Şu gün Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparda mejlis geçirildi. Onda Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň ählihalk saýlawlarynyň gutarnykly netijeleri jemlenildi.
Mejlisiň dowamynda saýlawlaryň giň bäsdeşlik, açyklyk, aýanlyk ýörelgeleri esasynda geçendigi hem-de Türkmenistanyň demokratik ösüş ýoluna we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan özgertmelere ygrarlydygynyň subutnamasy bolandygy nygtaldy.
Saýlaw möwsüminiň ähli tapgyry hereket edýän milli kanunçylyga we umumy ykrar edilen halkara kadalara laýyklykda guraldy. Ses bermek saýlaw okruglarynyň çäklerindäki saýlaw uçastoklarynyň 2602-sinde geçirildi. Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky raýatlarynyň ses bermekleri hem guramaçylykly geçirildi. Türkmenistanyň ilçihanalarynyň we konsullyk edaralarynyň ýanynda 42 sany saýlaw uçastogy açyldy. Saýlaw wagty ýurdumyzyň çäginden daşarda bolan ildeşlerimiziň müňlerçesi bu uçastoklara gelip ses berdiler. Saýlawlaryň öň ýanyndaky möwsümde, şeýle hem saýlaw gününde saýlawçylaryň işjeň gatnaşmagy şu gezekki çäräniň häsiýetli aýratynlygy boldy. Merkezi saýlaw toparynyň maglumatlaryna görä, Mejlisiň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynda Türkmenistanyň ses bermäge hukugy bolan raýatlarynyň 91,12 göterimi ses berdi.
Şu günki mejlisiň gün tertibiniň esasy meselesine — saýlawlaryň ahyrky netijeleriniň jemlenilmegine geçip, paýtagtymyzyň hem-de welaýat saýlaw toparlarynyň teswirnamalary esasyndaky maglumatlara görä, tutuş ýurdumyz boýunça 258 dalaşgärden Türkmenistanyň Mejlisiniň täze çagyrylyşynyň 125 deputatynyň saýlanandygy; 2516 dalaşgärden, 240 welaýat we 960 etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň; 12098 dalaşgärden 5897 Geňeş agzalarynyň saýlanandygy yglan edildi. Ähli saýlaw okruglarynda bir ýere iki we şondan köp dalaşgär dalaş etdi.
Saýlanan deputatlaryň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň hatarynda Demokratik partiýanyň 3 müň 320 wekili, Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň 304 wekili, Agrar partiýanyň 1 müň 513 wekili, raýatlar toparlarynyň 2085 wekili bar.
Merkezi saýlaw toparynyň mejlisinde Mejlisiň saýlanan deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň sanawyna seredildi we tassyklanyldy. Hereket edýän milli kanunçylyga laýyklykda, bu sanawlar ýakyn günlerde köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çap ediler.
Paýtagtymyzyň hem-de welaýatlaryň saýlaw toparlarynyň ýolbaşçylary öz çykyşlarynda saýlanan halk wekilleriniň ýokary bilim we hünär derejelerini bellediler. Şolaryň hatarynda döwlet edaralarynyň gullukçylary, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda, bilim, ylym, medeniýet we sungat ulgamlarynda zähmet çekýän hünärmenler, oba hojalygynyň zähmetkeşleri bar. Ýurdumyzyň syýasy durmuşyna zenanlaryň gatnaşygynyň ýokarlanýandygy aýratyn bellenildi. Mejlise gatnaşyjylar saýlawlaryň ýokary guramaçylyk derejesinde, ýurdumyzda hereket edýän kanunçylyga, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda geçirilendigini nygtadylar.
Geçen ýekşenbe güni ýurdumyzyň raýatlarynyň ses bermegi bilen, üç aý dowam eden saýlaw möwsümi tamamlandy. Bu möwsümiň ähli tapgyryna daşary ýurtly synçylar — Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň synçylar toparynyň wekilleri, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Demokratik institutlar we adam hukuklary boýunça býurosynyň, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Türki Döwletleriň Guramasynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň wekiliýetleriniň agzalary syn etdiler. Saýlaw möwsüminiň ähli tapgyryna 3 müňe golaý milli synçy syn etdi. Şolaryň hatarynda syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň we birleşikleriň, raýatlar toparynyň wekilleri bar. Olar saýlawlaryň ýokary guramaçylyk derejesinde, hiç hili düzgün bozmasyz geçendigini tassykladylar.
Mejlisiň dowamynda ýygnananlara we saýlawlara gatnaşanlaryň ählisine, şol sanda saýlaw möwsümini metbugatda şöhlelendiren köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine saýlawlaryň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilendigi, döwletiň demokratik esaslarynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ýardam edendikleri üçin ýene-de bir gezek hoşallyk bildirildi.
Mejlisiň ahyrynda ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň bu ugurda alyp barýan öňdengörüjilikli syýasatynyň netijesinde ýurdumyzda amala aşyrylýan demokratik özgertmeleriň okgunly häsiýete eýe bolýandygyny bellediler.