Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Ata-babalarymyzyň wesýetlerine eýerip
Jemgyýet
Ata-babalarymyzyň wesýetlerine eýerip
Çap edildi 18.04.2023
1970

Şu gün Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant obasynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow kyblasy we mähriban käbesi, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow atasy Mälikguly agany, eziz enesi Ogulabat ejäni hatyralap, agzaçar sadakasyny berdiler.

Täze taryhy eýýamda gadymdan gelýän milli däplerimizi aýawly saklamak, jemgyýetde milletiň ruhy-ahlak ýörelgeleriniň dowamatlylygyny üpjün etmek Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan hem-de häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Mübärek Oraza aýynyň mukaddes Gadyr gijesiniň yzysüre agzaçar sadakasyny bermek paýhasly pederlerimizden miras galan ýagşy dessurlaryň häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede dowam etdirilýändiginiň aýdyň beýanyna öwrüldi. Bu asylly çäre adamlaryň sogap işlere, ahlak we ruhy päklige bolan garaýşyny alamatlandyrýar.

Yzgant obasynyň Abyl Işan gonamçylygynyň ýanyndaky ýörite taýýarlanan ýerde agzaçar sadakasynyň berilmegi halkymyzyň asyrlar aşyp gelýän we dünýä nusgalyk kämil ýörelgeleriniň mynasyp derejede dowam etdirilýändiginiň beýanydyr. Mukaddes Oraza aýynyň soňky günlerinde geçirilýän agzaçar sadakasynyň ýagşy dessurlary ilerletmekde bolşy ýaly, merdana halkymyzyň birek-birege bolan ýakymly gatnaşyklaryny, agzybirligini, ösüp gelýän ýaş nesilleriň peder-perzent mekdebiniň oňyn däplerine ygrarlylygyny hem pugtalandyrýar.

Oraza aýynda geçirilýän agzaçar dessury taryhyň dowamynda halkymyzyň belent ahlak gymmatlyklary, olaryň däp-dessurlary, ynanç-ygtykatlary bilen baýlaşdyrylypdyr. Şöhratly we gahrymançylykly ýoly geçen halkymyz gadymy döwürlerden bäri ahlak arassalygynyň, ynsanperwerligiň, hoşniýetli ýörelgeleriň dabaralanmagyna ähmiýet beripdir. Şunda ýagşy dessurlara, şol sanda aýlaryň içinde aýratyn hormat goýulýan Oraza aýyna aýratyn gadyr goýlupdyr.

Hajy Arkadagymyzyň asylly ýörelgesine laýyklykda, her ýylyň Oraza aýynda agzaçar sadakasyny bermek dessury Arkadagly hajy Serdarymyzyň tagallasy bilen üstünlikli dowam etdirilýär. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň asyrlar aşyp gelýän milli gymmatlyklaryň häzirki zamanyň ruhuna kybap derejede ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýändiklerini görkezýär.

Gahryman Arkadagymyz, öňi bilen, sadaka gatnaşýanlara sylag-hormat edip gelendikleri üçin taňryýalkasyn aýtdy. Bu gün Yzgant obasyndaky Abyl Işan öwlüýäsine gelip, zyýarat etdik. Kyblam Mälikguly aganyň, mähriban käbäm Ogulabat ejäniň aram tapan ýerlerine baryp, olaryň ruhuna aýat okadyk. Ýatan ýerleriniň ýagty, jaýlarynyň jennet bolmagyny dileg etdik. Edilen dilegler, okalan aýatlar Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun diýip, hajy Arkadagymyz sözüni dowam etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow agzaçar sadakasyna gatnaşýanlaryň hemmesine ýene bir gezek minnetdarlyk bildirdi.

Soňra Türkmenistanyň müftüsi tebärek çykdy. Nahardan soňra, aýat-töwir okalyp, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň beren agzaçar sadakasynyň Allatagalanyň dergähinde kabul bolmagy dileg edildi.

Sylap gelendikleri üçin hemmelere ýene bir gezek taňryýalkasyn aýdyp, hajy Arkadagymyz öten-geçenlerimiz baradaky ýagşy ýatlamalaryň ýüreklerimizde ebedi ýaşajakdygyny belledi.

Gahryman Arkadagymyz we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow agzaçar sadakasyna gatnaşanlar bilen hoşlaşyp, bu ýerden ugradylar.

***

Mukaddes Oraza aýynyň her agşamynda bolşy ýaly, bu gün hem Gökdepe metjidinde tarawa namazy okaldy. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, halkymyzyň abadançylygynyň, Watanymyzyň bagtyýarlygynyň bähbidine alyp barýan işleriniň elmydama rowaç bolmagy barada doga-dilegler edildi.

Ata-babalarymyz Oraza aýyny dostlugyň, jebisligiň, birek-birege hormat goýmagyň we ruhubelentligiň aýy hasaplapdyrlar. Tarawa namazynyň okalmagy ynsana ahlak päkligini, ruhy taýdan täzelenmegi peşgeş berýär, hoşniýetlilige ynamy berkidýär, täze üstünlikleri gazanmak, belent sepgitlere ýetmek üçin güýç-gaýratyňy artdyrýar.

Umumadamzat medeniýetiniň ösüşine ägirt uly goşant goşan türkmen halkynyň köpasyrlyk ruhy gymmatlyklary we pähim-paýhasa ýugrulan durmuş ýörelgeleri milli gymmatlygymyz bolup durýar. Halkymyzyň ata-babalarymyzyň asylly däplerine ygrarlylygynda milletiň ruhy baýlygy, tämiz ahlaklylyga, rehim-şepagatlylyga ymtylmasy öz beýanyny tapýar.

Goý, şu gün berlen agzaçar sadakalary we okalan tarawa namazlary Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun! Goý, türkmen topragynda hemişe parahatçylyk, ylalaşyklylyk we abadançylyk höküm sürsün!

Soňky habarlar
25.11
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 42 million 586 müň dollaryna barabar boldy
24.11
Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmek — döwlet syýasatynyň baş ugry
24.11
Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçisi bellenildi
23.11
Türkmenistanda senagat ähmiýetli täze tebigy gaz akymy alyndy
22.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
22.11
Döwlet Baştutanymyz 2025-nji ýylda Türkmenistan boýunça degişli möçberde pagta öndürilmegini üpjün etmegi tabşyrdy
21.11
Baş maksat — Watanymyzyň gülläp ösmegini, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmek
21.11
Türkmenistanyň we Özbegistanyň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
20.11
Garaşsyz Türkmenistan — jebisligiň we abadançylygyň ýurdy
20.11
Türkmenistan — Özbegistan: milli bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlyk
top-arrow