Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Obasenagat toplumynyň netijeliligi — azyk bolçulygynyň binýady
Ykdysadyýet
Obasenagat toplumynyň netijeliligi — azyk bolçulygynyň binýady
Çap edildi 30.03.2023
2589

Dürli görnüşli oba hojalyk önümleriniň önümçilik möçberiniň artdyrylmagy, ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmegi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň ykdysady kuwwatynyň berkidilmegine, halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlanmagyna gönükdirilen döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Döwlet Baştutanymyz 27-nji martda sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynda obasenagat toplumynyň öňünde durýan wezipeleriň çözgüdine jogapkärçilikli we toplumlaýyn esasda çemeleşmegiň zerurdygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, oba hojalyk möwsümini, şol sanda gowaça ekişini ýokary hilli we agrotehniki möhletlerde geçirmek häzirki döwrüň möhüm talaby bolup durýar. Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, gowaça ekişi Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda 24-nji martda başlandy. Daşoguz welaýatynda bolsa bu wajyp möwsüme 29-njy martda girişildi. Daýhanlaryň durmuşynda möhüm hasaplanýan bu möwsümi ýokary hilli geçirmek maksady bilen, ýurdumyzda traktorlaryň we ekiş gurallarynyň 1 müň 800-e golaýy herekete girizildi. Etraplarda göçme ussahanalar, ýangyç daşamaga niýetlenen awtoulaglar bilen üpjün edilen ýörite toparlar döredildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe oba hojalygyny hemmetaraplaýyn özgertmegiň we pudagyň bar bolan mümkinçiliklerini doly durmuşa geçirmegiň netijesinde, obasenagat toplumynda ägirt uly üstünlikleriň gazanylýandygyny bellemeli. Türkmenistanyň bu ugur boýunça sebitara we halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini esasy ugur edinip, bu babatda möhüm orun eýeleýändigine ünsi çekmek zerur. Şu ýylyň 9-njy martynda paýtagtymyzda “Howanyň üýtgemegi şertlerinde azyk howpsuzlygy boýunça hyzmatdaşlyk” atly halkara maslahatyň geçirilmegi munuň aýdyň beýanydyr. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen geçirilen iki günlük maslahaty Türkmenistanyň Hökümeti hem-de BMG-niň Azyk we oba hojalygy boýunça guramasy (FAO) BMG-niň ýurdumyzdaky hemişelik utgaşdyryjysynyň wekilhanasynyň goldaw bermeginde bilelikde guradylar.

Forum dürli ugurlar boýunça tejribe, maglumat, bilim we tehnologiýalary alyşmak, bu ugurda bar bolan dürli meseleleriň çözülmegine utgaşykly çemeleşmeleri işläp taýýarlamak, obasenagat toplumynyň kuwwatlyklaryny pugtalandyrmak üçin oňyn mümkinçilikleri döretdi. Şeýle hem FAO-nyň Merkezi Aziýanyň döwletleri bilen mundan beýläk-de bilelikdäki işleri alyp barmaga gyzyklanma bildirýändigi we sebitiň okgunly ösüşine mynasyp goşant goşmaga taýýardygy nygtaldy. Howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleler barada aýdyp, foruma gatnaşyjylar häzirki döwürde dünýäniň we sebitiň döwletleriniň öňünde obasenagat toplumynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, onuň häzirki ýagdaýa, emele gelýän şertlere ukyplylygyny işjeňleşdirmek boýunça möhüm wezipeleriň durýandygyny bellediler.

Howanyň üýtgemegi boýunça Pariž ylalaşygynda hem azyk howpsuzlygynyň berkidilmegine aýratyn ähmiýet berilýändigini aýtmak gerek. Dünýäniň köp ýurtlarynyň howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak, onuň ýaramaz täsirlerini peseltmek babatda işläp taýýarlan meýilnamalarynda obasenagat toplumynyň işine möhüm ähmiýet berilmegi munuň subutnamasydyr. Şunuň bilen baglylykda, azyk howpsuzlygynyň üpjün edilmegi üçin durnukly oba hojalyk tejribeleriniň ulanylmagy Merkezi Aziýa döwletleri üçin wajyp hasaplanýar. Howanyň üýtgemeginiň azyk önümçiligine edýän täsiri ikitaraplaýyn häsiýete eýedir. Howanyň derejesiniň ýokarlanmagy, howa şertleriniň üýtgemegi oba hojalyk ekerançylygy üçin birnäçe çylşyrymly şertleri döredýär. Şunuň bilen birlikde, oba hojalyk önümçiligine ekologik taýdan arassa “ýaşyl” tehnologiýalary ornaşdyrmagyň zerurlygy ýüze çykýar. Bu bolsa onuň daşky gurşawa ýaramaz täsirini, hususan-da, parnik gazlarynyň zyňyndylaryny peseltmekde aýratyn ähmiýetlidir.

Geçen ýylyň 10-njy dekabrynda Aşgabatda “Merkezi Aziýa sebitinde howanyň üýtgemegi, suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek we maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary bilen baglanyşykly meseleler boýunça sebitleýin hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary” ady bilen geçirilen bäşinji Merkezi Aziýa bilermenler maslahatynda halkara derejede alnyp barylýan işleriň netijeleri barada maglumat berildi. Duşuşygyň dowamynda howanyň üýtgemeginiň täsirini peseltmek we şu babatda geçirilýän işlere halkara maliýe düzümleriniň, şol sanda BMG-niň Ýaşyl klimat gaznasynyň goşulmagynyň mümkinçilikleri üçin Merkezi Aziýa ýurtlarynda amala aşyrylýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şunda emele gelen ýagdaýa syn bermegiň, sebitleýin ösüşiň hem-de döwletara gatnaşyklaryň meýilleriniň möhüm meselelerini jikme-jik öwrenmegiň esasynda, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny kesgitlemegiň wajypdygy nygtaldy. Bu işleriň barşynda gazanylan anyk netijeler Merkezi Aziýa sebitiniň howpsuz we durnukly ösüş ýoluna düşmegini şertlendirer. Forumda azyk senagaty ulgamynda täzeçil ýörelgeleri işjeň ilerletmegiň zerurdygyna aýratyn üns berildi. Häzirki wagtda “akylly” oba hojalygy örän möhüm ugur bolup durýar.

Ýurdumyzda howanyň üýtgemegi baradaky Milli strategiýanyň we Milli tokaý maksatnamasynyň çäklerinde azyk howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, degişli çäreler durmuşa geçirilýär. Oba hojalyk önümçiligini howa şertlerine uýgunlaşdyrmak, pudaklaýyn önümçiligiň zerurlyklaryny nazara almak bilen, onuň ýerleşdirilişini işjeňleşdirmek boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Oba ýerlerinde täze ykdysady gatnaşyklary, dürli hojalyk ugurlary üçin bäsdeşlige ukyply gurşawy döretmek, ýer-suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak, daşky gurşawy goramak, oba hojalyk ylmyny, tohumçylygy ösdürmek, täzeçil usullary, menejmentiň, marketingiň öňdebaryjy ýörelgelerini giňden ornaşdyrmak, durmuş meselelerini üstünlikli çözmek obasenagat toplumynda durmuşa geçirilýän giň möçberli özgertmeleriň möhüm ugurlary hasaplanýar.

Topragyň hilini gowulandyrmak, ekerançylykdan alynýan hasyly artdyrmak, tohumçylygy kämilleşdirmek, ykdysadyýetiň bu pudagyna sanly ulgamy ornaşdyrmak pudagyň öňünde durýan esasy wezipeleriň hatarynda durýar. Türkmenistanda obasenagat toplumyna döwlet tarapyndan goldaw bermegiň bitewi ulgamynyň döredilendigini bellemek gerek. Düzümiň döwrebaplaşdyrylmagyna, oba hojalygynyň we oňa hyzmat edýän pudaklaryň tehniki taýdan enjamlaşdyrylmagyna, şol sanda gaýtadan işleýän kärhanalaryň, mineral dökünleriň önümçiligi boýunça zawodlaryň gurulmagyna maýa goýum serişdeleriniň gönükdirilmegi onuň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.

Ýurdumyzda obasenagat toplumyny ýokary öndürijilikli döwrebap tehnikalar we enjamlar, dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň däne we pagta ýygýan kombaýnlary bilen üpjün etmek işinde-de oňyn tejribe toplandy. Türkmenabatda fosfor dökünleriniň önümçiligi boýunça himiýa kärhanasynyň, “Tejenkarbamid”, “Marykarbamid” zawodlarynyň, “Maryazot” we “Garabogazsulfat” (Garabogazkarbamid), Garlyk kaliý dag-magdan toplumynyň gurulmagy bilen, oba hojalygyny ýokary hilli mineral dökünler we himiýa serişdeleri bilen üpjün etmek üçin ygtybarly binýat döredildi. Häzirki döwürde oba hojalygyny tehniki hem tehnologik taýdan döwrebaplaşdyrmak wezipeleri ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy esasynda, täzeçil usulda ýerine ýetirilýär. Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde özgertmeleriň täze tapgyry amala aşyrylýar. Şunda sebitleriň ilatynyň durmuş derejesiniň düýpli özgerdilmegine gönükdirilen anyk işlere aýratyn orun berilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow geçen ýylyň 23-nji sentýabrynda geçirilen Döwlet Maslahatynda ýakyn geljek üçin pudagyň öňünde durýan wezipeleri kesgitläp, agrosenagat toplumynda ýer kadastrynyň sanly binýadynyň we howanyň üýtgemegi bilen bagly töwekgelçilikleri çaklamak üçin seljeriş platformasynyň dörediljekdigini aýtdy. Ekerançylyga, maldarçylyga smart tehnologiýalar ornaşdyrylar. Döwlet Baştutanymyzyň taryhy çykyşynda belleýşi ýaly, ýurdumyzyň strategik maksatlaryndan ugur almak bilen, ylmy-barlag edaralary tarapyndan oba hojalygyny ylmy esasda ösdürmekde maldarçylykda alnyp barylýan işleri kämilleşdirmek, mallaryň we guşlaryň baş sanyny artdyrmak, tohumçylyk işini ylmy taýdan esaslandyrylan usullara laýyklykda giňeltmek, hasyllylygy ýokarlandyrmak, suw tygşytlaýjy tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak üçin ygtybarly binýat dörediler.

Oba hojalyk ekinleriniň kesellere we zyýan berijilere garşy durnukly, her welaýatyň toprak-howa şertlerine uýgunlaşan ýokary hilli görnüşleriniň ulanylmagy bol hasylyň kepili bolup durýar. Türkmen alymlarynyň, oba hojalyk ugurly ýokary okuw mekdepleriniň ýanynda hereket edýän ylmy-barlag merkezleriniň hünärmenleriniň bu işe goşandyny bellemeli. Tohumçylyk işini alyp barmak, ekerançylyga edilýän agrotehniki idegleri kämilleşdirmek, suwaryş ulgamynda täzeçil usullary synagdan geçirmek, durmuşa geçirilýän çäreleriň netijeliligini seljermek olaryň öňünde durýan esasy wezipelerdir. Oba hojalyk önümçiligini köpugurly ösdürmek maksady bilen, zerur çäreler durmuşa geçirilýär. Häzirki döwürde ýurdumyzda däneçilik we pagtaçylyk bilen bir hatarda, maldarçylyk, guşçulyk, gök ekerançylyk, miweçilik, üzümçilik, bakjaçylyk, ary balynyň önümçiligi we beýleki ugurlar işjeň ösdürilýär. Daşoguz we Lebap welaýatlarynda sebitiň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän şalyçylyk, Mary, Balkan welaýatlarynda bolsa gant şugundyryny ösdürip ýetişdirmek işleri netijeli alnyp barylýar.

Mälim bolşy ýaly, ýüpekçilik türkmen halkynyň gadymy hünärleriniň biri bolup durýar. Köp asyrlaryň dowamynda ýüpekçilik işiniň möhüm ýörelgeleri nesilden-nesle geçirilip, ýüpekden ajaýyp matalary we halylary taýýarlamagyň usullary biziň günlerimize gelip ýetipdir. Häzirki döwürde sebitlerde tut ekilýän meýdanlar yzygiderli giňeldilýär. Tut nahallary ekerançylyk meýdanlarynyň gyralaryna ekilýär. Bu bolsa ekinleri tomsuň epgeginden goraýar. Suw akabalarynyň kenarlaryna baglaryň ekilmegi kenary berkitmek bilen, amatly ekologik gurşawy hem emele getirýär. Ýerlerde ýüpekçilik pudagynyň pagtaçylyk we däneçilik bilen birlikde alnyp barylýandygyny bellemek gerek.

Önümleriň döwlet tarapyndan satyn alynmagy, daýhanlaryň salgytdan boşadylmagy, ýeňillikli şertlerde tehniki hyzmatlaryň ýola goýulmagy, ýokary hilli tohum, mineral dökünler, dermanlyk serişdeleri bilen üpjün edilmegi, oba hojalyk önümlerini öndürijileriň maliýe-ykdysady taýdan höweslendirilmegi özüniň oňyn netijesini berýär. Daýhanlaryň ahyrky netijä bolan gyzyklanmalaryny artdyrýar. Şunuň ýaly, giň möçberli işlerde oba hojalygynda ägirt uly maýa goýum taslamalaryny amala aşyrýan hususy pudagyň wekilleriniň giň möçberli çäreleri durmuşa geçirýändiklerini bellemeli. Maldarçylyk we guşçulyk toplumlaryny, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän kärhanalary gurmak geljegi uly ugurlar bolup durýar. Şunda öňdebaryjy tejribelere, häzirki zaman tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagyna zerur üns berilýär.

Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak boýunça döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýurdumyzyň welaýatlarynda ýylyň ähli paslynda şäherleriň we obalaryň ilatyny ter gök önümler bilen üpjün edýän ýyladyşhana toplumlary işleýär. Mundan başga-da, döwletimiz ýöriteleşdirilen ýarmarkalaryň, sergileriň guralmagyna ýardam berýär. Bu bolsa ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň daşarky bazarlara çykarylmagyny, beýleki ýurtlaryň oba hojalyk önümlerini kabul edýän ugurlar bilen netijeli gatnaşyklaryň ýola goýulmagyny şertlendirýär.

Mälim bolşy ýaly, obasenagat toplumynyň ösdürilmegi ýer we suw serişdeleriniň rejeli peýdalanylmagyna bagly bolup durýar. Türkmenistanda ekerançylygy suwarmak, dürli gidrodesgalary gurmak we ulanmaga bermek meselelerinde ägirt uly tejribe toplandy. Suwdan peýdalanmagyň öňdebaryjy we ykdysady taýdan amatly tehnologiýalary işjeň ornaşdyrylýar. Gurak ýerlerde oba hojalygy boýunça suw hojalyk taslamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ýurdumyzda azyk bolçulygyny doly üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Şeýlelikde, suw hojalygy pudagyna ekologik nukdaýnazardan has kämil suwaryş tehnologiýalary ornaşdyrylýar. Suw serişdeleriniň rejeli peýdalanylyşyna gözegçiligi ýokarlandyrmak maksady bilen, zerur çäreler amala aşyrylýar.

Garagum sährasynda ýurdumyzda ägirt uly taslama bolan “Altyn asyr” Türkmen kölüniň döredilmegi suw gorunyň ygtybarly binýadyny üpjün etmek boýunça öňde durýan maksadyň ýerine ýetirilmegini şertlendirýär. Bu taslama daşky gurşawa amatly täsir etmek bilen bir hatarda, sähranyň biodürlüligini üpjün edýär. Onuň akabalarynda dürli görnüşli balyklaryň bolmagy, kenarýakalarynda pürli baglaryň, zolaklaryň emele gelmegi bu ýerdäki guşlaryň sanyny artdyrdy. Şol bir wagtyň özünde, bu köl sähranyň howa ýagdaýynyň gowulanmagyna täsirini ýetirýär. Garagumuň merkezinde emele gelen ajaýyp kölüň kenarynda täze obalaryň gurulmagy çöl ýerleriniň netijeli özleşdirilmegine, maldarçylygyň, ekerançylygyň, balykçylygyň ösdürilmegine mümkinçilik berer. “Altyn asyr” Türkmen kölüniň sebitini 2019 — 2025-nji ýyllarda özleşdirmegiň Konsepsiýasynyň” tapgyrlaýyn esasda durmuşa geçirilmegi diňe bir ykdysady taýdan däl, eýsem, ekologik nukdaýnazaryndan hem aýratyn ähmiýetlidir.

“Altyn asyr” Türkmen kölüni gurmagyň möhüm wezipeleriniň biri Amyderýanyň hapalanmagynyň öňüni almakdan ybaratdyr. Gerimi boýunça deňi-taýy bolmadyk bu taslama tutuş Merkezi Aziýa üçin hem uly ähmiýete eýedir. Onuň durmuşa geçirilmegi diňe bir ýurdumyzyň oba we suw hojalygyny ösdürmek üçin hil taýdan täze mümkinçilikleri açmak bilen çäklenmän, eýsem, tutuş sebitiň ekologiýasyna amatly täsirini ýetirer. Ýurdumyzyň we daşary döwletleriň hünärmenleriniň pikirine görä, “Altyn asyr” Türkmen kölüniň taslamasynyň ýokary girdejili boljakdygy gürrüňsizdir. Şeýle hem onuň ykdysady taýdan bähbitliligi wagtyň geçmegi bilen barha artar. Çünki bu gidrotehniki desganyň netijeli hereket etmegi oba hojalygynda oňaýly suw kadasyny ýola goýmakda, tebigy baýlyklary gorap saklamakda we artdyrmakda ähmiýetli bolar.

Zähmetiň mehanizmleşdirilmegi we awtomatlaşdyrylmagy oba hojalyk önümçiliginiň netijeliligini artdyrmagyň möhüm şertini emele getirýär. Bu ugurda amala aşyrylýan maksatnamalaýyn işler oba ýerlerinde zähmete bolan höwesiň ýokarlanmagyny, oňa ýaş hünärmenleriň çekilmegini we ilatyň iş bilen üpjünçiligini şertlendirer. Dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň täze, döwrebap tehnikalary daýhanlaryň ýakyn ýardamçylaryna öwrüldi. Ýokary öndürijilikli kombaýnlar, sürüm traktorlary we beýleki oba hojalyk enjamlary ýerleri özleşdirmekde işjeň peýdalanylýar. Häzirki döwürde pudagy tehniki we tehnologik taýdan enjamlaşdyrmak wezipeleri ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyndan ugur alnyp, täzeçil usulda ýerine ýetirilýär. Hususan-da, “John Deere” (ABŞ) we “СLAAS” (Germaniýa) kysymly ýokary öndürijilikli, telematik dolandyryjysy bolan tehnikalar tapgyrlaýyn esasda satyn alynýar.

Geçen ýylda “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň” kabul edilmegi bilen, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek boýunça zerur çäreleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegine möhüm ähmiýet berilýändigini bellemeli. Oba hojalyk toplumynyň ösdürilmegine, obasenagat toplumyna sanly ulgamyň ornaşdyrylmagyna, suw serişdeleriniň rejeli peýdalanylmagyna ylmy taýdan esaslandyrylan çemeleşmelere aýratyn ähmiýet berilýär. Mundan başga-da, bu ugurda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň özümizde öndürilen önümleriň içerki bazarlardaky üpjünçiligini we oba hojalyk pudagynyň eksport kuwwatyny artdyrmak boýunça öňde goýan wezipeleriniň ýerine ýetirilmegini şertlendirer.

Soňky habarlar
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti Halkara we Aziýanyň tennis federasiýalarynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
27.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Änew şäherindäki täze metjidiň açylyşyna gatnaşdy
27.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Änew şäherindäki täze metjidiň açylyşy mynasybetli çykyşy
27.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Koreýa Respublikasynyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşygy
27.03
Türkmenistanda Wenesuela Boliwarian Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
27.03
Daşoguzly ekerançylar gowaça ekişine girişdiler
27.03
Gadymy Änew medeniýeti — adamzadyň gymmatly mirasy
top-arrow