniýanyň wekili döwlet Baştutanymyza we Türkmenistana iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Soňra sanly ulgam arkaly assosiasiýanyň daşary ýurtly agzasy, “Ahalteke inform” (Russiýa Federasiýasy) žurnalynyň baş redaktory Ýuliýa Kuznesowa çykyş etdi. RF-niň wekili Türkmenistanyň Prezidenti, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy, şeýle hem ahalteke bedewleriniň ähli muşdaklaryny Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen gutlamagyň özi üçin uly hormatdygyny nygtady.
Hanym Ýuliýa Kuznesowa Moskwanyň Timirýazew adyndaky Oba hojalyk akademiýasynyň atçylyk muzeýiniň işgäri bolmak bilen, talyplara we mekdep okuwçylaryna rus suratkeşleriniň çeken behişdi bedewleriniň suratlaryny aýratyn duýgular bilen görkezýändigini, atlaryň beden gurluşynyň gözelligi, hüý-häsiýetleri, sportda gazanan üstünlikleri, olaryň dünýä atçylygyndaky taryhy orny barada gürrüň berýändigini aýtdy. Şeýle hem ol “Ahalteke inform” žurnalynyň baş redaktory wezipesinde 20 ýylyň dowamynda bu täsin tohumy işjeň wagyz edip gelýär. RF-niň wekili 2018-nji ýylda “Türkmenistanyň at gazanan atşynasy” diýen hormatly adyň dakylmagynyň özünde uly buýsanç döredýändigini nygtap, ýene-de bir gezek Türkmenistanyň ýolbaşçylaryny we halkyny bu ajaýyp baýram bilen gutlady hem-de ýelden ýüwrük behişdi bedewleriň mundan beýläk-de adamlara ylham bermegini arzuw etdi.
Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalaryna — ýurdumyzyň atşynaslaryna we daşary ýurtly raýatlara Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli “Türkmenistanyň at gazanan atşynasy” diýen hormatly ady dakmak hakynda Permanlary okaldy. Soňra assosiasiýanyň bu hormatly ada mynasyp bolan daşary ýurtly agzalarynyň sanly ulgam arkaly çykyşlary diňlenildi.
Gazagystan Respublikasynyň “Ahal-Teke” atly ahalteke atçylyk hojalygynyň başlygy Ýakow Dik öz çykyşynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýadawsyz aladalary netijesinde behişdi bedewleriň diňe bir myhmansöýer türkmen topragynda däl, eýsem, olaryň ösdürilip ýetişdirilýän beýleki ýurtlarynda hem dürli dabaralara gatnaşýandyklaryny nygtady. Döwlet Baştutanymyzyň özüniň şahsy goldawy bilen bedewlere bolan söýginiň we aladanyň ajaýyp nusgasyny görkezýändigi bellenildi. Atşynaslar pudagy ösdürmekde Türkmenistanyň goldawyna ýokary baha berýärler we edilýän tagallalaryň netijesinde bu gadymy tohumyň baş sanynyň artjakdygyna, onuň abraýynyň bolsa has-da belende galjakdygyna pugta ynanýarlar.
Şeýle hem Türkmenistanda bu pudagyň işgärleriniň hemmetaraplaýyn alada bilen gurşalýandygy, olaryň zähmetine mynasyp baha berilýändigi nygtaldy. Şunuň bilen birlikde, dürli ýurtlarda ahalteke bedewlerini ýetişdirmek bilen meşgullanýan olaryň daşary ýurtly kärdeşlerine döwlet sylaglary gowşurylýar. Munuň özi tutuş dünýäniň atşynaslaryna goýulýan uly hormatyň we olara berilýän goldawyň aýdyň nyşanydyr. Gazagystanyň wekiliniň belleýşi ýaly, beýleki kärdeşleri bilen bir hatarda, “Türkmenistanyň at gazanan atşynasy” diýen hormatly adyň dakylmagy onuň durmuşyndaky aýratyn pursatlaryň biri boldy we uly buýsanç duýgusyny döretdi.
“Ahal-Teke” atly ahalteke atçylyk hojalygynyň başlygy bildirilen hormat üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen gutlady we berk jan saglyk, uzak ömür, döwlet işinde üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra kanadaly hususy atşynas Kerri Jo Stewartyň çykyşy diňlenildi. Ol özüne “Türkmenistanyň at gazanan atşynasy” diýen hormatly adyň dakylandygy üçin döwlet Baştutanymyza çuňňur hoşallygyny beýan edip, munuň ýatdan çykmajak waka bolandygyny belledi. Türkmen halkynyň atçylyk pudagynda baý tejribe toplandygy we häzirki wagtda bu tejribäniň täze tehnologiýalar bilen utgaşdyrylyp, netijeli ulanylýandygy bellenildi. Bu gün ýurdumyzyň atşynaslarynyň hyzmatynda ylmyň soňky gazananlarynyň esasynda enjamlaşdyrylan döwrebap düzümler we desgalar bar.
Hanym Kerri Jo Stewartyň belleýşi ýaly, ol häzirki wagtda ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmek we sungat eserleri hem-de fotosuratlar arkaly olary wagyz etmek bilen meşgullanýar. Şeýle hem Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanyp geçirilýän çäreler barada gürrüň berýän birnäçe kitaplar neşir edildi. Kanadanyň wekili hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistanda atçylyk pudagyny ösdürmek, onuň özboluşly däplerini gorap saklamak, gözellikde deňi-taýy bolmadyk ahalteke bedewleriniň dünýädäki abraýyny has-da belende galdyrmak boýunça uly işleriň amala aşyrylýandygyny belläp, döwlet Baştutanymyzy we ähli türkmenistanlylary bu ajaýyp baýram bilen tüýs ýürekden gutlady.
Öz gezeginde, “Türkmenistanyň at gazanan atşynasy” diýen hormatly ada mynasyp bolan türkmen atşynaslary hem tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň müdiriýetiniň çözgüdine laýyklykda, onuň düzümine täze agzalar kabul edildi. Şunuň bilen baglylykda, assosiasiýanyň täze daşary ýurtly agzalarynyň sanly ulgam arkaly çykyşlary diňlenildi.
“Manas” gyrgyz-türk uniwersitetiniň rektory doktor Alpaslan Jeýlan (Türkiýe Respublikasy) öz çykyşynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalygyna kabul edilendigi baradaky hoş habary uly buýsanç bilen kabul edendigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, ol hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, assosiasiýanyň XIII mejlisine gatnaşmak mümkinçiligine örän şatdygyny belledi.
Alpaslan Jeýlan Türkiýäniň milli at üstündäki oýunlar federasiýasyna ýolbaşçylyk eden döwründe Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilýän çärelere ençeme gezek gatnaşandygyny aýtdy. Häzirki wagtda ol ýokarda ady agzalan uniwersitetiň rektory bolmak bilen, bu ýokary okuw mekdebinde bilim alýan dürli ýurtlardan gelen talyplar bilen bilelikde, türki halklaryň milli at üstündäki oýunlarynyň dünýä ylmynda we edebiýatynda mynasyp orun almagy üçin, bu oýunlara mahsus däpleri gorap saklamak we öwrenmek boýunça iş alyp barýar. Ajaýyp ahalteke bedewleri hem gadymy taryhy bolan bu oýunlaryň bezegi bolupdyr. Şunuň bilen baglylykda, behişdi bedewleriň dünýä atşynaslygynyň kemala gelmeginde ägirt uly ornunyň bardygy we bu täsin hem-de özboluşly tohum atlarynyň ylmy taýdan çuňňur öwrenilmelidigi bellenildi.
Alpaslan Jeýlan mümkinçilikden peýdalanyp, hormatly Prezidentimizi we ýurdumyzyň atşynaslaryny Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, döwlet işinde üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra Hytaý Halk Respublikasynyň Atçylyk assosiasiýasynyň baş sekretary Ýue Gaofengiň çykyşy diňlenildi. Ol ahalteke bedewleriniň özüniň gözelligi bilen hemişe dünýäni haýran galdyrandygyny nygtady. Gadymy döwürlerden bäri dürli ýurtlaryň hökümdarlary behişdi bedewlere uly isleg bildiripdirler, olaryň gymmaty, aýratyn-da, Hytaýda örän ýokary bolupdyr. Bu gün hem HHR-de bedewlere bolan gyzyklanma yzygiderli artýar. Ýue Gaofeng Hytaýyň Atçylyk assosiasiýasynyň ýolbaşçysy hökmünde birnäçe ýyllaryň dowamynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilýän çärelere gatnaşýandygyny belläp, hytaýly atşynaslaryň ahalteke bedewleriniň tohumyny gorap saklamak we olaryň baş sanyny artdyrmak, dünýädäki abraýyny has-da belende galdyrmak üçin ähli tagallalary etjekdiklerini nygtady. Eýýäm köp ýyllaryň dowamynda Hytaýda degişli düşündiriş-wagyz işleri alnyp barylýar.
HHR-iň wekili özüniň Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalygyna kabul edilendigi üçin hormatly Prezidentimize hoşallygyny beýan edip, mundan beýläk-de assosiasiýanyň köpugurly işine goşandyny goşjakdygyna ynandyrdy. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda “Türkmen atlary” döwlet birleşigi bilen Hytaýyň Atçylyk assosiasiýasynyň arasynda baglaşylan hyzmatdaşlyk etmek hakynda Çarçuwaly ylalaşygy durmuşa geçirmek boýunça degişli işler amala aşyrylýar.
Dörän mümkinçilikden peýdalanyp, jenap Ýue Gaofeng hytaýly atşynaslaryň adyndan döwlet Baştutanymyzy we Türkmenistanyň ähli halkyny behişdi bedewleriň baýramy bilen gutlady hem-de Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň nobatdaky mejlisiniň üstünlikli geçirilmegini arzuw etdi.
Mejlisiň dowamynda assosiasiýanyň agzalygyna kabul edilen ildeşlerimiz hormatly Prezidentimize, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň Prezidentine çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler.
Mejlisiň jemleri jemlenende, ahalteke atçylygyny ösdürmegiň möhüm ugurlaryna deglip geçilendigi, munuň bolsa netijeli hyzmatdaşlyk etmek we tejribe alyşmak üçin uly ähmiýete eýedigi bellenildi. Bu bolsa pudakda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlyk etmek üçin oňyn mümkinçilikleri şertlendirýär, täze teklipleri, pikirleri işläp taýýarlamak üçin itergi berýär. Şeýle hem ýurdumyzyň we daşary ýurtly atşynaslaryň, beýleki ugurdaş hünärmenleriň netijeli gatnaşyklary ösdürmäge gyzyklanma bildirýändiklerine şaýatlyk edýär.
Foruma gatnaşyjylar milli we umumadamzat medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolan atşynaslyk däplerini gorap saklamak we ösdürmek meselelerinde berýän hemişelik ünsi hem-de goldawy üçin hormatly Prezidentimiz, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.
Şunuň bilen Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XIII mejlisi öz işini tamamlady.