Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
«Demokratiýa we hukuk» žurnalynyň nobatdaky sany
Jemgyýet
«Demokratiýa we hukuk» žurnalynyň nobatdaky sany
Çap edildi 21.04.2023
1674

Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty tarapyndan her çärýekde neşir edilýän «Demokratiýa we hukuk» ylmy-amaly žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy.

Žurnal hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 10-njy fewralynda geçiren giňişleýin mejlisindäki çykyşy bilen açylýar. Döwlet Baştutanymyzyň çykyşynda 2022-nji ýylyň dowamynda milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine seljerme berilýär hem-de Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň ilkinji nobatdaky wezipeleri kesgitlenilýär. Hususan-da, döwlet Baştutanymyz 2023-nji ýylda ýurdumyzyň ykdysadyýetine maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna 37 milliard 400 million manat düýpli maýa goýumlaryň gönükdiriljekdigini belledi. Önümçilik desgalarynyň gurluşygyna 20 milliard 800 million manat, durmuş maksatly desgalaryň gurluşygyna bolsa 16 milliard 600 million manat gönükdirmek meýilleşdirilýär. Bu bolsa, degişlilikde, tutuş ýurdumyz boýunça maýa goýumlaryň umumy möçberiniň 55,6 we 44,4 göterimine barabardyr. Şu ýyl maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna 1 million 58,5 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berler. Ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak maksady bilen, ýurdumyzyň maýa goýum Maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde welaýatlarda we paýtagtymyzda ençeme desgalaryň, binalaryň gurluşygyna badalga berler.

«Saýlawlary geçirmegiň guramaçylyk-hukuk esaslary» atly makala Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň hem-de Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna bagyşlanypdyr. Awtoryň belleýşi ýaly, hormatly Prezidentimiziň: «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygaryndan ruhlanyp, ýurdumyzda halk häkimiýetlilik ýörelgeleri, ýagny raýatlaryň jemgyýetiň we döwletiň işlerini dolandyrmaga gös-göni, şeýle hem erkin saýlanylan wekilleriniň üsti bilen gatnaşmaga bolan hukuklarynyň demokratik esaslary ösdürilýär.

«Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasy we parlament diplomatiýasy» atly makalada bu ugruň köptaraply ylmy barlaglar esasynda ösdürilmegine aýratyn üns çekilýär. Şunda awtor häzirki döwürde bu babatdaky işiň mümkinçilikleriniň we gurallarynyň halkara guramalaryň, parlamentara assambleýalaryň meýdançalarynda milli bähbitleriň goralmagyna hem-de dünýä döwletleriniň kanun çykaryjy edaralary bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gönükdirilendigini nygtaýar.

«Magtymguly Pyragynyň filosofik mirasy» atly makalada türkmen halkynyň beýik şahyrynyň we akyldarynyň ahlak garaýyşlary barada gürrüň berilýär. Makalada täze taryhy eýýamda Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynyň ornunyň barha belende galýandygy, onuň öňdengörüjilikli pikirleriniň we pelsepewi garaýyşlarynyň häzirki döwürde wajypdygy, olaryň umumadamzat gymmatlygyna öwrülip, häzirki zaman jemgyýetiniň ruhy binýady bolup durýandygy barada aýdylýar.

Maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň giňden ornaşdyrylmagy, gündelik durmuşda internetiň ulanylmagy, Türkmenistanda sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi, ilkinji nobatda, tehnologiýa howpsuzlygyny berkitmegiň kanunçylyk üpjünçiligini talap edýär. «Sanly ykdysadyýet we maglumatlaryň hukuk goragy» atly makalada bular barada gürrüň berilýär.

«Hukuk düşünjeliliginiň we hukuk medeniýetiniň ýaşlary terbiýelemekdäki orny» atly makala häzirki döwrüň wajyp meseleleriniň birine bagyşlanypdyr. Mälim bolşy ýaly, bu ugurda alnyp barylýan işleriň kämilleşdirilmegi kanunyň rüstemligini we jemgyýetde kanunçylygyň berkidilmegini üpjün etmegiň esasy şertleriniň biri bolup durýar.

Şunda awtor bu ulgamda yzygiderli okuw-terbiýeçilik işini alyp barmagyň, ýaş nesilleriň aňynda hukuk we borç, asyllylyk we dogruçyllyk düşünjelerini, ahlak kadalaryny berkitmegiň, olara kanunlaryň esasy düzgünlerini öwretmegiň wajypdygyna ünsi çekýär.

«Jenaýat iş ýöredişinde sanly tehnologiýalary ulanmagyň aýratynlyklary» atly makala okyjylaryň ünsüni özüne çekse gerek. Onda hukuk ýörediş, hukuk goraglylyk we kazyýet işinde täzeçil tehnologiýalaryň ulanylmagynyň ähmiýetine garalýar. Awtoryň pikirine görä, bu ugur has çuňňur ylmy seljermeleri, onuň esasynda kanunçylyk namalarynyň degişli derejede kämilleşdirilmegini talap edýär. Bu bolsa geljekde adamlaryň hukuklarynyň ygtybarly goraglylygyny üpjün etmäge hyzmat eder.

«Ulag diplomatiýasy we ulag ulgamynyň hukuk düzgünleşdirilişi» atly makalada häzirki döwürde bu pudagyň ýurdumyzyň BMG we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň biri bolmak bilen, Türkmenistanyň daşary syýasatynda aýratyn orun eýeleýändigi bellenilýär. Şunda häzirki zaman ulag diplomatiýasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýurdumyzyň başlangyçlary bilen kabul eden degişli Kararnamalarynyň ähmiýetine üns çekilýär.

Žurnalyň nobatdaky sany, däp bolşy ýaly, «Senenama» bölümi bilen tamamlanýar. Onda okyjylara Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparynyň duşuşyklarynadyr mejlislerine, şeýle hem bu ugur boýunça Aşgabatda hem-de daşary ýurtlarda geçirilen maslahatlara, beýleki çärelere syn berilýär.

Soňky habarlar
25.11
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 42 million 586 müň dollaryna barabar boldy
24.11
Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmek — döwlet syýasatynyň baş ugry
24.11
Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçisi bellenildi
23.11
Türkmenistanda senagat ähmiýetli täze tebigy gaz akymy alyndy
22.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
22.11
Döwlet Baştutanymyz 2025-nji ýylda Türkmenistan boýunça degişli möçberde pagta öndürilmegini üpjün etmegi tabşyrdy
21.11
Baş maksat — Watanymyzyň gülläp ösmegini, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmek
21.11
Türkmenistanyň we Özbegistanyň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
20.11
Garaşsyz Türkmenistan — jebisligiň we abadançylygyň ýurdy
20.11
Türkmenistan — Özbegistan: milli bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlyk
top-arrow